15:39 Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy | |
* * * Şemalyň ugruny üýtgedip, demirgazyk-gündogardan öwsüp ugranyna köp wagt geçmänkä, aýaz artyp, ýeriň süňňi barha saraň gaty bolup doňup ugrady. Onuň yzysüre-de ýene-de güpüläp gar düşdi. Dogrusy, ol gar bolup ozal görlen penje-penje gözüňi dokundyryp ýagýan garam däldi-le. Elekden dökülýän ýaly tozgalap duran un ýaly maýda bir zatdy. Iki günüň içinde ol dünýäni boýdan-başa galyň gar bilen yrk-myrk edip basyrdy. Gar dagy bir ýagjagyny ýagyp, gowzajagyny ýagşy gowzansoň, bir günden, iki günden karar tapaýjak ýaly, welin üç-dört günläp eledi durdy, bulady durdy. Garyň özündenem beter onuň aldajy sowuk şemaly erbetdi. Ol hazylap, güzüläp asla bir ýerde durmaýardy, ýelkildäp bir ondan çykýardy, bir mundan. Birde ýaşaýyş öýlerini gabawa alyp, töwerekläp syrap olary gömüp taşlarly görünse, ýene birde göterip bilen garyny göterip, gar üýşmeklerini ondan-oňa göçürýän ýaly bolup, harasatly güýje öwrülip, ýeser gelen pälazan bolup, ähli gapdalyndan çykyp, üste dökülýärdi. Özüni synlanlara: “Bu aýlanyp-öwrülip hiç dynanok, nirede bolsa-da bir ýerde şu gyşyň enesene jyn-arwah argaşyp alan bolmaly” diýdiribem janyýangynly oý etdirýärdi. Sowuk gahar-gazaby daşarda galanyň ýüzüne şarpyk bolup çalynýardy. Bu türkmenler üçin asla görlen zat däldi. Şeýdibem, sanlyja günde sürgün obalaryny gara gyşyň özüniň rehimsiz leşgeri bilen gabap, sykaja salyp, hüjüm edip ugranlygy belli boldy. Gijelerine ol indi doňan Işim derýanyň ýüzüni ýalap öwüsýän sowuk uzyn gar etegini yzynda süýräp, sykylyk atyp, kümeleriň töwereginde ýalazy meýdanlary-da ürç edip aýlanýan şemala öwrülýärdi. Indi adamlar juda zeruryna bolaýmasa çykyp, daşary ýüzüni görmeýärdiler. Çykanlaram: “Şemaly dagy ne bela, tozduryp barýar-la bi, hälem güýy bilen aralyga ýapyşylyp ýörär ýaly tanap çekilen eken, gary, şemaly gözüňi açdyranok” diýşip, ondan elheder alşyp gaýdyp gelýärdiler. Bu ýagdaý uzaga çekse, munuň milleti juda heläk etjekligini howpurgama bilen pikir edýärdiler. Hälem bu ýagdaý iliň bagtyna gyş gutarýança “Şeýdip durjakmykan!?” diýlip gorkulyşy ýaly bolmady. Bäş-alty günden gyşyň ýan berip, biraz gazabynyň köşeşenligi belli boldy. Mal-garalara seredýän adamlar, ýapyk jaýlarda işleýän adamlar gelip-gidip, işe gatnap ugradylar. Aldaýjy sowuga durmuş togtan ýaly edenem bolsa, ol ýene-de täzeden herekete gelip ugrady. Orazgeldem bu günler tekerli arabasyny typýan araba çalşyp, şony sürüp öwrenip ýördi. Reşetnikowy mündürip, mal ýataklara, ýeneki işlenilýän ýerlere alyp gidýärdi. Hatda bir gezek gidip, polewoýstandakylaryň ýagdaýyndanam başlyk bilen arabada gidip, habar alyp geldiler. Beýle gazaply gyş görülmedigindenmi nämemi ölüm-ýitim köpelipdi, hasam Türkmenistandan soňky gelenleriň arasynda ölüm köpelýärdi. Indi her gün kümeçilik bilen obaçylygyň arasynda merhumlary öwlüýä äkidýän ýörite araba peýda bolupdy. Meýit daşaýan ol araba her gün irden obanyň aňrybaşyndaky kolhoz ýolbaşçylarynyň oturýan tarapyndan peýda bolardy-da, gapdalyndan çykarylýan jesetleri ýükläp, obanyň aralygyndaky açyklygyň içi bilen öz maýdalyna geçip giderdi. Bu ýerde gyş ýeri telim gat sowugyna, garyna dolap alansoň, belli bir wagta çenli onuň ýanyna baryp bolmaýardy, halka ölüsini ýere düýnemege-de mümkinçilik bermeýärdi. Hiç zada bakman düýnejegem bolsaň, gabyrlaryň üstündäki doňan gar gatlaklaryny aýryp, soňundanam doňan ýere pil öter ýaly üstünde esli wagt ot ýakyp, ýeri çözülip ýumşaşar ýaly gyzdyrmaly bolýardy. Şonuň üçinem gyş gazabyna tutýan döwürleri millet öz merhumlarynyň jesetlerini bu ýerdäki “Mogilnik” atly ýörite gurlan basdyrmanyň aşagynda it-guş degmez ýaly ýerde saklaýan ekenler. Şol günleriň birinde Orazgeldileriň başaşa aňyrsyndaky ýerkümedäki goňşularyň biriniň on iki-on üç ýaşlyja göze görnüp gelýän gyzjagazy ýogaldy. Oguljuma tebipçilikden az-owlak habarly bolansoň, wagtal-wagtal ondan habar tutýardy. Gyzjagaz ýogalansoň, är-aýalyň birki gün bir aýagy şol ýerde boldy. Oguljuma öýe gelip gidip, goňşa merhumy adaty türkmen edim-gylymyna laýyklykda ugratmaga taýynlamaga kömekleşýärdi. Orazgeldi hem öýüň gapysynda üýşüşen adamlaryň arasyndady. Eje-kakasy, goňşulary gidensoň, Allanazaryň her gezek öýde jigileri bilen özi galýardy. Eje-kakasynyň tabşyryşy ýaly, jigilerine akga bolup, olara göz-gulak bolýardy. Aglaşyp-eňreşseler, o diýip, bu diýip köşeşdirýärdi, olara hakyky hossar bolmaga çalyşýardy. Ýer ak çeňk kepene dolanan ýaly bolup, ýedigat gar-buza dolanyp ýatan-da bolsa, bu tükeniksiz görünýän gazak gyşynyňam karar tapyp wagtal-wagtal ýumşap, ýazylyp, çözülip alýan wagtam bolýan eken. Ine, bu günem şeýle günleriň biridi. Gyş birki günden bäri hoşgylaw niýet tapynyp, ýumşap açylyşyp ýördi. Gapylaryň giren-çykany köpelip, daşarda görünýän adam sany artyp ugrady. Elbetde, şeýle maýyl günleri has-da gör ýaly garaňky kümeleriň içinde gapylyp oturmaga mejbur bolan çagalar küýseýärdiler. Oýun höwesli çagalaryň birnäçesi eýýäm daşaryk çykyp hem ugrapdylar. Daşardan eşidilýän çaga sesleri soňra Allanazardyr Rahmannazaryň daşaryynyň hezilini görmek höwesine bat berdi. Özi ýaly oglanlaryň garda hezil edip ýörenligini bilip, olaryňam şolara goşulaslary geldi. Şeýle bolanda oýun höwesli oglanlary öýde saklap bolýarmy näme? Ýas-ýaňyja öýe gelip-gidip, çagalardan habar alýan Oguljuma Rahmangulujygy kükregine ýaplap, başyny sypap emdirip gidensoň, köp wagt geçmänkä, ol myrlap uklap galypdy. Daşarda oýnaşyp ýören deň-duşlarynyň seslerini eşidip, baryp olara goşulmak höwesine berlen Rahmannazar “Allakga, daşary gideli” diýip, häliden bäri izileýärdi. Allanazar ejesi gelip gidensoň, onuň indi esli eglenmän gelmejegini bilýärdi. Bu mümkinçilikden peýdalanarman boldy. Rahmannazary üşemez ýaly galyňrak geýdirensoň, özem onuň bilen daş çykdy. Gyşda bolsa mahal-mahal öňüne çolaşýan sowuk bulutlaryň arasynda görnüp, ýere şugla berýän Günem şähdaçyk ýylgyryp durdy. Ol gara çümüp barýan ýaly bolup oturan kolhoz kontorynyň aňyrsyndan ýaňja göterilenem bolsa, eýýäm al-asmanda “Ine, menem” diýip, tegelenip dur. Allanazar daşardan deň-duşlaryň şowhunly sesini eşidensoň, Rahmannazara indi öňküsi ýaly ýürege düşüp: “Akga, bizem daşary gideli-le” diýip, iňezelemegiňem geregi bolmady. Beýle hezillik barka heý-de oňa-da bir goşulman durup bolarmy!? Daşynyň gary artylan guýynyň beýle ýanyndaky depäniň üstünde taýmaşak oýnaýan oglanlar Allanazary gören batlaryna ýerli-ýerden “Eý, balykçy-da, Nazar!” bolşup, onuň soňky wagt köp tutulýan atlaryny tutup, gol bulaşyp, öz ýanlaryna oýna çagyrýardylar. Allanazar Rahmannazary bäri başda taýýanlara tomaşaçy bolup duranlaryň ýanynda galdyryp: “Ýöne gar iýäýme, ejem käýýär” diýip sargansoň, deň-duşlarynyň arasyna ýetmäge howlukdy. Çagalaryň göçgünli sesleri ýene töwerege ýaň berdi. Barybir Allanazar Rahmangulynyň öýde ýeke galanlygy, onuň oýanyp, aglap özlerini gözläýmeginiň mümkinçiligini pikir edip, ol ýerde isledigiçe oýun oýnamaga galyp bilmedi. Jigisinem ýüzugra alyp, gyssanyp yzyna dolanma bilen boldy. Allanazar aňyrdan gelende deň-duşlary bilen gar oýnap duran Rahmannazaryň ýüzüniň üşäp, ýaňaklarynyň çym-gyzyl bolanyny gördi. Gelşine-de “Garam iýdiňmi, sen güjük?” diýip, onuň üşän elinde gar görüp, biraz aladalanyp sorady. Ýöne Rahmannazar gepläp-geplemänkä onuň gapdalynda duran Sapar üşän gulagyny owkalap durşuna, hile bir iş eden hökmünde dillendi: –Menem gar iýdim. Ol-a şekere meňzese-de, süýjem däl eken... Allanazar jigisiniň donunyň synyna, ýeňine ýokan garlary kakyşdyryp, onuň bilen öýe howlukdy. Başynda bolsa “Rahmanguly nätdikä, oýanyp aglamadygam bolsa ýagşy” diýen aladaly pikir at salýardy. Öýde eýýäm çagalaryndan dynman, olardan habar almaga gelen Oguljuma iki ulusynyň ýoklugyny görüp, biraz alada galan hem bolsa Rahmangulynyň henizem uklap ýatanyny görüp, biraz rahatlanypdy. Ol mysylapjyk, bir gowy bolup ýatan çagajygyň açylan ol, bu ýerini üstündäki örtügi bilen ýapyşdyryp beýlekileriň gözlegine gidermen bolup otyrdy. Ene olary gapyň agzynda görüp: “Egniňize bir gowuja geýindiňizmi?” diýip, käýinme ýerine aladaly garşylady. Soňra-da olaryň üşäp gelenini görüp, töre geçirmän, daşky geýimlerini çykartman, şol golaýda ojak başynda oturtdy. Oglanlar oňa: “Garda taýdym, gar adam oňardyk, hezillik boldy” diýşip, begençli ýylyş-da, ýylyş bolşup gürrüň berdiler. Daşarda bolýan hezilligi höwesli ýatladylar. Ýöne oda çoýunyp, oglanlar biraz ýylynsalar-da, sowugyň sypalap ýaňaklarda goýan gyzyl-al reňki welin ýüzlerden wagty bilen sowulmady. Juda uzak wagt daşarda bolmadygam bolsalar, olaryň ikisiniňem eýýäm belli bir derejede üşänligi duýuldy. Oglanlar ýaňy gyzygyşyp oýnap, ylgap-böküp ýörkäler, oýnuň gyzygyna gyşy duýmadygam bolsalar, olaryň üşänligi agşam düşensoň, hasam gowy duýuldy. Gije oglanlaryň ikisi-de biraz gyzymsady. Ikisi-de iki-üç gezek oýanyp, suw soradylar. Eje-kakalaryny ynjalykdan gaçyrdylar. Şeýdibem bu maşgalanyň ene-atasynyň “Çagalary bir üşetmesek ýagşydyr” diýip eden gorkularynyň hakykata öwrülmegi boldy. Oguljuma ogullarynyň derdine em etmekligiň ugruna çykan mahaly minnetdarlyk bilen gaýynenesini ýatlady. Ol gelinlere: “Siz öndürip-ösdürip oturan adam, gerek bolar, mydama men ýanyňyzy alyp durmaryn, aýal halkynyň köp bolmasa-da, az-da, kän-de tebipçilikdenem başy çykmalydyr” diýen maslahat-tagallasyny ýene bir gezek ýatlady, öz bilýän tebipçiligini öwredeni üçin hem ondan gaýybana minnetdar boldy. Oguljumanyň özi-de eýýäm soňky ýyllarda gaýynenesiniň tebipçiligini ýöredip, öz töwerekleriniň ýeňil-ýelpaý dertlerine em-melhem edip, derde ýarap ugran tebipdi. Oguljuma oglanlaryna hikmet ýetişenini görüp, bada-bat olara em etmegiň ugruna çykdy. Elini ýuwup, oda tutup, gezekli-gezegine “Biziň elimiz däl, Lukman Hekimiň eli, emi bolsun” diýip, ogullarynyň galan damaklaryny basyşdyrdy. Suw gaýnadyp, bokurdagy ýumşadyp, daglap geçer ýaly, olara häli-şindi gyzgynrak suw içirdi. Ene süýdüniň müň derde dermanlygyny ýatlap, süýt sagyp, oglanlaryň arkalaryny kükrekleriniň ýüzlerini sypalaşdyrdy. Bu emleriň olara belli bir derejede melhem boljagyna göwün ýüwürtdi. Dogrudanam, şu emlerden soň kakasynyň sary possunyny jigisi bilen bile ýapynyp ýatan Allanazar şondan soň julk der bolup derledi. Oguljuma gije onuň köýnegini çalşyp, gury köýnek geýdirdi. Onuň ýüregini tutar ýaly, agşamky gaýnadan kortoşkasyndanam birini bir döwüm nan bilen eline berdi. Emma Rahmannazaryň welin gyzdyryp, haly teňdi. Oguljuma daşynda kebelek bolup, bildiginden näçe em etse-de, onuň gyzgyny wagty bilen azalyp aýdyşybermedi, gaýta, hyk-çoky artyp, üsgülewigi öwjedi, işdäden galdy. Hemişe köp iýse, özüniň Allanazary ýetip geçip, ondanam tiz ulaljagyna ynanyp, berlen zady işdä bilen iýýän çaganyň indi hiç zadyň ýüzüne seredesi gelmeýärdi. Horlanyp iki günde oglanyň gözleri höwlendi. Oguljumanyň bir zatlar iýdirmek üçin edýän aladadyr höre-köşesi-de wagty bilen peýda bermedi. Ýöne suwy welin ol häli-şindi soraýardy. Çaganyň aňrysynyň howrunyň ýetikdigi bildirýärdi. Rahmannazaryň barha tapdan düşýänini görüp, maşgala howpurganyp elewreýärdi. Oňa nädibem bolsa kömek beresleri gelýärdi. Maşgala delmirip, kömek sorap, ýürek ezip, Taňra sygynýardy. Dilegleri gowuşsa, Taňrynyň kömek etmäge güzer tapjagyna tama bilen ynanylýardy. Oguljuma wagtynyň köpüsini hamala beýlekilerini unudan ýaly, Rahmannazaryň töwereginde geçirerdi. Gijeler onuň eljagazyny, maňlaýyny sypap, oýanan çagy göwnüni götermek üçin, halyny sorap, hoşamaýlyk ederdi. Oguljuma öz tebipçiliginiň oňly netije bermeýänini görüp ugransoň: “Wah, Bazar ýa-da Nobat tebipden birden-biri bolan bolsady şu wagt muňa hökman em tapardy” diýip, hossar küýsäp, Söýünalyny ýatlaýardy. Derdi-belanyň başdan inip, öýde goş basyp ýatanlygy belli bolany bäri indi wagtam oraza günlerindäki ýaly örän haýal geçýärdi. Gabra giren deý garaňky küme-öýde oturmak aňyrsy-bärisi görünmeýän tükeniksizlik bolup görünýärdi. Orazgeldi her gün irden işiniň ugruna gitse-de, ýene yzyndan dynyp bilmän, tiz dolanyp gelerdi. Rahmannazaryň gara heläk bolup, dert çekip ýatyşy bir pursadam onuň göz öňünden gitmezdi. Bu günler başlygam onuň ýagdaýyna düşünme bilen ýygnak, beýlekä çagyrylyp, Akmolla ýenäkä gitmeli bolmasa, aýak ýeter ýerlerine özi pyýada gidip, arabany şeýle bir gerekläbem ýörmedi. Gyş ähli zady diýen ýaly öz diýdimzorluk kanunyna boýun egdiripdi. Maşgalanyň kalbyna oýkanyp, buz çöken ýalydy. Orazgeldi her gezek aňyrdan gelip, gapydan girip-girmän: “Hany, meniň oglum turdumy?” diýip, onuň biraz-da bolsa oglan göwnüni götermek üçin, at tutup, nygtap, Rahmannazary ilki sorardy. Soňam onuň başujunda oturyp, göwün göteräýjek sözleri aýtmaga çalşardy. –Hany, oglum tizräk bir gutulsun, indi men oňa typýan arabanam sürmäge berjek. Ol Allanazardanam, Reşetnik başlygyň selpil saçly gyzy Biankadanam arabany gowy sürýärdi. Ol typýan arabany hem olardan has gowy sürer. Obanyň içi bilen gidip, onsoň ikimiz Işim derýaň boýlary bilenem aýlanyp gaýdarys. Oglumyň deň-duşlaram ony görüp: “Anha, Rahmannazar araba sürüp barýar. Ol bizden öň eýýäm uly adam bolmaga ýetişipdir. Gör, jylawy deň tutup oturyşyny” diýşerler. Islese oglum şonda olaram typýan arabasyna mündürip aýlar– diýip, gürrüňiň bir tarapyny oňa bolan tarypa ýanap magtardy. Rahmannazaryň soňabaka barha egbarlap barýan teň haly maşgalany barha mazasyny aldy. Rahmannazaryň gapdaly indi gözülpüner salymam adamsyz goýulmaýardy. Esasanam, onuň başujunda köýüp-bişip oturýan ejesi Oguljumady. Orazgeldi öýde ýok mahaly ejesi öý aladalaryň ugruna çykanda, onuň gapdalynda Allanazar syrkaw jigisine göz-gulak bolup oturardy. Ony-muny sorap, jigisini gürrüňe goşmaga synanyşardy. Eje-kakasyna meňzäp, oňa göwün göteräýjek gulaga ýakymly sözleri aýtmaga çalyşýardy. Belläbem Ogulbikäniň hatyndan Rahmannazaryň gönüden-göni özüne degişli, okap köp gaýtalap, ýat tutan sözlerini aýdyp, onuň göwnüni götermäge synanyşýardy. Ogulbike her hatynda umumy aýdylmaly zatlary aýdyşdyransoň, jigileriniňem hersine aýratynlykda ýüzlenerdi. Allanazaram her gezek diýen ýaly jigisiniň gapdalynda ýeke galanda Ogulbikäniň şol hatynyň Rahmannazaryň gönüden-göni özüne degişli ýerlerini ýatlardy. Ony has täsirli bolar ýaly, ejesiniň, kakasynyň okaýşy ýaly labyzly okamaga çalşardy. “Eý, janlarymyň jany, sen Rahmannazar jan, mosalamyz! Mamam, babam, Akjagül biziň hemmämiziň sizi örän göresimiz gelýär. Meniň-ä seni hasam göresim gelýär. Ogşama diýseňem, seniň çyrşaklyja ýüzüňden bagryma basyp, ogşasym gelýär, jigim jan! Mama-a ýene görse: “Köp ogşamaň, köp ogşalan çagaň agzy suwly boram” diýer. Men-ä şonda-da ogşajak, balym seni. Saçymdan çekseň, indi haýyr gaty görjek däl. Öňem saňa saçdan çekmäni Aky jan bilen Alla jan ikisi öwredýärdiler-ä. Sen saçdan çekmäni bileňokdyň-a, jigim jan! Şolar meniň bilen basalaşanlarynda ýeňliberseler: “Saçdan çekme ýok” diýilse-de, karam edip, saçdan çekýänler-dä. Senem mosalamyz, saçdan çek, gulakdan çek, ýöne tizräk gelseňiz bolýar! Onsoň gurjakgoş oýnamaga gidenimde-de indi saňa öňkim ýaly, “Bar, yzymdan galam” diýjek däl, hopba edip, bileje alyp gitjek, seni mosalamyz!” Oguljuma şol günleriň birinde Rahmannazaryň oňly zat iýmeýänini ýatlap, oňa tapdyrsa, ýüregini tutar ýaly nabat ezip içirseň, gowy boljagyny pikir edip, gaýynatasy Kymyş duzçynyň, mahal-mahal ýüwürjisi Orazgylyjyň Tagtabazar bazaryndan getirýän burum-burum bolup duran şahanabatlarynyň bolmagyny isläp küýsegli ýatlady. Ýöne beýdip ýat ild,e üstesine-de, synsyrap kemrysgal bolup ýörkäň nabady nireden tapjak häzir!? Ýogsam oňa ýüzärlik dagynam azrak gatyp içirseň, onuň haýyr etjegi, elbetde, belli. Oguljuma nabat gereklände öňräk bir gezekde Orazgeldiniň “Akmollada bolan uly ýygnakda başlyklara satylypdyr, şuny bize Reşetnikow öz paýyndan dadyrdy” diýip, iki düwür gant getirenini, onuň bir bölegini şol wagt çagalaryna döwüp paýlap berip, ýene bir böleginem soňra geregi çykar diýip, gizläp goýanyny ýatlady. Şol gandy gizläp goýan ýerinden tapyp, ol nabadyň ýerini tutar diýen tama bilen, oňa gyzgynrak edip süýjüli çaý içirdi. Çaý birbada Rahmannazary derçikdirip, em bolup ugran ýaly bolan hem bolsa, birazdanam ýene-de onuň üznüksiz üsgülewügi öwjäp, oglany täzeden sykaja salyp ugrady. Öýkeniň hažžyldysy hem artdy. Oguljuma ýaňy çaý berende oglunyň başyny göterip: “Ine, meniň balam bir süýjüli çaý içer weli, ana, onsoň ol ýer agnan taýçanak ýaly silkinip turup gider çapalap. Hä-ä, Rahmanguly “Maňa-da süýjüli çaý ber” diýýär. Saňa ýok, pişijek, seniň emmäň bar, şony emiber” diýip, basdaşyny henekläp, onda süýjüli çaý içmäge isleg döretmäge çaşypdy. Şol pursatda Rahmannazara ejesini diňläp, özüniň özgelerden has gowy görülýänini pikir etmek ýakymly bolupdy. Her gezek bir zatlar tamşanyp, onuň ýüzi açylyşyp ugran mahaly ene hamala ogly gutulyp gidiberjek ýaly bolup, onuň kalbynda umyt uçgunjyklary peýda bolýardy. Emma enäniň bu tamasy uzaga çekmeýärdi. Hassanyň hyk-çoky bolsa barha artýardy. Sanlyja günden Oguljumanyň soňky ýylda maňlaýyna düşen gasynlar hem mese-mälim çuňlaşdy. Gijelerine Rahmannazaryň başujunda aýalyna biraz dem-dynç bermek üçin, oňa göz-gulak bolup, Orazgeldiniň özi oturardy. Beýleräginde Rahmangulyny gujaklap, gyşaryp ýanap ýatan Oguljuma bilen ony-muny sorap, iki-ýeke gysgaça gep alyşýardy. Bir-de bolsa: “Heý, bu derdiň dermany tapylyp, yzy gelmezmikän!?” diýip, çekip bolmajak betbagtlygyň bolaýmagynyň ahmaldygyny göwnüne getirip howpurganýardy. Bu gorky soňky günlerde ony hasam syrkawyň düşeginiň başyna kökerýärdi. Bu günem Rahmannazar çaý içensoň, soňundan üsgülewügi azalan ýaly bolup, biraz maýdaja der gaýtardy. Her gezek şeýle bolanda bolşy ýaly, ol ýene-de bitakat enede gutulyp gidiberjek ýaly umyt döretdi. Wagtal-wagtal gelip, onuň halyny sorap gidýän goňşy-golamlar hem şonda onuň çyraýynyň açykdygyny görüp: “Tüweleme, der gelşip, bäri bakyp ugrapdyr” diýşip, begenişip gitdiler. Onuň gün-günden gowulaşjagyna ynandylar. Emma soň görlüp oturylsa, bu asla bäri bakma nire, zat nire, asla agyr syrkawyň gaýtadan gaýra üzülip, ýan bermeginiň öňüsyrasyndaky wagtlaýyn bolýan janyň aram tapmasy eken. Gijäniň bir wagty ýene-de üsgülewük öwjäp, Rahmannazary aldym-berdime salyp, gyjyrdadyp-gyjyrdadyp tutup, bokurdagyny bogýan ýaly dem almasyny kynlaşdyryp ugrady. Üsgüre-üsgüre haly galmady. Ýüzi bolsa galampyr ýaly gyp-gyzyl bolup gyzardy. Elde-aýakda saklap bolar ýaly bolmady. Soňabaka onuň bu içden joş alyp, daşa urýan üsgülewügi ne agzyna tutulýan gyzgyn suwuň, ne-de däri-derman bilen edilýän tagallalaryň nepi degdi. Şol gün daňdanlar ol üsgürip-üsgürip, urnup-urnup, demi içine giden ýaly bolup, kynlyk bilen kakasynyň elinde jandan üzüldi. Iň gorkulan bolmasyz, indi hiç bir tagalla bilen düzedip bolmajak işiň bolanlygy belli boldy. Orazgeldi jansyz ogluny bagryna basyp, başyny üstüne egip oturyşyna: “Heleý, ogul-ha bu jahanlyk işini bitirdi...” diýip, hasrat bilen eşidiler-ýeşidilmez pyşyrdady. Beýleki iki uklap ýatan çagalarynyň gapdalynda nätjegini bilmän, Hudaýa sygnyp, elenip oturan Oguljuma şundan soň bozlap, ogluny ýapyşdy: –Waý, sensiz men näderkäm, balam!? Enäniň bozlan sesi kümä lerzan berdi. Ony Orazgeldiniň parhlylyk edip: “Goý, aglama, ýatan çagalary gorkuzyp sesikdirsiň” diýmegi-de saklap bilmedi. Ol Rahmannazaryň sowap ugran bedenini gujaklap, içigi-içigip aglady: “Wah, adam bolanja çagam, ne günlere saldylar-la bizi. Seni sensiz biz nä ýüzümize indi oba baraly!? Mamaň: “Hany meniň mosala çagam?” diýmezmi? Babaň öňümizden çykyp: “Hany meniň depilje guzym?” diýmezmi? Doganlaryň zar-zar aglaşyp: “Hany biziň arkadagymyz?” diýmezlermi? Dag arman, men olara näme jogap bereýin? –diýip perýat etdi. Goňşular eşidişip gelşip ugransoňlar, Kämiran “Çagalar bu ýerde gorkar” diýip, Allanazary yzyna düşürip, Rahmangulyny uklap ýatan ýerinden gujagyna alyp, öz külbesine äkitdi. Öýüň gapysyny açyp, ojagyň oduny öçürip, jesedi sowuk ýerde bozman saklamak üçin ony aşagyna düşelen düşegi bilen sowuga – gapynyň golaýragyna çekdiler. Merhumuň töwereginde ýaý berşip oturyp, ony ertire çenli myhman aldylar. Allanazar rahadrak ýere gelip, biraz ymyzganyp-ymyzganmanka, ejesiniň emmesini gözläp, aglap ukudan turan jigisiniň sesine oýandy. Dessine-de agşamky birden öýlerinde gopan yzan-da, çuwanlygy ýatlap, ejesiniň Rahmannazary gujaklap aglap ýatyşyny ýatlady. Kämiranyň gelni Rahmangulyny eline alyp, ejesine emdirtmesek, diňmez bu çarbaý diýip, söýünçli gepläp ýerinden gopdy. Allanazaram donunyň bagjygyny daňyp barşyna onuň yzyna düşdi. Gapynyň alty-ýedi ädimliginde Gully emin aganyň töwereginde goňşy adamlaryň bäş-alty sanysy üýşüşip, bir zatlar barada aýak üstünde maslahat edip durdular. Şol barmana-da Allanazar hol aňyrdan assa-ýuwaş özlerine tarap typyp gelýän merhum daşaýan tanyş arabany gördi-de, howsala düşüp, hopugyp gyssanyp, nädip Rahmangulyny göterip barýan gelnejeden öňe düşüp, kürsäp içerik girenini-de duýman galdy. Gelşine-de bada-bat: “Akga jan, araba gelýär Rahmannazar jany äkitmäge gelýär! Bermäli şoňa!?” diýip, elenip möňňürip goýberdi. Onuň sesine aýallaryňam pessaý eňremeleri goşuldy. Eýýäm aňyrdan ýükli gelem araba kümeçiligiň gapdalynda keseren wagty Orazgeldi däp-dessur boýunça soňky ýoluna taýýarlanyp, dolanyp goýlan Rahmannazary gujagyna alyp, onuň başyny üç gezek kümäniň bosagasyna sähelçe ýüzugra galtaşdyryp alansoň, daş çykdy. Gapydan çykan ýerinde Kämiran öňünden çykyp, çagany onuň elinden gujaklap aldy-da, ony ertip, arabanyň üstünde öňden bar bolan iki jesediň gapdalynda ýerleşdirdi. Araba göýä zenan eňremelriniň arasyndan çykyp barýan ýaly bolup, aňyrlygyna typyp ugransoň, Orazgeldi hem goňşulary Kämiran, Reýim ärsary, Orazmyrat brigat, Agajan murt bolşup, onuň yzyna düşdüler... Balasyny aldyran ene-atanyň armany tükeniksiz bolýar. Durmuşda bu pajygaly ýitgini ýatladýan ýagdaýlar soň-soňlaram olaryň durmuşynda ýeterlik bolup durar. Ýürek elesleýär. Şonda hasrat dony gaýtadan başa bürelýär... Orazgeldi bir gezek iş bilen Akmolla baranda ol ýerde Beki Seýitmyratdan şu golaýdaky ýerleriň birinde Nedirbaý Aýtakowyň aýalynyň doktor bolup işläp ýörenligini eşitdi. Bu bolsa onuň: “Wah, golaýda öz doktorymyz bar eken-ä” diýip, ogly Rahmannazary ölümiň elinden alyp galmaga bar bolup, ýöne bilinmedik mümkiçilik hökmünde görnüp, ony ahmyrly oýlandyrdy. Şäherden yzyna gaýdyşyn içini dökere ýoldaş isläp, ol ýol boýy aty bilen “derdinişip” gaýtdy. –Heý, Bozdumanym (Orazgeldi ilki araba goşýan bu atyny Gyrat diýip atlandyrmakçy bolupdy, ýöne onda Görogly begiň çyrpynyp duran owadan atyna bolan meňzeşligi az gördümi nämem, soň oňa Sapar Kösäň kyrk çybyk urlup gyzdyrylýan atynyň ady bilen Bozduman atlandyryp ugrapdy), görüp otursak, golaý-goltumlaryňyzda öz dogtorlarymyzam bar eken-ä... Öň bilen bolsam bolmaýarmy!? Aýtakowyň dagy maşgasy bolsa, ol uly ýerlerde okap, bilim alan ökde doktordyram. Doktor gelip, em eden bolanlygynda Rahmannazarym häzir güjürdäp, düňk ýasap ýörse-de ýörerdi. –Sen ol geler, sereder öýdýärmiň? –Elbetde, geler. Onuň türkmen çagasydygyny bilse-hä hökman geler, gelmän näme!? Öz türkmeniň onuň ýaly kyn günde kömek etmese bolmaz-a. Biz türkmenler hemmämiz bir atanyň, bir enäniň bilinden gaýdan doganlar-a aslyýetinde... Bir gezeg-ä Tagtabazara gelip, ýygnak edende men Aýtakowy çalarak görüpdimem. Abdynagym Tagan-a ony gowy tanaýanam eken. OGPU-nyň Taganlara jyny düşende ýoldaş Kalinin bilen tilpunda gepleşip, olaryň atuw hökümini türmä çalşyrdyp, ölümden alyp galan şolmuş diýenem bir gep bar il içinde. Hä, şonda Altmyş aga dagy ýygnakdan soň ýörite ýanyna barybam onuň bilen salamlaşyp, gürleşip durupdylar. Wah, çekinjeňlik etmedik bolsam, menem şonda salamlaşaýmalydym-da onuň bilen. Öz-ä bir ýolbars sypat, görnükli, dogumly adam eken... Onsoňam nä özge halkyň gyzlary meniň ýaly donuny süýräp ýörene heleý bolaýýarmy?! Olaram Nedirbaý ýaly türkmeniň iner ogullaryny saýlap, şolara heleý bolýarlar-a. Aýdyşlaryna görä, biziň garry atamyz Muhammetgylyç serdaryňam sekiz heleýinden bäşisi dagy özbek, gazak, täjik, Buhara jöhidi ýaly dürli milletlerden eken. Başga-başga-da halklaryň gyzlary bolsalar-da, olar atamyz bilen düşünişerdiler... Bala-çaga öndürip-ösdüripdirler. Iki bolup, heleý bilen kütüşip bir ýorganyň astyna gireňsoň, düşünişme kynam däldir-laý... Orazgeldi şol gezek aty bilen gürleşip, oba çenli örtene-örtene geldi. ...Bu ömür görülmedik aldajy gara gyş şeýdibem şol ýyl ýaza çenli sürgünleri ýagşyja egisdi. * * * Garmy-gaýmy howa ýagdaýynyň nähilidigine seredilmezden, Özbegistanda henizem pagta ýygymy dowam etdirilýärdi. Sürgünlerem indi belli bir derejede bu ýagdaý bilen öwrenişiberipdilerem. Garadaň bilen heniz pagta hanalary gijäniň içinden doly saýlanyp ýetişip-ýetişmänkä, atyza girýän adamlar her gün umyryň pagtasyny ýygardylar. Ýyglan pagtada her gün garaňky gatlyşansoň, gowaça meýdanlarynyň gapdalyndaky pagta-da saklamak, guratmak, sermek üçin saýlanyp alnan ýeriň bir gapdalynda çekilip alynýardy. Esasanam, bu ýerde adaty berilýän çörek paýdan artyk ýygnan pagtasy üçin beriljek goşmaça nanyň her günki mukdary kesgitlenýärdi. Ilçilik bu pagtanyň bolunda-da ýygylmaly pagtany ýygyp bilmeýänleri-de tapylýardy. Olara her gün pagta çekilýän tereziniň başynda komendantyň ýagdaý üýtgemese, çörek paýyň keseljekdigi baradaky abaý-syýasaty garaşýardy. Gar ýagan mahaly indi gyş şu hörpüni aýazdyr doňaklary bilen arsyz wagt dowam etdirerli görünse-de, çogly ýurduň gary-da bir hepde geçip-geçmänkä Gün asmanda görünmesini ýygjamladansoň, howanyň süňňi gowşap, garlar azalyp eremek bilen bolardylar. Daş-töweregiň belli-belli ýerlerinde diňe garyň ýere düşen äpet ak keçesiniň bölek-büçek toplumlary galdy. On-on bäş günden soň sürgünlere gelenlerinde ummasyz bolup görnen atyzlardaky pagtalaram saýpal tapyp ugradylar. Azalman bu mahala çenli, gör, näçe araba pagtalar ugradyldy. Pagtanyň ikinji ýüzüniň içinden gowy geçildi. Bu ýagdaýy göz öňünde tutup, komendant birki günlükde nan haky üçin jan başyna gündelik ýygmaly pagtanyň möçberini azaldypdy. Barybir umumy talap üýtgemändi. Pagtany entegem her edip, hesip edip ýygmalydy. Bu bolsa daýhançylyga belet adamlarda: “Heý, bu wagta çenlem bir gyşyň içinde pagta ýyglarmy? Bu wagta çenli eýýäm ýerler gowy sürülmeli. Ol gara çolanyp, doňup-derçigip, täze ýylyň ekinleri üçin güýç toplamaly ahyryn. Ýa bularyň şu-da sürgünlere başga edere iş tapman: “Her zat etmeli welin, şulara dynç oturmaga mümkinçilik bermäýin” diýip edýän işlerimikän!?” Henizem komendant ýygymyň depginini peseltmezligi talap edip, az ýyganlaryň üstüne gapan başynda haýbat atyp gygyrýardy: –Nan paýyny kesdirip, aç galjak adam diýerler sizlere. Il-ä ýygýar. Näme ala-böle siziň eliňiz daňylgymy? Pagta, pagta gerek ýurda... – diýip käýinýärdi. Adamlar: “Ertir çynymyzy ederis, ýoldaş komendant” diýşip, onuň öňünde uly günä eden ýaly, boýunlaryny sallaşyp, günäkär bolşup durandyrlar. Şeýdibem, sürgünleriň pagta diýlip, zora tutulmagy entegem dowam ederli görünýärdi. Ýöne adamlar gyşda beýdip pagta ýygdyrylmagynyň sürgünleri zora tutmakdan başga-da, onuň nämedigini bilmeselerem, bir sebäbiniň bar bolmagynyň mümkinçilgini hem çen etmän durmaýardylar. Ýöne onuň sebäbini anyk bilmeýärdiler. Munuň esasy sebäbi diňe “Gyzyl araba” gelen güni belli boldy. Şol günleriň birinde sürgünleriň arasyna şäherden ýörite “Gyzyl araba” medeni-syýasy çäre geçirmäge geldi. Arabanyň her böwrüne ýüzi “Ýaşasyn Stalin!”, “Özbegistan, gazanan uly ýeňşiň mübärek bolsun!” diýen ýazgyly gyzyl matalar berkidilipdir. Soň görlüp oturylsa, Özbegistan pagta planyny uzaga çekdirip, kynlyk bilen ýaňy dolan eken. Şundan soň sürgünleriň näme üçin wagty, biwagty ýok, özlerine şu sowukda pagta ýygdyrylmagynyň sebäbiniň anygy respublikanyň pagta planyny doldurmagynyň aladasy bolanlygy düşnükli boldy. Indi bolsa bu üstünligi respublika telim günden bäri dabara bilen belleýän eken. Sürgünlere gözegçilik edýän komendantdyr esgerler hemişe wagtyndan öň atyzlardan çykanlary öňlerinden çykyp, yzlaryna ekin içine dolaýan bolsalar, olar bu gün hemmeleri geň galdyryp, heniz işden çykar wagt bolup-bolmanka, olary iş ýerlerinden düşelgä çagyryp aldylar. Gyzyl arabada üç adam gelen eken, olaryň biri otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky häzirki zaman lybasly, başy papakly, orta boýly dolmuş adamdy. Ol bu ýere duşuşyga däl-de, haýsydyr bir uly bähbitli işiň başyny tutmaga gelen ýolbaşça meňzäp, ynamly görünýärdi. Gelenleriň ikinjisi başy atynjaly, gözleri buldurap duran, ýüzi açyk egnine galyň Hywa donuň aşagyndan şowurdap duran daraw-daraw ala ýüpek şahy köýnek geýen görmegeý zenandy. Gelenleriň üçünjisi gapjyk bagana telpekli, galyň don astyndan kürte ýaly edip, ýene bir ýeňsiz galyň geýim geýen uzyn boýly gürünýän, hortap, otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky adamdy. Olar adamlar gelip, üýşüşip ugran mahaly kese duran arabanyň aňry gapdalynda ýakylan oduň başynda birnäçe esger bilen rubap-depreklerini gaplaryndan alyp, olary oda çoýup sazlaşdyryp, çykyşlaryna taýynlanyşyp durdular. Sürgünleriň ozalky töweregindäki adamlardan tapawutlylykda olaryň ýüzleri açykdy. Durmuşda hiç bir ünjüsiz dep kakyp, rubap çalyp şady-horram ýaşaýandyklary görnüp durdy. Deprekdir rubabyň tampy-tumpy sesini eşidip, bu ýerde bir hezilligiň boljagyny çen edişip, sürgün çagalary eýýäm gelenleriň töwereginde ýaý berşip, biraz geňirgenme bilen, töwerege syn salşyp durdular. Bular ýurtda respublikanyň pagta planyny dolmagynyň şanyna ýerlere aýlanyp, halk bilen duşuşyklar geçirip, Sowet syýasatyny magtap, nygtap aýlanyp ýören toparlaryň biridi. Bu ýyl pagta möwriti hemişeki ýyllardakydan azaply bolup, ol has hem itiň içegesi ýaly diýseň uzapdy. Şonuň üçinem gijrägem bolsa bu planyň dolmagy hem Moskwanyň talabynyň ýerine ýetirilmegi bolup, diýseň uly zähmet ýeňşidi. Moskwa Orta Aziýanyň pagtasyna diýseň uly üns berýärdi. Munuň gereki önümligi barada gürrüň bolanda halk Özbegistan respublikasynyň ýolbaşçylarynyň biri Ahun Babaýewiň Kremlde respublikanyň ýagdaýy barada maglumat berende, Staliniň Ahun Babaýewiň sözüni kesmek bilen oňa: “Pagta bolmasa, Ahunam bolmaz, Baba-da. Pagta bolsa, Ahunam bolar, Baba-da” diýen belli gepi häli-şindi ýatlanylýardy. Birnäçe görner-görünmez belalary başdan sowmaga mümkinçilik beren bu pagta planynyň dolmagy respublika üçin diýseň uly zatdy. Has dogrusy, bu Özbegistan respublikasynyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýolbars agzyna dolan gara başlaryny sag-aman alyp çykmaklary bolupdy. Nädibem bolsa şatlyk goşalananda munuň lezzet mertebesem üýtgeşik bolýar. Onsoň neneň rubap saýrap, dep kükregine kakyp dabaralanmasyn!? Geljekler gelip, sürgünleriň başy jemlenensoň, ýeňsesine öwrülip, “Gyzyl arabalylaryň” ekabyrydyr öýdülen adam bilen gepleşip, nämäniňdir bir zadyň nokgy-nokgy edip, maslahatyny edip duran komendant hoş habaryň bardygyny mälim edip, sürgünlere tarap öwrüldi. Abşarylyp durşuna-da mähelläniň ýerli-ýerden özüne seredýän soragly nazarlaryna jogap berýän äheňde olara ýüzlendi: –Sürgünler, bir gowy habarym bar. Muny size aýtsam ki, düýnki günde biziň respublikamyz döwlete pagta tabşyrmak planyny abraý bilen ýerine ýetirdi. Moskwa raport berdi. Bu uly üstünlik, uly abraý, adamlar! Şu pursatda sürgünler komendant: “Sizem muňa öz mynasyp goşandyňyzy goşduňyz” diýen ýaly bir hoş söz aýdar diýen tamada bolan-da bolsalar, şeýle diýmek onuň ýadyna düşen-de bolsa, munuň sürgünleri öte mertebelemek boljagyny pikir etdimi nämemi, onuň oturanlaryň tarypyna gep aýdasy gelmedi. Ol bu aýdylaýmaly bolup, ýeri gelende gepiň üstünden gerimläp ätläp, honda geçdi. Soň ol göwresini ýarym aýlaw gapdalyna – myhmanlara tarap öwrüp: “Şu mynasybetli, adamlar, siziň bilen duşuşmaga ýörite aýdym-sazly “Gyzyl araba” gelipdir. Olar size häzir aýdym-saz edip berjek. Ýöne ondan öň ilki syýasatçymyz bar, şony diňläliň!” diýdi-de, öz yzynda halky höwesli synlap duran toparyň syýasatçysyna söz berdi. Ol öz gürrüňini gaty uzaga çekerli bolup, daşdan aýlady. Kimdir birine kapitalistlerden arz edýän äheňde olaryň dünýädäki halklaryň garşysyna hyýanatly işler alyp barýandyklary, köp halatda parahatçylyga olaryň wehim salyp, opurlyşykly alyp barýan betpygyl işleri hakynda aýdyp, dünýäniň dürli künjeklerinden muňa mysallar getirdi. Ýöne kapitalistler nirede näme edýän-de bolsa, azatlygyň mekany bolan biziň SSSR-imize olaryň dişiniň ötmejegini ynam buýsançly belledi. Bir ýerdäki adamlary adamzadyň gününiň durlanmagyny islemeýän, bahyl kapitalistlerden hüşgär bolmaga çagyrdy. Syýasatçy öňünde oturanlaryň üstaşyr pagta meýdanlaryna seredip gürlänligi üçin adamlara ol betpygyl kapitalistler gelseler, şol gowaçalygyň arasyndan çykyp geläýjek ýaly bolup duýuldy. Syýasatçy ýurt içiniň habarlaryna geçen wagty onuň ýüzi öňküden has durlandy, keýpem birhili göterilen ýaly göründi. Ol indi adamlara SSSR-iň artykmaçlyklaryny, üstünliklerini birin-birin nygtamak bilen SSSR-däki durmuşyň kapitalistik döwletlerdäki durmuşdan has gowudygyna, onda halkyň has erkin ýaşap, zähmet çekýänligine, ertirki durmuşyň kommunizm bagtyýarlygyna öwrüljekdigine halky öňünden ynandyrmak isleýäne meňzedi. Magnitka, Belomor kanal, Türksib ýaly uly gurluşyklaryň adyny Sowet hökümetiniň gahrymançylygy hökmünde aýratyn mazamlap nygtady. Ýurda indi beýle görlüp-eşidilmedik üstünlikleriň hemişelik hemra bolanlygyny bu zatlaryň hemmesiniň aňyrsynda bolsa ýoldaş Staliniň hut özüniň pähim-paýhasdyr taýsyz tagallalarynyň ýatanlygyny, eger şol bolmadyk bolsa, bu gowulyklar bolmazdy diýen manyda özüni has wepaly, has janköýer görkezmäge çalşyp gepledi. Syýasatçy bu pursatda öz öňünde sowukdan, horlukdan ýaňa ýüzleri gara ört bolan, gowy zatlar hakynda, şolaryň aňyrsynda özleri hakynda-da bir gowy habaryň barlygyny tama edýän ýaly höwes bilen gürrüň diňleýän adamlary gördi. Olaryň nazarlarynda belli bir derejede aýdylýan zatlardan kanagat tapma-da bardy, näçe diýseň soragam. Şol barmana sürgünleriň türkmenistanlylardygy onuň ýadyna düşeni belli boldy. Ol hut häzir Moskwanyň özüniň tagallasy bilen şeýle tutumly işleriň Türkmenistanda-da barlygyny Garabogaz duz kombinatynyň hem şeýle uludan aladasy edilýän gurluşyklaryň biridigini aýdyp, şondan soň bu kombinat watana her ýyl müň tonna nahar duzuny berer, duz bolçulygy dörär diýen äheňde oturanlara buşlaýan hörpde ýatlady. Dogrudanam, köpi gören syýasatçy ýalňyşmandy. Ol Türkmenistan hakynda gürläp durka özüne ünsüň artanlygyny, adamlaryň gözleriniň tamaly bulduranlygyny gördi. Elbetde, küýsegli Watan ýatlanyldy. Şeýdip alysda Watan ýatlanylsa, onuň täsirem üýtgeşik bolýar. Adamlar Watan demi ýüzlerine uran ýaly ýakymly duýgyny başdan geçirýärdiler. Syýasatçy Sowet döwletiniň tarypyny aýdyp gutaryp bilmän, gereginden artyk gep nokatlana meňzän-de bolsa, onuň Türkmenistan hakyndaky aýdan maglumatlary, türkmenleriň gulagyna Watan ýüreginň gürsüldisi bolup eşidildi, ol şol wagt her bir türkmenistanlylaryň ýüreklerinden aýakýalaňaç ýöremek boldy. Öz hünäriniň abyn-tabyn alan syýasatçy sözüni başlaýşy ýaly ýene-de ony Sowet hökümetiniň tarypy, ýoldaş Staliniň hut özüne minnetdarlyk bilen gutardy. Şahyr Gapur Gulamyň ýoldaş Staline ýazan minnetdarlyk goşgusynyň setirleri bilen dabaraly tamamlady. Azat zähmet çekýär bu gün halkymyz Biz Size minnetdar, ýoldaş Stalin! Biziň ismimizem beren özüňiz. Biz Size minnetdar, ýoldaş Stalin! Adamlaryň, çagalaryň sabyrlary suw bolup, garaşan aýdym-sazlaryna diňe şundan soň nobat ýetdi. Syýasatça arabanyň üstündäki düzüp goýan rubaby alyp berensoňlar, ol nobatyna howlugyp, otda gyzdyryp alan depini eýýäm tap-tup kakyp ugran depçi başyndaky ýüzi haşamly börügini biraz ýeňsä alyp, onuň üstünden ýabantowugyň ýelekleri ýaly owadan ýaglyk atynyp, özüne serenjam berip, has göze gelüwli darsyldap duran gelin bilen üç bolup orta geçdiler. Tizden ýakymly özbek sazyna gatylan mylaýym zenan sesi oturanlary ileri-ileri omzadyp, bada-bat hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Kaşiňiz kara-ow Singa Hal bulaý ora-ow Singa Asla rahmiň gelmeý diýeý-ow, janym Hal bulaý arow Singa. Ýürekden joşgun bilen gaýnap çykýan ýakymly aýdym ýas-ýaňy bolan Watan ýatlanylyp edilen syýasatly gürrüňden soň, joş berip ugran teýli nahardan soň isläp çaý içen ýaly, diýseň lezzet berdi. Sürgünler şu pursatda durmuşyň hezili artan ýaly bolup, nädip bu ýerlerden gelip çykanlaryny hem unudyşyp, aýdym-sazyň dünýäsine berildiler. “Singa” atly bu aýdymyň söýgi aýdymydygyny özbek diline doly düşünmese-de bilmek kyn däldi, aýdymda iki juwanyň birek-birege hyrydar kalby joş urýardy. Nezenin gyzyň näz-kereşmesi bilen göçgün alýan aýdym bolsa barha süýjeýärdi. Ahyram hemmeleriň isleýşi ýaly, aýdym gyzyň ýigide bolan pyhnan söýgüsiniň üstüniň açylmagy, ýigidiň toý şaýyny tutubermeginiň belli bolmagy bilen tamamlanylýardy: Küýzde plan toýunga, ow, Toý goşular toýunga! Aýdymçy gelin öňem-ä adamlaryň arasyna wagtal-wagtal kimdir birini tanajak-bellejek bolýan ýaly gözlerini oýnakladyp, näzli nazaryny aýlasa aýlaýardy welin, haçan-da ol ýalta ýygymçy hakyndaky aýdymy aýdanda onuň belläp, Orazgylyjyň oturan ýerine göz güldürip, gaş kakyp, intizar seredýänligi belli boldy. Eýýäm mylaýymdan saza goşulan ilkinji aýdylan aýdymlar oturanlaryň ünsüni özüne bendi etdi. Olar aýdymlary hamala biri-birlerine basdaşlyk edýän ýaly, ýerli-ýerden oňa ses goşuşyp, deprekçidir rubapçy gelin bilen üç bolup, seslere ýaň berip aýtdylar. Bu aýdymlarda bagtyýarlygyň mesgeni bolan Sowet döwleti, häzirki döwürde Sowet döwletine baş bolup, ony görlüp-eşidilmedik bagtyýarlyk mesgeni kommunizme alyp barýan ýoldaş Stalin wasp edilýärdi. Zenan öňe saýlanyp, ýeňil, tans edip, aýdym aýdyp ugranda tomaşanyň şüweleňini has-da artdy. Ol derçigip barha-da aýdymdan aýdyma gyzyşdy. Soňabaka onuň aýdymlarynyň labzy şeýlebir süýjäp, şagalaň tapyp ugrady welin, hemmeleriň şol pursatda onuň ertekilerinde eşiden häzirki şondan çykyp gelen dünýäni ank eden ussat aýdymçydygyna ynandylar hem kyn günlerinde şeýle gowulyga özleriniň ýüzi düşenleriň biridigine begendiler. Aýdymçy gelin pyrlanan wagty köýneginiň etegine ýel dolup, ony bir ajaýyp täsin güle öwürse, ýene birde näz-kerişmeli oýnaýan gollar, halatly gözleýän gözler, gümmezekleşip duran galgyn sagrylar ony: “Gör, men nähili näzenin!? Meýliň bolsa, al meni, şonda aýdymy hezil edip, bile aýdarys” diýip, özüni güjeňleýäne meňzedi. Bu pursat has-da oturan erkek adamlaryň arasynda süýji oý-hyýallar döretdi. Olar gelni ýerli-ýerden hezil tapyşyp höwesli synlaşdylar. “Bä, heleý-ä heleý jan eken-ow. Wah, bir gijejik şunuň dal sagrysyny ýassanyp bolaýsady, şonda göwünde zerre arman galmazdy...” diýşip, süýjüden-süýji arzuw-islegler bilen ümürleşip arzuw çekdiler. Hamala oturanlary özüne ymtyldyryp-gyjyndyrany bilen ýaş gelniň aýdym-tanslary şundan soň hasam beleň aldy. Orazgylyç adamlaryň orta gürpünde bilinden çözüp, aşaga düşelen çöp-çalamyň üstüne ýazan partygynyň üstünde palaw başynda oruran ýaly aýbogdaşyny gurup, ornaşykly otyrdy. Şol barmana-da ortada aýlanyp, aýdym aýdyp, uçjak guş ýaly pasyrdap ýören gelniň Orazgylyja synynyň düşenligi belli boldy. Bu göwün kelamy näme düşünip bolýarmy, eýsem? Ol silkme telpegini bir dyzyna geýdirip, jambörükli oturan syratly ýigide onuň mähri gidip, hyrydar bolan bolmagy-da gaty ahmal. Has dogrusy, onuň aýdym üsti bilen soňraky degişme äheňli hereketleri hem adamlara “Bu gelniň-ä ýigidi sulhy aldy öýdýän” diýdirip, şuňa meňzedi. Aýdymçy gelin “Ýalta” atly degişme aýdymy aýdanda onuň Orazgylyja bolan garaýşy has-da anyklyk tapan ýaly boldy. Indi ol her gezek aýdymyň gaýtalanmasyny aýtmaga gezek gelende aňyrdan şol gelşine özüni erkek adamlaryň oturan ýerine: “Gapyň meni!” edip zyňarly bolup gelýärdi-de, olaryň iki ädimligine ýetip-ýetmänem, ýene-de badyny saklap, köpüň arasyndan Orazgylyjy aýratyn dikanlap, hut bu gepiň oňa degişlidigini nygtaýan ýaly goluny oňa uzadyp, aýdymyň gaýtalanmasyny hyruç bilen sanady: Wah, bagrym ýakdyň, sen ýalta, Ýyg bolmanda bir halta! Aýdymçy gelin her gezek şeýdip golaý gelip, köpüň arasyndan aýratyn Orazgylyja tarap gol uzadyp, aýdymyny nygtamagy munuň bir çöpüniň barlygyny pikir etdirip, töwerekde dörän şübhäniň bat almagyna sebäp boldy. Orazgylyjyň özi bolsa aýdymçy gelniň özüniňem aýdymyna gatanyny duýansoň, egnini gysyp, hiç zada düşünmeýänligini mälim edip, hamala gizlin syry açylan ýaly uýalyp aşak seretdi. Şeýdibem, gelniň bu hereketiniň oturan adamlarda aýdymçy gelindir Orazgylyç bilen baglylykda gümürtik pikire itergi berdi. Orazgylyjyň gapdalynda oturan Nuretdin gelniň oňa seredip, gol salgap boluberşini görüp, gelni höwesli synlap pyşyrdady. “Şu gelniň-ä saňa syny oturan bolmaly, gör, onuň gol salgap, dili bilen bir zat diýip, senden gözlerini aýyrman, oda-köze düşüp, şaňňyrdap boluberşini!” “Göwnüňedir” diýip, Orazgylyç başyna atyljak bolunýan güman halka mümkinçilik bermezlige çalyşdy. Oturanlaryň jalaýraklary bolsa özleriniňem ol gelne göwünleriniň gidenligini gizläbem durman, gelniň beýdip özi ümlänsoň, nähili-de bolsa bir ýol bilen onuň bilen duşup almalydygyny, Orazgylyja hökmany töwekgelçilikli, batyrgaý, soňuny saýman aýgytly herekete edilmelidigini maslahat berdiler. Aýdymçy gelniň duýdansyz üstüne owsun atmasy töwerekde dürli gep-gürrüňleriň döretmegi Orazgylyjy oýlandyryp, gaýta öňküdenem beter uýaldyrdy. Sebäbi aýdymçy gelin aňyrdan tans edip dyzanyp gelip, gol bilen salgap, özüni görkezip ugran wagty ol munuň bolşuny özüniň geçmiş, bu toprak bilen bagly ata-baba garyndaşlaryny ýatlap, gelniň özüniň ilen-çalanlaryna çalym berdirip, haýsydyr bir ýakynlyk tapanlygyny çen edipdi. Käbir halatlarda damarda akýan garyndaşlyk ganyň bir-birini syzmak häsiýetiniň barlygyny pikir edip, bu gelinde şol bilinmeýän ýakynlyk bolaýmasyn diýibem çen edipdi. Buhara eteginde garry atalary Muhammetgylyç serdaryň bir döwürde gala dikip, emir hezretler töwereginde abraý mertebeli adam bolup ýaşanlygyny, onuň başga milletden bolan aýallarynyň, esasan, şu galada ýaşap, olardan önen nebereleriniň hem şu öwrä siňip, “Duza gaçan duz bolar” diýlişi ýaly, şu halklaryň arasyna siňendiklerini ýatlapdy. Aýdymçy gelnem hut şularyň biri bolmagy gaty mümkindi. Ony görensoň gelip, aýdymy zarynladyp, böküp-oýnap, dyzanyp öz haly bilen-ä bolmady. Gan syzan bolmaly. Asla Orazgylyç özleriniň özbek topragyna getirilenleri bäri özi-de munuň sebäbini bilmezden, şeýle gan düşer ýakyn garyndaşlygyň barlygy bilen bagly nireden peýda bolanlygy belli bolmadyk alasarmygrak sowal baryny döredýän pikirleri başdan geçirýärdi. Hatda oňa Tursunbaý ekedir onuň hatynynyň Aganazardyr Ahmediň tötänden baranda, olara eden ýagşylyklarynyň hem aňyrsynda-da şol gan bilen bagly bir alamat bar ýaly bolup görünýärdi. Bir mümkinçilik bolanda olara gidip, taňryýalkasyn aýdyp, ýakyndan tanşyp gaýtmagy arzuw edýärdi. Hatda ol Tursunbaý ekäniň gyzlarynyň känligini eşidende aýalyna “Hany ogluň bir ulalsyn, onýança gyzlaram ýetişer, onsoň şol gyzlaryň birine gudaçylyga baraýarys” diýip, gowy günlere göwün ýüwürdipdi. Gyşyň içinde “Gyzyl arabanyň” şeýdip gelmegi sürgünlere özbek halkynyň şirinden-şirin aýdym-sazlaryny diňläp, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen tanslaryny synlamak göwne ganat beriji ýakymly boldy. Olar hossar tapylyp, arkalary alnan ýaly, diýseň ýakymly pursady başdan geçirdiler. ...Adam hi bolmanda öz ykbalynyň birki depik öň ýanyny görüp bilýän bolsady... Orazgylyç “Gyzyl arabalylar” hoşlaşyp gidenlerinde soň olar bilen bir wagt duşaryn öýtmändi. Asla kellä gelen zat hem däldi. Emma Orazgylyç şondan iki ýyla golaý soň Daşkent türmesine getirilip, üç aýa çeken surnukdyryjy soraglardan soň, şol ýerde bularyň biri rubapçy syýasatçy bilen tötänden gabat gelişdi. ...Şol gezek Orazgylyjy nobatdaky “Togalalymy, tegeläli!?” edilýän üçlükleriň soragyndan soň öňki oturan kamerasyna ertmän, gaýry bir kamera eltip dykypdylar. Bu kamera “togalamaly” edilenleriň öz togalanjak nobatynyň gelerine çenli saklanylýan soňky kamerady. Ýenjilip getirilip dykylan Orazgylyç şol ýykylan ýerinde hereketsiz bisalym ýatansoň, adam seslerini eşidip, töwereginiň özi bilen gyzyklanýanyny duýdy. –Turubermedi-le? –Eýin-ä ýetiripdirler... –Olaryň aýap goýýan adamsy barmy!? –Bar, agzyna nem çalyp gör! Birazdan ony birki adam itenişip, ortadan diwara tarap çekdi. Üçünji birem onuň ýüzüne aýasyny aýlap alyp, janyny anyklansoň, agzyna suw tutdy. Onuň şindi aýatda diridigi belli boldy. Orazgylyç özüne gelip, alagaraňky jaýa gözi öwrenişensoň, kamerada özünden başga ýene-de bäş-alty adamyň bardygyny gördi. Olaryň içindenem biri öz gapdalynda diwara arkasyny berip oturan soraşylyp-ideşilip oturylsa, bir görlen tanyş bolup çykdy. –Sen nireden? –Türkmenistanly. –Düýnem bir türkmeni, bir özbegi, iki buharlyny mundan alyp gitdiler... –Eri, sen nädip düşüp ýörsüň bu ýerlere? –Nesibe çekendir-dä. –Hawa-la, aňyrsa şoldur-la. –Bizi birki ýyllykda Özbegistana sürgüne getirdiler. Üç-dört aý öňem soragdan gizlän etmişiň bar eken diýip, işläp ýören ýerimden tussag edip alyp gaýtdylar. –Hä, sürgündäki türkmenlerden diýsene. Birki ýyllykda agitbrigada bilen bizem olaryň arasynda bolup gaýdypdyk. Özbek adamsy şu gepi aýtdam weli ony nirede göreni dessine Orazgylyjyň ýadyna düşdi. Bu şol öz öňlerinde çykyş edenleriň ýolbaşçysy halkyň öňünde ýeri gelse, gelmese häli-şindi Staliniň üstüne alkyş ýagdyryp, syýasat edip duran adamdy. Orazgylyç Sowet hökümetine beýle wepadarlyk bilen hyzmat edýän adamyň tussag edilmegine gaty geň galdy. –Syýasatçy aga, siz dagy nädip bu ýerlere düşüp ýörsüňiz? Ol ilki jogap beresi gelmeýänini mälim edip dymdy, soňam birhaýukdan: –Bularyň ahyrsoňunda sylap goýjak adamlary ýokdur–diýip ahmyrly gürledi. Janyndan ileri görýän balalaryny ýatlady öýdýän, soňam hyrçyny dişläp, başyny sallap, sessiz aglady. Bu onuň garamaňlaý syýasatçydan eşiden iň soňky sözi boldy. Şol gün gijara at okap, ýene-de iki adam bilen ony-da alyp gitdiler. Bu syýasatçynyň görüp-bilip, hyzmatynda bolup, Sowete beren iň soňky bahasy boldy... Nobatdaky gar özüniň ýagmagyna köp garaşdyrmady, ýogsam ozalky ýagan garyň dört-bäş gün içinde şatylama sowuk gar akarady sowlup, Gün çykyp, ýerler çalygyp, günler ýaza sanyp ugran ýaly bolupdy. Beýle gurugançylykly günler, onda-da gyşyňam tüýs örküjinde uzak bolmajagy, elbetde, bilinýärdi, ýöne gurugançylyk, ýyly küýsegli sürgünler ýagty, mylaýym günleriň mümkin boldugyndan uzagrak bolmagyny isleýärdiler. Şeýle bolanda olara ykbal, nesibedäki bar bolan bu selhä-selli, ýazylganlyk bermeýän bu gaty durmuşyň-da üstünden ätläp ötüberjek ýaly islegli göwünýüwürtmeleri başdan geçirýärdiler. Emma sürgünler durmuşynda belli bir derejede iş edilip, wagt geçen-de bolsa, ýene-de oňly üýtgän zat bolmandy. Öňküsi ýaly henizem garadaň bilen atyzlara dolunyp, pagta, körek ýygylýardy, amatsyz durmuş şertiniň, iýmit ýeter-ýetmezliginiň derdi hem şol öňküdi. Respublika dagy pagta planyny dolansoň, indi onuň ýygymyna boldy edip, indiki bähbidi geljek ýylyň hasylyndan gözlemeli ýalydyram welin, ýöne muňa düşünýäniň ýok bolşy ýaly, düşünesi gelýänem ýok ýaly görünýär. Plan meselesinde respublika ýolbaşçylary Moskwanyň şatysyna çydaman, wagtyndan öň dolmadyk planyny dolan hökmünde görkezip, indem bilniksizden pagta ýygymyny dowam etdirip, onuň ýetmeziniň üstüni dolup, gizliginden osurdym-basyrdym edilýäne meňzeýärdi. Tebigatyň özi bir ýol tapyp, sürgünleriň derdini egsäýmese, hökümet-ä özünden bilip, ýygymy indi bes ediň diýerli däldi. Muňa seretmezden, körek, übtük takma-tukma tapylyp, günde-günaşa diýen ýaly bir araba, iki araba pagtabaza ugradylyp durulýardy. Sürgünlerem nan haklary üçin henizem pagta yhlaslydylar, olar “Zat zaýa bolup, ýere siňip gitmesin” diýip, pagta aladasyndadylar. Sürgünleriň iş-pişe ýagdaýlarynyň üýtgemeýşi ýaly, olaryň saklanyş hak-hukuk meselelerinde hem üýtgän zat ýokdy. Olar komendantdyr onuň ýaragly esgerleriniň gözegçiligi astynda bendilikdäkileriň hukugynda ýaşaýardylar. Şäherden ozalky ýerden göçülmeginiň öňüsyrasynda gelen iki wekiliň biri gitse-de, onuň ikinjisi welin näme üçindir gider ýerde gitmändi, asla giderli hem däldi, ol uzakly güni ýygymçylardan onuň-munuň ýanyna baryp, atyna, eýer-jylawyna serenjam beren bolup ýördi. Adamlar ilki ol gider ýerde gitmänsoň, ony komendanty çalyşmak üçin ýokardan ýörite iberilen adamdyr öýtdüler. Her gezek komendant atlanyp, batlanyp şähere gidende onuň gaýdyp gelmezliginiň ahmaldygy çen etdiler. Dogrusy, öwrenişilendenmi gygyryp käýinse-de, onuň edýän uly hyýanadynyň ýoklugyndanmy nämemi sürgünler onuň gitmegini isläp-de barmaýardylar. Onuň ýerine niýetlenilendir öýdülýän ümsümden kümsük wekiliň öňki komendantlary ýaly bolmajagyny pikir edýärdiler. Şonuň üçinem her gezek komendantyň gidip, üç-dört günden dolanyp gelmegi sürgünlerde kanagatlanma duýgusyny döredýärdi. Näme üçindir bu düşnüksiz adam dyzanyp, dawa-şer tutup ýörmese-de, oňa sürgünleriň syny oturmazdy. Ol bir hili sürgünleriň yzyny aňtap, ahmallyklaryna garaşyp, şonda alyp ýataryn diýýän ýaly düşnüksizden pikirli görünýärdi. “Gyzyl araba” gelen güni dagy halky her tarapdan synlap, ol hasam hüşgärlenýän ýaly bolupdy. Geplemän diýen ýaly ähli bolýan gep-gürrüňleri diňlemedikden bolup görünse-de, üns bilen diňleýärdi. “Gyzyl arabalylar” bilen sürgünleriň alyşýan sorag-jogaplarynynyň, gatnaşyklarynyň tebigatyny synlaýardy. Syýasatçy Türkmenistanda gurulýan Garabogaz duz kombinaty hakynda aýdanda, ol gyzyklanyp gapdalyndan Orazgylyjy siňňin synlapdy. Onuň özüne çiňňerilýänine şonda Orazgylyjyňam bir gezek ünsüne düşüpdi. Ýöne özünde müýn duýmaýanlygy üçin, oňa aň etjek hem bolup durmandy. Onsoňam dünýäni sarsdyryp beýle hezillik bolup durka, munuň ýaly hele-hüle zatlar kimiň ünsüni sowýar?! Ýogsam ol bu wekiliň oňa-muňa baryp, nämedir bir zatlar ysyrganýanlygyndan eýýäm az-owlak habarlydy. Özüni göz astyndan mahal-mahal onuň synlaýanyny-da görýärdi. Ýöne şonda-da ol özüne, maşgalasyna soňra kesti ýetjek nähilidir bir maksat tutýandyr öýtmeýärdi... Şol günem biraz nan hakyny artygrak almagyň ugruna çykan Nuretdin bir çeträkde bir özi haýdap, pagta ýygyp ýördi. Ol işine gümra bolup ýörşüne wekiliň nähili ýanyna gelenini hem duýmanam galdy. Wekiliň gelmegi bilen ünsüni bölüp, elini işden sowatmagyny halamasa-da, onuň baş atyp beren armasyny ilgeziklik bilen aldy. Ýaş tapawudynyň barlygyny ýatlap, işinden baş göterip, oňa salam berdi: –Salawmaleýkim, wekil eke! Wekil aleýik alansoň, tanajak bolýan deý ony siňňin synlady-da: –Sen Nuretdin dälmi? – diýip, çintgäp sorady. Onuň hälki ötüp barýan bolman, özüni sorap ýörite gelenini bildi. –Hawa, ýoldaş wekil eke. –Onda seniň adyň diniň nury diýmek-dä? –Bolsa bolýandyr, men-ä şoňa ünsem bermändirin. Emma atamyzyň dakan ady-da... –Üns bermeseňem, din-namazhonlyk bilen bagly adyň-a bar seniň. Onda diýmek, ata-eneňem dinhon adamlar-da? –Olar älemden ötdüler, ýoldaş wekil eke.. –Hä, hüm-m... Nuretdin birbada näme üçin wekiliň adynyň manysyny tirip, bu zatlara gyzyklanýanynyň sebäbine düşünip bilmedi. Ol entek wekiliň şeýdip, özüni ýürege gul-gula salyp, amadyna getirip, boýnuna emel halkasyny atyp, ony öz peýdasyna gerek ýerinde ulanmakçy, ele almakçy bolýanyndan entek habarsyzdy. Onuň haýsydyr bir maksat bilen däl-de, iş üstüne gözegçilik edip aýlanyp ýörkä tötänlikde bolan duşuşykdygyna hem ynanýardy. Şeýle-de bolsa onuň şol hörpde öz gepini dowam etdirmegi onuň ünsüni çekdi. Ol öz ýanyndan: “Bu nä maksat tutýarka ýa-da menden tersçil ýasamak isleýärmikä, nirede men muňa beýdere sebäp berdimkäm?” diýip, aljyraňňylyga düşüp, alada galyp ugrady. Onuň ýeneki soraglaryna özünde müýn duýmaýanlygyny aňdyryp, seresap jogap bermäge çalyşdy. –Namaz okaýarmyň? –Öň okaýardym, indi okamok. Mekdep okuwyndaky Sowet mollanyň, diniň adam üçin zäherli tirýekdigine düşündirdi. –Şu ýere gelenlerden kimde “Gurhan” bar? –Ony bilmedim, ýoldaş wekil eke. –A, sen biljek bol şony! Kimdir birinde bolup, käte okalýandygy barada bizde maglumat bar. Indi şonuň kimdigini anyklamak gerek. Nuretdin wekiliň başa syrtmakly halka atmakçy bolýanyny aňsa-da, sebäbini diňe häzir belli bir derejede düşünip, onuň şübhesiniň özünde däl-de başga-başga ýerlerdedigine şükür etdi. Başyndan bela sowlan ýaly ýakymly duýgyny başdan geçirdi. Wekil şu pursatda ýigidiň alasarmyk halyny ezberlik bilen ulandy. –Sen biljek bol. Şeýle zatlaryň üstüni açmaga kömek etseň, bizem seniň gadyryňy bileris. Seniň durmuşyňy gowulanmagyna mümkinçilik derederis. Nuretdin: “Aý, men ony oňararmykam!?” diýip, näme edende gowy boljagyna göz ýetirip bilmän ýaýdandy. Onuň bu halyny görüp, wekil ýene-de gep suňşuryp, öz matlabyny berkitdi. –Sen başararsyň. Bu ýerde asla başaryp-başarmaz ýaly zadam ýok. Sen Sowet hökümetini ýigrenýän dälsiň-ä? –Ýok, ýok, ýoldaş wekil. –Onda başararsyň. Biziň diýenimizi ediber, özüňe, maşgalaňa gowy bolar... Nuretdine wekil ezberlik bilen degerli gepleri öňüne dolap, dartgy-çekgä salyp duransoň, ýuwdunyp ýüke gelenini hem duýman galdy. Wekil gidende oňa: “Şol “Gurhan” tapylsa, Gadyryň, Orazgylyjyň, Berdimyrat şyhyň töwereginden tapylar, şolary gözden salma” diýip, ugur hem salgy berip gitdi. Şu gürrüňçilik bolan güni nan paýlananda Nuretdine 200 gram nan artyk berildi. Ümsüm wekil bilen bu bolan gürrüňden soň Nuretdine onuň kimdigi anyk belli boldy. Şundan soň ol hamala jadylanan ýaly onuň saýrykdyryp agzan adamlary hakynda nähili böwrüni diňläp, oýlanyp ugrandygyny hem duýman galdy. Ol üçüň biri Bäherden şyhlaryndan bolup, özüni pygamber-sahawalaryň biriniň neslinden hasaplaýan, "Gurhany" özüne özgelerden has ýakyn tutýan Berdimyrat şyhdy. Ol gizlin namazam okaýardy, “Gurhan” aýatlarynyň köpüsini ýatdanam bilýärdi. Ümsüm wekiliň agzan ikinji adamsy Ýaran-Ýapbow diýilýände hem şol gözlenýän “Gurhanyň” bolmagy mümkindi. O-da adamlar bilen gümür-ýamyr edeninde hem hemişe burnuna salyp, “Gurhan” sürelerini aýdardy. Gezip ýören ýerlerinde hem ol süreleri gaýtalamagy gowy görerdi. Ýöne ol ady tutulanlaryň içinde olardan ýaşy hem kiçiräk Orazgylyjyň nädip bu şübheli sanawa düşenine ol düşünip bilmedi. Nuretdin Orazgylyjy iş başarjaň, guramaçy, adamlar bilen dil tapyşyp bilýän janypkeş adam hökmünde tanap ugrapdy. Nuretdin ilki bu meseläniň haýsy tarapyndan barjagyny bilmän, oýurganyp birbada ýaýdandy. Şeýdibem ol ümsüm wekiliň ýüpüň bir ujuny goşaryna sarap, onuň syrtmakly tarapyny soňra islendik wagt çekip almak üçin, öz boýnuna atanyny bilmänem galdy. Ümsüm wekil, has dogrusy, Orazgylyç bilen “Gyzyl araba” gelip, Garabogaz duz agzalyp, Orazgylyjyň hem geçmişde uly duz eýesi bolandygyndan habar berýän şahsy şildindäki okan maglumatyny ýadyna salansoň, ýaňyrakdan bäri başlanypdy. Ol ýerde bolsa ozalky soraglarda kimdir biriniň onuň duzçulyk edenini “Duz zawodynyň eýesi” diýip ýazan maglumaty bardy. Ümsüm wekil onuň bilen ilki tanşanda hem obada nähili öndürijilikli duz zawodynyň bolup biljek-bilmejegine aň etmegiň ýerine “Eziji synpyň wekili eken, munuň üçin, gör, näçe ýüz adam bilini büküp işländir” diýip pikir edipdi. Ýygnakda duzdan gürrüň çykmasy bolsa şol köpäp barýan köne ýaranyň täzeden kesmeginiň goparylmagy bolupdy. Ümsüm wekiliň birhili özüne tarap syrly gözleýänini bir öwrümde Orazgylyjyň özi-de görüpdi. Onsoňam aýdymçy gelin aýdym aýdyp, tans edip: “Bagrym ýakdyň sen, ýalta” diýip, öz syny oturanyny mälim edip, gol salgap, sen diýip görkezip durkan kim oňa seretmändi!? Şol pursatda töwerekdäki aýdymdan hezil tapyşyp oturan ähli adamlar gelniň gol salgaýan ýerine – Orazgylyja tarap geňirgenişip, syrly-syrly, soragly gözleşipdiler. Wekil bilen komendant ýekerä¬k galanlarynda öňem sürgünler barada pikir alyşma hökmünde gürrüň ederdiler. Bu gezegem olar ikiçä¬k galanlarynda şeýleräk gürrüňler etdiler. Bu gürrüň wekiliň komendanta: –Sen şu birinji brigadaňa brigadir edip goýan adamyň bolşuna üns berý-äňmi? –diýen soragyndan başlandy. –Men-ä¬ aýratyn bir üýtgeşiklik göremok… –Içgin synlamasaň bilmersiňem. Kulag-a bular, sä¬hel gowşatsaň, gün-günden ersip, dokuzyny dolduryp barýandyr görseň. –Orazgylyç Kymyş ogluny ýolbaşçy bell¬äp, men¬ ýalňyşmadymmykam diýýä¬n, ol iş-ä başarýar, özi-de işeňňir adam, adamlaryňam dilini tapýar. Ýolbaşçylaryny özlerinden goýanmyzsoň, işjeňlikleri artaýandyr görseň olaryň. –Hawa, gowulaşdy. Ýöne biz sähelçe bähbit üçin Sowet hökümetiniň duşmanlaryna öz aramyza aralaşmaga hiç wagt mümkinçilik bermeli däldiris... –Ylalaşýan, ýoldaş Ynoýatow. Ýöne men soňky döwürde sürgünleriň işjeňlikleriniň artmagynda Orazgylyç Kymyş oglunyňam täsiriniň az däldigini aýtjak bolýan. –Şol bir wagtda onuň talabam ösüp barýandyr –diýip, wekil ony bir zat üçin şübhelenýänini, ol barada öňki pikirinde galýanlygyny erjellik bilen ýene-de nygtady. Onuň “Çagalara berilý¬än çörek haky-da artdyraýsaňyz, aç garna olara-da gyşyň öňünde durmak kyn bolýar” diýip, ýüz tutup gelenini aýdan maňa özüň dälmi, eýsem? Ine, şuňa, ýoldaş komendant, talabyň başlanmagy diýilýä¬r. –Talapmykan? Ýöne aýdylan haýyş bolaýmasa… –Bu kulaklar hiç zady ýöne aýtmaýarlar, soňunyň hökman bir çöpi bolaýmalydyr… Sä¬hel gowşatsaň, bularyň gepi, talaby artyp gidip barýandyr. Bularyň kulakdygyny, eziji synpdygyny men ýene-de bir gezek aýdýan, biz hiç mahal unutmaly däldiris. Seniň bu brigadiriň dagy öň hut öz duz zawody bolan baý ahyryn. Gör, nä¬çe adam bil büküp, onuň üçin işländir. Muňa eziji synpyň wekili diýmä¬n, eýsem, n¬ähili atlandyrarsyň? –Dogrudanam, onuň isleg-höwes-ä¬ artyp barýar. Bir gezek ol maňa “Ediljek iş daýhançylyk bolsa, bize bir ussahana-da gerek bolar, ýogsam orak, pil edinmek, olary saplap taplamagam uly alada. Bizde “Är işlemez, gural işl¬är, bütin-ýartyny uran işlär” diýen bir gep bar” diýdi. Men: “Bütin-ýartyň näme?” diýemde bolsa ol “Bütinim-ä bütin çörek, ýartymam onuň üstüne ýene bir goşmaça, has gowy işletjek bolsaňyz, berýän çöregiňiziň möçberini köpeldiň!” diýen hörpde hem ol bir zat diýipdi– diýip, komendant Orazgylyjyň il aladasynda bolma bilen aýdýan gepini ýatlady. Wekiliň aýdany bilen belli bir derejede ylalaşyp, oňa per berip ugranyny mälim etdi. Şonda wekil: “Bu kulaklarda oýun kändir diýip aýtdym-a men” diýip, gepi hakykada öwrülip barýan ýaly hasam öjügipdi. Bu gürrüňi şol pursatda çertegiň daş ýüzünde oturan, ýakynda hatçylyga alnan sürgünleriň biri eşidipdi. Şeýdibem, ol sürgünleriň gulagyna ýetip, wekilden bolan gorkyny has-da artdyrypdy. Sürgünlerden hamala ary bar ýaly barha bilniksizden ýerasty bilen öjügýän wekiliň hiç kime nebsi agyryp, gowusyny etmejegini pikir edip, ondan eýmenipdiler. Belki, bu gepler hem hälki gep arasynda aýdylan zatlaryň biri hökmünde öz-özünden galyp, unudylyp gitse-de giderdi. Ol bu sözi aýtsa-da, şol wagt bada-bat kimdir birini yzarlaýyn, sykyjyga salaýyn diýmändi. Sürgünler bilen käbir zatlar ylalaşyp ugrana-da meňzeýä¬rdi. Emma bu juda beýle-de däl eken... Ýylyň ahyrynda, sürgünleriň bu ýere getirilenine bir aýdan gowrak wagt geçensoň, ikinji gezek agyr gar güpläp düşdi. Daş-töweregi dyzdan gara gömensoň, pagta ýygmak baradaky talap ýatyşypdy. Adamlar şu günlerde öýdeçilräk, ot-ojaklaryň töwereginde bolşup ugrapdylar. Ýygylaýmaly bolanda hem indi atyzlarda-da üýşüp ýatan öňki pagta-da ýokdy. Sürgünler alynmaly pagtany zaýaçylyga galdyrman, gyzgalaňly hüjüm edişip, aranlaryna, ýadanlaryna, aýazyna, garyna seretmezden alypdylar. Muňa bu ýerden telim tonnalap alnyp gidilen pagtalar şaýatlyk edýä¬rdi. Hatda sürgünler onuň sowuk uran köreklerini hem çigit çigitlän ýaly, öýlerine getirip, gijelerine ojak başynda çakypdylar. | |
|
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |