15:15 Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy | |
* * * Obada: “Ahmet Orazgylyç Pyrarydan gije-girim ogryn-dogryn derýadan geçip, öýüne gelip gidýärmiş, oljalan zatlaryndan getirip goýup gidýärmiş. Pylanynyň aýaly bir gezek gije aýakýoluna çykanda, onuň arkasy haltaly öz gapysynyň öňünde inisiniň adyny tutup, gapyny açdyryp duranyny hem görenmiş” diýen gürrüň çykanyndan köp wagt geçmänkä, bu gepiň OGPU işgärleridir Ýagdy şura ýene-de Kymyşlary hymsyklamaga bahana bolanlygy belli boldy. Ilkä birki gün OGPU adamlary gatnap, Ahmediň inisi Öwezdurdy bilen onuň hassa, tapsyz aýalyny sykajyga salyp, olara öňräk Ahmediň bir gije öýe gelip gidendigini aýtdyrdylar. Soňundanam olardan onuň şol gije getirip giden zadyny tapmagy, onuň gömen hazynasynyň nirededigini görkezmegi talap etdiler. OGPU adamlary Ahmediň Owgana gaçyp geçen baýlaryň yzynda galan baýlygyny, maşgalasyny geçirip berip, olardan altyn-kümüş alýandygyndan habarly bolanlygy üçin şondan gazanan hak-heşdeginiň bir bölegini ol şol gije ýükli gelende öýüne getirendigini, şol gelen baýlygyň bir ýerde gizlenenligine ynanýardylar. OGPU işgärleri dyzanyşyp näçe talap bildirip, Ahmediň arkalap getiren baýlygy barada onuň aýalydyr uşaklaryndan “Un getirdi, gant getirdi, iýdik-içdikden” başga gep eşitmediler. Getirilen hasap edilýän altyn-kümüşden derek tapylmady, emma OGPU ýolbaşçylary-da obasyny çapyp ýören Ýagdy şura-da barlagyň bu netijesi bilen kanagatlanmadylar. Öňküleri ýaly olar hazynanyň bir amatly hasap edilen ýerde gömlendigine ynandylar. Bu bolsa Aman OGPU-nyň obadaky öz gizlin gulaklaryna aňtawy täzeden başlamaga talap bildirmegine sebäp boldy. Şeýdibem, ol iki-üç günden “Söýünalydaky OGPU “gulaklarynyň” biri Aman OGPU bilen gizlin duşuşdy. Hardat Ahmet dagynyň bäşbelalar bolup, şol döwür eýýäm başga bir ýigit bilen guda bolnan aýal doganlaryny Hardadyň doganoglan inisi alyp gaçyp, heleý edenini namys edip, üç-dört atly gelip, Hardadyň gözüniň alnynda onuň öýdäki aýal-gyzlaryň saçlaryny gygyrdyp syryp, ar alyp maşgalasyny masgaralap gideli bäri olary gözünde oky bolsa atjakdygyna beletdi. Ahmediň gije ümsüm-kümsüm oba gelip gidýändigini Aman OGPU-ny bu ýagdaýa gyzyklandyranyň ýene birisem hut Hardat bolupdy. Bu bolsa Hardadyň düýnki gatan tezegi ýumşatdygy bolupdy. Ahmet bir aýa golaý mundan öň däl-de, hut şu golaýlarda hem häli-şindi gizlin gelip-gidip duran ýaly pikir döredipdi. Üstesine-de, ol Owganda Sowetiň uçaryny atyp, urup ýykany üçin Aman OGPU-nyň özüniň-de bir depip, omrup hezil etmek üçin, ony nähilidir bir ýol bilen ele salasy gelýärdi. Ahmediň gije gelip gidýänligi hakyndaky Hardadyň getiren habary oňa bu maksatdaky kerep ujunyň ele gelmegi boldy. Aman OGPU Hardat bilen Ahmet barada “Onuň gelip-gidýändigi baradaky gepiň ugry ýok öýdýän” diýip, öz barlaglarynyň oňly netije bermändigi hakda aýdanda bu habary ýetirenleriň biri özi bolany üçin müýn çekäýmelem ýaly hem bolsa ol müýnüggemedi. Gaýtam, gülek-ýalak edip oturyşyna: “Siz baýlygy nireden gözlemelidigini bilmänsiňiz” diýen äheňde: –Ahmet ýaly adam hazyna gömse-de, ony çagalaryna ölse ynanýarmy!? Ýöne onuň agasy Kymyşdan welin gizlin zady ýokdur. Hiç kim bilmese-de, şol garry göhert bir zatlar bilýändir. Şony gyssaň, şony –diýdi. Hardadyň bu gepi OGPU-ny şeýdibem Kymyşlaryň üstüne, täzeden “halabas” berme boldy. Şundan soň köp wagt geçmänkä OGPU adamlarynyň Kymyş duzçynyň öýüne gelmesi ýygjamlandy. Diňe bir Kymyş duzçudan sorabam goýman, Jemal mamadyr onuň agtyklaryndanam sorag etdiler. Emma bu gezegem synanyşyklar garaşylan netijäni bermedi. Ýogsam “Türmä basarys, öňküleriňiz ýaly güm edip, sürgüne ugradarysam” diýlip, haýbat baram atyldy. Şol bary-ýogy näbelli hazynany tapdyrmak üçin OGPU işgärleri Kymyşyň maşgalasyny ýer ýaýnatdylar. Hardat bilen bolan gürrüňden soň bu işiň ugruna Aman OGPU-nyň hut özi çykdy. Ol şäherden gelşine-de oba şurasyna sowlup, ol ýerden atlanyp ekin ugruna gitmekçi bolup duran Ýagdyny hem “Ýurdy belet çapar” edip, hemişekisi ýaly öz ýanyna aldy. Ýolda Aman OGPU näme üçin gelenini mälim edip, bu meselede şura başlygyna ýörite sala salýan äheňde gürledi. –Ýagdy şura, diýýän-ä Kymyşyň öýünde öň iki sany sandyk bar eken. Soňky döwür şolaryň biri ýok bolanmyş, onuň satylanyny ýa birine berlenini hem bilýän adam ýok Aman OGPU bu gepi aýdan mahaly Ýagdy şura at üstünde agaç ýuwudan ýaly dim-dik üns bilen ony diňläp oturyşyna Kymyşlaryň ýiten sandygynyň hyýalda nirä ýitip biljegine aň etdi. –Sandygy, ýoldaş Aman, onuň öýünde üç dagam bardy. Baý öýüniň sandyksyzy bolýarmy näme!? Onuň sürgüne gidenlerem-ä sandyk äkitmändiler... –Meniň üçünji sandygy niräk ýitirim bolany bilen işim ýok, ýöne soňky iki sandygyň biriniň ýok bolmagy welin, elbetde, şübhelendirýär. Ahmediň gizlenen baýlygy, göwnüme bolmasa, şol sandyk bilen bagly ýaly bolup dur. Şoňa salyp, bir ýerde gömen bolmaklary gaty ahmal... Ýagdy Aman OGPU-nyň gepiniň niräni tozadýanyny aňyp alansoň: –Gaty mümkin. Bu kulaklaryň etmejek al-hileleri bolmaz–diýip, onuň pikirini söz bilen makullanyny az görüp, şol barmana başyny öňe-yza hallan atdyryp göwünjeň makullady... Dört atly aňyrdan toplum tutup, it üýrüzip gelende, Jemal mama daşarda sygyr ýatagyň gapdalynda onuň gije tezeklän lopbaçlaryna saman garyp, kemre ýasap, odun gamyny edip otyrdy. Gapy çolady. Alabaý üýrüp, ýol tarapa gapdalyndan ötende ol başyny göterip, şol tarapa sereden wagty ol öz duşlarynda bir toplum atlynyň jylaw çekip direnişip durandyklaryny gördi. Töweregine gözläp, öz ýerine gelenleriň habaryny almaga ugradaýara ýeňil oglanyň ýoklugyny görensoň bolsa, işini bir ýana goýup, ellerini saman bilen süpürip, gelenleriň habaryny almaga ýöneldi. Şol barşyna “Bular indi kim bolduka, janlarym, Ballyň dagy öýüni sorap gelen dost-ýarlary bolmasyn, ol-a häzir gidendir, şäherdäki işine...” diýibem, erbet düýşi ýagşa ýorýan hörpde oýlandy. Toparyň öňi bolup howlynyň girelgesiniň öňünde duran Ýagdyny Jemal mama ilki tanady. Onam geýim-gejimini üýtgedip, häzirki zaman lybasyna geçeni bäri görmänsoň, del geýim içinde bolansoň, zordan tanady. Egnine goňras matadan köýnek, başyna papak geýip, bilini nyzamlap, aşyrma kemer bilen guşap, öňküsinden has ekezlenen ýaly bolan şurany tanar ýaly hem däldi. At üstünde endigine görä burnuny talawladyp, öz-özünden beleň alyp, gomaslanyp oturyşyndan Jemal mama Ýagdy şurany tanansoň, töwerekde üýrüp, gep-üýn alyşdyrman ýören iti kowdy. –Ýit-ä, ýer çeken. Sen indi Ýagdy şurany tanaňokmy? Güjük mahalyň ol biziň hyzmatymyzda bolup ýörkä “Gowy it bolar” diýip, seniň maňlaýyňy köp sypalan Narly gamyşçynyň ogly-da şol! It gapdala çekilensoň, ol ýene-de atlylaryň ýönelige gelmändiklerini pikir edip durşuna Ýagda: –Ýagdy, it seniň egniňdäki bedroý geýimiňi ýat görendir–diýdi. Ýagdy ýat adamlaryň ýanynda garrynyň öz nägileligini duýduryp, düýnki geçmişini, özüniň pes gününi ýatlamagyny halamady. Içinden: “Ogullary sürgün bolany bäri bular meni gözünde oky bolsa atjak. Her gezek meni görenlerinde ýarasynyň üstünden basylýan ýaly bolmaly-da. Başarsalar bir gyşyk gep aýdyp, çakjak bolşup durlar. Hany, şol sandygam bir tapylsyn, ana, onsoň bu Kymyşlaryň tepbediniň okaldygy bor. Göreýin hany onsoň, Ballyň sizi nädip, arkaňyzy alyp, türmeden alyp galyp bilşini!?” Jylaw gaýtaryp duran Ýagdy soňam Jemal mamanyň üstüne süründi: –Hany, kempir, aç howlyňy, bu ýoldaşlaryň Kymyş agalyk işi bar! Bu gepi aýdan mahaly Ýagdy şura ýeňsesindäkileri görkezýän ýaly öwrülip, yzyna hem gözläp goýberdi. Jemal mama Ýagdynyň gapdalynda at başyny deňläp duran hyrsyz Aman OGPU-ny hem tanap, içinden: “Seniň biziň öýe oňly adam getirmejegiň-ä öňem bilýärdim” diýip nägile boldy. Aman OGPU-nyň hökmürowan keşbi şol maşgalasyny bölüp, sürgüne äkiden güni jellat bolup, onuň gözünde galypdy. Jemal mama atlylaryň sürnüşip duranlaryny görüp: “Bular indi gojanam tussag etmäge gelendirler” diýen pikir bilen ýylan gören ýaly üşendi. Ol: –Öýde bolmalydyr özün-ä– diýip, uzyn köýneginiň etegini sähelçe eli bilen ýokary çekip, howlugybrak yzyna dolandy. Atlylaram onuň yzyna düşdüler. Jemal mama girensoň, öýüniň içinde biraz gysga hymyr-symyr gürrüň boldy. Soňra donuny egnine ýelbegeý alan Kymyş duzçy peýlenibräk öýden çykdy. Direnişip gapysynda duran atlylary anygrak görmek üçin, gözlerini süzgekledip, olaryň üç-dört ädim golaýyna geldi. Aman OGPU onuň mysalasyny görüp, ala gözlerini yzgytsyz ýylpyldatdy: –Mülkaman ogly, Kymyş baý, seniň baýlyk gizläp saklaýanlygyň hakda bizde anyk maglumat bar. Şony häzir meýletin özüň tapyp berseň-ä, jeza çäresi berlende, seniň hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutular. Eger bize kömek bermekden boýun gaçyran ýagdaýyňda, onda seniň täleýiň başgaça bolar. OGPU bilen oýun etmegin sen! Kymyş duzçy haýbatly talaby eşitse-de, oňa jogap bermäge gyssanmady. Ýelbegeý atynan donunyň ýeňlerine gezekli-gezegine gollaryny sokup, ony egnine geýip durşuna bolsa ol: “Baýlygyň niredeligini bulara aýtsammykam, aýtmasammykam?” diýip ýer peýläp oýlanýana meňzedi. Soňam sürnüşip duran atlylara ätiýaçly gözläp: –Siz ýene-de şol köne heňiňize tutup ugrapsyňyz-ow. Meniň-ä ol siziň diýýän baýlygyňyzdan habarym ýok. Ýigitler, goý, ony kim bar diýip size ýamanlap aýdýan bolsa, şonuň özi gelsin, öňe düşsün-de, tapybam bersin! Men hiç wagt töründe hum gömen adam däldirin. Şeýle baýlyga men öňem yşk-da etmändim. Dogrusy, sygyr-malym bardy birneme. Olaram hökümede gerek diýdiňiz, tabşyrdym baryny şerekete. Kymyş duzçynyň arkaýynlyk bilen aýdan bu gepi diňe bir Aman OGPU däl, Ýagdy şura hem ýaramady. Ol öçli gözlerini jel-jelledip, ýagdaýy eýemsirenip, OGPU-lardan öň gojanyň üstüne hüjüme geçdi: –Kymyş baý, sen kim bilen oýun etseňem, ýoldaş Aman bilen oýun etmegin! Ol öz gepini gögerdýän adamdyr–diýip, Aman OGPU-ny mertebeleýänden bolup, bähbidini arap sürnüp gepledi. –Ýok zady, oglanlar, men size nireden tapyp bereýin? –diýip, Kymyş duzçy ýene bir gezek şol bir gepini gaýtalady. Emma bu gezek gojanyň düşünişme hökmünde aýdan gepiniň özüne öjükdirme bolanlygy belli boldy. Aman OGPU-dyr Ýagdynyň ikisi indi iki ýerden onuň üstüne talaply hüjüme geçdiler. Ýagdy: –Saňa indi iniň Ballynyň nepi deger öýtme! Hetdiňi tanamadyň sen, garry çoça! Senden gowulyk ýokdur. Sen dagy bireýýäm ýygnamalydylar welin... –Baýlygy nirede gömeniňi görkezmeseň, onsoň bizden gowulyk tamasyny etme! Ýerli-ýerden Aman OGPU hem Ýagdyň gepini gaýtalaýan ýaly haýbatly gepledi. Talaply aýdylan bu gepleriň ahyrsoňy Kymyş duzçynyň çetine degip ugranlygy belli boldy. Ol sakgalyny sypalap durşuna duran ýerinde yralanan ýaly çaýkandy. Ara bir salym agyr dymyşlyk düşdi. Ýöne ol uzaga çekmedi. Şu pursatda bu gaýgyrylman, haýbat bilen aýdylan gepler gojany hä diýmän, mugyra getirerli göründi. Bu ýagdaýy görüp, ýene sähel hüjüm edilse, gojanyň boýun synyp ugrajagyna ynanan Ýagdy has-da öjükdi. –Muny tussag edip, şähere äkitmeli. Sowetiň işlerine badak atýanyň edilmelisi hökman şoldur. Depgi astyna bir alynsyn, ana, onsoň ol diýene-de geler, inisiniň getiren baýlygyny nirede gizlänini hem görkezer... –Gerek bolsa, tussagam ederis. –Tumşugyna gowy kakylsa, akyllanar–diýip, Ýagdy ýene-de gojanyň gazaba gerňelmegini isledi. Bu hüjüm Kymyş duzçynyň gaharyny getirse-de howpuny basyp bilmedi. Gaýta, bu hüjümiň ony garşydaşlaryna öjükdirenligi belli boldy. Ol sähel baş göterip, öňe düşdi: –Ýörüň onda görkezmesem, günüme goýmajak bolsaňyz, onda men size bir görkezeýin! –Şeýdip wagtynda akylyňa aýlansaň, gowy bolar–diýip, gojanyň özlerinden gorkanyna, döwleninine ynanýan Aman OGPU nätdik diýen manyda gapdalynda ýalmanyp duran Ýagdy şura tarap yzyna öwrülip, samanhana tarap gidip barýan Kymyş duzçynyň ýeňsesinden ümledi. Gojanyň garaşylmadyk kaýyllygy ony kanagatlandyrdy. Ýogsam, ýaňy ýoldan gelýärkäler Ýagdy: –Ýoldaş Aman, Kymyş diýeniň öz-ä bir tüýsli boýnuýogyn, ýerinden gelmedir. Aňsat biziň diýenimize ol gelmese gerek. Ýöne aýalyny, agtyklaryny gyssap, gorkuzybersek, mümkin, onuň sandygy nirede gömenini boýun alaýmagy. Ýogsam, ol gorkmaz, bilse-de bize baýlygy nirede gömenini keskelläm aýtmaz. Özüňiz bilýäňiz-ä Jüneýit hanyň ýüzüne göni seredip bilýän azdyr welin, bu yňdyrma gorkman, gala maslahata baran toparyň başlygy Gully emine ýüzlenip: “Aý, ýalbaryp oturandanam bir han bolmy!? Tur, Gully emin, gitdik! Munuň bitirjek goşy ýok!” diýip, hiç zatdan çekinmän, donunyň synyny silkip turan adamdyr bi... – diýip, beletlik bilen, oňa ýagdaýy düşündirdi. Aman OGPU at üstünde keseribräk oturyşyna giňgöwrümlik bilen ýene-de Ýagda ýüzlendi: –Ýagdy, bar indi esgerleriň biri bilen gömlen sandygy alyp çykyň! – diýdi. OGPU tarapyndan ýumuş buýrulanda öz ýanyndan gom alyp, monça bolan Ýagdy şundan atan-satan bolup atdan düşüp, kemeriň aşagyndan köwelip duran täze köýneginiň etegine syntgy berip tertipleşdirdi-de, esgerleriň biri bilen batly-batly ädimläp Kymyş duzçynyň gapysyndaky gamşy bir ýana syryp, samanhana girip barýan Kymyş duzçynyň yzyna düşdi. Kymyş duzçy, Aman OGPU ähli adamlary bilen şakyrdap yzyma düşer diýip pikir eden borly, ol topardan bölünip gaýdan iki adamyň biriniň Ýagdydygyny görüp, düşnüksiz dillendi: –Guluň dogmasy, hany beýlekileriňiz? Hemmäňiz gelseňiz-ä, gowy bolardy!.. –diýip ýüzlendi. Ýagdy bu gepiň aňyrsynda başga bir manynyň barlygyny pikir etse-de, gojanyň sarkyndyly gepine ol sandyk birki bolup götererden agyrdyr diýen manyda düşündi. Goja soragynyň jogabyna garaşman, eglibräk samanhananyň gapysyndan girensoň, Ýagdy hem ýanyndaky ýaragly esger bilen onuň yzyndan girdi. Samanhana ýarym ýerküme hökmünde gurlup, onuň ýerden ýokarky böleginiň daşy ýeňiljek şire suwag bilen suwalanypdy. Penjire ýer-ýenekisem goýulmansoň, onuň içi alagaraňkydy. Ondan çüýrän saman ysyndan başga-da sygyr tezeginiň çüýräp zaýalanyp ugran ysy hem bardy. Samanhananyň üstündäki basyrygynyň orta gürpünde pişik ýeneki geçip gidipmi nämemi, goşa ýumruk sygar ýaly bir hoňkaryp duran deşigem bar eken. Şondan samanhana gündiziň bir bölegi düşüp, onuň içini az-owlak ýagtyldýar eken. Içerik girip, alagaraňka dulanan goja bolsa henizem wagtal-wagtal janyýangynly samraýardy: –Görkezmeli bolsa, görkezäýmeli bolarda. Siz bir görmeseňiz, ynjalmarsyňyzam... Sandyk gerekdir size... Ine, siz sandyk! Ýagdy biraz alagaraňka gözi öwrenişensoň, özüniň gojanyň iki ädimliginde duranlygyny aýyl-saýyl etdi. Ýokarky yşgalaňdan ýagtynyň bir bölegi hem hut gojanyň üstüne dökülýärdi. Haçanda Ýagdy: “Hany, görkez sandygy gömen ýeriňi!” diýip, gojanyň üstüne täzeden hüjüme geçmekçi bolan wagty onuň bolup durşuny görüp, ilki näme-nämeligine düşünmän ank-tank boldy. Goja yşgalaň düşýän ýeriň aşagynda uçguryny çözüp, balagyny topugyna düşürip, bir eli bilenem köýneginiň etegini biraz ýokarrak çekip, sallap, uýat ýerini nygtap görkezip durdy. Özi-de: “Görüň, görmän dynmajak bolsaňyz!” diýip, şol durşuna-da janyýangynly käýinibem goýberýärdi. Diňe şondan soň Ýagdy gojanyň sandygyň gömlen ýerine derek özlerine näme görkezýänligine düşündi. Ol: “Oh-o” diýip, hopugyp ör-gökden geldi. Gahardan ýaňa gany depesine urdy. Ol gojadan nämä garaşsa-da, beýle gönümel hem gaýduwsyz hüjüme garaşmandy. Şu ýagdaýda bu pursatda özüni nähili alyp barjagyny bilmän, kejigip aljyrady. Ýagdy şir-peleňe duşan deý, syrtyna depilen ýaly, ala tapyrdy bolup, janagyryly sögünip atylyp, samanhanadan çykdy. Onuň kellesini silken wagty agyp gaýdan papagam gaçyp, öňünde tigirlenip gitdi. –Ajalyna howlugan haramzada diýerler saňa... Sen entek OGPU zyndanynda çüýrärsiň. Sen öz uýat ýeriňi maňa däl-de, Sowet döwletine görkezdigiňdir bu. Indi seniň hakyt gözüňde juwaz aýlarlar... Şol barmana goja gyryljak sesi bilen ýene bir gezek onuň yzyndan gygyrdy: –Getir ýene görjegiň bolsa! Atynyň jylawyny eýeriň gaşyna taşlan hazynaly sandygyň ýerkümeden çykarylmagyna sabyrsyz garaşyp oturan Aman OGPU, haçanda Ýagdy hamala gyzyl arydan gaçan ýaly, kakynyp-silkinip, sögünjiräp kümeden çykan mahaly ilkibada onuň bolşuna düşünmedi. Onuň göwnüne şol wagt hazynaly sandygy onuň bilen kümä giren esgerdir Kymyş duzçy hersi birýanyndan tutup alyp çykarly bolup göründi. Ýagdy şol tasap, gahardan ýarylaýyn diýip gelşine Aman OGPU-nyň öňüne gelip, nägile bolup käýindi. –Biz-ä däli goja görkezdi! –diýip, ol bu sözi ýangynly ker bilen gepleşýän ýaly gygyryp diýen ýaly aýtdy. –Nämäni!? –Özüniňkini. Aman OGPU diňe häzir nämäniň nämedigine biraz düşündi. Soňam Ýagdynyň düşen gelşiksiz ýagdaýyny özüçe göz öňüne getirdimi nämemi, böwregini bökdürip, pyňkyryp goýberenini hem duýman galdy. Ýagdy şura Aman OGPU-nyň haýal etmän, däli goja çäre görmegiň, temmi bermegiň ýerine, gaýta hezil tapanyny görüp, ondan göwni galdy. Toparyň arasyndan özüniň masgaraçylykly ýagdaýa düşenine namys etdi. Onuň şol wagt hökmürowan Aman OGPU-a «Elini baglap, salyň garryny atyň öňüne!” diýdirip, onuň üsti bilen gojadan diýseň ar alasy geldi. Kymyş duzçynyň gapysynda ýene şakyrdaşyp, bir toplum atlynyň peýda bolanyny görüp, goňşular som-saýak bolşup durdular. Ballynyň öýi tarapyndan üç aýal bilen birnäçe çaga bolýan zatlara nähili düşünjeklerini, edesleri gelse-de, nähili delalat etjeklerini bilmän, gyýlyp-gynanyşyp, howsalaly seredişip durdular. Aýallaryň bäbegini kükregine ýaplap göterip durany Gullar çopanyň aýaly Ýazgül bolup, elini tutup, bolýan zatlary nägile dikanlap, talaply seredip durany Ballynyň aýaly Kümüşdi. Aýallaryň üçünji birisi goňşy obadan dogany Sähetdurdynyňka mahal-mahal gelip gidýän Bäşbela gyzy Akbibidi. Olaryň üstüne gapdaldaky ýapraklary hal atyp, saralyp ugran tuduň ýapraklarynyň arasyndan Gün şöhleleriniň bölekleri ala düşýärdi. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp diýen ýaly gürleşýärdiler. Akbibi: –Bu artyplar Kymyş akgamlary belläp, jyn edinäýdiler. –Ýagdy kemsit bilen Hardat aýdar ýaly ýere olar barada aýdyp, günlerine goýmaýarmyşlar–diýip, Kümüş hem bu gepi Ballydan eşidenini mälim edip aýtdy. –Ýagda näme ýamanlyk edildikän, oň-ä ol akgasy zady bilen Kymyşlaň tabagynyň çemçesidi. –“Ýagşylyga ýamanlyk barmy?” diýlende, bar diýlipdir-ä. Atlylar gelip, it üýrüp ugranda bir öýden çykyp, maňlaýyny görkezen Öwezdurdy bolsa, olardan gorkup, ýene dessine öwrülip, içerik giripdi. Indi bolsa ol OGPU-lar görse, ýene sorag berip, gyssap ugramagyndan gorkup, jigileri Geldimyrat bilen Jumagülem äkidip, Garajumalaryň ot-odun küdeleriniň bir ýerlerinde gizlenipdi. Akbibi beýdip ol ýerde uzak durup bilmedi, ol atlylary oýtarlap ötdi-de, öýüň gapdalynda nätjeklerini bilmän, serim-sal bolşup duran Jemal mamadyr onuň agtyklarynyň ýanyna geldi. Gele-gelmäne-de Jemal mama bilen iki agyz gep alyşdylar: –Indi bular şeýdyp durjakmykalar?! –Bularyň şundan başga pişesi nämemiş? –Gol doly maşgalany sürgüne berensoň dagy köşeşäýjegem ýalydyr welin. –Aý, köşeşmese köşeşmän geçsin, gerekleri şu iki garry bolsa, näme edýän bolsalar, edip bir dynsynlar. Ýöne şu iki gyz eýesiz galjak. Hudaý bardyr, olaram maňlaýyndakyny görerler. –Häzir bular näme etjek bolýarlar? –Kymyş altyn hazyna gömenmiş. –Nirede? –Biz-ä bilemzok. Aý bu-da bir yrsaramadyr-da. Ýagdynyň käýinip çykmagy Jemal mamadyr Akbibiniň hymy-symy gürrüňini böldi. Atlylar gojany kümeden çykaryp, öňlerine salyp alyp giderli görünseler-de, olar muňa gyssanmadylar. Aman OGPU: “Hä, ol beýdip somlap ugran bolsa, onda inisi Balla arkalanýandyr. Nämesindendigini bilemok, şu serhoş melgunyň gepi meniň başlyjygymyň ýanynda geçginl-ä boldy. Oňa bir zat diýseň: “Şonuň bilen işiň bolmasyn, ony özüm gowy tanaýan” diýäýýär. Başlygyň üstünden ätläp, ony tussag edip, soraga-da alyp bolanok...” diýip oýlanyp, Ýagdynyň düşen ýagdaýyndan tapan hezilligini Balla bolan gaýybana haýbat bilen garaşylmadyk ýagdaýda duran ýerinden at başyny yzyna dolady. Ol soňam şu pursatda gahardan dälilik hetdine ýeten goja hamala kümeden böküp çykyp: “Haý, zaluwatlar, görmän dynmajak bolsaňyz, Ýagdyň görenini sizem görüp gidiň!” diýip, haýkyryberjek ýaly ýakymsyz duýgyny başdan geçirdi. Atlylar ala güpürdi bolşup, it üýrdüşip, Kymyş duzçyň öýünden barha daşlaşdylar. Şu wakadan soň gelenleriň özleri hem ýok zada ters dawa salandyklaryna düşünene meňzediler. * * * Asman irden bir salym ýagma hyýalyna münen ýaly gök dalak bolup garalyp-bürelip alan hem bolsa, ol günortana ýetip-ýetmän, ýene-de özüniň öýke-kinesini ýaýany belli boldy. Ýazgynlygyny alan dünýä ýene-de açyk, çogly günleriň birine öwrüldi. Gün doganynyň yzysüre öwsüp ugran edaja şemal asmanyň ähli gara-gurasyny öňüne salyp, bir ýerlere kowalap gitdi. Barak-obaçylygynda ýene-de durmuş owsun atdy. Allanazar kiçi jigisini arkasyna hopba edip, jigisi Rahmannazary yzyna düşürip, öýlerinden çykanda, daşarda bu günlerde her gün bolýan çagalaryň oýnaýan hezil oýunlary eýýäm başlanypdy. Oglanlar bir-birlerine gygyryşyp, çapyşyp, özlerine gyrat däldirin öýtmän daz ýasaşyp, ikiýana alakjaşyp, bir-birleriniň töwereklerinde aýlanyşýardylar. Oglanlar ýene bir çyn oýunçynyň – Allanazaryň jigileri bilen gelýänini görüp, gygyryşyp, gol bulaşyp, ony hem öz ýanlaryna çagyrdylar. Emma Allanazaryň ejesiniň jigisi baradaky agşamky aýdan sargytlary ýadyna düşüp duransoň, olary bir ýerde oturdyp, oýuna goşulmaga howlukmady. Agşam Rahmangulujyk gyzdyryp, biraz gyzymsapdy. Ene işden gelensoň, ony emdirip, damagyny basyp, kükrejiginiň ýüzüne süýt sagyp sypalansoň, ol biraz-da bolsa rahatlyk tapyp, ejesiniň gujagynda uklapdy. Oguljuma ala daň bilen işe giden mahaly “Menem günortan sypynyp bilsem, gelip habar aljak bolaryn, kakaňyň hem ötende-geçende sowlaýmagy mümkin, jigileriňe gowuja seredewer özüň, oglum. Oýun beýlekä gyzygyp, ýene-de bulary ýatdan çykaraýmagyn! Üme-çüme düşmez çagadyr bular!” diýip, dynmazjan bolup tabşyrypdy. Hasyl ýygnamak işleri bolsa bu günler gyssanylyp, barha gyzgalaňly dowam edýärdi. Ýakyn-alys töwerek bugdaý çekýän arabalaryň, tirkeşip barýan bugdaý orýan, desse bogýan adamlaryň joşgunly zähmet meýdanyna öwrülipdi. Barak ýolbaşçylary özünde bar bolan ähli işçi güýçlerini hasyl ýygnamak işine gönükdiren hem bolsa, henizem el güýjüniň, ýük arabalarynyň ýetmezçilik edýänligi güýçli duýulýardy. Oguljuma hem barak ýolbaşçylaryndan bu işe ilkinji çekilen aýallaryň biridi. Bu bolsa onuň maşgalasyna berilýän nan hakynyň ýene biraz artmagy bilen bähbide sapan alada bolupdy. Nan paýy bu ýerde işleýäne işlemeýänlere berilýän 400 gram çörekden iki esse dagy artykdy. Şonuň üçinem berilýän günemmalyk çörekden her kim ýetdik hakyny köpräk almak üçin, jan gaýgyrmazakly işläp, gije-gündiz dert-azapdy. Şeýdip Allanazaram öz jigilerine göz-gulak bolup, maşgala güzeranyna ýardamçy bolmalydygyna oňat üşünýärdi. Nätjek başyňa düşse, etmeli bolýar. Balabakanlyk ilki başda Allanazara hem ýeňil düşmedik-de bolsa, o-da beýleki deň-duşlary ýaly muňa kem-kemden öwrenişip gitdi. Hatda Rahmanguly indi uklanda hem ejesiniň gursagyna gysylyp, eljagazyny gonuň ýakasyndan salyp ýatyşy ýaly, Allanazaryň hem kükregine eljagazyny goýup, emmäňi aldym edip ýatýardy. Ýöne oýna gyzyp, Allanazaryň oglanlyk edip, jigilerine seretmegi, göz-gulak bolmagy unudýan mahallary hem bolýardy. Ejesiniň mähriban sesi bilen ýüregine siňdirip aýdan sargydy ýadyna düşüp duransoň, ol bu gün dostlary gol bulaşyp, näçe ýanlaryna çagyrsalar-da, jigilerini bir ýerde oturdyp, oýna gatylybermäge howlukmady. Jigisini hopba edip, arkasyndan düşürmän ýörşüne bir salym dostlarynyň oýunlaryny gözügidijilik bilen gapdaldan synlap duransoň, beýdip dursa özüniň oýna yryljagyny pikir etdimi nämemi, şagalaňyň gapdalyndan aýlanyp, uzakdan garalyp görünýän köl gamyş-gorjawlaryna tarap gitdi. Ol mytdyldap, jigileri bilen gürleşip barşyna Rahmangulujygy diňe köl boýuna ýetensoň, arkasyndan düşürdi. Bir takyrja ýer tapyp, şol ýerde jigileri bilen töwerek synlaşyp, güýmenişip oturdylar. Barak-obasynyň sesýetimliginde dörän bu köl Allanazaryň öň görmedik ýere däldi. Ol deň-duşlary bilen gelip, ony telim synlabam gidipdi, onuň ýakasynda oýnabam. Hatda Gün gaty gyzdyrýan günleri adamlaryň gelip, güzer eden ýerinde oňa suwa hem düşüpdi. Kölüň demirgazyk tarapynda ýeriň günorta uzap, köl suwunyň öňüni dolap, onuň boýnuna gol salyp oturan ýer bölegi gernip otyrdy. Sag tarapdan bir-birinden uzak bolmadyk aralykda dörän iki sany gamyş jeňňelliginiň bir-biriniň garşysynda ötjek-geçjeklere araba ýoluny berip, aralykda giňişlik goýup oturanlygy görünýär. Allanazar her gezek gelip, bu köli synlan durka, hamala, ondan öýleriniň gaýrasyndaky jeňňelli köle meňzeşlik tapyp, kalbynda üýtgeşik bir ýakymly ýakynlyk duýgusyny başdan geçirýärdi. Hatda oýa berlen wagty ol öz obalaryndaky kölüň boýunda oturanyna bir pursatlygam bolsa ynanýardy. Durmuş welin ynsanyň erk-isleginiň tersine, diýseň, garaşylmadyk öwrüm edipdi. Murgap derýasynyň boýunda biten jeňňelli kölüň boýunda oýnap gezen oglan bu gün gelip, ondan müňlerçe menzil alysdaky Işim derýasynyň eteginde dörän jeňňellikden gelip çykypdy. Kölüň depesinde beýgelip-mertebelenip, Gün öz bol çoguny döküp otyr. Onuň aşagyndaky köl alysdaky söýgüli ýarynyň gelýär habaryny eşiden gelniň duşuşyk pursadynda has owadan görünmek üçin geýip, öňünden çykan atlaz köýnegine mäňzäp, telwasly tolkunyp ýalp berýär. Howada gamyş-gorjaw çüýrüntgisiniň dymyljap, könelip ugran ýatasuwuň ysy bilen käte duýlar-duýulmaz şemala göterilip gidýän balyk çaprazynyň ysy-da peýda bolýar. Dünýäniň şähdaçyklygyna seretmezden, güýzüňem gün-günden saralyp öz hakyna eýemsirenýänligi duýulýardy. Güýz geleni bäri derýanyňam, kölüňem suwy ýagşy çekilipdi. Häzir köl eteginde suwuň çekilip giden ýerlerinde kiçiräk kölçeleriň birnäçesi töwereklerinde gury ýer adajyklary döredişip otyrdylar. Gün gyzdygyça derçigip oturan Allanazaryň suwa çümüp çykmak höwesi artdy. Ol jigileriniň üstaşyry köl suwuny hyrydar synlap: “Şulary aldarlap, dek oturdyp bolsa, menem gidip bir suwa çümüp çyksadym” diýibem höwese berlip ugrapdy. Birazdan ol jigilerini alyp bardy-da, olary suwy çekilen ýerdäki adajyklaryň birinde –iki kölçäniň arasyndaky gümmezekläp, geriş bolup duran inedördül ýerde ýerleşdi. Suwa çümüp çykmaga amatly ýer gözläp, töweregindäki ýata suwly kölçeleri ünsli synlady. Allanazaryň häzir uly adamlar bilen deň derleşip, kirleşip ýören jigilerine-de suwa düşmegiň kem bolmajagyny, suwa düşseler, olara-da serginlän ýaly ýakymly boljagyny pikir etdi. Ilki Rahmannazary ýalaňaçlap, ony elinde tutup, kölçäniň eteginden ertip, suwa saldy. Güne gyzan suw ýörite düşmek üçin taýynlanylyp goýlan ýaly mylaýym eken, üstesine-de, ol çümer-ýeneki eder diýip gorkar ýaly çuň hem däldi. Düýbi görnüp durdy, çuň ýeriniň suwy ýetse dyzyňdandy. Allanazar uly jigisini suw bilen öwrenişdirensoň, gelip Rahmangulujygyň aladasyna berildi. Ony-da ýalaňaçlap, hyk-çokuna seretmän, getirip suwa getirdi. Ilki onuň ys-kok bolup duran aýajyklaryny, soň tutuş göwresini suw bilen sypalap ýuwdy. Mylaýym suwuň kiçijiklere hiç neneň bolmadygy belli boldy. Rahmannazar indi suwa bir girip, bir çykyp, töwerekde hezil tapyp şapadaňlap ýördi. Ýuwlansoň Rahmannazaryňam hyk-çoky azaldy. Suw bilen endamy sypalananda ejesi arkasyny sypalan ýaly bolandyr-da, ol şundan soň ukusy gelip pallabam ugrady. Birazdan bolsa myrlap galdy. Allanazar diňe şundan soň Rahmannazara “Jigiňi oýadaýma, onuň töwereginden uzaga gidäýme” diýip sargansoň, özi aňyrraga, suwuň köpräk toplanan çuňrak ýerine düşünmäge gitdi. Eýläk-beýläk suwda ýüzdi, şol ýerdenem nadynç bolup, jigilerine bakdy. Ýöne bu hezillik şolar sebäpli barybir uzaga çekmedi. Jigisiniň töwereginde şapadaklap oýnap ýören Rahmannazaryň birden kimdir biri çümmükläp alan ýaly çirkin sesi eşidildi. Ine, saňa gerek bolsa, nireden bulary ýeke galdyrypdyryn diýip, Allanazar allaniçiksi bolup, jigileriniň ýanyna ýetmäge, olaryň halyndan habar almaga howlukdy. Iki bökende hasanaklap, olaryň ýanlaryna geldi. Gapdaldaky kölçeleriň birine girip, ol ýerden yza tesip gygyran jigisini şol barşyna garsa gujaklap alansoň: “Neme boldy?” diýip, ondan howlukmaç sorady. Rahmannazar kölçäni gorka synlap, sojap durşuna ilki hiç zat aýtmady. Allanazar jigisi suwýylan, leňňeç, gurbaga ýaly bir zat görüp gorkandyr öýdüp, töweregi synlady. Ýöne ol kölçäniň ýokarsynyň käte bir tolkunan ýaly bolup gidýänliginden başga üýtgeşik zat görmedi. Köşeşdirijilik bilen Rahmannazaryň eginlerini-başyny sypalap durşuna obada mamasynyň gorkana dessine suw içirmeli diýýänligini, şonda oňa gorkudan saplanmaga kömek boljagyny ýatlap, suw boýunda oturdyp, iki gezek aýasyny dolduryp, dolduryp oňa suw içirdi. Allanazaryň özüniňem jigisi bir bela duşandyr öýdüp ýellenen ýüregi henizem howsala bilen oňly ynjalyp bilmän gürsüldeýärdi. Ol suw içirip, içip biraz köşeşensoň, onuň bir sebäp bolmasa, beýdip çirkin gygyrmajagyny pikir edip, Rahmannazary gorkuzan zady tapmagyň ugruna çykdy. –Nämeden gorkduň? –diýip, ilki jigisinden sorady. –Ol ýerde bötje bar! –diýip, Rahmannazar gapdaldaky kölçä tarap elini uzatdy. Allanazar jigisiniň görkezen ýerini siňňin synlan wagty ol diňe häzir nämedir bir zadyň sähelçe gerşini görkezip, suwy tolkundyryp ýüzüp ýörenini gördi. “Bä, ýylyn-sylanmyka?” diýip, pikirinde jigilerini goraglap, tolkunly kölçäniň öňüne bardy. Şonda ol ilki öz gözlerine ynanmady. Suwy çekilip-çekilip barha azalýan kölçede gabawa düşüp, uly suwa gidip bilmän galan balyklaryň birnäçesiniň ýüzüşip ýörendiklerini gördi. Guýrugyndan zadyndan basandyr-da, şapyrdap Rahmannazary gorkuzanam şolar bolmaly. Näme üçin howada balyk çaprazynyň ysy barlygyna Allanazar şundan soň düşündi. Ol balykçy şagal ýaly suw etegine girip, amat peýläp biraz duransoň, harsa çolpusyny urup, balyklaryň birini suwdan çykardy. Elinde sypjak bolup urunýan, garnynyň aşagy ak, ýüzgüçleri gyzylymtyl balygy dessine depesine göterip ýalpyldadyp jigilerine görkezdi. –Rahmannazar, eý, sen şundan gorkupsyň-a. Ol balyg-a... Balyk hiç zat edenok, ondan gorkmaly däl! –diýip, göçgünli seslendi. Balygyň agasynyň elinde çyrpynyşyny görüp, ondan ýürejigi tyrs-tyrs edip gorkan Rahmannazar: –Allakga, gör, ol üstüme bökjek bolýar-a–diýip, entegem ondan çekinýänligini mälim etdi. Allanazar kölçäniň içinde balyk köpdügini görüp, ýene-de olary tutmak bilen gyzykdy. Ilki birini, soň ýene birini tutup, kenara taşlady. Soňabaka oňa balyklar bir deşikden çykyp, ýeke-ýekeden ele gelip duran ýaly bolup duýuldy. Haçan-da ol zyňyp, töwekde gyzyl-ýaýryt edip taşlan balyklaryny äkitmek üçin ylgap gidip, çyg gamşyň birki sanysyny getirip, şoňa düzüp durka, iki sany öz çemdeşindäki gyzjagazyň kenar bilen gezmelän bolup, indem özlerine tarap gelýänini gördi. Olaryň biri ösüme goýberilen saçlary selpildäp duran gögüş keýnekli gelşiklije tosunja gyzjagazdy. Gyzlaryň ikinjisi uzyndan gelen aýaklary durnanyňky ýaly suwda durmaga çemli bolup görünýän gyzdy. Gyzlaryň tosunjasynyň başlyk Reşetnikowyň gyzydygyny Allanazar bilýärdi. Ony ejesi bilenem birki gezek kakasynyň sürýän arabasynyň üstünde hem görüpdi. Oýun ýerlerde hem ýakyn tanyş bolmasa-da, olaryň ikisinem görýärdi. Gyzlar golaý gelşip, ýerde urnuşyp ýatan diri balyklary görüp, geň galyşyp, gözügidijilikli seredişip durdular. Bir zat, bir zat diýip, eji-wüjüleşip gepleşdiler, ýöne Allanazar olaryň diline düşünmedi. Emma balyklary görüp, olaryň-da balyk isländiklerini welin bildi. Ol hasanaklap, ylgap gidip, hol beýleräkde ösüp oturan bir gyrymsy çöl ösümliginiň çyg çybyklaryndan gol boýy edip döwüp-döwüp alansoň, soňra ýene howlugyp, yzyna geldi. Soňam balyklary ikiden-üçden şol çybyklara düzüşdirip, olary elde götermäge amatly edişdirdi. Garaşman durkalar şol çöpe düzülen balyklardan gyzlaryň hersiniň eline birini berdi. Bu bolsa ýükümi jigim bilen nädip götärkäm diýip duran Allanazaryň bilmeýän dilinde gepläp düşünişdigi hem ýüküni göterişmäge kömekçi tapandygy boldy. Öýlerine balykly barýanlygyna begenen gyzlar ýolda jigisini hopba edip gelýän Allanazaryň balyklaryny gezekli-gezegine hykda-çok bolşup göterişdiler. Günortan aýak üstünden agşam gyzdyran Rahmangulynyň halyndan habar almaga gelende Oguljuma çagalaryny öýden tapmady. Olary gözläp, soňam sorag-ideg edip, töweregi aýlanyp ugrady. Olaryň nirä gidip biljeklerini pikir edip, howsala berildi. Haçan-da olary hol beýleden gören oglanlaryň biri: “Ana, gelneje, olar köl tarapdan gelýärler” diýip görkezen wagty ol ylgaşlap, toparyň öňünden çykdy. Olaryň elindäki düzüm balyklary görüp bolsa geň galdy. –Eri, bu balyklary kim berdi? –Hiç kim bermedi, eje, kölüň ýata suwundan özümiz tutduk. Haçan-da ejesi arkasyndaky ejesini görüp, indem tanap aglap ugran Rahmangulyny garbap gujagyna alyp, ýüküni ýeňledensoň, Allanazar ejesine nädip balykly bolandyklary hakynda anyklap aýdan mahaly az wagtlyk ýitirip alan çagalarynyň sag-amandygyny görensoň, elesläp ugran ene kalby kanagat tapma bilen rahatlandy. Deň-duşlarynyň balyk baryny getirenlerini gören oba çagalary şundan soň elesleşip, köle tarap çapyşyp gitdiler. Köl suwunyň çekilmegi birnäçe gün sürgün obasyny huruşly etdi. Tapan täzeje balygy ýaga daglap iýdi, tapmadyk gaýnadyp iýdi, palçyk çalyp, közde bişirip iýdi. Garaz, şol gün barak-obaçylygynyň ýakan odunyň tüssesinde-de balygyň agyz suwardyjy ysy bardy. * * * Söýünalyda Ýekeýüzüň gazysy henizem dowam edýärdi. Bu ýap baýyr eteginden açylýan ýerleri suwarmak üçin zerurdy. Özi-de ýylyň-ýylyna şeýle ekin ýerleriniň artmagy bilen, Ýekeýüzüň hem ähmiýeti barha artmak bilendi. Ähmiýetli bolşy ýaly-da Söýünaly ýaplarynyň içinde gazysy has kyn düşýäni-de Ýekeýüz hasap edilýärdi. Her ýylam ilki obadan bir günlük ýoldan alnyp gaýdylýan iň agyr Ýekeýüzüň gazysy gutaransoň, beýleki ýaplaryň gazysynyň ugruna çykylardy. Ýekeýüz baýyr eteginden bir gapdaly şol baýyrlar edilip, onuň egrelip öwrüm eden ýerinde egreldilip, dogralan ýerinde dograldylyp çekilýän ýapdy. Şonuň üçinem gazy gazylan mahalynda onuň esasy laýyny ýabyň egsik egnini götermek üçin, çep tarapyna atmaly bolýardy. Şeýdibem, içine salnan suw çaýkanyp, agman akar ýaly raýyşy kemsiz pugtalanan akar emele gelýärdi. Gazysy göwnejaýlanyp gazylansoň, her ýylam ol raýşy dürten ýeriňden indirip, suw alyp bolýan sahawatly ýaba öwrülerdi. Bu ýyl bolsa gazy işleriniň barşy öňki ýyllardakylar bilen deňeşdireniňde, hasam ýabygorludy. Işiň gidişinden Gara mirabyň özi-de närazydy. «Ýene birneme adam bermese, gazyny gyşy bilenem gazmaly eder bular” diýip, kolhoz ýolbaşçylaryndan zeýrenip, nägile bolýardy. Ozalky gazy gazylyşyny ýatlap, şol wagtlardaky güýçleri küýsärdi. “Ol döwür adam sanyň ýetik bolup, hada durlanda dagy allowarra uzalyp giderdi. Ine, onsoň görseň, pile münen tokga-tokga tokly ýaly palçyklar atylyp, ýapdan çykyp durandyr. Adam bary gazyp-arçap, bir-birekden kem oturmajak bolşup, hars-da-harsdyr. Olaryň işleýşini görüp, derýanyň özi-de şol gazylan ýapda towlanyp akmagy arzuw ederdi” diýip ýatlardy. Gara mirap el güýjüniň azlyk edýänini aýdyp, adam güýjüni soran wagty Ýagdy şura gazynyň üstünden gowy gözegçiligiň hökmanlygyny pikir edip, Nurjumany gazyçylaryň üstünden seretmäge goýupdy. Şeýle-de, “Hany pagta ýygymy birýan ýüzli bolsun, onsoň aýal-gyzlaram süreris bu işe” diýip hem söz beripdi. Emma şuranyň “Aýal-gyzlary hem süreris” diýen gepi Gara miraba ýaramandy. Gazy hemişe halkda aýal-gyzlary salardan agyr zähmet hasap edilýärdi. Şonuň üçinem aýal-gyzlary önelgesine zeper ýeter diýip, aýalyp, beýle agyr gazylara salmazdylar. Çaga dogurmak aýallaryň borjy bolşy ýaly, gazy gazmagam erkek adamlaryň, kuwwatly gollaryň işidi. Gara mirap ekin eňňerä çenli Ýekeýüzüň gazysyny bir ýüzli etmese, ýok güýçleriň ýerine Ýagdy şuranyň aýap goýman, aýal-gyzlary-da zora tutjagyna ynanýardy. Şonuň üçinem ol gazynyň gijigip barýanyna ýokardan gyssanylýan kolhoz ýolbaşçylaryndan kem gyssanmaýardy. Wagty, işçi güýçlerini tygşytly ulanmaga çalyşýardy. Ýöne ilçilik, her hili zerury çykýan-da, gaýry isleg-höwese öwrülip, işden eli sowaýanlar-da tapylman durmaýardy. Ertiriň iri bilen alnyp gutaryp barýan bu günki ilkinji hadanyň gazylyşyny bir başyndan gözden geçirip, aňyrdan gelýän Gara mirap hol öňde hadasyny gazyp bolup, ýabyň raýyşinda oturan Anna pälwanyň ýanyna Bahhanyň gysmyljyrap baranyny görüp, onuň näme-de bolsa, ýene bir hyýala münenligini çen etdi. Bahha ýanyrak öýlenen gyzyleňek ýigitdi. Gara mirap onuň gelinjigini küýsäp duranlygyny bilýärdi. Ol öň iki gezek dagy oba bilen aralygyň ep-ýesli ýol bardygyna seretmezden, gijäniň içinde öýüne gidip gelipdi. Ýaş gelniň adamsy bolsaň, ol seni öz erkiňe goýýarmy!? Göresiň gelip, ýüregiň üzüleýin diýip durandyr onsoň. Bu baryp-ha ata-babadan bäri erkekleriň hemmesiniň diýen ýaly başdan geçirýän ýakymly ahwalady. Gara mirap ýagdaýa düşünýärdi. Bahhanyň gelniniň ýanyna gitmek isläp, töweregini tiz-tizden gözläp, galpyldap ugrandan ol öz aýaly Kütiniň gelin wagtlaryndaky öz halyny ýatladýany üçin oňa haýpy gelýärdi. Gara mirap bu gezegem Bahha baradaky çeninde ýalňyşman eken. Mirap golaý gelen wagty Bahha gapdalynda goýan pilini alyp, oňa gazan ýerini görkezmek üçin syrylyp, raýyşdan ýabyň içine düşdi. Gazylan ýere mirabyň göwni ýetenini görensoň bolsa, ol bir raýyşda oturan Anna pälwanyň, bir mirabyň ýüzüne seredip, ondan günortana çenli oba gidip gelmäge rugsat sorady. Gara mirap ony diňläp, hasabynyň dogry çykanyna düşündi. Garaýagyz ýüzüni sypalap goýberdi-de, ýesersi ýylgyryp, onuň soragyna sorag bilen jogap berdi. –Sen gitseň, seniň hadaňy kim gazar onsoň? Öňem-ä ot-garagan bolup, gije oba gidip geleniňe bir hepdedäm-ä geçenok. –Hadamyň gaýgysyny edemok. Ony men gelýänçäm, pälwan akga gazar. Onýança Bahha bilen ylalaşyklarynyň barlygyny mälim edip, raýyşda oturan Anna pälwanam makullap baş atyp, ony göwünjeň gollady. –Mirap, gitsin oglan, badyny alma. Hadasyny bolsa özüm gelýänçä bir zat ederin. Il aýtmyşlaýyn, “Barybir gazy keseginiň aglaba köpüsi Anna pälwanyň piline münüp, bir hallan atmasa, raýyşdan aşmaz” diýlenidir. Hadanyň barybir alynjagyna göz ýetirensoň, biraz ikirjeňlän mirabam ýagdaýy tersine gaňryp durmady. –Gelinjigiň bilen gündizleşjek-dä onda? – diýip, kinaýa bilen ýylgyryp, Bahha rugsat berdi. Bahha kakynjyrap ýanlaryndan aýagy ýeňläp gidensoň, bularyň arasynda bir gepiň barlygyna bireýýäm aňan Gara mirap ýapdan çykyp, naslaşmak üçin gapdalynda oturansoň, ýagdaýyň doly habaryny bilmek üçin Anna pälwana ýüzlendi: –Pälwan, ikiňiz bir zat edib-ä, dil tapyşdyňyz. Raýyşam-a öňküden beýgeldi, ýap bolsa çuňaldy... –Haýyr, beýgelse. Onsuzam bu zatlary men ýaňy görmelimi!? –Onyň-a dogry, pälwan, her ýylam gazynyň esasy kesegi Jumyr kel, Sähetdurdy dagyňyzyň egniňizden geçýär. –Hemişe-de gazyny, esasan, birki adam süýremeli-dä, öňler taýpa-taýpa bolup gazýakag-a gaplaň gazysyny Orazgeldi aga bilen men süýrärdim. Agyryly gep ara düşensoň, onuň Gara mirap bilen Anna pälwany edilmeli gürrüňinden gapdala syrdy. Bahhaly gürrüň barha unudyldy. Gara mirabam Anna pälwany makullap baş atdy, onuň ýatlamasyna göwünjeň goşuldy. –Orazgeldi aga hem örän daýhan adamdy. Suw haky üçin ýarasa-ýaramasa-da gaza giren köp oglan-uşagy, maýyp-müjribi, tapsyz-ýenekini goldandyr. Şonam bir günde maşgalasy bilen gümgidene gidirdiler. –Aý, şu agzalalyk gurasyn. Biziňkiler şu toýda-ýenekide nanda ät galanam bolsa, soň bir ýerde haklaşmaga mümkinçiligi bolanda şony ýatlaýarlar-da... Häzir bolsa heňkir-tüňküriň guşunyň gaz alan wagty. Gowulap ýamanlap bilýän hezil edip aryny alýar. Onsoňam biziň oba serhet ýakasylygyndanmy nämemi ikiň birem ägintem-dä... –Hardat dagy, pälwan, gizlänoklaram. “Orazgeldi biziň aýal-gyzlarymyzyň saçyny syrdyryp, ärsirän bajysy üçin, masgara edip, aryny alan bolsa, men ony maşgalasy bilen gümgidene gidirip, arymy alandyryn” diýip il içinde aç-açan magtanyp ýör. –Aýtsa aýdybersin. Ýöne bu gepiň soňunyň jogabam bardyr. “Bäşbela bela adyny gelnalyjy kesekläp alan däldir” diýerdi atam pahyr. Onuň Muhammetgylyç serdar, Gurbanýaz ýalaňaç ýaly müňe taý hasap edilen örän gaýratly adamlary bolupdyr. Häzirem Ahmet ýowuzlary bar, aýatda diri. Hardat heşelle kakýanam bolsa, saly gowşakdyr. Ahmet ýadyna düşüp durandyr. Ynjalykly däldir. Alys ýerde Owgan barmy näme, onuň gepini Ahmet eşitse, bir gije gelip, ýowuzlygyny edip, ählisini gyryp gitjegini-de bilýändir. Ol dosty Aman OGPU arkalanýandyr. Ýöne Ahmet edermen ýigitdir. Ol gazaba galsa, OGPU-nyň gözüniň alnynda onuň läşini sermeýärmi?! Gara mirabyň özem birki ýyllykda sürgün bolup, tutulyp-gapylmasa-da, şuňa meňzeşräk hökümet bilen bir towly ýagdaý ara düşüp, tas jüri dikilipdi. Jeza-jebir gabyr çukurynyň gyrajygyndan gaýdypdy. Şonda onuň maýyp agasy Agamyrat çolagyň oňa-muňa münüp gidýän ýabysyna dawa salnypdy. Agamyrat çolagyň atyny kolhoza beresi gelmän, telim gün ýok edip, onda-munda gizlemegi bolsa, oda atylan ýalazy odun bolup, ýagdaýyň has-da ulalmagyna sebäp bolupdy. Muňa hem iki-üç ýyllykda suw sanaşykda Agamyrat bilen ýüzüniň ganyny gaçyryp, sögüşip alan obadaşlarynyň biriniň OGPU işgärlerine: “Hemmäniň malyny kolhoza aldyňyz, Agamyradyň ýabysyny nämä alaňzok?” diýip, köräp ugran oduň üstüne nebit sepmesi sebäp bolupdy. Ony maýrykladyp, ertip Handepäniň türmesine dykypdylar. Indi onuň türmä höküm ediljeginiň ýa-da maşgalasy bilen topy atylyp, göçürilip goýberiljeginiň ujy iki däldi. Bir eline ilen adamy OGPU aňsat aman sypdyryp goýbermeýärdi. Tersçil hökmünde tussag edilen agasyny boşatmak, onuň gara kölegesiniň öz üstüne hem abanyp ugranlygyna seretmän, “Doganym üçin näme bolsam bolaýyn” diýip, töwekgellik etmek, şol günlerde Gara miraba-da aňsat düşmändi. Şonda hälem bularyň dadyna habar düşüp, Aşgabatda Oba hojalyk ministriniň orunbasarynyň biri bolup hökümetde işleýän aýaldoganlary Betanyň adamsy Çary Özbek ýetişipdi. Çary Özbegiň Aşgabatda öz iş salyşýan ýokary wezipeli hökümet emeldarlaryna buz üstünde tozan aralýanyny düşündirensoň, Agamyrady türmeden boşadyp, maşgalanyň şatyrdadylyp dolanyp ele alnan ýakasyny goýberipdiler. Gara miraby hem raýon ýolbaşçylary giýewleriniň ýokardan sözi geçýän adamdygyny görensoňlar, oňa ýapjalyk edip, onuň gaýynagasyny miraplyga goýupdylar. Şoňa çenli olam Anna pälwan dagy ýaly laýa bulaşyp, gazy gazyp ýören daýhandy. Bu döwürde kiçiräk kynçylygam ýeňip geçmek üçin güýç-gaýratdan başga-da gerek ýerinde ýetişip, arkaňy aljak hossaram juda zerurdy. Ýöne hany iki-ýekä bolmasa, her kese beýle hossar tapdyrýarmy?! Anna pälwan soňam özüniňem kireýsiz kilim kakmaýanyny, özge üçin azap çekse, şonuňam azabyny başga bir zat bilen ýerine salýanlygyny menem utulýan däldirin diýen hörpde Bahhanyň beren sözüni magtamak bilen ýatlady: –Paýym ol maňa: “Enem günortan bir tamdyr nan ýapjak, şondan bir tegelegini gyzgynlygy bilen getirip bereýin” diýdi. Getirse, gyzgynja nany suwa batyryp, byžladyp iýeniň nämä degenok. Onsoň görersiň, mirap, gazynyň özi gazylyp, kelle ýaly kesekler atylyp-atylyp raýyşdan çykyberse nädersiň? –diýip, ýyljak nan iýjegine sadalaç göwün hem çaglady. Gara miraba şundan soň içini güldürip, Pälwanyň söwdasyny oňlaýmakdan başga alaç galmady. Ol: –Günortan byž-ž-ž etdirip, ýaňy ýapylan ýyljak nan iýjek-dä onda? –Nesip bolsa, hek ederis. Obadan geljek nanyň höwesine berlen Anna pälwan Gara mirabyň gepiniň äheňinde biraz ýaňsy alamatynyň barlygyny hem duýmady. Umuman, Anna pälwan özüniň sadalaçdan yňdyrmalygy bilen hel-hüle zada üns berip ýören adamam däldi. Onsoňam ýedi-sekiz ýyllykda halk: “Orus täzeden ýaraglanyp gelýämiş, onuňam indi has ýamanjasy gelýämiş, aýal-gyzlary ortak etjekmişler, mal-halyňam...” diýşip, duran tutular, gaçan gutular edip, gözüniň gören tarapyna gaçyp ugran mahaly, o-da derýadan maşgalasyny geçirip, Owgandan çykypdy. Ýöne ol ýerdäki ýat ýaşaýyş Anna pälwana düşmändi. Aýaly ölensoň, şol ýerde ýaşamak hasam kyn bolupdy. Görse obada-da “Heleýiňi orta getir” diýip ýörenem ýok. Diniňem häli-häzir-ä doly alynjaga meňzänok. Okan gizlin-teslin namazyny okap, orazasynam tutup ýör, jynazasyz jaýlanýan ölem ýok. Anna pälwan obada galan agasynyňka gelip, dünýäniň habaryny alyp gidensoň, onuň ol ýerde durasy gelmändi. Ýetim galan çagalaryny alyp, Alla sygnyp: “Nirede bolsagam, özüň gorawer, Perwerdigär” diýip, gidişi ýaly hem ümsüm-kümsüm ýurda dolanmak bilen bolupdy. Zeleliň ýaryndan gaýtmagyňam bir peýdadygyna düşünipdi. Anna pälwan Murgabyň Jeýhunsyrap, giň dünýäni dar görüp, çyrpynyp möwjeýän günlerinde yzyna dolanmaly bolupdyr. Bu bolsa derýadan geçmegi, onda-da iki sany çaga bilen geçmegi diýseň kynlaşdyrypdy. Geçmäge alagöwünräk adamlaryň köpüsiniň derýanyň biraz köşeşjek wagtyna garaşmak üçin, yzlaryna dolanmagyna sebäp bolupdyr. Emma Anna pälwanyň welin ýagdaýyň howpludygyna seretmän, yzyna dolanasy gelmändir. Ol şol hyşadyr gamyşlardan, belli bir derejede suw ýüzünde saklanmaga kömek etjek sala meňzeş ganat örüpdir. Soň onuň bir tarapynda ogly Rahmany, ýene bir tarapynda ondan biraz ulurak ogly Mahyny daňyp, şol ganat-salyň üstünde berkidipdir. Şundan soň ol ganat-saly Anna pälwan öz arasyna daňypdyr-da, suwuň akymyny peýdalanyp, gapdallap, garşydaky kenara tarap ýüzüp ugrapdyr. Çyrpynýan tolkunlar olary kenara ýetirmän, bady bilen düýrläp, öz aşagyna alarly görnüpdir, oňa kenarda ösen toraňňy-çöplerden ýapyşmaga mümkinçilik bermän, öz yklaryna kowalap hüjüm edipdirler. Şol barmana dara-dire howply ýagdaý emele gelýär. Anna pälwan öz çagalary bilen aslyşara zat gözläp, şol akyp-ýaýkanyp gark bolmajak bolup, dert-azar bolup barýarka kimdir biri kenardan oňa ýapyşara bäşataryň gundagyny uzadýar. Ýapyşyp çykmaga hemaýat edýär. Aladaňdanlar derýadan çykmaga kömek edenler soň görse, Owgana ýumuş bilen ýollan adamlarynyň gaýdyp gelerine garaşyp ýatan Sowetiň harby adamlary eken. Şondan bäri-de Anna pälwan her gezek Owgana gidip-gelşini ýatlanda: “Hälem Sowetiň adamlary wagtynda dadyma ýetişäýdiler, ýogsam, däli derýa meni oglanlar bilen girdaba gapgararlydy” diýip, olara minnetdar bolup gürrüň ederdi. Emma bolmajak bolsa, bolmaz eken. Anna pälwan gelip, iki heleý dagy çalşanyna seretmezden, onuň alada-yhlasy ýer tutup, işi ugruna bolup gidibermändi. Henizem nan atly, ol pyýada diýilýänidi. Arzuw etse-de, alan aýallary onuň ýetim çagalaryna ene-de, özüni oňarýan kyýamatlyk ýoldaş-da bolup bilmändiler. Biri selkiräk bolup çykypdy. Ýene birisi nalajedeýinräk. Garaz, “Doga kemrysgal bolandan ýylda ýagy iki çapsyn” diýenleri bolup, gury çörekdenem gerk-gäbe garnyny ýazyp görmedi. Wagtal-wagtal tamdyryň gyzyp durmasa, çörekden doýup bolýarmy eýsem!? Bu ýadaýdan Gara mirap-da belli bir derejede obadaş hökmünde habarlydy. Bahhanyň getirjek nany tüýs onuň gözüne degäýjek hörekdi. Mirap bu ýagdaýlardan habarly bolansoň, işiň gyssaglydygyna seretmezden, Anna pälwanyň bähbidi üçin, onuň gitmegine garşy bolmandy. Dertdeş adamlar biri-birlerine tiz düşünişýärler. Işleriň şu gyssagly wagtynda Bahhanyň oba gatnawyny ýygjamlatmasy Gara mirabyň öz ýaşlygyny hem ýatladýanlygy üçinem ol ondan özüne göwündeşlik tapýardy. Gara mirabyň öýlenen günleri hem şunuň ýaly gazy-haşar işleriniň gyzgalaňly günlerine düşüpdi. Küti gelin az wagtyň içinde üýtgeşik bir mähirdir mylakat görekezip, “Bäh, beýle-de hezillik bor eken-ow” diýdirip, ýigidi diýseň özüne imrindiripdi. Şonuň üçinem onuň sypynsa, gaçybatalgasy gelinjiginiň ýany bolupdy. Garaňky gatlyşyp ugrandan başgalar ýuwnup, ardynyp çaý-naharyň, dynç alyp, ertirki işlere güýç toplamagyň ugruna çyksa, ol: “Daňdan hada başlanmanka gelerin” diýip, gijäniň içinde eşegini münüp, oba howlugardy. Il ýatanda gelip, ýene-de il turmanka-da yzyna dolanyp, gelni bilen işi aralygynda elem-tas bolardy. Bu ýagdaý günde diýen ýaly gaýtalanyp, inisiniň iki arada ser-sepil bolýanyny gören agasy bir gezek oňa: “Gara, bolmasa, gelniňem ýanyňa alyp gidiber. Şol töwerekde çöp-çatma, ýeneki ediň-de boluberiň” diýipdi. Agalarça oňa ýaňsyly maslahat berip igenipdi. Her gezek Bahha oba baryp gelmäge rugsat soranda şu zatlar ýada düşýänligi üçin, onuň gelni bilen boljak aýşy-ýeşretine gapdalyndan halabasçy janköýere öwrülýänligi üçin, Bahha bilen her gezek göwündeş bolanyny “Gitsin ýigit, bir baryp gelinjigini hezil edip, arzuw-islegine gerňäp alsyn” diýenini onuň özem duýman galardy. Günde durum barmy? Onda-da häzirki ýaly güýz günlerinde. Depäňden gum sowrup işleniňde-hä asla-da Gün eýýäm beýläňe seretmänkäň, asmanda egnini iki deňläp durandyr. Günortana çenli alynmaly hada alnansoň, gazyçylar ikiden-üçden çaý gaýnaýan ýere ümzügişip ugrapdylar. Anna pälwanam iliň ortaragynda goşalandyryp alan iki hadasynyň aňyrsyna çykdy. Gazan ýeriniň raýyşynyň aşak etegindäki aýyrmagyň-da juda bir hökmanlygy hem bolmadyk kem-käs tüňňi-saňňyrak ýerlerini pili bilen gyrdap, syntgylan bolup güýmendi. Ertirem oňly bir zat düşmedik garyn gorugyp-ajygypdy. Ol güýmeň-samaň edip ýörşüne Bahhanyň getirjek bir tegelek ýaňy tamdyrdan çykan ýyljyk nanyna garaşýardy. Nan bolsa bolýar, onsoň ony huruş beýlekä ýanap iýseňem, bir özüni suwa-çaýa basyp iýseňem bolýar diýip, wagt geçdigiçe barha artýan isleg bilen oýlanýardy. Bahhanyň ejesiniň nany pökgüje edip, gowy bişirýändigini onuň öň nanhaltasynda görüp, gözi giden nan böleklerini göz öňüne getirip, özüne-de şolar ýaly nan geljegine göwün çaglaýardy. Heleýiň ökdesi çaýa-nahara ökde bolýar-a. Ýagdy şura-da ýokardan wezipeli adamlar, işi düşjek adamlar gelse, olar üçin taýynlanmaly nan-nahary Orazsoltany çagyryp: “Özüň et!” diýip, bu işleri şoňa tabşyrýamyş-da. Orazsoltanyň ejesini Dowlat baý öýüniň tagamly nan-nahary üçin gapysynda saklardy. Orazsoltanam şonda ejesiniň ýanynda bolup, görüm-görelde gören zenandy. Onsoň beýle hyzmat baýa-garyba gerek bolup dur-da. Gerek bolmasa, ony Ýagdy şura derekläp gereklärmi!? Bahhadan bolsa heniz bolubam derek ýokdy. Anna pälwan ony günortan çaýyna çenli dagy ýetip geler diýip çak edýärdi. Onuň özi-de günortana gaýdyp gelmegi söz beripdi ahyryn. Anna pälwanam iliň soňragy bolup, goş-golamyny alyp, çaý gaýnan ýere geldi. Otda duran tüňçesini tanap alyp, bir çetde kölegeräkde naharlanyp oturan Gara mirap çagyransoň, onuň gapdalyna baryp çökdi. Gara mirap nanhaltasyny ýanynda göterýän kiçiräk horjunyny üstüne çykaryp, käsesine gowurga atynyp, çaý çorba edinip, hezil tapmak bilen gyssanybrak iýip otyrdy. Ol Anna pälwanyň ýanynda oňly garbanara gurplanara zadynyň bolmaýanyna belet bolansoň, dessine öz öňündäki zatlary oňa tarap süýşürişdirip, göwünjeň hödür etdi: – Päwlwan, al şu zatlardan iýişdir. – Sen iýiber. Men biraz çaý içip garaşaýyn. Bahha-da indi geler-ä. – Hä, biz turýançak, seniň şol Bahhaň geläýse-hä... – Geler, gelmese bolmaz-a... – Baryp jaýy garaňkyradyp, gelinjiginiň bir ýanyna giren bolsa, ol wagtynyň hasabyny-da, saňa beren sözüni-de unudandyr. Bu pursadyň nähilidigini başdan geçirensiň, özüň bilýäň-ä, Pälwan... – Geler Gün öýläne sanansoň. “Enemiň hamyry gijräk aldy” diýen ýaly bir gep tapyp... Gara mirabyň ýaňsyly nazary, gyşyk gepi şundan soň ahyry giňlige salnyp oturan Anna pälwana täsir edendigi belli boldy. Şu pursatda oňa daş-töweregindäki adamlaram: – Bahha seni aldap, murtunyň gylyna daňyp gidendir– diýip, ýerli-ýerden öz üstünden gülünýän ýaly bolup duýuldy. Onuň oduny ölçerdi. Ol: “Paýym, men ýene bir ýola seredip geleýin!” diýip, mirabyň ýanyndan turdy-da, naharlanyp oturan gazyçylaryň gapdalyndan aýlanyp geçibem, barybam ýabyň raýyşyna göterildi. Tama bilen ýene bir gezek Bahhanyň geler ýoluna seretdi. Emma entegem Bahhadan derek-hatyr ýokdy. Oba tarapdan bolsa bärligine gelýän kemterisinden gara-gura-da görnenokdy. Garaşa-garaşa sabyr käsesiniň dolanlygy belli boldy. Ol şol duran ýerinden soňra oba tarap boýurganyp, zowladyp ugranynam duýman galdy. –Waý, tegelegiňden aýlanaýyn, mele-myssyk nan-ow... Nan-ow... Wah, seniň tohumyňa... Bahha-ow! Geljek bolsaň gel-ow indi, heleýiň balagyna çolaşyp galmadyk bolsaň – diýip, janagyryly sögünip gygyryp ugrady. Bu sesi Bahhanyň şol wagt eşidip-eşitmedigi belli däl. Ýöne gazyçylaryň-a mirap bilen bilelikde eşiden hem gulagynda galan gep welin uzak wagt dilden-dile geçip, uzaklara ýaýrapdy. Halk eşidensoňam, bir Bahha eşitmezmi!? Onda-da munuň ýaly ajygylyp, özelenip aýdylan gepi. | |
|
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |