22:19 Terslin-oñlyn goşgular we ýene-de başgalar | |
TERSLIN-OÑLYN GOŞGULAR WE ÝENE-DE BAŞGALAR
Goşgular
▶ GOŞGUÇY HAKYNDA GOŞGY Gözellik dünýä, Joşupdy yşgy. Birdenkä döräp Başlady goşgy. Ol ýazdy, bozdy, Çuññur oýlanyp. Soñam redaksiýa Gitdi şaýlanyp. Gowşajyk goşgy, Berildi yza. Oýlanjy gije, Uky ýok göze. Goşgyny işlär, Edenok öýke, Soñ ýene geldi Redaksiýa baka. Halandy goşgy, Galdylar alyp, Goşguçy gaýtdy Şadyýan bolup. Her gün gazetde Garaşýar goşga. Pikiri ýokdy Goşgudan başga. Ine ahyry Gazetem çykdy. Goşguçy goşga Tanaman bakdy. Begenmän, gussa Dolupdy ýüzi. Goşguda ýokdy Setiri, sözi. Bar eken diñe Familiýa, ady. Ýerinden galdy, Aldy-da bady. Gygyrdy düwläp: - Redaksiýa gitjek! - Ýazmany goýup, Ýükçülik etjek! Dursa-da çişip, Gopguny edip. Galam hakyny Alypdy gidip. Ýöne goşgyny Bilmedi taşlap, Ýene-de ýazýar Täzeden başlap!.. ▶ WADAÇYL Bar bilýäni Wadady. Ne bir ony Ödedi. Iş däl, wada Ededi. Il-gün ondan Ýadady. Bir ýyl zordan çydady. Ahyr taýyp Gidedi! ▶ ARAKKEŞIÑ AKYLSUMAKLYGY Sen serhoş bolup, Içäýseñ arak. Men deý sowathon Bolaýsañ gerek. Ýetirsiñ akyl, Dünýä, köp zada. Ýeriñ aýlanşyn Bilersiñ bada. ▶ ÖWÜNJEÑ Öz-özüñ öwüp Ýörmese eger Il ony bir wagt Öwerdi meger! ▶ OÝUN EDIP BOLMAÝAR Oýun edip bolsa-da, Gaş kakyşyp göz bilen. Oýun edip bolmaýar, Ömürylla söz bilen. ▶ DURMUŞ TEJRIBESI Ynandym dosta, Goýberdi aldap. Ynandym söýgä, Galdym men aglap. Ynandym pula, Azdyrdy meni. Ynandym neşä, Tozdurdy meni. Ynandym gepe, Masgara etdi. Ynandym garga, Gas-gara etdi. Ynandym kürsä, Taýdyrdy ýykyp, Ynandym tanşa, Gaýdyrdy kakyp. Ynandym öwgä, Aýlady başy. Ynandym görke, Dökdürdi ýaşy. Ynandym tilkä, Etdi-le gülki. Ynanýan indi Özüme ilki. ▶ PARAHORUÑ DILINDEN Bir gezek gynansañ, Almanyñ üçin. Ökünersiñ müñ gezek, Alanyñ üçin. ▶ OKUMYŞ Eger gaty köp Bolsa-da akyl. Däliräp gidýän Ekeniñ asyl!.. ▶ GEDEM WE MERDEM Özüne söýgüden Başlaýar gedem. Iline söýgüden Başlaýar merdem. ▶ "KOMMERSANTYÑ" OGLY - Tagta çyk-da, Aýdaý, Beki! Bolýar näçe, Iki iki?! - Iki ikiñ Bolýar alty! - Ýalñyşýan-a Dälsiñ gaty?! - Hawa, ony Özüm bilýän. Söwdalaşjak Bolan bolýan! ▶ GÜLLI REKLAMA Bolsa-da epgek, Guramaz solup. Ýörmeli däldir Başagaý bolup. Bermeli däldir Döküni, suwy. Özüñi mydam Duýarsyñ gowy. Hiç ökünmersiñ, Gysganma puly! Sen satyn alsañ, Kagyzdan güli! ▶ SIRKDÄKI TOMAŞA Synlaýan sirkde Ullakan iti. Bakýaryn oña, Geñirgäp gaty. Berýärler ite Süýjüje zady. Şobada ýatdan Çykarýar ady. Eçilýär, bökýär, Boýnuny burup. Görkezýär maýmyn Oýnuny gurup. Ýa ýaranjaklap, Dilenip başlar. Bir süýjä merdem Itligin taşlar. ▶ PULLY GOŞGY Pul ýygnap geçir Ählije wagtyn. Bilende pulda Däldigni bagtyñ. Çykaýdy jany, Eý, dünýe pany!... ▶ DYM, DYM, DYMMA!.. Dym, dym, Dymma sen, Gürlese-de hemme sen! Dymmalygyñ ~ gyzyldyr, Edýänsiñiz hezili. Ýöne dymyp ýörseñiz, Aldyrsyñyz gyzyly! Azat RAHMANOW. # edebiyatwesungat_99 | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |