08:55 Berdi jedeliň aty / hekaýa | |
BERDI JEDELIŇ ATY
Hekaýalar
Nyşan aga bilen men Kislowodskiniň Narzan galereýasynyň öňünde tanyşdym. O-da bu ýere ýüreginiň aladasyny etmäge gelen ekeni. Garaýagyzdan gelen dolmuş, başy könelişip ugran şlýapaly togalak adama men onuň gürrüňlerini diňläp höwrügdim. Ilkiler ýekeräk giden ýerlerime hem soňra onuň bilen bileräk gidäýenimi kem görmedim. Biz öz bolýan «Oržanikidze» sanatorimizden şäheriň ortasyndaky Narzan galereýasyna her gün günorta naharyndan soň biraz dynç alyp, pyýadalap gürleşip giderdik. Yzymyza gaýdanymyzda bolsa duralgada garaşyp, ýörite taksi bilen dolanyp gelerdik. Maňa galsa-ha, şeýle gowy gürrüň bolsa ol ýerdenem pyýadalap gaýtjak-la, ýöne Nyşan aga: «Pyýadalap ýapy ýokary ýerlere çykybersem, demim ýetenok» diýensoň nalaçdym. Şu gürrüňi aýdyp berende-de biz ýoldadyk. Biraz ýöränimizden soň Nyşan aga öz-özünden «hys» edip başyny ýaýkap güldi-de: «...Hä, biziň türkmen aga-da, bi munuň her töwre adamlary bolan...» diýip, meniň ýüzüme seretdi. - Sen eşiden dälsiň, biz-ä oglanrakkak ol adamyň özünem görüpdik. ...Onuň bir gowy aty bar ekeni. Biz ony göremzok, ýöne obada kakam deňi ýaşulular ol atyň gürrüňini köp ederdiler. Görseň, gadamy gerimli, kellesi kiçiräk, balykbeden bir owadan, ýöne sygyryp synlap oturmaly atmyşyn. Ol aty taýçanak wagty Berdi jedeliň ogluna bir ýola ejesi bilen gezelenje mamalaryna baranda babasy inji berenmişin. Mamasy agtyjagynyň barmajygyny sorýanyny görüpdir-de, ony adamsyna-da görkezipdir. O-da agtygyny synlap, oňa soraýan zadyny, inji bermelidigini duýupdyr-da: «Şol taýçanak, oglum, seniňki bolsun» diýip, öýüň töwereginde dabyrap çapyp ýören taýçanagy görkezipdir. Birki aý geçip-geçmänkä ýaşulynyň ogullary taýçanagy Berdi jedeliň öýüne getirip gidipdirler. Şeýdibem, Berdi jedel oguljygynyň arkasyndan gapysy atly bolupdyr. Taýçanak aňyrsy bir ýyldan aýagulag bolmaga ýarap ugrapdyr. Soňundan ony onuň-munuň toýunda baýraga çapyp ugrapdyrlar. Aňyrsy iki-üç ýyldan bolsa ol obada öňüne at geçirmändir. Deň-duşlary: «Berdi, sen beýle gowy aty nädip ýetişdirdiň?» diýse, ol: «Göroglynyňky ýaly ýerküme gazyp, Gün görkezmän kyrk gün sakladym» diýip ili gülüşdirýärmiş. Ol at üç-dört ýyl gazygynyň töweregini depelänsoň, pukararak ýaşaýan Berdi jedeliň egnini galdyranmyş. Goňşy obalaryň toýlarynda hem soňabakan onuň öňüne geçen at tapylmandyr. Ilki ugralan mahaly beýleki atlar bilen deňräk çapýan-da bolsa, pellehana sesýetim galanda, Berdi jedel bir ýapyrylan ýaly edermiş welin, ana, onsoň at hemmeleri tozanyna garyp süýnüp gidibirmiş. Oňa soňra: «Biziň obanyň aty» diýip ýaryş mahaly obadaşlary janköýerlik edişip ugrapdyrlar. Berdi jedeliň atyna gözi gidip ony satyn almakçy bolan pully-mally adamlaram bolupdyr. Ýöne Berdi jedel atyny özünden başga hiç kime rowa görmändir. Elbetde ilçilik, onuň atynyň söbügini basyp pellehana gelýän, onuň at-abraýyna bäsdeşlik edýän atlar obada başga-da birdir-ikidir bolupdyr. Has-da Nurjuma atly bir ýigidiň demir gyr aty onuň bilen irginsiz bäsleşipdir. Oba adamlarynyň arasynda «Ýene birki ýyldan bu at jedeliň atyny tozanyna garar» diýýänler-de bar ekeni. Berdi jedel bolsa «Nurjumaň aty ýene birki ýyldan däl, on ýyldanam meniň atymyň yzyndan ýetip bilmez... » diýip, olar bilen eňekleşer ekeni. Berdi jedeliň «jedel» lakamyny almagyna-da hut şu atly, baýrakly gürrüňler sebäp bolupdyr. Ol gazy-haşar işlerine gidilen wagty hem atyny ýanyndan goýmaz ekeni. Ony golaýynda örkläp, otuna-suwuna seredip, şeýle gowy atynyň bardygyna öz ýanyndan begenip gezer ekeni. Bir gezek Gara mirabyň: «Haý oglanlar, ýetişiň, at gidendir how» diýen sesi gazyçylary ýabyň raýşyna çykarypdyr. Görseler Berdi jedeliň atyna gözi gidip, amat peýläp gezen ogrularyň birisi ony münüp, jylawyny deňläp baýra bakan tutduryp barýarmyşyn. Haýal etmän atly adamlaryň birnäçesi onuň yzyndan kowgy bolup gidipdirler. Berdi jedeliň özi-de biriniň atyny münüp, olaryň birisi bolup gidipdir. At ogrusy bu ýerli däl bolarly. Ol ýol yzarlap, onuň egrisini egri, dogrusyny dogry basdyryp gaçypdyr. Şonuň üçinem gönüläp kowan ýola belet kowgular, ol bir düz meýdana ýeten mahaly arany has ýygrypdyrlar. Has-da Nurjumanyň demir gyr aty ony özge kowgulardan saýlanyp kowupdyr. Berdi jedele soňabakan ol indi öz atyny kowup alarly bolup görnüpdir: «Ol Nurjumanyň aty meniň atymy kowup ýetäýse, muny oba üýşüp gürrüň eder» diýip, öz mertebesi hakynda şübhä gidip ugrapdyr. Şol barmana-da, kimdir biri onuň ýüzüne: «Seniň şol öwgüli atyňy, ine, häzir kowup ýetýäs» diýen manyda gyjalatly seredibem goýberenmişin. Berdi jedel atynyň yzyndan ýetilse özi bilen deň-deprenişip jedelleşýän adamlaryňsoňundan: «Äý, sen goýsana, atyňy öwme, seniň atyňy-ha kowup yzyndan ýetse-de bolýar...» diýip, şu wakany ýatladyşyp, özüne ýeň berilmejegini ýatlapdyr. Bu bolsa onuň özündenem ileri görüp apalap ýören mertebesine howp salypdyr. Ol ýapyrylyp at çapyp barşyna, birdenem: «Haý, zaluwat ogry, penjäň bilen kak atyň sag gerşine, pellehana golaý gelnenini duýdur!» diýip, janköýerlik edip, aty has tijenip çapmagyň wagty gelenini aýdyp, gygyryp goýberipdir. At ogrusy onuň diýenini edipdir welin, şundan soň onuň alyp barýan aty sapandan sypan ýaly bolupdyr-da, yzyndan ýetip gelýän goh-galmagally kowgulary tozanyna garyp gidipdir. Tizden indi onuň yzyndan hiç bir kowgynyň ýetmejegi kowguçylara belli bolupdyr. Kowguçylar at başyny çekipdirler. Berdi jedel garasuw bolan atynyň üstünde oturan ýerinden: «Dogry-da walla, Aty kowup ýetmek hara gelişmez» diýip, aýtmadymmy näme? Meniň atym bu atlaryň çaky däldir» diýip, göwnühoşluk bilen töwereginde seredip keýpihon ýylgyrypdyr. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |