20:44 Edebi mirasymyzda işlik şekilleri | |
EDEBI MIRASYMYZDA IŞLIK ŞEKILLERI
Türkmen dili
Türkmen dilinde öten zaman ortak işliginiň -an/-en goşulmasyny alan sözlemiň habary kem işlik goşulmalaryndan -myş/-miş, -dyr/-dir, eken alyp ýa-da almazdan, sözlemde gutarnykly bir oý-pikiri aňladyp bilýärler. Dilçileriň belleýşine görä, -an/-en goşulmasy habar berýäniň bolan wakany görmese-de, gören ýaly edip beýan etmeginde ulanylýan nämälim öten zaman ýa-da nämälim hekaýa öten zaman goşulmasydyr. Bu goşulmanyň ýoklugy bolan -ma/-me ýokluk goşulmasy bilen ýasalyşynyň irki golýazmalarda geçýändigini dilçi alym B.Çaryýarow öz işinde belläp geçýär. Hakykatdan--da, B.Çaryýarowyň belleýşi ýaly, taryhda -magan/-megen görnüşinde bolandygyny golýazma çeşmelerinden hem görmek bolýar: Gorkut ata şadessanynda: «Kazylyk atyn kişnetmegen». Zahyreddin Babyryň diwanynda: «Gussadan tapmagan aman, köňlüm». Häzirki zaman türkmen dilinde -ma/-me goşulmasy -an/-en goşulmasy bilen birigip -man(dyr)/ -män(dir) şekilini alypdyr. Muňa garamazdan, -man(dyr)/ -män(dir) goşulmasyny öten zaman ortak işliginiň ýoklugy diýip bolanok. Ýogsam düzüminde -an/-en ortak işliginiň öten zaman şekili hem bar. Haýran galaýmaly ýeri -man(dyr)/ -män(dir) ýokluk goşulmasy hyzmaty taýyndan -an(dyr)/ -en(dir) goşulmasyna ýakyn bolan, hat-da, käbir ýagdaýlarda bir-biriniň ýerine hem ulanylýan hal işligi bolan -yp(dyr)/ -ip(dir) goşulmasynyň ýoklugyny aňlatmak üçin ulanylýar. Onuň ýerine -an(dyr)/-en(dir) goşulmasynyň ýoklugy däl(dir) sözüniň kömegi bilen ýasalýar. Mysal üçin: gelip(dir)– gelmän(dir), gelen(dir)– gelen däl(dir). Taryhy babatdan ikisiniň düzüminde hem ortak işligiň öten zaman şekiliniň bardygyna garamazdan, -an/-en däl(dir) bilen -man(dyr)/-män(dir) goşulmasynyň arasynda ýoklugyň beýan edilişi taýyndan tapawut bardyr. -an/-en däl(dir) düzümi hereketi däl-de, hereketiň amala aşmagy bilen ýüze çykjak ýagdaýy ýokluga öwürýän bolsa, tersine -man(dyr)/-män(dir) goşulmasy hereketiň ýoklugyny bildirýär. Ortak işliginiň ýoklugynyň däl sözi bilen ýasalmagynyň esasy sebäbi, -(an)dyr/-(en)dir habarlyk goşulmasynyň täsiridir. Beýleki habarlyk goşulmasy bolan -myş/-miş, dy/-di, ka/-kä we eken sözi ortak işligine goşulanda bolsa, olaryň ýoklugy -man(myş)/-män(miş), man/-män (eken) görnüşinde ýene asyl durkuna gaýdyp gelýär. Nurgeldi TUWAKOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |