15:32 Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy | |
* * * Saralyp bozaran güýz garrap, özüniň soňky günlerini gyşyň hasabyna geçirip ugrapdy. Gün bolsa bir tutam bolup gysgalypdy. Oňa derek gijäniň örüsiniň giňelendigi mese-mälim duýulýardy. Gün asmanda peýda bolsa-da, ol indi hiç kimiňem ýagyrnysyny öňki ýaly gyzdyrmaýardy. Ýene bir ýylyň süýrenip-toplanyp tamam bolup barýanlygy barada güýz tebigatyna mahsus biraz hasratly duýgy döredýärdi. Şol günleriň birinde Orazgylyç daga häzirki oturan ýerleriniň entegem özleriniň soňky gelmeli ýerleri däldigi belli boldy. OGPU bulary iki topara bölüp, ýene-de göçürmekçi boldy. Nämüçin onuň beýdýäni bolsa, sürlen ýerlerine gidip ýören bendilere ýene-de öňküler ýaly düşnüksizdi. Durmuşyň bolşy ýaly döwür-döwranyň özem kemisliräk adam ýaly öte küýli hem düşnüksiz tapmaçady. Näme pikir edýänini onuň özünden başga bilýän ýokdy. Ýöne näme üçin hym baglaýanlygy düşnüksiz bolsa-da, onuň adamlarda nägilelik bilen gazap oduny atarýandygy welin göz-görteledi. Özi-de telim ýyl set-müň ýigitleri gujagyndan geçiren loly gelin ýaly, utanç-haýany bilmezden bihaýalyk görkezýärdi. Orazgylyç hem ilkinji göçmelileriň arasynda ady tutulansoň, goşlaryny täzeden daňdy. Göçi äkitmek üçin gazagyň iki örküçli ýük düýeleriniň on-on b-äşisi bir ýerlerden bu ýere getirildi. Otla münülmän, düýeli gidilmeli bolsa, adamlar özleriniň gitselerem, öňki ýaly ýurt aşyp gitmän, şu töwerekde bir ýere eltiljekdiklerini pikir etdiler. Orazgylyç goşlarynyň ýygnamalysyny ýygnap, tertibe salmalysyny tertibe salyp, ýol şaýyny tutdy. Bu ýerde galýan goňşy hemsaýalarynyň birnäçesi bilen hoşlaşansoň, aýalydyr ogluny yzyna düşürip, howlynyň ortasyndaky düýelere ýük urulýan ýere geldi. Göçmek-bölünmek bilen bagly mesele eýýäm gidýän-galýanlary som-saýak aýaga göteripdi. Bu ýerde ugradýanlar, ugraýanlar toplum-toplum bolşup, gürleşip durdular. Düýelere ýük urulmalysy dowam edýärdi. Hüjreli mesgen gorjalan ary öýjügine dönüpdi. Harbylarça geýnip, gabaryp duran garnyny inli kemeri bilen guşan komendant düýelere ýük urýanlary gyssap, töweregindäki eli ýaragly esgerlere buýruklar berişdirip, gowadaklap ýördi. Käte aýak çekip, başyndaky papagyny çykaryp, jübüsinden alan matasy bilen tegelek ýüzüniň, öljeren boýnunyň, maňlaýynyň derlerini süpürişdirýärdi. Gyýmakly gözlerini süzgekledip, kimdir biriniň ýüzüne bir zat diýmekçi bolýan ýaly, wagtal-wagtal çiňňerilibem gözleýärdi. Adamlar baryljak ýeriňem bu ýerden oňly däldigini, ol ýere gidýänlere has kyn durmuşyň garaşýanlygyny pikir edýänleri üçinmi nämemi häzir gidýänleriňem, bu ýerde galýanlaryňam haly perişandy. Allanazar hoşlaşmak üçin ilki Ahmedi gözläp, töweregine göz aýlan mahaly ony tapmandy. Birazdan bolsa ol ýük urýanlaryň beýleräginde öz ejesidir Ahmediň ejesiniň ýaşmak dişleşip, gürleşip ugranlaryny gördi. Şundan soň ol dostunyňam bir ýerden gara berjegine tama etdi. Ahmetdir Aganazaryň şol kömürli waka bilen baglanyşykly sergezdançylyklaryndan soň komendant bular bile bolsalar, ýene bir hokga çykaraýmasynlar diýen pikir bilen, olaryň maşgalalaryny bir ýerden aýryp, başga-başga ýerlerde ýaşamaly edipdi. Şeýdibem Aganazarlar öňki oturýan ýerlerinde galsalar, Ahmetler hüjre-jaý ýetmedik ýalazy meýdanda oturanlaryň arasyndan çykarylypdy. Bir saraýda ýaşasalar-da, bular ýene bir hokga peýleýän bolmasyn diýdirip, OGPU esgerleriniň pikir etmeklerinden çekinişip, olar indi gabatlaşsalar-da, öňküleri ýaly bile tirkeşip ýörmeýärdiler. Çökerilen düýelere ýük urup, goşlaryň daşy bilen aýlap, olary berkidip, syntgap duranlaryň gapdalynda Allaberdi peýda bolup, kimdir birini gözläp, töweregine göz aýlan wagty Aganazar onuň özleri bilen hoşlaşmaga gelenligini bildi. Onuň yzysüre bolsa Ahmedem bile oýnaýan ýoldaşlarynyň birnäçesini yzyna düşürip, bu ýere geldi. Ol gelşine-de töweregiň ünsüni çekip, onuň bilen gol berşip, gadyrly salamlaşdy. Bu ýerde ulular wagtal-wagtal oglanlaryň arasynda güýç synanyşma göreşler gurnap ugraly bäri Ahmet deň-duşlar arasynda özüniň ekabyrlygyny subut edenleriň biri bolupdy. Birki sany bolaýmasa aňsat onuň soňra garşysyna çykyp bilýän oglan tapylmandy. Onuň kömürli wagonda gidip, soňra ýene-de sag-aman gelmegi hem gerek bolanda kyn ýagdaýlardanam baş alyp çykyp bilýän oglan hökmünde ony tanadypdylar. Ahmet dostunyň elini goýbermän durşuna minnetdarlyk bilen onuň ýüzüni gözläp: –Aganazar, sen dostluga mynasyp oglan ekeniň. Eger şol pursatda biziň birden-birimiz ýagdaýa görä hereket etmedik bolanymyzda otludan düşjek bolup, aljyrap, çolaşyp, onuň aşagyna düşmegimizem gaty mümkin eken. Müzzermedik, sag-aman gaýdybam geldik... Şu mertebelenip aýdylan gepden soň töwerekdäki deň-duşlaryň Aganazardyr Ahmediň kömürli wagonda eden “syýahatlaryna” gözleri gidenligi belli boldy. Olar iki dosta töwerekden gözi gidijilikli seredişip durdular. Dostlar bir-birlerini gujaklaşyp hoşlaşdylar. Sürgünlere ýola düşm¬äge buýruk berlen wagty düýeler leňňer atyşyp, turmak bilen, aýal, oglan-uşaklar ýerli-ýerden galýanlar bilen hoşlaşyp, ýola düşdüler. Düýeler, adamlar herekete gelen mahaly göç misli owsunyp, derýa akyp ugran ýaly duýgy döretdi. Sürgünleri sürüp barýan OGPU işgä¬rleriniň adamlara gödek, talaply sesleri şundan soň hüjrelikden barha daşlaşma bilen boldy. Adamlar hiç zady piňlerine almaýan ýaly başlaryny dik tutuşyp, öňe perwaýsyz seredip barýan düýeleriň yzyndan, aralygyndan olaryň aýaklaryna çolaşarly bolşup gidip baryşlaryna günortanyň öň ýanlarynda derýa boýnundaky paromyň duran ýerine ýetdiler. Bu ýerdenem ýükli düýeleri, adamlary parom bilen garşydaky kenara geçirip ugradylar. Syrderýa bu ýerde towlam-towlam bolup, hyruç bilen hamala geriş atyşyp aşakdan göterilýän ýaly bolup akýan eken. Her gezek derýa bilen duşanda bolşy ýaly, paromda ýüzüp barýarkalar Syrderýa Aganazara ýene-de öz obalarynyň gyrasyndan akyp geçý¬än Murgaby ýatlatdy. Aganazar dessine oňa imrinip, ondan öz derýalaryna bolan meňzeşligi gözledi. Elbetde, meňzeşlik bardy, onuň aýlanyp towlanyp, gözýetime çenli uzap akyp ýatyşy, kenarlaryň bir-birlerine gözügidijilikli gözleşip duruşlary Murgaba meňz¬äp, öňünde oba çyksa, gapdalyndan oýtarlap akyşy bu olaryň meňzeşden onuň ekiz taýdygyny nygtaýan zatlardy. Emma ol Murgapdan has uludy. Murgap her ýazda joşanda-da aňsat munça ýazgynlyk alyp ulalmaýardy. Ýöne aýdyşlaryna görä¬, Murgap hem bir wagt iki gyryň arasyny dolduryp, çaý-çanak bolup, dyňzap akanmyş. Belki, şonda ol Syrderýa has-da meňzese meňzändir. Güýzde derýadyr ýap-suwlaryň çekilip durlanmak bilen bolýanlygyna, häzirki pursatda onuň gujagynda kenar opuryp akýan öte guduman, suwy bulandyrýan tolkunlaryň ýoklugyna seretmezden, onuň suwy bulançakdan gelen ýata suw ýaly sargylt görünýä¬r. Murgabyň dagy bu wagt suwy durnanyň gözi ýaly dup-durudyr, onda ýüzşüp ýören çapraz balyklaryň biraz suwuň ýokarragyna galkan wagtlary, endamlaryna Gün şöhlesi düşüp, altyn bölegine öwrülip, ýalp berý-ändir. Juda görnüp barmasa-da, salpy murt lakga balygam bardyr, birden garalyp, onuň-da gerşi-de görnüp gider. Ýöne ol Murgabyň özi ýaly sadadyram. Başyny lüýge gömensoň, tutuş göwresini gizlä¬nine ynanýandyr, ýöne guýrugy welin yzynda haýsydyr bir garamtyl çal mata gykyndysyna meňz¬äp ykjap, suw ugruna ülpüld¬äp, men bärdedirin diýýän ýaly onuň bar sysyny paş edip durandyr. Lakga balygyňam Gurban murt ýaly bar guwanjy murty bolar eken. Salpy murtuny gizläp bilse, onuň tutuş göwräni gizländirin hasap etmesi hem şonuň üçindir. Ine, onsoň olar oňly gizlenmä¬ni başarmaýandyklary üçinem, Nomma ýaly çyn balykçynyň awy. Suwa girse, elini uran ýerinden balyk alyp duran Nomma balykçyň bardyr... “Maňa-da tutup ber¬äý” diýşip, Aganazar ýaly galyň oglanam onsoň onuň daşyndadyr. Hatda Jemal mama ýaly garry aýallaryňam kä¬te: “Balyk iýesimiz gelipdir, hany şol Diwananyň balykçy ogly görnäýmezmik¬än?” diý-äýmesem bardy... Aganazaryň pikiri şeýdip Murgabyň töwereginde köw salyp aýlanyp duransoň, indi onuň özem bireýýä¬mden b¬äri Saýünalyda mama-babasynyň ýanyndady. Allanazar bilen öýleriniň öňünde gene aşyklaryny silişip, hemişe olaryň oýnaýan oýunlaryna höwesek, ýöne oňly oýun bilmeý¬än Rahmannazary öz oýunlaryna goşaslary gelmän, ol mamasyna arz etse welin, ony-da oýuna goşmaly boljaklaryny pikir edişip, aşyk oýnaşyp ýördüler. Şol bir wagtdabolsa ol häzir mamasynyň gujagyny küýsäp, onuň özüni sygryň gölesini ysgap-ýalaýşy ýaly, özüne mähribanlyk etmegini isledi. Aganazar mähriban mamasyny ýatlanda, bokurdagy hüpülä¬p dolup, ony juda göresi gelenligini duýdy. Gözüniň owasyny dolduran gözýaşyny öň ýanynda oturan ejesiniň arkasyna tarap öwrülip gizledi. Mamasydyr babasynyň m¬ähriban keşbi üzlem-saplam oýdur, gaýgy-hesrediň perdesiniň aňyrsynda galdy. Mamaly-babaly dünýä öň onuň adaty durmuşy bolan hem bolsa indi onuň düýşüdi, küýsegidi. Ol küýseg bolsa wagtyň geçmegi bilen hem Aganazaryň çaga kalbynda artmasa, azalarly däldi. Sürgünler şol günüň ertesi bir günden gowrak ýolda bolup, öz gelmeli ýerlerine ýetip geldiler. Bu bir on-on b䬺 ýyllykda taşlanyp gidilen oba bolup çykdy. Oba Syrderýanyň çep kenarynda üstüniň ot-çöpi bolmadyk çaňjaryp ýatan ýerde ýerleşen eken. Obanyň töwereginde çalgym-çalgym bolşup, öň bir wagt çekilen joýa-pelleriň yzlarynyň sudurlary bardy. Bu bolşewigiň getiren kada-kanunlaryny alga alman, onuň bilen darkaş gurup, göterilip giden adamlarynyň mesgeni bolup çykdy. Bu döwürde obasyny-ilini taşlap, göçm¬äge mejbur bolmak ýurtda gabat gelmeý¬än seýrek waka-da d¬äldi. Rewolýusiýa döwründe çaýkanyp ugran dünýä¬niň adamlary zyňyp-gapyp, henizem şol çaýkanyp durşudy. Eýesiz oba gelenleriň öňünde it-istuwatsyzlykdan lagar düşüp, ýykan-ýumran bolup otyrdy. Adamlar derýanyň yzarlap akýan pesliginden obanyň oturan belentliginiň üstüne göterilen wagtlary bu ýerde güýzä¬n topragyň üsti bilen ösý¬än şemalyň öňküden has batly hem aýazlydygyny duýdular. Adamlaryň sowukdan ýaňa süňňi titreşip, gözleri ýaşardy. Aýallar çagalaryň üşetmezlik üçin, mümkin boldugyndan, olary has galyňrak geýindirm¬äge çalyşdylar. Adamlar egnindä¬ki donlarynyň tenleri bilen aralygyna sowuk howa dolmazlygy üçin, guşaklaryny çözüp, t¬äzeden guşanyp tijendiler. Şeýdibem, bu tomusda başlanan sürgün sergezdançylygynyň ýene bir böleginiň başdan geçirmesi boldy. * * * Ýagdynyň gara öküziň deminden aman sypyp, yrgyl-dargyl eli hasaly bir gapdalyna agsap, işine gatnap ugranyna köp wagt geçmänkä, Söýünalydan ýene-de şähere nobatdaky et salgydyna mal sürüşlik boldy. Bu waka indi belli bir derejede obanyň ýadyndan çykyberen-de bolsa, öküziň eden ol oýny Ýagdynyň ömür ýadynda galan ahmyrly zatlarynyň biri bolupdy. Onuň kalbynda telim bir gün möwç uran gahar-gazap indi gara öküzden ar almak islegine öwrülipdi. Şol günden bir gün öň ol sygyr ýataga gelip, at üstünde oturan ýerinden müdir bilen çopana gara öküzi görkezip: “Kymyşyň öküzinem güm edip, goş şoňa!” diýip, ferma müdire ýörite tabşyryp gidipdi. Müdir göwnemese-de, onuň näme üçin beýdýäninden habarly bolansoň, gara öküzi şuranyň gazabyndan sypdyrmaga synanyşyk etmegiň peýdasynyň bolmajagyna şol bada göz ýetiripdi. Ýagdy öňem müdir özüni soramaga, tabşyryklar almaga ýanyna baranda oňa gep arasynda “Şol däli öküz gezip ýörmi, etmelisi-ä onumy maňlaýyny darka ýaryp, aýagy hine gitdi diýen ýaly bir bahana bilen, derisini sypyrmaly, gazyçylara bermeli, goý, ony bölüp-bölüp çaryk edinip geýsinler” diýip haýbat atypdy. Emma müdir şura şol wagt gara öküz barada kesgitli bir zat aýtmansoň, onuň kastyna çykmandy. Dogrusy, ol şeýle dogumly öküzden sagdyn göleleriň döreýänine ynanýardy, oňa buýsanýardam. Ýöne Ýagdyny süseni bäri ony näme üçindir özüniň has gowy görüp ugranlygyny hem duýupdy. Gara öküziň Ýagdyny şahyna mündürip, atyp almasy bu basdyrasy gelen adamlaryny basdyryp, süsdüresi geleni hökümete süsdürip bolmajysy bolup ýören hökmürowandan tutuş oba adamlarynyň özboluşly ar almasy bolupdy. Obada Ýagdyny öküz süsenini eşidip: “Hakyndan çykypdyr, şahlarynam bir onuň garnyndanam geçirmeli eken...” diýýänlerem az däldi. Gara öküziň et salgyda ugradylýanyny eşidip, muňa nägile bolanlaryň birem oňa göleliginden bäri belet Jumagylyç çopandy. Müdir: “Şunam goş şol äkitjek mallaryňyň arasyna” diýende, ol “A-how, ol tohum öküzimiz-ä. Onda-da, gör, nähili gowy öküz. Ondan gowyny nireden taparsyň?” diýip nägile boldy. –Bolanda näme!? Geçen ýylky öküzçeleriň birini ýerine goýber! –Onuň ornuny tutjak öküzçäni men-ä bularyň arasynda göremok. Müdir özi bilen sanaşýan çopanyň bolşuna biraz indi kejigip gepledi. –Şonuň näme üçin goşulýanyny sen bilýän dälsiňow?. Hökümet adamsyny şahyna mündürip silen öküzem bir sürüde saklap bormy!? –Papak-sapak geýip, mallaryň arasyna nä ýat bolup gelmesin-dä. Öküziň ýat görüp üýşenenini görendenem aldy ol janaweri gamçy astyna däliräp. Beýle zulum etseň, ony özüne göwni ýetýän öküz ömür unudarmy!? Ol ýyl şunuň ýaly urlup, göwnüne deglen öküz Hümmi akgany süsüp öldürmedimi näme!? Haýwan-ynsana duşman bolmaly däldir, duşman bolsaň, olar bir ýerde bolmasa, başga ýerde senden ar alar. Şura-da: “Gara öküz meni hem ala öküziň Hümmi çopany öldürişi ýaly öldüräýmesin” diýip gorkýan bolmaly. Elbetde, gorkýandyr. Öküz şahyna ildirip silkip alar-da, sen ondan gorkmazmyň?! –Gorkan şuranyň indi öňküsi ýaly gelip, her malyň guýrugyndan bir tutup, sanap derekläp ýörenok, gelse-de atdan düşmän, ýatagyň daşyndan mallary synlap gidýär–diýip, müdiriň öz islegine görä öküziň peýdasyndan geçmeýänine ýene bir gezek göz ýetirensoň, onuň bilen ylalaşdy. –Haýwan bilen dagy deň bolup ýörüler eken-ä? –diýip, nägile samyrdap, tohum öküzi sürüden saýlap, şähere äkidiljek mallaryň arasyna goşmak bilen boldy. Jumagylyç çopan et salgyda niýetlenýän mallary aýratyn süri etdi-de, olary jemlänsoň, sürüläp öňüne saldy. Häzirki wagtda şähere barýan ýoluň iki gyrasynyňam, esasan, ekerançylykdygyny ýatlabam, olary böwşeňräk ýer hasaplap, gyryň üsti bilen äkitmegi niýet etdi. Munuň üçin bolsa ol Gaplaňlaryň ileri başyndaky jaryň güzerinden mallary suwdan geçirermen boldy. Ol Hangulular toplumynyň gapdalyndan geçip, biraz ýöränsoň, bölejik tozan göterip barýan süriniň öňüni dolap, olaryň ugruny Gaplaňlaryň oturan obaçylygyna tarap gönükdirdi. Gaplaňlaryň jedel tümmeginiň daşyndan ýarym öwrüm aýlap geçiribem olary beýleki başy baryp, jar güzerinden inýän köçäniň ugry bilen sürüp gitdi. Gün bireýýäm Garabil baýyrlarynyň depesine galypdy we säher şemalyna galdyrap, ukudan açylyşyp oturan baglaryň, hyşa gulpaklarynyň, oba öýleriniň üstüne şöhle salýardy. Derýanyň üsti ukudan oňly açylyp bilmeýän deý çaňjaryp, egrem-bugram bolup ümürläp durdy. Jar-da çagalar ýaly, gijäniň ümsümligine çümüp, uzagrak ýatmagy gowy görýän bolmaly diýen pikir döredýärdi. Jemal mama öýüniň öňündäki malýatakda, töwereginiň giňişligini alyp, sygyr laçjalaryna, gyzlarynyň düýnki döwnüp iýen erik şänikleriniň daşy bilen saman garyp, şeýle bolanda onuň gyşda dagy ojakda uzak wagtlap ýanyp durýan ojardyr töňňä berimsiz odun bolýanlygy barada pikir edip, tezek eýläp otyrka, golaýdan sygyr toýnagyndan göterilýän tozan burnuna uran mahaly başyny işinden göterip, töweregi bilen gyzyklandy. Şonda ol tanyş çopanyň ýol bilen bir bölek sygry öňüne salyp, tozan gopduryp sürüp gelýänini gördi. Ol oba sygyrlarynyň örä äkidilýän wagtynyň bireýýäm geçenligini, bularyň nähili-niräniň mallary bolup biljekdigi barada oý eden mahaly onuň kalbynda az salymlygam bolsa, hamala şol özüne tarap gelýän süri kolhoza geçirilen mallary, Kymyşyň giden döwleti yzyna dolanyp gelýän ýaly duýgy döredi. Onsoňam kolhoz sürüsi bu syrgyndan ýazda baýyr üstünde ot-çöpleriň köpelen döwri bolaýmasa, güýzde, tomusda geçibem ýörmezdiler. Jemal mama gapdalyndan alan bir penje samanyny bilen eline ýokan sygyr laçjasyny süpürip, ör galan mahaly ol sygyrlaryň arasynda öň hatarda bitginli öz elden giden sygyrlaryna çalym berip duran gara öküziň iki-ýeke basyp, toplumyň gerşi bolup, beýlekilerden bir gez saýlanyp ýaýkyldap merdemsi ýöräp gelýänligini gördi. Içinden “Biten öküz eken öz-ä” diýip, oňa baha berdi. Çopan golaý gelen wagty, at başyny çekip, oňa salam berdi: –Daýza, salawmaleýkim! –Amanmy, ýegen. Saglyk-amanlykmydyr? Mamaňam gurgunmy? –Gurgun. Mamamam hyk-çok edip, garrylyk bilen gidişýär öz-ä... –Aý, nätjek-dä, Allanyň salanyny çekmeli-dä. Alla aýdanmyş-a, "...etseň-ä çek berenimi, ýogsamam göteril meniň ýerimden”–diýip, şol uly oglunyň basylyp-çapylmagy mamaňam bilini bükdi-dä–diýip, haýpygelijilik bilen gürledi. –Daýza, sürgün giden daýylardanam habar düşenmiş, gözüňiz aýdyň onsoň, mamamam-a “Jemal doganyma bir gözüň aýdyň diýeýin” diýip otyrdy... –Geldi, düýn geldi ýaramaz janyny ýaradyp. Onsoň bu mallary niräk alyp barýarsyň, ýegen? Jumagylyç çopan bir mallara, bir şäher tarapa gözläp: –Şähere. Bulary et saldyda geçirmeli diýdiler. Uly ýoldan sürüp, ekinçilige çolaşdyryp ýörmäýin, ilerligine boşlugrak ýere çykaýyn diýdim-de, olary şu ýere dolaýdym. Baýyr üsti bilen gidip, şäher depesinden indiräýjek. Kowgusy galansoň sygyrlaram indi ädimlerini haýalladyp ugradylar. Şol barmana Jemal mama ýaňky duşundan geçen göze gelüwli nazarkerde öküziň öz sygyrýataklarynyň aňrybaşynda dikilen agaja süýkenip, malýataklaryna seredip duranyny gördi. –Egen, öküziňä öküzjan eken welin–diýip, Jemal mama oňa gözügidijilikli seretdi. At üstünde gyşarybrak oturan çopan hem şundan soň şol tarapa seredip, sähelçe ýylgyrdy. –Daýza, tanamadyňyz öýdýän siziň öz öküziňiz-dä şol, eşidensiňiz-ä şurany süsüp ony tas öldüripdi. Iki bolup ony zordan öküziň aşagyndan aldyk. –Şurany öküz süsenmiş diýib-ä bir gulagyma degdi. Ýöne biziň öküzimiz diýib-ä eşidemok. –Siziň öküziňiz, süriniň ýarysyna golaýy siziňki dälmi nä!? –Şeýle özün-ä... Gara öküziň öz malydygyny eşidip, Jemal mamanyň ýüregi gyýyldy. Ol agaçlaryna süýkenip duran gara öküzi yhlasly synlady. Soňam “Şuraň bu degene-de degip, degmedige-de degip, päli azyp ýörşüne ahyr bir belaň üstünden barmalydy-da...” diýip, öz öküziniň eden işini makullaýan manyda gürledi. –Aý, ýok. Bizem-ä hemişe gapdalynda-da gezip ýörüs, bakybam ýörüs, şulary... Şuraň özi kelpezlik edip, birki aýlykda gahar eden bolup gowy gamçylady-da muny. Bilýäňiz-ä onuň sähel zada gomasylanyp göteriliberýänini? Öküzem bir duşaýsaň bor diýip, amadyna garaşyp ýören eken. Şu pursatda gara öküz Jemal mamaň gözüne has yssy göründi. Gyzlaryny çagyryp, öňüne bede atdyryp, ony hezzetläsi geldi. Gara öküziň agaja süýkenip durmasynyň onuň öz öý bilen özboluşly hoşlaşykdygyna düşündi. Jemal mama mallar güzerden geçip, gyra dyrmaşyp, gözden ýitýänçäler, öý germewiniň gapdalynda ýakyn bir adamsyny gitsegelmeze ýola salandaky ýaly, olaryň yzyndan hasrat hem biraz buýsanç bilen seredip galdy. *** Orazgylyç agşam giç ýatanda bolsa, ertir ir oýandy, wagty bilen öýden çykman, öz tykyrdysydyr aýak sesi bilen gapdalda süýji ukuda ýatan ogludyr aýalyny oýaraýmaýyn diýýän ýaly, wagty bilen ýerinden galmady, jaýyň petigine seredip oýurganyp ýatdy. Üstünden geljek ýoldaşlarynyň özüni çagyrýan sesine garaşdy. Komendantyň bir adamy olary bu günler äkidip, meýdanda geljek ýylyň ekin-dikinleriniň ekiljek ýerleriňde işledýärdi. Adamlar uzakly gün ýer depişip, çil çekişip, garaňkyny ýagşy düşürişip öýlerine gelýärdiler. Sütüni süýnen adamlar geldiklerem bir zatlar garbanyp bildikleri ýene-de yňan ýerlerinde uklaşyp galýardylar. Orazgylyjam bu günler şolaryň biridi. Işden gelip garbanansoň, ozalagşam aýaly Amangül ony yralap: “Aganazar janyň ýerinden tur, öz ýeriňe geç!” diýip turzupdy. Emma daş çykyp, ýüzüne sergin şemal urduryp, biraz ukudan açylyp gelensoň, ertir ir gitmelidigini ýatlasa-da, ol gözüne çiş kakylan ýaly, wagty bilen uklap bilmändi. Aýralyk, Watandan jyda düşülip görlüp ýörülen horluklar baradaky oý-pikirler bir kellä dolansoň, derdiň gozgalansoň, hany ýat-da ýatyp bilseň. Aç towuk düýşünde dary görerleri bolsa gerek. Orazgylyjyň has-da soňky günler agasydyr kakasy bilen öz oragany oran, döwegini döwüp, samanyny atyp, çäji depe bolup, seňňer atan bugdaý ýerleri ýadyna düşýärdi. Muňa sebäp aýralygam-a bolsa bardyr welin, ýöne esasy sebäp, soňky döwürde hökümet adamlarynyň sürgüne getirilenlere berilýän nanyň mukdaryny azaltmaklary, bu ýagdaýyň bolsa başga-da bir iýmit çeşmesi bolmadyk adamlaryň ýaşamagyny has-da kynlaşdyrmagydy. Täze ýere ilki gelnen mahaly bu ýer derýadan ýeňsedäki hüjrelikde bolan döwürlerindäkiden has amatly hem gowy bolaýjak ýalydy. Emma ýagşy niýetler ýagşy ýagdaýlara öwrülip, kök atyp ýaýrap-ýazylyp gidibermeýärdi. Hökümet bokurdagy gysyp, öň ulularyň işläni göz öňüne tutulyp, olara her gün 600 gr çörek berlen bolsa, indi o-da azaldylyp, uly adam başyna 400 gr, çagalara bolsa öňki 300 gram çörek haklarynyň deregine 200 gram berip ugralypdylar. Munuň daşyndanam ekin önümleri ýene tapalyp, biraz huruşlyk bolan bolsady, onda juda horlanman ýaşap bolsa-da bolardy. Ýöne göçülen ýurtda hany saňa bu ekin-dikin diýlen zatlar tapdyrýarmy!? Ekmeseň gögermez bu zatlar gün geçdikçe barha-da özüni beter küýsedip ugrady. Bu lukma bilen köp çagaly ýerlerdä-hä oňmak hasam kyndy. Tapsyz adamlar işe zordan gidip gelýärdiler. Näme etjeklerini bilmän kösenýärdiler. Adamlaryň sowuk düşüp, meýdan mährinden geçilip, içerik ýygnanmaly wagt gelip, ot-ojak başy has hözirli görnüp ugransoň, ozal-da bar bolan çöpleme, tezek bilen oňňut edip ýören halkyň öňünde odun meselesi hem uly dert bolup keserdi. Bu oba özüniň oňly otçöpi bolmadyk töweregi bilen juda ýalaňaç görünýärdi. Adamlar töwerekdäki aýak ýetýän ýerlere aýlanyşyp, tama bilen gözleseler-de jeňňeldir, ýylgynyň bol bolýan şorluklaryny tapmaýardylar. Şonuň üçinem adamlar nirede işleselerem olaryň bir aladalary odundy. Olar nireden tapsalar tapanja çöpleme odunlaryny, goltuklaryna alyp, köpräk toplasalar, göterip bilenlerinden arkalaryna alyp gelerdiler. Emma odunam-a tapdyryp duranokdy welin, ýöne bir garny hemişe aç-tapsyz halyňa basyrynyp, uly bir zat getirmäge ýagdaýam çatmaýardy. Şonuň üçinem sürgünlere bu obanyň öňki ýaşaýjylarynyň başlaryny alyp, daşary ýurt diýip gitmeklerine dine bir Sowetleriň ýanamalarynyň sebäp bolmagy däl-de, şu odun gytlygynyňam sebäp bolandygyny pikir edýärdiler. Adamlar ekin-tikin ekilip ugralsa, durmuşuň munuň ýaly gury ýuwdunyp durmajagyna, gawun-garpyzyň dagy çüýrük-çarygynyňam özlerine lukma bolup, maňlaýlaryndan direjegine göwün ýüwürdip, özleriniň çydam käsesi çat açyp barýan göwünlerine “Ölme, eşegim, ýaz ýorunja çykar” edip teselli berýärdiler. Sadagasy gitdigim, paýok diýlip berilýän nanyňam ady nan-da bolsa özi gara lokga bir hamyrdy. Ol obada biriniň öňki iki otagynda gurlan pekarny-tamdyrda bişirilýän-de bolsa, ol ýüzüne ot-ýalyn urýana meňzemeýärdi, urýanam bolsa ýeterlik däldi. Sebäbi onuň bişirýän çörekleri öňde-soňda görülmedik gara undan edilýändigine seretmezden, ol çigdi, ele alansoň, şepbeşer durardy. Amangül her gün özleri üçin berilýän 1 kilo çörek paýy alyp, ony ygtyýar zenanlaryň edişi ýaly, tygşytly hem ýerlikli ulanmaga çalyşýardy. Käte onuň içindäki has çig ýerini alyp, oklaw bilen ýaýardy-da, kesişdirip unaş edip, suwa atardy, ýene-de ýag, iýere ýaramly noýba düşnüginden atyp, köpeldip, ony üç adama borluk gyzgyn nahara öwrerdi. Amangül her gezek çörek alansoň, ony pyçak bilen ýukarak kesişdirip, ojagyň golaýynda aşagyna esgi düşäp, serip iýilmezinden öň çalykdyryp alardy. Şeýdilen mahalynda ol çigligine iýeniňdäkiden has tagamly bolýan hem ýalydy. Köneleriň: “Açlyk nämäni iýdirmez” diýen gepem şular ýaly bir onuň derdine ýananyň gepi bolmaly. Maşgalany bir tabynda saklamak aladasy bilen galyň bende çir-çitirdi. Şeýle-de bolsa ilçilik, agyr durmuşyň öňünde sep berýänlerem, näderini bilmän, alňasaklyga düşýänlerem az däldi. Mejbur edilen bu ýetde-gütdelik eýsem kiçi-girim dertmidi? Şeýle-de bolsa bendilenen adamlaryň maşgalasy bilen bu derdi çekmekleri hökmandy. Şu öwrede sürgünleriň arasyndan birdir-ikidir, näme bolsam şol bolaýyn, ölsemem ýurda bir aşyp öleýin diýip, maşgalasynyň aladalarynyň öňünde durup bilmän, ony taşlap gaçanlaram bolýardy. Ýöne olary köplenç ýolda bir ýerlerde ele salyp, ýene-de yzlaryna getirýärdiler. Olaryň köpüsi soňra öňküje hallarynam tapman horlanardylar, ölübem gidýärdiler. Şolam güýz günleriniň biridi, çagalaryň çapmany-ýortmany halaýan ýeňil aýaklary bu gün olary oturylan obaçylygyň sesýetimligindäki öwlüýäniň gapdalyndan çykarypdy. Bu golaýda bir köne galanyň-da eräp, süňňüni ýere goşup oturan kä bir diwarlary bardy. Çagalar gelip, käte şolaryň arasynda bukuldym oýnaýardylar. Aganazaryň bu ýerde dil tapyşyp oýnaýan dostlary esasanam öz täze goňşularynyň ogullary Aýhan bilen Hanawdy. Häzir bu ýerdäki oýunda şolaram bardy... Aýhan eşekçidi, oglanlar ikibir, üçbir bolşup, onda-munda gizlenipdiler. Ol oýnuň şertine görä, diwar tarapa ýüzüni öwrüp, beýlekileriň gizlenmegine pursat berip durşuna käte: –Guk beriň, guk bermeseňiz, oýnum ýok –diýibem gygyrýardy. Ine, şol wagtam onuň ýeňsesinde bir eleşan geýimli, ýüzüni saç-sakgal basan, öwlüýä gabyrlarynyň birinden çykyp gaýdandyr öýtdürýän adam peýda boldy. Beýlekiler gizlenensoň, ol Aýhana golaý bardy. Aýhan birbada ony tanamasa-da, ýöne ol Aýhany tanan eken. Ahyrynda-da ol Aýhandyr Hanawuň on-ýigrimi gün mundan öň iki gyzydyr aýalyny taşlap, gaçyp giden daýysy bolup çykdy. Ol tanyşlyk berip: –Aýhan, Hanmuhammet– diýip, ýegenleriniň adyny tutup, olardan maşgalasynyň ýagdaýyny sorady. Näderini bilmän ejizläp gaçsa-da, gyzjagazlarynyň soňky ykbalynyň ony goýbermändi. Bu kynçylykdan baş alyp çykmak, elbetde, hiç kime-de aňsat däldi. Emma tötänleýin bolan bir söwda Orazgylyjyň maşgalasynyň wagtynda dadyna ýetip, olaryň ýaşaýyş ýagdaýyny biraz-da bolsa ganymatlaşdyrdy. Şol günler olar gazyny golaý-goltumdaky özbek obalarynyň adamlary bilen bir ýerräkde gazýardylar. Bir ýola şol obanyň mirabynyň Orazgylyjyň gazyda geýip ýören ädigine gözi düşüp, oňa hyrydar bolany belli boldy. Ol: –Eý, türkmen gardaş, aýagyň-a gowy gaply, egniň ýukarak eken. Men saňa galyň pagtaly don bereýin, senem ädigiňi –diýip, oňa ýüzlendi. Orazgylyjyň aýagynda dünýäniň gowy döwri, özi-de eli agzyna ýetýän barly adam mahalynda höwes edip alan teletin ädigi bardy. Ol muny bir wagt alan-da bolsa, mundan öň toýa, ýenekä gitmese, galyň gar, ýeneki bolmasa geýibem ýörmezdi. Buýsanyp ýaglap, süpürip aýawly saklardy. Şol sebäpdenem alnanyna esli wagt bolan-da bolsa, ädigiň ýagdaýy gowudy. Orazgylyç şonda miraba bada gaýtargy bermäge howlukmady, ädigine seredip oýurgandy. Soňam: –Özbek gardaş, bu ädigi men dona çalyşmaýan–diýip, sähelçe ýylgyryp, oňa öz hörpünde jogap gaýtardy. –Onda nämä çalyşýaň? –Çalyşsamam diňe iýmite çalyşýan. –Näme iýmit bermeli saňa, özüň aýt!? –Bir halta un berseň. –Bir halta unam-a berse bolar–diýip, ol Orazgylyjyň şerti bilen biraz ikirjeňläbräk ylalaşdy. Özbek mirap iki-üç günden bir arabada bir halta un bilen üç-dört sany gawun, kädem getirip, eýesini razy edip, ädigi alyp gitdi. Amangül indi şol jary bugdaýyň gowy uny bilen berilýän çig çöregi gatyp, iýmesi hiç neneňsi bolmadyk tagamly lukmalary taýynlardy. Gawun-kädilerem iýensoňlar, onuň çigidini alyp, serip guradyp, gowrup çakaýman, “Täze ýyl, nesip bolsa, ýer berlende ekeris” diýen tama bilen, düwünçege düwüp goýdular. Bu ýerine düşen çalşyk Orazgylyjyň maşgalasyny esli wagtlap surnukdyryjy açlyk belasyndan, “Ertir näme iýerkäm?” diýip, alaçsyz töwerege seretmeden dyndyrdy. * * * Indi bireýýämden bäri ýatlanylyp, özi şindi ýok-da bolsa gazabyndan heder edilip ýörülen gyşyň hem uzak däldigi soňky günlerde has-da mese-mälim duýlup ugrady. Şemalyň hemişe gyşyň öňüsyrasynda edişi ýaly, ugruny üýtgedenine indi on-on iki gün dagam bolup barýardy. Ol indi demirgazyk gündogardan Sibir çöketliginiň üsti bilen köwsarlap öwsüp ugrapdy. Özi-de gün-günden onuň süňňi sowamasa, ýylarly hem däldi. Garaşylýan gar ýagmasa-da, şundan soň sanlyja günde Işimiň iki ýakasynda gäberip oturan köl suwunyň etek gyralarynda bu ýylky gyşyň ilkinji ýukajyk buz keşde-gaýmalary peýda boldy. Gyş her gezek gelende şeýdip, aýaz sowuk üfläp gelýän-de bolsa, onuň haçan asmandan gar bolup injegi hemişe garaşylmadyk näbellilik bolmagynda galýardy. Şonuň üçinem, mümkin boldugyndan, onuň gelerine näçe taýynlanýan-da bolsalar, adamlar her ýyl ilkinji gar ýaganda, özlerini duýdansyz üstlerini basdyran ýaly duýýardylar. Her ýylam şeýdip kükräp gelen gyş ýurdy aýaza gerňäp, gara gömüp, bolup bilenini bolardy. Şeýdibem, doňbagyr gyşyň hiç ýerde hiç kimi aýap goýmaýan zulumly döwri başlanardy. Öz gara gyşlarynyň gylyk-häsiýetine belet bu öwräniň adamlary hem gyşa ätiýäji berip, ahmal galyp, kyn güne düşmezlik üçin, eýýäm haçan tomusdan başlap, onuň öňünde durmagyň aladasyny edip, ýakjak odunynyň, ýyly jaýyň, geýiljek geýim-gejimiň assa-ýuwaşdan ugruna çykyp, özüni gyşa taýynlap ugrardy. Gaşda öýi bolana, ojagynda ýakara oduny bolana gyş näçe zabun-da bolsa, ol beýle gorkunç däldi. Gyşa şundan soň öz gar-buzuna çolanyp: “Bir daş çyksaňyz bolýar...” diýip, öýleriň töweregini gabap, gar ýassanyp ýatybermekden başga alaç galmazdy. Hamala gyş bilen aralykda aragatnaşyk saklaýan ýer telefony bar ýaly, onuň golaý gelen günleriň birinde komendant Şadmanow özüniň buhgalter Borisenkodan, ussa Matweýden, terjimeçi hökmünde Annaýar Ýegelekden ybarat kiçiräk topar bilen sürgüne gelen türkmen maşgalalaryna taýyn bolan barak jaýlaryny gar-gaýdan öň paýlarman boldy. Beki Seýitmyrat 31-nji barak hojalygynyň bähbidini aramak, onuň dänesini isripsiz döwlete tabşyrmak üçin şäherdäki däne kabul ediş edarasyna ynamly adam hökmünde işe geçirilensoň, garaşylmadyk ýagdaýda onuň ýerinde Annaýar peýda bolupdy. Şeýdibem, ol soňky döwürde komendant Şadmanow hem töwereginde köp görünýän adam bolmak bilen türkmenlere otag paýlamakda hem soňky pursatda onuň esasy maslahatçysy bolupdy. Häzirki mahalda iş üstünde bolmadyk, özlerine berlen jaýa eýe çykmaly adamlaryň maşgalalary täze baraklaryň öňünde jemlenipdiler. Emma gurlan jaýlar bu ýere getirilen türkmen maşgalalarynyň hemmesine ýeterlik däldi. Depesine atar ýaly agaç tapylman, boýy ýeten-de bolsa baraklaryň üçden biriniň üsti ýapylman galypdy. Ýogsam olaryňam hersi bir maşgala niýetlenilip, içinde ussalar rus pejine odun salyp, ýakybermeli edip gurupdylar. Eger ozalky bar bolan telim gatly ýatmak üçin niýetlenilip berlen narylary hem getirip, onuň içinde ýerleşdirseň, ýaşamaga tüýs bolaýjagamdy. Agaç ugruna çykan üpjünçiniň bolsa onuň ugruna gidenine indi bir aýa golaý wagt geçip barýardy. Ol indi sürgün obaçylygynda her gün ýoluna garalýan adama öwrülipdi. Komendant bilen kolhoz başlygam her gezek duşanlarynda: –Karatow-a gara beren däldir-dä? –Eglendi öz-ä. Gar ýagmanka ýetip geläýse-hä ne ýagşy–diýşip, ol barada alada bilen pikir alşardylar. Jaý paýlap, öňe düşüp ýörenlerden Annaýar Ýegelegiň elinde jaý berilýänleriň atlary ýazylan sanawly kagyzy bardy. Ol her baragyň öňüne barlanda elindäki kagyzdan at okaýardy. Toparyň öňünde duran komendant bolsa bir eli bilen keseligine çekilip duran aşyrma kemeriniň ýokarky bölegini gysymlap durşuna eli bilen ady çykana: –Bar, jaýlaryňa eýe bol!–diýip, harbylarça talaply gepläp, ýaşamaly jaýy görkezýärdi. Şonda Annaýar Ýegelege emel ýetip, onuň kolhoz ýolbaşçylarynyň arasynda aýaga çolaşýan ýaly bolup ýörmegini adamlar biraz geň gördüler. Sebäbi olar ony öň ýolda özlerine kesdi degen, ýerinden gelme gurrumsak, gaçgak hökmünde tanaýardylar. Şonuň üçinem il öňüne düşýän adamlaryň arasynda terjimeçi hökmünde bolsa-da, onuň görünmegi düşnüksiz bolup, dürli çaklamalaryň döremegine sebäp bolupdy. –Egelegiň gaçmakdan başga-da oňarýan zady bar ýaly-la, how! –Gaçyb-a bir ýolda halky zuluma tutdurdy ol zaluwat. –Munuň ýanynda göteren birneme altyn-tyllasy-da bar bolmaly. Altynyň bolsa bitirmeýän deşigi barmy!? –Baýlyk görse, Hydyr azar diýleniniň boldugy-da onda!? –Şeýle bir zatlar bolan bolmaly, ýogsam Ýegelek dagy ynama girmeli adam däl ahyry. Ýene birnäçeler bolsa Ýegelegi komendantyň bir gep bolsa özüne ýetirmek üçin türkmenleriň arasyndan çemeli görüp tutan şugul-habarçysydyr diýip, çen-çak etdiler. Bu edilýän çaklamalaryň hemmesinde-de onuň ýene bir ýerde ile edäýmegi mümkin bolan kesdinden çekinilýän wehimi bardy. Ýöne barybir onuň nähili bolup komendant ýaly öňünden gelseň gapýan, yzyndan gelseň depýän, ynjyk adamyň ynamyna girip bilşine düşünip bilmediler. Emma eýýäm käbir syrlar, has beteri-de komendantyň ýanynda nähilidir bir hili ýollar bilen täsiriniň artyp ugranlygy welin belli bolup ugrady. Munuň şeýledigi şu gezekki otag paýlanylan mahalynda hasam anyk boldy. Ýetişen otaglary gyş üsti basmanka ýeteninden adamlara bermeli diýlende ilkinji nobatda berilmeli maşgalalaryň sanawyny komendantdyr kolhoz başlygy ikisi maslahatlaşyp, bilelikde düzüpdiler. Iki-üç günlükde arabaly ekin üstüne gidip barýarkalar Reşetnikow Orazgylyja jaýly bolýaň diýen äheňde ilkinji nobatda jaýly bolmalylaryň arasyndaky onuňam adynyň barlygyny aýdypdy. Orazgeldi hem muny öýe gelensoň, gowy habar hökmünde aýalyna aýdyp begendiripdi. Adamlara, ylaýta-da şol bir şertde ýaşaýan adamlara özgeler bilen özleriniňem ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrýandyklaryny eşitmegiň ýakymly bolşy ýaly, Orazgeldiniňkilere-de amatly ýere göçmek barada eşitmek diýseň ýakymly boldy. Oguljuma: “Ýyljak jaýa göçeris” diýip, çagalar üçin onuň diýseň amatly boljagyna begendi. Emma Oguljuma eli çagaly jaý paýlananda ol ýere barsa-da, jaý almalylaryň arasynda olaryň ady tutulmady. Şeýdip Oguljuma-da ol ýerden bijesi galan hökmünde kemsinip gaýdanlaryň biri boldy. Özüni köşeşdirmek üçin “Bähbit bolsun” diýse-de, beýdip agza-dile gelen zadyň elden giderilmeginiň nähili bähbit bolup biljegini göz öňüne getirip bilmedi. Şu pursada jaý paýlanyşygynyň öňüsyrasynda ozalky sanawyna düzedişler girizilendigini köpler diňe şundan soň bilip galdylar. Ony bolsa Annaýar Ýegelek başarjaňlyk bilen komendantyň ugruny tapyp, öz islegine görä üýtgetdiripdi. Oňa birnäçeleriň aýrylyp, birnäçeleriň goşulmagyny gazanypdy. Orazgeldi Reşetnikow ýaly adamyň özi aýdansoň, özlerine jaý berilmez diýip pikir etmändi. Ol munuň şeýle bolanyny şol günüň ertesi Akmolla arabasy bilen däne ertip gelýärkä ýolugra çagalaryndan habar almak üçin, öýüne sowlan wagty eşidip galdy. Munuň nädip başlygyň diýeniniň üstünden ätläp, beýle bolup bilýändigine düşünmedi. Elbetde, ol özüni barak obaçylygynyň döwlet tarapyndan goýlan ýeke-täk ynamly adamsy hasap edýän komendantyň Reşetnikow hem başlyk bolsa-da, ony-da köp halatda sürgüne gelenleriň biri hasap edip, gepini diňläp barmaýanlygy, onuň ýokary döwlet adamlarynyň arasynda hem abraýynyň artyp barýanyna bäsdeşlik bilen göriplerçe seredýänligi gün-günden anyk duýulýardy. Haçanda Orazgeldi jaý paýlan toparyň arasynda Annaýaryň hem barlygyny eşiden mahalynda onuň oňly adam däldigini ýatlap, özleriniň jaýly bolmaklaryna biri kest eden bolsa, şonuň edenligini çen etdi. Annaýar terjimeçilige geçip, kolhoz kontorynda komendantyň töwereginde görnüp ugran döwürleri ýolda gidip barýarkalar, Reşetnikow onuň bilen gyzyklanan mahaly bolan gürrüňi ýatlady. Dogrusy, bu gürrüň bolup üýtgeşik bir gürrüňem däldi. Reşetnikow sorapdy. Orazgeldem bildiginden patdyk-putduk rusçalap, oňa jogap beripdi. –Oraz, sen Annaýar Ýegelegi tanaýarmyň, seniň ildeşiň? –Tanamasyna tanaýan, ildeşim bolsa-da, oňa gowy beletçiligim-ä ýok. Ol ýurduň bir ýerinden, men başga bir ýerinden. Ýolda gabatlaşdyk. Maşgalasy bilen ol biziň bilen bir wagonda geldi. –Onsoň ol ýolda gaçdymy? –Şeýleräk bir zad-a boldy özün-ä. –Aýalyny, çagalaryny goýup, nädip gaçyp bildikän ol!? –Ony bilmedim, başlyk. Şunuň bilenem bu duýdansyz başlanan gep başlanyşy ýaly hem duýdansyz gutarypdy. Orazgeldi şonda başlygyň indi häli-şindi iş salyşmaly boljak adamlaryny öwrenýändigini çen edipdi. Oňa bir hili biraz ynamsyzlyk edýänligini hem aňypdy. Soň ol Reşetnikowyň komendant bilen Annaýar barada gürrüň bolanda “Terjimeçi edip alanymyz-a şeýleräk adam eken” diýip aýdanyny şonda gep ugruna özüniňem ol ýerde ýatlanan bolmagynyň mümkindigini oý etdi. Ol gürrüňiň bolsa birnäçe gün içinde üstüne goşulyp, arkadan edilen gybat bolup, Annaýara ýetenligini, onuňam muny duşmançylyk hasap edip, ýeri gelende şeýdip özi bilen haklaşanlygyny çen etdi. Adaty gürrüňiň beýle öwrüm almagyna gynandy. Depesi açyk galan jaýlaryň üstüni ýapmak meselesi gark bolup barýanyň halas bolmagy şundan soň ilki bilen onuň özüne bagly diýleni boldy. Agaç getirmegiň ugruna giden Sergeý Karatowdan bolsa henizem habar ýokdy. Şol günleriň birinde kontorda komendant ýolbaşçylara haýsy işleriň ilkinji nobatda edilmelidigini ýatladyp, ol sözüniň arasynda indi jaýly bolanlaryň has tijenip işlemeklerine mümkinçilik berer diýen hörpde jaý paýlanyşygyny hem ýatlap geçdi. Öz adyndan geljekde-de hökümetiň gowy işleýän adamlardan hemaýatyny gaýgyrmajagyny aýtdy. Jaýlaryň ilkinji nobatda hakyky berilmeli adamlara berlenligini komendantlarça hökmürowanlyk bilen nygtady. Üsti açyk galan jaýlary ýatlanda bolsa günäkär hökmünde üpjünçi Sergeý Karatowy iş oňarmaz, nalajedeýin hökmünde ýatlady: –Şu bihepbäniňem gidişi gidişi boldy. Ýogsam men ähli garamaty öz başyma alyp, hereket edere oňa ýörite hat-petekleri-de oňardyp berdim. Şundan soň dagy işi bitiräýmeli ýaly welin, ol bolsa ili ýol garatdyryp goýdy. Munça wagt içinde-hä bir wagon agajy bir özüňem tokaýda çapyp, üýşürip, wagon ýükläp gelse-de bolardy... Potap ussanyň şol ýerde “Ýumşa giden eglense, kem däldir, iş bitjegine tama berýär” diýmesi bolsa ähli zadyň çepinden aýlap tutmagy gowy görýän komendantyň rahatlanma ýerine Sergeýe has-da öjükmegine sebäp boldy: –Men oňa beletdirin. Onuň bize aldaw salyp, Kazana gidip, dogan-garyndaşlarynyň arasynda gezip ýören bolmagy-da mümkin... Hany nädip ynanjak onsoň, eýläňi baksaň, bagyr-öýkeniňi goparjak bolup duran şeýle adamlara!–diýip, müňkürlik bilen oňa betgüman boldy. Komendantyň üpjünçilik meselesinde gepiniň joşgun alyp barýanyny eşidip, Reşetnikowyň gapdalynda oturan buhgalter Toma Borisenko özüniň görmegeý ýüzüni bir goly bilen endigine görä sypalap, komendant tarapa ýazykly nazar aýlap dillendi: –Karlen Şadmanowiç, ýogsa-da men size muny aýtmany ýatdan çykarypdyryn. Üpjünçi öňňin gijara jaň etdi. Siz iş üstündediňiz. Ýagdaýyny aýtmak üçin jaň edýän eken. Özüniň Pawlodar 2-dedigini, bu ýerden aragatnaşygyň kynlygyny, özüniň tokaýdan agaç getirdip, wagon ýükletmegiň aladasynda bolup, edaralar arasynda şol siziň alyp beren hat-petegiňiz bilen barmaly ýerlere baryp, görmeli adamlary görüp, işiň ugrunda bolup ýörenini aýtdy. Telefon belgisini berip, siziň şol telefona Akmolladan degerli ýolbaşçylaryň birine jaň etdirip bermegiňizi, şeýdilende işiň has aňsat bitjegini aýdyp haýyş etdi. Buhgalter gelin soň öňündäki depderçesini açyp, bellap alan telefonyny bir kagyzjyga ýazyp, oňa uzatdy. Ine, şeýdibem komentantyň şol gün kolhoz aktiwleriniň birnäçesi bilen ýygnak geçirensoň, jaýsyz galanlaryň indi wagty bilen jaýly bolmajaklygy belli boldy. Ýeri, indi jaýsyz ýalazy meýdanda häzire çenli zordan mydar edip ýörenler nätmeli?! Başyňda sümelgäň bolmasa, gazagyň aldajy gyşynyň öňünde nädip durup bolar!? Eýýäm şujagaz sowuga-da çagalar asgyryşyp-üsgürişip başlapdylar. Ene-atalar olary ýylyrak geýindirjek, ýylyrak saklajak bolşup, eýýäm şahadaky höwürtgeden gaçan gyzyletene çagasyna delalat etmek isläp, ot-elek bolýan ene guşlara dönüpdiler. Jaý paýlanyşygynda jaýsyz galanlaryň ýagdaýyna düşünmez ýaly çylşyrymly bir zat ýogam bolsa, gyşyň eýýäm sowuk dili bilen ýalap ugranlygyna seretmezden, bu halky ýyly gyşlatmagyň bir alajyny tapmaga ýolbaşçylar gyssanmadylar. Komendantyň “Şu jaýly bolanlar gyşdan aman galsa bolýar, beýlekileriň ekin ýygnanansoň, şeýle bir derkarlygy-da bolup durasy ýok, ýene sürgünler gelmeli, gerekli işçi güýjüni indi biz şolardan alarys” diýip, göwün bölek jähennemi pikir edenligi belli boldy. Howanyň bolsa hä diýmän, gazabyna tutjagy indi ikuçsuzdy. Onuň gün-günden gygy ajaýardy. Şol günleriň birinde gije Seýitmyrat aganyň jaýyny görüp, dostuny özüni ýylyrak ýere atanyna buýsanyp, şol bir wagtda hem biraz şeýle jaýlaryň özlerine ýetmedigine kemsinip gelen Gully emin il öňüne düşen ýaşuly hökmünde Orazgeldi bilen maslahat berijilikli äheňde şeýleräk gürleşdi: –Tüweleme, Seýitmyrad-a jaýly boldy. Ýaňy gapysyndan baryp, oňa: “Ýurt garşy alsyn” diýip gaýtdym. Ýalazy meýdanda dagy galandan müň esse gowy. Jaýyň bir ýanynda diwara ýaplanylyp gurlan uly, üstünde agnap ýatybermeli kerpiçden örülen orus pejem bar. Peç beýdip ep-esli ýeri tutup dursa, jaýyň içi dar bolaýjagam ýaly weli, daram bolmandyr. Içine gatbarly narylaryny hem diwara söýäp gurupdyrlar welin, giňişje bolup dur, aralykda oturyp-turara esli ýerem bar. Orazgeldi: –Etişensoň-a ol jaýlaryň içine girip göremok. Ýöne gurlup ýörkä-hä telim görüpdim. Potap ussa işgärlerine ýaşaýşa ilkinji gerek boljak zerur zatlary göz öňünde tutup gurdurmaga-ha çalyşýardy. –Guran zadyny şeýdip, yhlas siňdirip gurýa-la bular... –Gully emin gürrüňiniň şu ýerine ýetende onuň aňynyň ýene köýe düşenligi mälim boldy. Oýurganyp säginen ýaly edensoň, sözüni dowam edip: –Ýöne bizi hatardan goýmasy bolmady bularyň... Eşidişime görä, ilkinji jaý almalylaryň sanawynda-ha bizem bar ekenik– diýip, eşiden gürrüňini ýatlady. –Sanaw edil jaý paýlanmagynyň öňüsyrasynda üýtgäpdir. Hatda Reşetnigem onuň üýtgänini bilmän galypdyr... Jaý paýlanyşygynda men ol ýerde boldum. Reşetnik ýokdy. Jaýy komendant, komendantyň ýanyndaky hasapçy aýal, Potap, onsoň ol ýolda gaçyp-tezip ýören, täzeden bäri terjimeçi ýeneki bolup ýören Ýegelek bardy. –Näme kest ýeten bolsa, müňkürligem-ä gowy zat däl welin, şol topardaky özümiziňkiden ýeten bolmaly. Beh, bize gezek gelende şeýdip Ýegelek diýdi, Togalak diýdi bir näkes tapylaýýar-ow... Indi näme bolan işiň boldugy bor-da. Oňa çäre ýok. Ýöne biziň hem indi «Ýetim öz göbegini özi keser” etmegimiz gerek. Haýal etmän, ýerküme ýeneki gazynyp, bir sümelge edinmelimikän diýýän. –Şu diýýäniňizem bir hasap, ýaşuly. –Özi-de dürs hasapdyr. Özümiz öz aladamyzy etmesek, biziň aladamyzy häli-häzir etjek adam ýok bu ýerde. Ýogsam çagalaram üşederis, özümizem gaty üşäris. –Agaj-a gelmelimişin öz-ä, ugruna giden wagon ýükleýämiş... –Gep ol agaç gelýänçä, bu sowugyň öňünde durmakda bar. Onsoňam häzire çenli gelmedik bolsa, haçan geljekmiş ol agaçlaryň, gelensoňam haçan ol jaý üstüne atyljak, haçan onuň üsti bitjek? –Bolsa-da ýakyn wagtda bolmasa gerek... ol. –Şonuň üçinem haýal etmän, ýerkümäniň ugruna çykmaly. Näçe tiz başlansa, şonça bähbit. Ýerküme biziň maňlaýymyzdan dirär. Ýadyňdamy, bir ýyl ötegçi owganlaryň üstlerini gara basdyryp, iki-üç aý biziň obanyň gapdalynda ýerküme gazynyp oturanlary. Ol wagt sen ýigdekçe oglandyň. –Hawa, ýadyma düşýär, oturypdylar şolar. Oba-da şonda olara tapanyndan azyk, süýt-gatyk kömek edipdi. Menem iki-üç gezek olara telim suwkädini dolduryp, süýt-gatyk ertip gaýdypdym. Siz bolsa her gün bir janly soýup, nahar bişirip, saraýyňyzda olary gyzgyn nahar bilen hezzetlediňiz. Şol garly gün owgan ýaşulularynyň birnäçesi meniň ýanyma gelip, özlerini ýolda gara basdyranlaryny aýdyp, kömek sorapdylar. Azyk ýenekisem ýuwkarak eken olaryň. Göçüp-gonup ýörseň, ýanyň bilen köp zat göterip bolýarmy!? Men olara: “Sizi öýlere bölüp ýerleşdireýin” diýsem, bölünmegi olar göwnemediler. “Biz sizi gysyndyrmaly, bize öz gapdalyňyzdan otyr ýaly ýer berseňiz bolar, biz şol ýerde ýerküme gazyp ýaşarys” diýdiler. –Ýadymda, soň gidenlerinde-de minnetdar bolup, ugratmaga baranlary gujaklap, ogşap gitdiler bendeler... –Bizden kyn gününde kömek edenimiz üçin, gaty minnetdar boldy olar bize. Soňam birki gezek Owganda duşan adamlardan at tutubam salam iberdi olar. Şol tutulan atlaryň içinde Kymyş baý diýlip, seniň akgaň ady hem bardy. –Akgamam enem nan ýapsa: “Bar goňşulara-da dadyryň, ýyljak nan iýseler, aç bendeleň gözüne deger” diýerdi. –Kymyşam mätäçligiň nämeligini, ýetimligi başdan geçirip gören adam-da... Dertdeş adamlar bir-birlerine özgelerden has tiz düşünýärler. –Şeýledir-dä. Öz-ä olam şol owganlar bilen-ä gara-gadyrdy. –Sen, Orazgeldi, olaryň ýerkümelerine girip görüpmidiň? Şolaryň ojaklarynyň nirededigine üns beren dälsiň? –Er ysy gelip duran alagaraňky kümelerdi özün-ä... Ýöne ojaklarynyň-a nirededigine üns bermändirin. –Olar ýerkümäniň orta arasynda, ojak ýerine guşaklykdan edip, tegeläp çukur gazýar ekenler. Onsoň olaryň ot ýakýan ýerem, şol ýukajyk labaşlaryny, et beýlekilerem tendirip alýan ýerleri hem şol ojak bolýar. Gyşda ýatanlarynda hem şonda közlüräk odun ýakyp, aýaly-erkegi ýok, şol çukura aýaklaryny sallaşyp, üstlerine-de bir ýorgan alýarlar-da ýatyberýärler. Olar ilki sowukdan aýagy ýyly saklamaly, aýak üşemese, başga ýerleriň aňsat üşetmese bolar hasap edýärler. –Her ýeriniň öz dessury bar-da... –Bizem indi nädibem bolsa onda-da örän tiz şolar ýaly üşemezligiň aladasyny etmeli. “Ýykylsaň, ýere ýapyş” edip, özümize ýerküme gazynmaly. Görmeli bolsa, üýşüp baryp, başlyklary görmeli. Pursady gijikdirmeli däl. –Men bu meselede Reşetnige özümem maslahat salyb-a bilerdim! –Ýok. Munuň ýaly köpüň bähbidi üçin edilmeli hereketi ýekelikde edilmeli däldir. Hereketi köplük bolup etmeli. Bir-ä şeýdilse, her hili başlyk bolsa-da, onuň köpçülikden döwi pes bolýandyr. Köpçülik bolnup edilen hereketde güýjem bardyr, talabam. Biziň şeýdip köpçülik bolup barmagymyzy komendant, elbetde, halamaz. Bu bolşewigiň öz diýenini gögertmäge mümkinçilik tapan häsiýetidir. Bizem onuň şu ýerde şol öz emelini ulansak gowy. Şol günüň ertesi Gully emindir Orazgeldi jaýsyz galanlaryň birnäçesi bilen säher-säherler öz arzlaryny aýtmak üçin, kolhoz kontorynyň öňüne sürlenişip bardylar. Edil pikir edilişi ýaly-da, komendant köpçüligiň aýaga galmagyny halamady. Öňe çykyp, gelenleriň üstüne hemle atdy: –Näme iş ýeriňizi taşlap toparlanyşyp ýörsüňiz? Işden boýun towlamagyň jenaýatdygyny bilmeýäňizmisiz!? Bilmeseňiz ähliňizi aýagyňyzy sallap türmä gider ýaly ederin häzir. Baryň jahan ýagtylmanka öz ýerleriňizde, iş başynda boluň! Ýöne komendant dyzanyp, näçe haýbat atsa-da, adamlar duran ýerlerinden arzlaryny aýtman gozganmaga howlukmadylar. Tutanýerlilik bilen tekepbir agzybirlik görkezdiler. Ahyrsoňy komendantyň çar tarapdan özüne asylyşýan nägile adam nazarlarynyň öňünde durup bilmänligi belli boldy. Ol gapdalynda özüne öýkünýän ýaly bolup, il üstüne düwläp, ähli diýen gepini gaýtalap, terjimeçilik edip duran Nurýagdy Ýegelege ýüzlendi: –Bular näme üçin topar tutup gelipdir? Jaý üçin gelen bolsalar-a ýok jaý. Bar bolan otaglar paýlanyldy. Galanlara bolsa agaç gelse, ýetişen jaýlaryň üstüni basyryp, şondan bereris, wessalam, iş tamam! Şonda oňa saýhallyk bilen Gully emin ýüzlendi: –Ýoldaş komendant, jaýyň paýlanmagyndan biziň habarymyz bar. Ildeşlerimiziň gyşdan öň jaýly bolanlaryna bizem begendik. Muny örän gowy etdiňiz. Biz sizden minnetdar. –Minnetdar bolýan bolsaňyz, onda bu bosup ýörmäňiz näme? –Biziň bir bölegimize örän uly ýagşylyk etdiňiz. Ýöne ýene bir bölegimiz welin öňki kyn ýagdaýynda galdy. Goňşy öýün çyrasy biziň öýümizei ýagtyldanok. Biziň ilimizde ýene-de bir gepbar. Onuň-da şunuň ýaly ýarymrak ýagşylyk edilende aýdylan gep bolmagy mümkin. “Ýagşylyk etseň, bütin et, köýnek etseň keteni” diýilýär. Biz siziň ýanyňyza hemaýat sorap geldik. –Agaç gelip ýetişenok diýdim-ä men size! Agaç bolmasa, diwaryň ýokarsyna men näme özümi goýaýynmy? –Onda taýak gelýänçä ýumruk etmäge bize bir mümkinçilik döretseňiz? –Ol nämäniň mümkinçiligi? –Bu mümkinçilik, ýoldaş komendant, maşgalalarymyz gyşda doňup ölmez ýaly bize ýerkümeler gazynyp, şonda ýaşamaga rugsat berseňiz. Hem mümkin boldugyndan kömek ediň. Komendant şol pursatda il adyndan ýagdaýa görä tap bilenlik bilen özi bilen gürrüň alyp barýan Gully emin barada: “Sen obaňda-da sala düşer adam bolan bolmaly, gepi ýiti garşylyk boljak gönümellikden aýlap-öwrüp, tutanýerli alyp barşyň şoňa meňzeýär” diýip oýlandy. Onuň ýüzünden sypalmaly adam däldigini özüne ýatdadyp dikanlap aýratyn ýiti seretdi. Halkyň garşysyna gitmezden, bu ýagdaýy ula ýazdyrman, eglişik etmelidigine düşündi. Maslahat komendantyň Potap ussa ýerküme edinjeklere mümkin boldugyndan kömegi bermek baradaky tabşyrygy bilen gutardy. Şeýdibem, gark bolup barýanyň halas bolmasy ilki bilen onuň özüne bagly diýleni boldy. Hasyl ýygnamak, toplamak, çekmek bilen bagly işleriň gurawynyň entek-entekler gowşarly däldigine seredilmezden, her maşgaladan bir adama özüne küme gazynmak üçin komendant gysga wagtlaýyn rugsat berdi. Orazgeldi Gully eminiň iki ogly Seýitdir Kamyran bilen üç bolup, bir ýerräkden ýerküme gurmagyň ugruna çykdy. Adamlaryň köpüsi ýel-ýagmyrdan, syrap ýagjak gar-gaýdan yklawrak bolar diýen tama bilen, ony atýatagynyň oňly boýy ýetmedik, ýarym-ýalta dikilen diwarlarynyň eteginden gurmagy maslahat bildiler. Olar bir gün-ä ýerkümäniň ýerini gazmak iş boldy. Eýýäm sowap, süňňüni gatadyp ugran topragyň ilkinji iki depigini – ýeriň ýumşagyna çenli aralygy gazmak aňsadam bolmady. Onsoňam her kim ülňüni ulurakdan alyp, soňra içinden aýlanara-öwrülere ýerkümäni giňräkden amatlyrak edip gurjak. Obanyň sesýetimliginde köl suwuny boýlap ösen bir bölek gamyşly jeňňel bardy. Orazgeldi dagy kümeleriň üstüni basyrmak üçin şoňa gidip, düýrläp-düňäp, gamyş ordular. Birki araba ýüklärlik bolanyndanam Orazgeldi olary arabasyna ýükläp, oba daşap ugrady. Beýleki iki ýoldaşy bolsa ýerküme basyrygynyň kemi galmasyn diýip, ýene-de gamyş ýygyp, boýra dokamaklaryny dowam etdirdiler. Öýläne çenli ýerküme üçin gazylan çukurlaryň gapdalynda münder-münder gamyş üýşmekleri peýda boldy. Orazgeldi dagy soň ol gamyşlaryň her ýarym gujak ýalysyny bir alyp, ony telim bir ýerinden daňyp-daýap billendirensoňlar, kümeleriň üstüni basyrmagyň ugruna çykdylar. Boglan gamyşlary bir-biriniň gapdalyna dykybrak ýanaşyk ýerleşdirip, olardan kümä geriş atyp duran arka ýasadylar. Howanyň bolsa awusy barha artmasa azalmaýardy. Hasam kümäniň üstüne sowuk palçygy doňdurman, şire suwag etmek görgi boldy. Palçyk sowukdy, näme üçin bu işiň ugruna öňräk çykyp bolmadykan diýdirip ahmyr etdirýärdi. Şonuň üçinem kümeçiler her ýerräkde, her ýerräkde ot ýakdylar, elleri gaty üşäp, hereketden galyberende şoňa tutup çoýunyp ýylyndylar. Orazgeldi ýerkümäniň ýyly bolmagyna nepiniň degjegini pikir edip, suwugrak palçygyň bir bölegini gamyşlaryň arasyna siňdirip, köpräk wagt alsa-da, ony galyňrak suwamaga çalyşdy. Oguljuma-da bilini guşap, palçyk daşap berip, ýerkümäniň düşek düşeljek ýerine boýra düşäp, oňa güýjüniň ýetdiginden kömekleşdi. Orazgeldi kümäniň ýokarsynyň şire suwagyny tamamlansoň, güýçli ýel-harasat bolanda, onuň etegini galgadyp götermez ýaly kümäniň syra-gyrasyna hem gamşynynyň etegini basdyryp, iki-üç hatar agramlyk kerpiç hem örüp berkitdi. Gapa golaýrak bir ýerden ýer ojak gazynyp, onda hem ot ýakylansoň, ýerküme içine tüsse urup, ol adam sümelgesine hasam meňzedi. Otly ojagy görüp, Orazgeldi arkasy alnan duýgyny başdan geçirdi. Üstüňde sümelge bolsa, ojakda ot bolsa, janyňdan ileri görýän çagajyklaryna mydar ederlik ýyly boljagyna begendi. Ýakjak odunyň bolsa ol Kymyşlarça aladaçylyk bilen tomusdan bäri tapan ýerinden töňňe-taýak diýmän, tagta-tugta diýmän, arabasyna atyp getirip ýördi. Bir aý mundan gowrak ozal Kaşikow stansiýasynda işleýän tanyş gazagyna Akmollada duşup, ony arabasynda alyp gaýdanynda ol: “Türkmen ageýni, togtap alyň” diýip, arabadan düşensoň, öýüniň gapdalynda üýşüp ýatan kömürdenem bäş-alty sany kelle ýalysyny onuň arabasynyň yzyna atypdy. "Biziň gyşymyz gazapdyr, ýöne muny ýaksaň, hezil berer" hem diýipdi. Şeýdibem, toplanan odunlaram bu günki günde “Aýap goýuň samany, geler onuň zamany” diýleni bolupdy. Şol gün gijöýlänler Orazgeldi Potap ussanyň ugradan işgäri Çary ussa bilen ýerkümesiniň gapysyny oturdyp bolup-bolmanka, Oguljuma ol ýeriň çagalary üçin ýyly hem ýaşamaga amatly boljagyna begenip, onuň içine göçüp bardy. Şondan iki-üç gün soň, Ýegelek ýolbaşçylaryň ýanyna baranda kontoryň öňünde atynyň arkasyny sypalap, Reşetnikowyň çykaryna garaşyp duran Orazgeldä gabat geldi. Jaý paýlanyşygynda oňa eden hyýanatly oýny ýadyna düşüp, onuň ýüzüne göni deredip bilmän buýtar-suýtar etdi. Özüne osup: “Şu meniň jaýdan goýanymy bilip, Reşetnikowyň üsti bilen şoňa bir hyýanat etjek bolýan bolmasyn” diýen pikir bilen, Potap ussa aýdyp, gapy oturtmak üçin ussa iberdeniň özüdigini ýatlady, özüni aladaçyl, sahawatly görkezmäge çalşyp, oňa ýüzlendi: –Ildeş, Potap ussa aýdypdym gapyňy oňarmaga ussalarynyň birini ugratdyryň diýip. Orazgeldi ony eşitse-de, oňa bir zat diýýämiňem diýmän, ýüzüni kese sowdy. Ýegelek ýüzüne urlan ýaly bolup, ýelpäp onuň duşundan geçip, kontora ýetmäge howlukdy. | |
|
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |