16:49 Çagalar üçin goşgular | |
BÄŞLIK
Goşgular
Gijöýlänler men ýene, Mekdepden gaýdyp geldim. Itim öňümden çykdy, — Näçelik aldyň? diýip, "Bäşlik" diýip, pert aýtdym, Edil öňünde öýüň. Itim diýdi ýalmanyp, — Getir, ýalap göreýin? Agageldi ALLANAZAROW IKI GÜJÜK Çekeleşip daşarda Oýnaýar iki güjük. Olaň biri ullakan, Beýlekisi kiçijik. Keýpiň gelýär olara Dursaň biraz syn edip. Ikisi bir çybygy Çekeleýär jan edip. Ulusy alyp gaçýar Kiçem ondan galanok. Şol çybykdan başga zat Gözlerine ilenok. Kowalaşýar, ylgaşýar Iki güjük hyr-da-hyr. Kiçi gaty mekirje, Ulyň häsiýeti gyňyr. Töwerekde çybyk kän, Birem ondan aljak däl. Hersinde biri bolsa, Onda oýun boljak dal. Kakabaý GURBANMYRADOW GURJAK Jeren örän eý gördi Owadanja gurjagyn. Eşijegin geýdirdi, Darap onuň gulpagyn. Göterdi howla çykyp, Soň hüwdüläp ýatyrdy. Oýanýança gurjagy, Ýüzün ýelpäp oturdy. Şol wagt geldi gapydan, Jerenjigiň jorasy. — Oýnap göreýin— diýip, Gurjagyny sorady. — Gurjagym ýatyr meniň— Diýdi– ony dileme. Olar gurjak turýança, Oýnadylar bileje. Nobatguly REJEBOW KEMALYŇ GÜJÜGI Ýörme-da, Kemal, Gujagňa alyp. Gitdim-ä indi Biraz ulalyp. Hemra gülleri, Basjak bolanda. Jahany owlak, Süsjek bolanda. Aldym öňüni, Şobada ýetip. Edip haw-haw-y, Haýbaty atyp. Çykardym gurjak Gaçanda salma. Däl men-a kiçi, Gujagyňa alma. Gitdim ahyry Biraz ulalyp. Utanýan dursaň Gujagyňa alyp. Azat RAHMANOW | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |