■ GARAÑKY
Jigim säher
Bile turup.
Penjiräni
Açdy durup.
Birden bolsa
Geldi sesi:
— Gar, ýagypsyň,
Gyş gijesi.
Garaňkydan
Durman gorkup!
— Diýdi şatlyk
Bile bakyp.
■ AK ŞELPE
Ak şelpesi
Üçegiň.
Diýýär ýere
Düşerin.
Batyp dur-la
Dere ol.
Sallanypjyk
Ýere ol.
Ýaşdan doly
Gözjagaz,
Diýýär:
— Men-ä Buzjagaz.
Düşjek bolýan,
Üçekden.
Eger gaýtsam,
Aşak men.
Degäýmesin
Başyňa.
Gara degre
Daşyňa.
■ GYŞDA
Oýandy irden,
Gün açyp gözi.
Ýagtylyp gitdi,
Dünýäniň ýüzi.
Daragt açypdyr,
Ap-akja güli.
Uzady Günüň
Mähirli eli.
Ýöne nä birden
Seretse bakyp.
Seslendi güller
Gözýaşy döküp.
— Ýyp-ýyljak eliň,
Saçsana nury.
Biz gül däl, gyşyň
Sop-sowuk gary.
Mähir-nuruňdan
Biz jana gelip.
Çykarys ýerden,
Akja gül bolup!
■ ŞADYÝAN GÜJÜK
Böke-böke,
Iki ýana.
Bir güjüjek,
Şadyýana.
Oýun edýär,
«How-how!» edip.
Edýän menem,
«How-how!» durup.
«How-how» sesi
Göge ýeter.
Men howlaýan
Has-da beter.
— Edipmaňa,
How, how, howy.
Öýkünmeklik
Däl-ä gowy!
Diýdi güjük,
Durman «howlap».
Göýä ýüzüm
Ýandy lowlap.
■ KYRKAÝAK
Gapyň agzynda,
Seredýän durup.
Men haýran, ýatan
Kyrk köwşi görüp.
Seredýän çepe,
Seredýän saga.
Gelipdir öýe,
Gör, näçe çaga.
Ýok, bir kyrkaýak
Gelen ekeni.
Ol öýe myhman
Bolan ekeni.
■ SERÇE
Şahajykda
Otyr gyş ol.
Kindiwanja
Serçe guş ol.
Dogduk ýurtdan
Ara açyp.
Maýyl ýere
Gitmez uçup.
Düşse düşsün,
Sowuk gyş ol.
Watan söýer,
Serçe guş ol.
■ HORAZJYK
Horazjygyň
Sesi gyryk.
Ketegine
Ýatyr girip.
Gyzgyny-da
Galan eken.
Bilmezler, nä
Bolan eken.
Agyrýardy
Çatlap başy.
Dur towuklar
Gurşap daşy.
Ýaşdan doly
Gözjagazy.
Iýen sowuk
Buzjagazy.
■ GAR
Gar geldi gökden,
Gaýmalap, gaýyp.
Kebelek ýaly
Ganaty ýaýyp.
Ýadan deý ýolda,
Gar ýerde ýatyp.
Görýärdi düýşi,
Çuň uka batyp.
Turanok häli,
Üç günden bäri.
Gujaklap ýatyr,
Mukaddes ýeri.
Azat RAHMANOW.
Çagalar edebiýaty