09:10 Welosiped / nowella | |
WELOSIPED
Hekaýalar
Men bolsam ikinji ýa-da üçünji klas okuwçysydyryn, kakamyň jigisi Göwher bolsa şol günler eýýäm onunjy klasy gutaryp barýan ulugyzdy. Ol ýetişipdi. Okuwa gidende özüne has-da timar bererdi, egnine ýaşyl mawutdan gysbyrak edilip tikilen, ýakasy keşdeli köýnegini geýse, başyna kakamyň Aşgabada gidende getiren ortasy gyrmyzy gülli owadan ýaglygyny halap daňynardy. Boýnundanam ýeňilräk gülýaka dakynyp, saçlarynam örüp, nogta ýaly edip bir öňüne goýbär welin, ana, onsoň owadany görseň, şony gör? Soň görüp otursam, şeýdip, zer-zerbap geýnip, seýkin basyp ýöremek uly gyzlaryň özleriniň näzenin gelinlik bolup ýetişendiklerini deň-duş ýigitleriniň öňünde nygtamak ýaly bir zat ekeni. Bir tapgyrda okaýan günlerimiz men, köplenç, okuwa Göwher bilen tirkeşip giderdim. Bir ýola mekdebe ýetiberenimizde Göwheriň goňşy obadan welosipedli gatnap okaýan klasdaşy Sähet hasanaklap yzymyzdan ýetdi. Ol biziň bilen deňleşensoň, welosipedini birnäçe minut gapdalymyzda saklady-da: «Göwher, şu depderiňi düýn sen klasda galdyran ekeniň» diýip, bir küti gök depderi sumkasyndan çykaryp, oňa uzatdy. Nämüçindir, gürlän wagty Sähediň sesi, birhili, sandyrap eşidildi. Göwher hem şundan soň ogurlykda tutulan ýaly, ýüzüni boz-ýaz edip, bir maňa, bir töweregine seredip, Sähediň uzadan depderini aladaly aldy. Sähet gelşi ýaly hem biziň duşumyzdan howlukmaç geçip gitdi. Soň görüp otursam, şol wagt bularyň arasynda söýüşýänleriň özara hymy-symy gürrüňjikleri başlanan ekeni. Oglan ekenim, şol gezek Sähediň welosipedli yzymyzdan ýetende depderiň arasyna salyp, uzyn gije ýatman ýazan söýgi hatyny berenligini aňşyrmandyryn. Galyberse-de, ol döwürler ýigitdir gyz bir-birlerini sulhy alşyp-söýşenlerinde hem bu ahwalaty toýa çenli ilden gizläp saklamaga çalşardylar. Ýene bir gezekde bolsa men gaýramyzdaky derekligiň içinde olaryň iki deňemik bolşup, boý deňeşdirip gürleşip duranlaryna hem gabat geläýdim. Sähediň ol obadan bolubam nämüçin häli-şindi biziň öýümiziň gapdalyndan welosipedli geçýäniniň sebäbi hem şundan soň maňa belli boldy. Nämüçindir, men Göwher bilen keseki bir ýaş ýigidiň duşuşyp, gürleşip durmagyny halamadym. Gabandym. Entek çaga hasap edilýän-de bolsam, meniňem özüme ýeterlik, öýümiziň mertebesi bilen bagly duýgularymyň barlygy belli boldy. Şol günüň ertesi men Sähetden ar almagyň ugruna çykdym. Bir arakesmeden soň jaň bolup, hemmeler klasly klasyna girensoň, biraz özgelerden yza galdym-da, welosipedleriň goýulýan ýerine baryp, dessine Sähediň welosipedini tanap, onuň tekeriniň ýelini boşatdym. Okuwdan soň bolsa onuň hasylap, dert-azar bolup, welosipediniň tekerlerini ýelläp oturanyny görüp, ar alanyma öz ýanynymdan monça boldum. Bu hadysa üçünji gezek gaýtalanan güni Sähet welosipedini ýelläp otyrka, gapdalyndan geçip barýarkam: «Haý, garagol-ýeý» diýýän manyda meni tanap ýylgyryp goýberdi. Maňa şundan soň onuň bu işleri meniň edýänligimden habarlydygyny, ar almagy dowam etdirmek üçin başga ýol gözlemelidigim belli bolupdy.Sähediň ýylgyrmasy köpler üçin düşnüksizem bolsa, meniň üçin welin ol düşnüksizem däldi, tötänleýinem. Tomus düşüpdi. Göwher dagy depelerinde güni jokradyp, ot basan pagtalaryny otdan çykarýardylar, men her gün bir gezek, ýaltanmasam iki gezek eşekli baryp, onuň otag otap, pagtanyň içinden çykaran hapa-haşal otlaryny eşegime ýükläp, näçe ot berseňem asla doýrup bolmaýan gara sygrym üçin alyp gaýdýardym. Bir gezek Göwheriň ýanyna ota barýarkam köpriniň aşagynda bukurak ýerde ýene-de şol tanyş welosipedi gördüm. Sähet göz öňüme geldi. Bu şoldur. Ol Göwher bilen duşuşmaga gelendir. Ýene-de gabandym. Eşegimden hasyr-husur düşdüm-de, welosipedi alyp, ony jaryň aýlanyp-öwrülip hokanak ýasap batly akýan ýerine eňterdim. Yzyndanam onuň suwa gidenini bilmez ýaly, biri alyp gidendir diýip pikir eder ýaly, gapdalyndaky birki sany buýany döwüp, sübse edindim-de yzlary süpürişdirdim. Pagtaly kartanyň gyrasyna gelip, eşegimden düşen wagtym, meni tanan Göwher dagynyň ýanyndan gaýdan ak köýnekli Sähet oýtarlap, hol beýlämden meni görmeýän, tanamaýan ýaly bolup geçdi. Men onuň yzyndan seredip: «Görmedik bolsaň, gör, hany, welosipediň-ä goýan ýeriňden tapaýmasaň gerek, häzir seniň ol welosipediňi suwuň düýbünde gurbagalar münşüp çapyşýandyrlar» diýip hezil etdim. Ýüpe çykjak otlarymy atyzdan gyra çykyp ýörkäm, Sähediň welosipedini gözläp tapman, kösenip ýörişi telim gezek göz öňüme geldi. Hezil edindim. Ilki gelende: «Siz bilen garyndaş bolmaga geldim» diýip gelen çalsaç hortaň aýal, ahyr alyp ýatdy. Pagta ýygymyň öňüsyrasynda biz Göwheri durmuşa çykardyk. Ony bir gün üsti bezelip-beslenen gyz-gelinli gelen gelnaljyly «Gaz-51» maşyn atlaz-ýüpege çolap alyp gitdi. Ýene-de bir zat, meniň şonda deň-duşlarym bilen Göwheriň gelnalyjysyny kesekläp, öz aramyzda: «Meniň aýlap salan julk ýumurtgam bir adamyň maňlaýynda ýaryldy, meniň aýlan kesegim bir çişik heleýe degdi...» diýşip, göwün çaglaşyp, galanymyz hem ýadymda. * * * Uniwersitetiň üçünji ýylynda okap ýörkäm, haýsydyr bir baýramçylyk mynasybetli gurlan ýygnanyşykda bir nätanyş gyz: «Siz Myrat dälmi näme?» diýip, meniň ýanyma geldi. — Hawa, Myrat. — Siz meni tanamadyňyzmy? — Ýok. — Wiý, men-ä sizi gören badyma tanadym. Öňler Göwher gelnejem bilen size köp barardym. Men şonuň baldyzy-da. Ýadymda, ilki-ilkiler Göwher gelin wagty ol her gezek öýe görme-görşe gelende, onuň ýany bilen bir söte ýaly gyz hem gelerdi. Görüp otyrsam, ol hem şol gyz ekeni. Şol gezek ýanyma gelip, Jennet maňa garyndaşdygyny ynandyryşy ýaly, şol ýylyň özünde ol maňa özüniň dünýäde iň görmegeý, iň mähriban gyzdygyny hem ynandyrdy. Açmaly gapylaryny salgy beremsoň, indi bireýýämden bäri meni öý-işik etmegiň kül-külüne düşüp ýören ejem ýanyna hem goňşy aýallardan birini alyp, düwünçegini goltuklap, dessine gudaçylyga gitdi. Ikinji hepde diýlende bolsa kakam dogan-garyndaşlarymyzyň ýene bäş-altysyny alyp, Jennet ikimizi gelişdirip, el göterişip, täze durmuşa ak pata bermek üçin olara gitdiler. Adatça, gelin boljak gyza gerek zatlar bilen bagly alynjak galyňyň möçberi hem şol gün gepleşilerdi. Olaryň sanawy öýe gelende menem, ýeser ýaly oňa seredäýmenmi?! Görsem, onuň bir ýerinde «welosiped» diýlip ýazylypdyr. Dogrusy, geň galdym. Soňundanam ejeme: «Buça bolanyna görä, eje, gudalaryňa bir tank diýip, hem ýazdyrmaly ekeniňiz» diýip, olary ýaňsyladym. Ejem şonda: — Aý-eýý... ony alnyp-goýulmaly zatlaryň sanawy düzülen mahaly iň soňunda öz Göwherimiziň adamsy Sähet goşdurdy. «Bu näme boldugy?» diýenimizde bolsa, birhili, göwnühoşluk bilen düşnüksiz gülümsiredi-de: «Ol giýew boljak garagola men gaty beletdirin, sorasa, «Sähet muny goşdurdy» diýip aýdaýyň, özi düşüner...» diýdi - diýip gürrüň berdi. Maňa şundan soň şol bir wagtky jara eňteren welosipedimi ýatlap, ýylgyrmakdan başga alaç galmady. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |