08:39 Gadyrly myhman | |
GADYRLY MYHMAN
Çagalar edebiýaty
Tyrk-tyrkyldy Boldy birden. Tyrk kakyldy, Gapy irden. — Giriberiň, Gapy açyk! Ýaşyl arça Girdi açyp. — Alyp gelýän, Täze ýyly! Görüşdik biz, Berip eli. Hem geçirip, Töre sary. Iň hormatly Ýere sary. Geýdirdik biz, Ýüpek parça. Görmegeýje Boldy arça. Şatlanarys, Güle-güle. Täze ýyly Toýlap bile. ♢ GARJAGAZ Şeýle bir gowy, Ap-ak garjagaz. Gyş güni serpaý Ýapak garjagaz. Geýdirdi ak don Çyplaňja baga. Hem-de ak telpek Geýdirdi daga. Ýapar ýere-de Ap-ak ýorgany. Ol bilmez ýaly, Sowgy, syrgyny. Şeýle bir gowy, Ap-ak garjagaz. Aklygy bize Sapak garjagaz. ♢ GOŇUR AÝYJYK Aýyjyk bakyp Dur ýere sary. Görmän ekeni, Hiç haçan gary. Ýaganda gaýyp, Ak ýelek ýaly. Almandyr garşy, Hem Täze ýyly. Görmän ekeni, Ýaşyl arçany. Geýende egne, Ýüpek parçany. Ol görsün nädip, Geçirse ýatyp. Üç aýlap gyşy, Çuň uka batyp. Döker aýyjyk, Gözünden ýaşy. — Geçirjek däl men, Ýatyban gyşy! — Diýse-de bakyp, Ol iki baka. Ýene-de gyşda Gidäýdi uka. ♢ GARADAM — Garadam, ýatjak, Biz öýe gidip. Sen sowuk gije Galarsyň nädip? Üşärsiň şatlap, Bolarmy, heý-de, Ýör, boluň ýyljak Ýaz ýaly öýde! — Ýok, gyşda men-ä, Dost aýaz bile. Dost-dogan bolsaň, Alaýaz bile! ♢ GAR GUŞY Gökden iner, Gar guşy. Ýere gonar, Gar guşy. Daga gonar, Gar guşy. Baga gonar, Gar guşy. Güle gonar, Gar guşy. Ele gonar, Gar guşy. Daşa gonar, Gar guşy. Başa gonar, Gar guşy. Akja gardyr, Gar guşy. Jadygöý deý, Gör, gyşy! ♢ DIL SAPAGYNDA Sapak geçýän, Garga bile. Ökde bolsun Ahyr dile. — Gar, gar! — diýýän, Oňa bakyp. — Gak, gak! — diýýär, Maňa bakyp. Gaýtalaýan, — Gar! — ýene-de. — Gak, gak! — diýip, Dur ýene-de. — Gar, gar! — diýmez, Dili açyp. — Gak, gak! — diýip, Gaçdy uçup. «R» harpyny Bilsin nädip. Ol sapakdan Gaçsa gidip. ♢ SANAWAÇ Gökden ýagyp Dur garjagaz. Sanaýaryn, Bir garjagaz. Iki hem-de Üç garjagaz. Goýmaz ýagyp, Hiç garjagaz. Dört, bäş, alty, Ýedi, sekiz. Gaýa-gaýa, Boldy dokuz. Sanaýaryn, Men garjagaz. Boldy ahyr, On garjagaz. Garjagaza Aýlap gözüň. Dowamyny Sanaý özüň! ♢ AÝAZBABA BILEN SÖHBET — Aýazbaba, Gelýäň gyşda. Näme, diňe Bolýaň gyşda. Näme, ýazda Geleňok-la. Tomus, güýzde Bolaňok-la. Sowgatlary Getirip sen. Horjunyňda Göterip sen?! — Ýok, ýok, nädip Gelerin men. Gelsem, eräp Galaryn men! — Beýle bolsa, Ýörme gelip. Garaşaryn, Garşy alyp. Täze ýyl gyş Düşende men, Ýaşyl arçaň Daşynda men! ♢ GAR NÄHILI ÝAGÝARKA? Gar asmandan Ýagar nädip. Goşgy ýazýan, Pikir edip. Meniň enem Göge çykyp, Elär uny, Ýere bakyp. Ol ýagýandyr, Ýere sary. Bolup gyşyň Akja gary. Men şatlanyp, Böke-böke, Ýasaýaryn, Gardan köke. Iýäýmegin, Birden ony. Ýazýan ahyr, Edip oýny. ♢ ŞADYÝAN ARÇA Ýyldyzjyk ýaly, Gyşyň ak gary. Ýagýar arçanyň Üstüne sary. Şatlykdan doly, Ýaşyl gujagy. Kim şahasyndan Asan jäjegi. Towşan aýlanyp, Böker daşynda. Guşjagaz saýrap, Bakar başynda. Hem belkajyk-da Öýünden çykyp. Pişijek bile Pyrlanar böküp. Gör, Täze ýylyň Gijesi bu gün. Edibän tansy, Açýarlar göwün. Şadyýan arça, Dur ýaşyl öwsüp. Tokaýdan alyp Gitmerin kesip. Azat RAHMANOW. "Nesil" gazeti, 2021-nji ýylyň 21-nji dekabry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |