15:34 Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy | |
* * * Meýdanlarda her gün ýere lagambir gyraw düşüp, onuň çygy galan ekin-dikinleriň, ot-çöpleriň, üstüni şalpy-şaram ederdi. Ekin-dikiniňem hasylynyň köpüsi indi esli mahaldan bäri atyz-çillerden çykyp, gawun, näş, noýba, şaly bolşup, öýlere, küme-bassyrmalaryň aşagyna çekilişip ýördüler. Ene towugyň bir howpuň ýetip gelýänini aňyp, jüýjelerini ganatynyň astynda gizleýşi ýaly, bu güýzüňem öz miwelerini çem gelen ýerlerde gyşyň gazabyndan gorap gizleýän döwrüdi. Meýdanda esasanam töweregiň iş-aladasy bolup pagta galypdy. Telim ýüzi ýyglyp alnan-da bolsa, meýdanda henizem onuň bereket-akaraty ýetikdi. Üç-dört günlükde gije bolan agyr aýaz şatladyp urany bäri bolsa, çig köreklerem açylyşyp, pagta berekedini ýene-de artdyrypdy. Sowet hökümeti türkmenler ýaly pagtany pygamberimiziň eý gören ekini diýip, mertebelemeýän-de bolsalar, bu ekine gezek gelende olaryň işdäleri-de üýtgeşikdi. Ol “Pagtaň ýeke übtüginem zaýa etmeli däl” diýip, henizem halky pagtanyň içinde aýlap ýördi. Gazanjagyny gazanyp, aljagyny alansoňam onuň adamlar barada garaýşy bardy. Adamlary surnukdyryjy zähmet bilen başagaý etmelidi. Galyberse-de, Orusýetiň äpet aždarha bolup, erteniňi ýuwdup ýatan dokma fabrikleri bardy. Hemişe pagta her kimiň hojalygyň özüne tagallalyk bolany üçin hasylyny ýygnap boldumy, übtük ýenekisine göz dikip durman, çöpüni çapyp, atyzdan çykaryp, ony «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür" edip, sürüp, şüdügärleme bilen bolardy. Galak-gaçak übtük-körek üçin hiç kimiň ýeriniň sürümini gijikdiresi gelmezdi. Araky şatlama sowukdan soň ýene-de güýz özüne gelýän ýaly bolup, telim gün ýüzüni nikaplana dönen Günüň hem indi ýene-de hoş habar eşideniňki ýaly ýüzi ýagtyldy. Her gün ir bilen hamala gan-kokuň arasyndan sogrulyp gaýdana meňzäp, bir gujak bolup gyzaryp dogýan Gün bu günler öňkülerinden buýsançly görnerdi. Asmana göterildigiçe ol daşyndaky gan-koklardan sabap, dünýä-de öz täsirini barha artdyrmak bilen bolardy. Şonuň üçinem bu günler howa ýaz günlerine berimsiz açyk hem salkyn bolýardy. Ertiriň alagaraňkysynda gelip, pagtaly atyzlara dolan aýal-gyzlaryň birnäçesi Gün ýagşy göteriljek belentligine göterilip, ýeri gyzdyryp ugransoň, öz ýanlary bilen getiren kömekçi çagalaryny hem alyp, günortan çaýyna çykdylar. Bu öwrede ekerançylyk arasyndan geçýän ýoldan uzak bolmadyk aralykda bili bir gujak hellewläp oturan aşagy kölegeli bir biten tut agajy bardy. Töwerekde işleýän adamlar yssy günlerde şu tuduň aşagynda düşlemegi gowy görerdiler. Nädip beýle bolýanyny bilmeseler-de, adamlar şu golaý-goltuma gelseler, baryp onuň aşagynda çaýlap-suwlaýanlaryny kem görmeýärdiler. Tuduň düşündirip bolmaýan täsin özüne çekiji häsiýeti bardy. Onsuzam golaý-goltumda Ýeketut ady bilen belli bolan bu tuduň öwresi gyşyn-ýazyn parhy ýok, ýylyň ähli döwürlerinde-de adamsyz bolmazdy. Mallaryny eňňerä aýlap ýören çopan-çoluk gelerdi, ötegçi ýeneki gelerdi, garasaý, aňsat onuň aşagy boş bolmazdy. Hasam barmak ýaly tudanalar gyzaryp bişende, onuň töwereginiň mähellesi köp bolardy. Çagalar topar-topar bolşup, obadan bu ýere ýörite tudana iýmäge gelerdiler. Şol günler Ýeketut diňe bir tudana getirmän, şahalaryndaky jammyldaşyp oturan çagalary hem miwe hökmünde getirene dönerdi. Mundan başga-da bu tuduň oturan ýeri öň köne ýurt ýeri bolup, onuň şol obada ýaşan ady aýdyma öwrülen Jahangül atly gelin bilen bagly bir gyzykly hekaýaty-da bardy. Ol hekaýat her gezek ýatlananda öýden toýa gitmek üçin bezenip-beslenip çykan, näz-kereşme bilen töweregini gözlenýän kalby hesretli Jahangül göz öňüne gelerdi. Jahangül kimem bolan bolsa söýüp-söýlüp söýginiň, söýgüli durmuşyň gadyryny bilen gelin bolmaly. Munuň ýaly gowy gelin şahyra duşanda dagy onsoň onuň şahyr kalby joşup-daşyp, ony öz gününe goýmaýan bolmaly. Jahangülem şol döwürde şahyryň goşgusynda tarypy ýetirilen aýal-gyzlaryň biri bolupdyr. Ol goşgy bagşylaryň dilinde aýdyma öwrülipdir. Bu aýdymy eşiden mahalyň Jahangülüň söýgülisi bilen gijeden-gije pynhanlykda şu tuda-da ýaplanyp duranlygyny biygtyýar göz öňüne getirýärsiň. Şeýle-de şahyr bu goşgusynda Jahangülüň mähir-mylakatly gelinligini, haýsy obadan, haýsy lybasdadygyny hem aýdyp, onuň oý-iliniňem anyk salgysyny beripdir: Eý, agalar, düýeji ilinde Men bir perizady gördüm. Bir gülzar açylmyş bagynda Müň göz hyrydary gördüm. Harazalar bilen oturan, Ala ýaglyk at göteren, Jahangül atly gelin Gollary batly gelin. Şol zamanlar bu öwrede aýdymda ýatlanylýan harazalar bilen düýejiler ýakyn goňşuçylykda oturypdyrlar. Ol harazalar soň-soňlar bir sebäp bilen bu ýerden öz taýpadaşlarynyň esasy oturýan ýerlerine Owganystana göçüp gidipdirler. Bu günler bolsa Ýeketuduň aşagynda edilýän çaý başynyň adaty gürrüňleri: Ýagdy şurany öküz süsmegi, Nobat tebibiň ony bejermekden ýüz öwrüşi, Hanumanyň heleý halyna kejir tebibi tobasyna daýandyrmak üçin, oňa mauzerini somlap tutuşy onuň bolşuny biraz taň görüp gürrüň edilýärdi. Bu gezek bir zatlary ýatlap, bu gürrüňe bat beren ýaňyrak atyzdan çykyp, dokuz-on ýaşly, maňlaýyny tüňňerdip, özüne çalym berip duran gyzjagazy bilen çaýly tüňçäni öňe alan Sähragül başlapdy. –Hiý, gyz, ol Ýagdy şuranyň hatçysy, ýöne hatdadam däl öýdýän. Hakyt Nobat tebibe ýarag tutaýypdyr-da ol– diýip, biraz geň galma, biraz üýşenme bilen bu ýagdaýy ýatlap taňlady. –Aý, ol heleýden her zat çykar. Ol şol galtamanlar oba dökülip alnyp gidilende, olaryň elinden bir ýol bilen gözlerine güýdüşip, sypyp gaçyp bilipdir. Gelen mahaly bilguşagyny çözmegi unudyp, indi ony aýlap çözüp oturan Sülgün agyr topbuly başyny sähelçe Sähragüle tarap öwrüp, onuň taňlamasynyň üstüni ýetirdi. –Heleýiň ýamany erkekden dagy on esse ýaman bormuş diýilmeginiň çyn boldugy-da. Şu pursatda olaryň gürrüňine gyzygyp, beýleräkde iki ýortmanja çaga bilen naharlanyp oturan baga bakylan ýaly çişik görünýän Aýsoltanam bu gürrüňe gatylyp, derçigen ýüzüni sylyp, özüçe pelsepe satdy. –“Aýal ata çykanda, torgaý çöpe çykanda, ahyrzaman bolar” diýilmänmi näme? Aýal ata çykanda ahyrzaman bolmalymyş bu dünýäde. –Ahyrzaman diýip gümansyratmaň näme, gyz!? Ahyrzaman-da şu wagt, baş aýak boldy, aýak baş. Sowet hökümeti gelip, adam baryny gyran-jyran etdi. Şu men OGPU, men şura diýşip, adamlar şakyrdaşyp, alkyldaşyp ýaragly haýbatly talap bilen oba dökülişip ugranlary bäri, gör, näçe adamlar gaçyp-tezip, ýurtdan çykyp gitdilar. Kimsini basdylar, kimsini türmelerde urup öldürdiler. Ind-ä sürgün diýibem bir bela tapdylar. Sürläp-sürläp adamlary maşgalasy bilen gümgidene ataryp durlar. Gully emin dagy neberesi bilen Gazagystanyň itgyran çölünden, bir ýerden çykanmyşlar. Gören gözleriň köpüsi ýokdur görseň häzir obaňda! Söýünalynyň iki gyryň arasyna sygman, dolup-daşyp oturan halky, gör, dyr-pytrak bolup, nirelerden çykdy. Sähragül öz başlan gürrüňi elinden alnyp barylýan deý gepiň şu ýerinden ýene gönüläbräk gürrüňe goşuldy. –Ahyrzaman. Onuň biziňkileriňem indi başyndan haçan, nireden injegi belli däl. Yzyndan gelnäýjek ýaly bolup, hemişe ýürek bükgüldide. Ahyrzaman-da şu. Näme ahyrzaman bolanda onuň nä şahy bolmalymyşmy!? –Alla janyň ýöne özi sowawersin! –Alla ýapyşmasaň, eýsem alajyň näme? Gürrüňiň çygry giňäp, Hanumaly gürrüňi ýatdan çykaranyldy. Şol barmana oba tarapdan kä egrelip, kä dogralyp ekerançylyk arasyndan geçýän ýolda bir başy seleň telpekli, eşekli adam göründi. Eşeklä ilki oturanlardan gözi düşen ejesi bilen gaty nany çaýa batyryp iýip oturan başy könelişenräk tahýalyja, ýüzi çoturlyja gyzjagaz boldy. Ol boýnuny süýndürip hamala bazardan gelýän atasyny gören ýaly, begenip şatlykly dillendi. –Hol-ha, Kymyş baba gelýär. Gyzjagaz oturan ýerinden boýurganyp, ýola gözläp aýdan bu sözi töweregiň gulagyna ýakymly habar bolup eşidildi. Oturanlar ýerli-ýerden gyzyklanyşyp, ýola seredişdiler. Sähragül nazaryny ýola aýlap aldy-da: –Kymyş baba görnen bolsa, ol ýene-de ekinçilige aýlanyp, güýzeki paýlap ýörendir. Şu aganyň endigi-dä şeýdip wagtal-wagtal aýlap, gawun-terne paýlamak. Sülgün hem ýol tarapa gözläp, hyrydarlyk höwesi bilen onuň gepine goşuldy: –Ýüregim bir sowujak zad-a küýsäbem durdy. Kymyş baba olary irden salkynda ýygan bolsa, henizem olar sop-sowujakdyr. Uzakly gije biýara ýapynyp ýatsa-da, kesek sowaly bäri terneleriň Gün çyksa-da, aňsat süňňi gyzýan bolmaly däl. Soňra ol: –Baryň Kymyş babaň ternelerinden alyň! –diýip, töwerekde oturan çagalara ýüzlendi. Kymyş duzçy Ýeketuduň duşuna ýetende aňyrdan özüni tarap gowaçanyň içi bilen ylgaşlaşyp gelýän çagalary görüp, daýanykly ateşegini saklady. Agtyklary sürgüne gideli bäri her gezek olaryň deň-duşlaryna duşanda bolşy ýaly, ýene-de oňa bir pursat bu çagalaryň arasynda öz agtyklary hem bar ýaly bolup duýuldy. Bu ýakymly güman gojanyň kalbyna ýeňiljek köw salyp geçdi. Çagalar bökjekleşip gelensoň, Kymyş baba eşegiň iki gapdalynda garyn bolup gäberip duran horjunyň gözlerinden üçden-dörtden terne alyşdyryp, olary çagalara berişdirdi: –Alyň, balalarym. Iýiň hezil edip! Güýzeki terneleriň dady-da başga bolýandyr. Daşlary gögrägem bolsa, içleri süýjäp bişendir bularyň... Şol arada özüne terne berilme gezegine saýhallylyk bilen garaşyp duran gyzjagaz goja ýüzlenip, onuň agtygy bilen gyzyklandy: –Baba, Akgy dagydan habar gelenmiş. Olaryň özleri indi haçan gelýäler? Siziň uly bagyňyzda gurnan hiňňildigiňizde uçar ýaly, olar gurbanlyga çenli gelerlermikän? Kymyş duzçy her ýyl gurbanlyk döwri iki tuduň aralygynda agtyklary üçin hiňňildik gurup bererdi. “Alla janlaryň hiňňildigini bady gowy” diýip, töweregiň çagalaram köplenç gelip, şol hiňňildikde uçardylar. Kymyş duzçy şundan soň bu gyzjagazyň hem özagtyklary bilen şol batly hiňňildikde hezil edip uçanlaryň biridigini bildi. Deň-duşlarynyň gözünden uçan agtyklarynyň ýatlanmagy goja üçin diýseň ýakymly boldy. Ol: –Hä, Akgym dagydanmy? Olardan-a entek hat gelenok, gyzym. Alla jan dagydan-a, Hudaýa şükür, habar düşdi. Akgym dagydanam indi geler, enşalla. Kymyş duzçy bu ýeserje gyzjagazy mähir bilen synlap, soňra onuň özi bilen gyzyklandy: –Sen kimiň gyzy, oglum? –Men oglanjyk däl-ä, baba. –Senem oglanjyksyň, oglansyň, guzym. –Men mamamyň, onsoňam kakamyň gyzy. –Kakaň kim? –Kakam-a Gurban, mamamam Äkgül. Gyzjagazyň aýdasy gelen gepi tükenen ýaly hem bolsa, ýene-de bir zady ýatlanyny mälim edip, ol Kymyş baba täzeden ýüzlendi: –Baba, seniň şol Akgy ogluň bar-a oýnap ýörkäk tersleşenimizde jyzyp, meniň saçymdanam çekäýdi-dä. Kymyş duzçy gyzjagazyň çaga gürrüňini eşidip, özüniň ýylgyranyny hem duýman galdy. Soňam höwes bilen gyzjagazyň başyny sypady: –Hany, şol garagol bir gaýdyp gelsin. “Äkgülüň gyzynyň näme üçin saçyndan çekdiň?” diýip, men ona gowuja temmi bererin. –Ýok, baba, degme! Mamama aýtsam ol: "Oglanjyklar çekse, gyzjagazlaryň saçy gowy ösýär" diýdi. Saçymdan çekse-de, men ony gowy görýän. Ulalamsoň oňa jambörügem tikip berjek– diýip jedirdedi. –Seniň adyň näme, oglum? –diýip, Kymyş duzçy onuň bilen içgin gyzyklandy. –Men Ogultäç. –Ogultäç diýsene? Äkgülüň gowuja gyzy bar eken. Äkgül diýýän bolsa dogrudyr, gyzym, seniňem owadan, uzyn saçlaryň bolar. Bujagaz dillije gyzjagaz bilen duşuşyk ýarasyna melhem goýlan ýaly, Kymyş duzçy üçin diýseň ýakymly boldy. Ol şol öňünden çykan çagalara göterip bilen ternelerini berensoň, ýene-de eşegini dikgirdetdi-de, ýoluny dowam etdirdi. Kymyş duzçynyň paýlap giden terneleri öňe alnansoň, Ýeketuduň töweregindäki gürrüňçilik täzeden şüweleň aldy. Hemmeler ýerli-ýerden höwes bilen ternelere otugdylar. Aýallar terneleri şu arada kimdir birinden tapylan pyçak bilen käseläp iýse, ýeneki birleri ony dilimläp, şiresini sarkdyryp iýýärdi. Çagalaryň bolsa hersi terneleriň birini eline alyp, ony gemirýärdiler. Töwerek ogşaşýan ýaly agyn şapbyldy-da, şupbuldydy. Sülgün özüne dilimläp goýan ternesiniň birki dilimini yzly-yzyna iýensoň, hernä şeýle pursatda aňa gelýän gawun eýesini minnetdarlyk bilen ýatlap dillendi: –Kymyş babaň-a terneleri daşyndan çigräk ýaly gürünse-de iýeniňde-hä bal ýaly eken. –Güýzeki-dä, güýzekilerem howul-hararagam bolsa gyş düşmänkä ýetişjek bolup tizbişegenrägem bolýalar-da–diýip, onuň öň ýanynda oturan Ýazbike-de onuň bilen göwündeş gopdy. Soňam bir zady ýatlap, öz sözüne ýene täzeden bat berdi: –Bazar tebib-ä terne bilen Maňňy keliň heleýinem bejerenmiş. Ol Halbikä “Her gün irden sapagyndan üzüp, ýaş terne iý! Onam gezip ýören ýeriňde hereketde bolup iý!” diýip em buýrupdyr. Halbike-de onuň diýşi ýaly edip, irden terne iýip, günortana çenli onsoň duz datman, berhizini pugta tutupdyr. Ana, görýäňi-ä indi haly erbet däldir! –Menem ýakynda gördüm ony. Endamy täzeden suwlanyp, biraz heleýlik tabyna gelip ugrapdyr indi. Öňräkler-ä gözüni höweslendirip, bir sykylybam aldy ýogsam. Terne ýagşy içi sürüp, ol ýerdäki ähli awy-zerzaw jerhetleri alyp çykan bolmaly-da. Terneler gadymyýetde Lukman Hekim atamyzyňam melhem diýip tapan, adamlaryň derdini bejeren çöpleriniň birisi bolanmyş. Adamlar bir gezek “Lukman, sen älemden ötseň, onsoň biz näderis?” diýip soranlarynda ol: “Malda düýäni, ekinde gawun-garpyzy ýanyňyzdan goýmaň!” diýenmiş. –Wiý, ýogsamam, ýaňy “çöp” diýeniňde ýadyma düşdi–diýip, Sülgün köýneginiň egnine agan açyk ýakasyny sermenekläp düzedip oturyşyna dillenip, ýas-ýaňyja aýtjagyny aýdyp bolmanka elinden aldyran gepleme nobatyny basdaşlarça erjellik bilen yzyna dolap aldy. –Eşidilip-bilnip oturylsa, aslynda töweregimizdäki ot-çöpleriňem hersi telim bir derdiň dermanymyşyn. Ýöne hany indi Lukmanyň özi ýaly ol çöpleri tanap-bilip, ýerli-ýerinde ulanyp biljek barmy!? Kymyş baba-da gawunyň hem derman çöpdügini bilýän bolmaly. Ol gawuny her ýyl ürç edip ekýär, wagtal-wagtal aýlanyp, ile-de şeýdip paýlap, alkyşam alýar ol aga. –Ah-ýeý, Kymyşy sahylykda ýakasyny tanadan Hatam taý etdiň goýadyň-la, gyz! Ile paýlamasa, nätsin indi, eýsem? Iýermenleri– oglanlarydyr agtyklary, heleýleri bilen gümgidene gidensoň, indi gawuny kim iýsin? Öýünde bolsa iki ýarty gyz agtygy bilen gaty kempiri galdy. Olaram iýende näme iýýär. Onsoň şagala şam bolmasyn diýip, ile paýlamasa, eýsem, näme etsin!? Kymyşlaň nebisjeňligi bilen bolsa, ekendirler ekip bilen gawunyny... Lukman Hekimli gürrüňiň Kymyş duzça minnetdarlyk bolup barýanyny halamadyk Armangül atly garýagyz gelin şol barmana ýaşmagyny kükregine gaçyryp, Kymyş duzçynyň töwereginde köwsarlaýan gepe pisindi oturman, ol öňünde dilimlenip duran terneden halamaýan ýaly sirigini ýygryp, çümmül-çümmül iýenden bolup oturyşyna durup bilmän, gürrüňiň şu ýerinde tasanybrak gürrüňe goşuldy. Onuň sen-men ýok oturan ýerinde agzyny-burnuny çeýneşdirip, Kymyşlara öjügibermesi töweregi bada-bat geň galdyrdy. Onuň näme üçin bu gürrüňiň çepinden gelesiniň gelip durmagy, dogrudanam, düşnüksizdi. Oturanlar düşünip bilmän, ýerli-ýerden onuň ýüzüne soragly seredişdiler. Sülgün onuň gepini özüniň halamandygyny mälim edenleriň biri boldy. Ol garaýagyz gelne tarap sähelçe öwrüldi-de: –Wiý, gelin, bu nä gep boldy? Kymyşlar agzalsa, näme ýaraň kesmegi sypyrylan ýaly bolaýdyň-la seniň?! – diýip dikanlady. –Näme men hakykaty aýdýan. Dogry-da, Kymyşlar seniň iki dogup, bir galanyňmy? – gelin alkymyndan alynmagyny halamady. –Hawa, iki dogup, bir galanym. Sülgün onuň özüne meňzäp, ýakany berk tutanlygyny mälim edip jogap berdi. –Nämäňmişin onsoň seniň ol? –Ol meniň ilim. Ilimiňem gowusynyň biri, başga näme gerek saňa! Halkymyň ýüzüniň tuwagy Muhammetgylyç atly serdarynyň dowamly dowamy. Sülgün bu sözleri aýdanda sen näme diýdiň, men näme diýdim diýip, garaýagyz gelne barha öjügip, onuň bilen ýene-de gaýkynman gidişerli göründi. Bir çemesi gelende bu gepe goşulaýasy gelip duran Sähragülem şol arada ara gatyldy. Ol: –A, gelin, özümiz-ä häzir hezil edip, ol babanyň getiren ternelerini iýip otyrys. Ýene-de ol barada ýoknasyz gepem aýdaýasymyzam gelip dur. Eýsem, biziň munymyz-a “Doýranyň sakgalyna” diýleni boldy. Gelniň Kymyşlara öjügmeginden çen alyp, onuň bolup biläýjek sebäbi barada oýlanan Sülgüniň şol barmana bu maşgalanyň öňden kinelidikleri ýadyna düşdi. Muny obada köpler bilýärdi. Ýedi-sekiz ýyllykda bäş belalar bu gara gelniň özünden uly aýal doganyny öz ýigitleriniň biri Magsuda gelin edip almagy niýet edinipdiler. Magsudyň gelnejesi hatda bir gezek eli düwünçekli gelip, bir aýal bilen olaryň gapysyny-da açyp, üm-tama berip gidipdi. Emma bu gudaçylygyň soňy bolmandy. Gaýta, bu barada bäşbelanyň kedhudasy Kymyşyň aýaly “Bize gözi şully maşgala gerek däl, şully eneden gözüniň-ýüzüniň çorbasyny akdyryp oturan çagalar dörär” diýen gürrüň çykypdy. “Gep eýesini tanar” diýleni bolup, bularam kemsinip, aýdany-aýtmadygy belli bolmadyk bu gümürtik gepi gudaçylyk meselesiniň dowamy bolmam, orta ýolda galansoň, Jemal mamadan gaty görüpdiler. Gaty görenlerini olaryň özlerem eýýäm ýarylyp, onda-munda dillerine alypdylar. Şu zatlardan habarly bolansoň, Sülgüne gelniň näme üçin Kymyşlaryň ady agzalanda tasanyp ugramagynyň sebäbi düşnükli bolupdy. Sülgün gelni birneme köşeşdirmek üçin gürrüňi sypaýçylyk bilen başga tarapa sowmakçy bolsa-da, bu oňa birbada başartmady. Öz gepi bilen öz ýüregini çişiren gelin barha gazaplanyp, barha öjügdi: –Ile göwnüýetmezini aýdyp ýören Kymyşyň heleýiniň özem-ä hakyny alandyr. Mamam ýörite onuň üstüne baryp: “Meniň agtygym şully bolup, seniň çaga çykar çukuryňa büdredimi?” diýip gaýdypdyr–diýip, gelin ahyrsoňy Kymyşlaryň üstünden aralyjylykly gazabyny gaýgyrman eňterdi. Kemsinen gelniň bu aýdylany, aýdylmany näbelli bolan gepiň maşgalany müýn çekip, kemsindireni üçin Kymyşlardan özboluşly hakyndan çykma bilen ar almasy boldy. Şol barmana gelniň goýar ýerde goýman, agzyna agam gelse, gara-da gelse aýdyp oturmagyny halamadyk Sülgün nägilelik bilen aýgytly gepläp, onuň gepiniň garşysyna çykdy. –A, gelin, öňki gezek muny gürrüň bereniň-dä mamam üstüne barypdyr diýmän, bir ýerde duşanda aýdypdyr diýipdiň-le– diýip, gepiniň başgaça çykýanyny ýatladyp, gelniň badyny aldy. Iki aýalyň tüweleý ýaly birden gopan adaty gürrüňiň çäkden çykyp, ýaňka-ýaňka öwrülip ugransoň, ol tiz töwerekde oturanlaryň ýüregine düşüp ugranlygy belli boldy. Ýene-de olaryň gereg-u, geregi bolmadyk onlarça gepiň başyny agyrtjaklarynyň ujy iki däldi. Nädibem bolsa alawlap, ula ýazyp barýan bu sene-menäniň öňüni almalydy. Bu ýerde oturanlaryň arasynda gaşlagragy hasaplanylýan dört-bäş ýyl bäri gelinlikden özüniň bir depik aňyrdaky heleýlik hany-manylygyna atan Sähragül beýlekilerden öň duýdy. Ol biraz gapdala agyp ugran börügini elleriniň biri bilen başynda dikläp, ony ýerinde goýup oturyşyna ýelpäp diýen ýaly gep arasyna gatyldy. Ýaňka-ýaňka ýakymsyz gürrüňiň öňüni dolap, ony tap bilenlik bilen, öňki şuraly, Nobat tebipli bir sebäp bilen ýene arasy üzülen gürrüňe tarap öwürdi. –Ketje-de bolsa, biziň Nobat tebibimiz ýaly işine ussat tebip kişi az-azdyr. –Ketje bolsa, ana, ol gördem-dä!–diýip, biraz demini düşürip oturyşyna Sülgün gepiniň bir gapdalyny garşydaşyna kakdyryp, gürrüňi ýene-de gaňryp, tersine alyp ugrady. –Şol kejirlik tasdanam Nobat tebibiň başyna ýeten eken. Gazap donuny geýen Hanuma-da ony gaýgyryp goýarly dälmişin... Hälem Alla işleri ugruna edip, ogly Bazar wagtynda ýetişäýipdir– diýip, Sähragül gelinleriň gyzyşyp ugran gürrüňine sowlarly görünse-de, ol tarapa öwrülmän, ýene-de sözüni öňki hörpünde dowam etdirdi. –Nobat tebibiň il taryply seýrek tebiplerdendigine söz ýokdur. Bir ýola onuň seýiklän döwük-ýenjigini Marydaky şol belli tebip ussa Haýta görkezipdirler. Ol seýiklenen ýeri synlap-sermäpdir-de: “Örän inçe iş, menem seýiklän bolsam, şundan gowy seýiklemezdim” diýenmiş. Birazdan aýlanyp-dolanyp öz ornuna gelen öküzmi-de, şuraly gürrüňiň tuda arkasyny berip, gowaça meýdanynyň üstaşyry bir ýerlere seredip, keýpsiz oturan Nurbibä çakmakdaş bolup sürtülenligi belli boldy. Ol ahmyrly: –Hä, Kymyş agaň öküzi oňarmandyr. Şahyny onuň içindenem geçirip, bir aýlap urmaly eken–diýip ýangynly gepledi. Oturanlar ýakynda Nurbibiniň düşen ýagdaýyndan habarly bolansoňlar, onuň otlukly gepini geň-taň görmediler. Gaýta, oňa göwündeşlerçe ýeke sözde düşündiler. ...Şol gezek çörek bişirmek üçin Nurbibi gijäniň bir wagty turup, hamyr eden-de bolsa, hamyr suwy artygrak düşdümi, ýugrumy kem kakdymy nämemi hamyr wagty bilen almady. Nurbibi daň bilen işden gijä galýanyny ýatlap, salym berip, taba gelen hamyr böleklerini gyssanyp, tamdyra ýelmäp durka, onuň üstünden oba aýlanyp, kolhoz adamlarynyň işe çykyşyna gözegçilik edip ýören Ýagdy şura gabat gelipdi. Nurbibi onuň garasyny görenden: “Görmän geçäýedi-dä” diýen dileg bilen, tamdyryň arkasyna bukulanam bolsa, barybir Ýagdy şura ony görüpdi. Ol Görogly bolup, aňyrdan at dyzandyryp gelşine: –Näme, işe gitmän, henizem syrtyňy gözläp, güýmeň-samaň edip dursuň? Jahan ýagtylmanka atyzda gögermeli diýlen buýruk ýa saňa degişli dälmi!? –diýip, erbet bir işiň üstünden baran ýaly gazaplandy. –Wah, hamyrym gijräk aldy–diýip, Nurbibiniň oňa düşündiresi geldi. Emma bu söz bialaçlykdan tapylan bahana ýaly eşidilip, Ýagdynyň gaýta gaharyny getirdi. –Wagtynda turmagyň ýerine äri bilen çolaşyp-çyrmaşyp, heleýliginiň hözirini görüp ýatan heleý diýerler saňa!.. –Heleýligem gursun, şonuň hezilligem. Wah, gitjekdim-le. Eşegimi garaňkyda gaňňalabam goýdumam-la–diýip, ol bu hatasynyň geçilmegini haýyş edýän hörpde şol bir wagtda tamdyra ýelmän nanyny gopararman bolup, eline ýeňligini geýip, aljyrap, howlugyp durşuna Nurbibi özüne käýinjiredi. Ol ynsanlarça özüne düşünilmegini isledi. Emma Nurbibiniň bu aman diläp, ýürekden syzdyryp aýdan gepine Ýagdynyň has-da öjügenligi belli boldy. Ol at üstünden oňa haýbat atanyny az görüp, harsa eýeriň gaşyndan galgap ýere düşdi-de, tutgaýy tutan ýaly bolup däliräp, Nurbibiniň üstüne hüjüme geçdi. Elindäki gamçysyny nan goparmak üçin tamdyra eglen gelniň depesinden inderdi. Tenini ot bolup gamçy ýalan mahaly Nurbibi: “Waý, gideýin, häzir gideýin” diýip, nätjegini bilmän, ýöne henizem nanymy goparyp almaga mümkinçilik bolar diýen tama bilen eglendi. –Bäh, başyňa döneýin, şura, şu tamdyra ýelmän nanlarymy bir tendirip alaýyn. Onsoň işe ugradym derrew!.. Nurbibiniň nanlaryny goparjak bolup, tamdyr ýanyndan aýrylman durmagy Ýagda diýeni bitmeýän, diýlene boýun bolup bada işe tarap ýumlugybermäň ýerine özi bilen erjeşýän ýaly gördümi nämemi, ol Nurbibidir tamdyra şundan soň hasam öjükdi. Tamdyry it depen ýaly çöwüp depdi. Iki depende ony çörek-söregi bilen içine ýumurdy. Nämä garaşsa-da, ondan beýle deýýuslyga garaşmadyk Nurbibä göz dikip bişirip oturan çöreklerini ýykylan tamdyr aşagynda galdyryp, aglap işe tarap ýola üçürdikläbermekden başga alaç galmady. Şol günler bu bolan hadysany taň görlüp, il edilmesiz aýylganç işi eden hökmünde Ýagdyny näletläpdi: –Heý, tamdyram bir depip bolarmy!? Mukaddeslik ahyry ol. –Tamdyr depip, ojak ýykan-a muramaz ir-de, giç-de. –Hudaýdan gorkanokmykan ol? –Weý, ol Hudaý ýok diýýänlerden ahyry. Onsoň ol seniň Hudaýyňdan gorkarmy, beýlekiňden. –Hudaý janam-a bardyr özün-ä, ondan bir wagt bularam gorkmal-a bolar. –Görkezmesine bir wagt gözüne görkezer-le, ýöne: ol “Hany ýene pohy bolsa görkezsin” diýip, bularyň syrtyny doly görjek bolýandyr. Nurbibi şurany öküz süsüp, telim bir wagt öýünde güýlünip, dert çekip ýatmagyny kanagat tapmak bilen ýene-de bir gezek ýatlady. –“Gul halkynyň jany berk bor” diýlerdi welin, şolam çyn eken, şol öküziň deminden sypdy, bagty getiren ol–diýibem, öňki aýdanlaryny az görüp, gahar ugruna saňňyl-saňňyl etdi. Töwerek bu meselede henizem Nurbibiniň kalbynyň howrunyň ýetikdigini gördüler. Şol barmana-da çaý içen käsesidir tüňçe-ýenekisini ýanynda göterýän elhorjunynyň bir gözüne salyp, işiniň ugruna gidermen bolup ugran gelin: –Wah, doganlar, “Gurt agzasaň, gurt geler” diýenleri boldy bü-ýä. Hol-ha şuranyň özem gelýär– diýip, gol uzadyp arka tarapy görkezdi. –Ol ekin üstüne aýlanyp ýören bolmaly. –Nirä aýlanýanyn-a bilemok weli, şu obada şondan köp adam ýok–diýip, Nurbibi onuň gelýänini eşidip, zatlaryny gyssagly ýygnaşdyryp oturyşyna tizräk galyp-gopmagyň aladasy bilen boldy. –Ýörüň, ýörüň, doganlar. Ol gelmänkä tizräk turawereliň. Ýogsam, beýdip otursak, ol ýer ýuwudan: “Näme syrtyňyzy kesege oýkap otyrsyňyz, ýylatjak bolýaňyzmy?” diýen ýaly bir bolgusyz gep tapar. –Weý, gyz, oturyň-da, eýsem, otyrýeriň bilen oturylman, niräň bilen oturmalymy şonda? Ýa-da onuň özüniňem enesidir heleýi, oýnaşydyr bajylary şol ýerleri bilen oturman, eýsem nireleri bilen oturýarkalar? –On-a bilemok, gyz. Ýöne äri şura bolansoň, onuň aýalynyň-a ini suwlanyp, syrty küme ýaly heleý bolupdyr. –Ol han heleýi-dä, onuňky küme bolman, kimiňki bolsun, eýse?! Iýse-içse bar, geýse-goýsa bar. Uzadan ýerine eli ýetýän şura-da getirip döküp, dönderip dur. Onsoň şuraň heleýi taplanman, eýsem, kim taplansyn! Aýallar şundan soň bir-birlerine "Ýöreweri-de, ýöreweriň" bolşup, duran-duran ýerlerinden zatlaryny ýygnaşdyryşyp, şura golaýlaşmanka, ondan gaçyp, howlukmaç gowaçalyga siňmek bilen boldular. Bir salymdan Ýeketuduň töweregi ýene-de çolaryp galdy. * * * Howanyň sowap, üstesine-de, iki-üç gezek ýagşyň tapgyr-tapgyr ýagmagy bilen gowaçaly ýerlerden başga ähli özbek topragynyň ähli ýerlerinde diýen ýaly meýdanlardan aýak ýygnanyp ugrapdy. Gyşyň ýylanyň, gurbaganyň ahmallygyny alyp, agzyna alşy ýaly onuň hem dünýäni agzyna alanlygy belli bolupdy. Meýdanlarda esasanam ýerleri lagambir şüdügärlemek, ýaplary gazmak, arassalamak, çil çekip, geljek ýyl ekin ekiljek ýerlere güýz suwuny bermek ýaly daýhan aladalarynyň belli bir bölekleri galypdy. Bu günler indi ýüzüne gyşyň demini urduran meýdanlaryň ýokarsynda, köplenjem ir ertirlerinden başlap, aýaz dumany peýda bolýardy we ol soňra garym-gatym bolýan ýaly bolup, tüsseläp aýlanyp-öwrülip, töwerekde esli wagt Güne gonalga bermän gezerdi. Süýnüp-sarkip geriljiräp ýörşüne günortana ýetip-ýetmänem Syrderýanyň arkasyna bir ýerlere göç edip syrylyp giderdi. Komendantdyr onuň töweregindäki kömekçileri sürgünleri has-da olaryň erkek kişilerini işsiz goýmazlyga çalyşýardylar. Bir işi boldum etseler, olary beýleki bir işe tutýardylar. Gazy işleri birýan ýüzli edileni bäri Orazgylyç dagy indi bir hepdä golaý wagtdan bäri obanyň töweregindäki ekin ýerlerinde şüdügärlemek işlerinde işleýärdiler. Her gün komendant ir bilen adamlary üýşürip, at tutup, kim bar, kim ýok anyklansoň, olary meýdana alyp çykardy. Howa sowanda bolsa aýallara diýlişi ýaly "Öýderäk boluberiň, gerek bolsa özümiz çagyrys" diýlip, garaşyk ediljege hem meňzemeýärdi. Sürgünler şüdügärleýiş işlerinde şeýdilip yhlas edilen ýeriň geljek ýyl bol hasyl berjegine, özleriniň gün-güzeranlarynyň gowulanmagyna göwün ýüwürdişip işleýärdiler. Komendantyň her günki agdarmak üçin adam başyna bölüp berýän ýeri az dälem bolsa, adamlar bir-birleri bilen giç agşama çenli ýaryşyp işleşip, tutanýerlilik, işjeňlilik görkezýärdiler. Orazgylyja bu gün togarlanýan ýaly bolup gezýän komendantyň bölüp beren gyrak-çetdäki ýerleriniň biri düşüpdi. Ol ajarlap geýýän silkme telpegini çykaryp nan haltasynyň üstünde goýansoň başyny tahýasynyň daşyndan ýaglyk bilen çalyp daňyp, pilini alyp, öz paýynyň daşyna geçdi. Birsalym işlänsoň, agdarylan ýeriň tanyşdan ýakymly ysy onuň burnuna urdy. Ol ysy alansoň bolsa, onuň bilen bagly pikirlere, onda-da beýle öz-özüň bilen galynan çolalykda berilmezlik asla mümkin däldi. Ýer müşgi seniň ünsüňi şeýle bir özüne çekýär welin, adam ýer basyp gezmegiň, ýaşap işlemegiň nämeligine şonda göz ýetirip ugraýardy. Orazgylyç ýeriň ysyny duýup ugranda, ol ýortmanja oglanjykdy. Şol gün kakasy ýer sürýärdi. Agasy Orazgeldi bilen ol-da şonda kömekleşmäge künde başyny tutmak höwesi bilen gelipdi. Şonda sürlen ýeriň ysy diýseň oňa ýarapdy hem-de iň gowy müşk bolup, hemişelik onuň ýadynda galypdy. Ony ýeriň sahawat-keremi barada oýlandyryp, höweslendirip, hemişe höwrügip ýaşamaga tamalandyrypdy. Ol ýer işlerinde işläp ýörkä: «Ýeriň ysy, gör, nähili nanyň ysy ýaly gowy eken” diýende kakasy oňa şol wagt belli bir derejede düşnüksiz bolan bu gepi aýdypdy. Ýeriň ysy ol onuň ynsany eý görüp çoýýan howrudyr, ýaşaýşa berýän medet yhlasydyr. Ol durmuşa höwes döredýär. Ýeten zatdan erjellik bilen aslyşmaga toýa münüp barýan atyňy göreş atyna öwürmäge sebäp bolýanam şol höwesdir. «Ýeriň müşgüne berilseň, ol seniň şeýtan tarapa açylan gulagyňa zat eşitdirmeýär, seniň ýer bilen düşünişmegiňe, onuň bilen birigip, bähbit işleriniň güzerinden inmäge hemaýat edýär. Ýöne ýerden türkmen ony hossar tutunyp, "Ýykylsaň, ýere ýapyş" diýýän däldir”. Orazgylyç bu günler şeýle pikirlere berlip, özüniň agdarmaly ýeriniň nädip aňyrsyna çykanyny hem duýman galardy. Ýeriň mähriban ysy bolsa işlendigi saýy barha köräp-köwsarlap bark urýardy. Ynsanyň ýere, halaldan hasylly zähmete bolan küýsegini artdyrýardy. Derýa gyrasynyň suwlarynyň ýokarsy gyrpaklap doňup ugrapdyr diýen gürrüňiň yzysüre komendant ýerleri şüdügärlemek işini togtatdy. Ol sowugyň güýçlenenine seretmän, ony bes etmese-de etmezdi welin, ýöne doň ýeri pil bilen agdarmak kynlaşypdy. Gata düşüp gaňrylyp, yzly-yzyna piller sandan çykýardy. Ýöne näme üçindir meýdanlarda gowaçalar ýaprak, hasylyndan aýrylyp, gyzyl çybyk bolşup oturan-da bolsa, hamala ýerleri sürmelidigi, dynç bermelidigi ýada düşmeýän ýaly olar orlup ýygnalmaýardylar. Orazgylyç iki-üç gün bäri öýderäk bolmak bilen toplanja odunyna çen urup, azalyp barýanyny görüp, ýene-de onuň näçe wagta ýetjegine çen urýardy. Ot beýdip ýanyp dursa, oňa odun çyklyşarly däldi. Ol bu gutarsa, oduny nireden alyp boljagyny pikir edýärdi. Neme-de bolsa bir zat etmelidi. Elbetde, bir ýerlere gitseň, tapylmagy-da mümkindi. Emma komendantyň şundan aňry geçen gaçgak hökmünde temmi beriljekdir diýip, belläp beren çäginden rugsatsyz çykmak gadagandy. Şonuň üçinem ähli öýlerde diýen ýaly odun ýetmezçiligi esasy kellagyra öwrülipdi. Eýýäm her ýyl şu döwür ulyny-kiçini üsgürdip-asgyrdyp, alýan dümew ýene-de obany syryp, öýme-öý diýen ýaly aýlanyp ýördi. Aganazaram alaň-açygrak oýnap, biraz sowuklapdy, o-da indi birki günden bäri ojagyň başynda üsgürip-asgyryp, ejesini azara goýup, dümew geçirip otyrdy. Amangülüň oglunyň gutulmagy üçin: “Ha, şu mahal, unaş edip, bir derledip biläýsedim, onsoň dessine gowulaşybam giderdi-le bu” diýip, düýn bir gepiň gerdişinde aýdan gepi-de Orazgylyjyň ýadyndady. Şonuň üçinem ol “Ýa bar bolan goş-golamdan bir zady gije-girim gizlin äkidip, ony goňşy obada biraz noýba, ýaga, ajy galampyrdyr sogana çalşyp geläýsemmikäm?" diýibem oý köwsarladýardy. Onsuzam öň gyşy-ýazy iş aladalarynyň yzynda bolup ýörmegi endik eden Orazgylyç üçin, beýdip, aýalynyň gapdalyny alyp, işsiz ýatmak kyndy. Öňlerem gyşyna adamlaryň şeýdip esasy aladasy öýi ýyly saklap, çagalary üşetmezlik, iýgi-içgisini ýetirmek bolardy. Orazgylyjyň öz aladalary bilen birlikde agasy Orazgeldiniň maşgalasy bilen bagly ahmyr-aladaly pikirler hem hiç wagt onuň aňyndan gitmeýärdi. Howa sowap ugraly bolsa ol "Ol ýerler-ä biziň ýerlerimizdenem sowukmyş, nädip oňýarlarka?" diýibem gaýga batardy. Olara delalatyny degrip bilmejegine gynanýardy. Emma sürgünleriň bu eýýäm özünden bizar edip ugran böwşeňligi uzaga çekmedi. Komendant şähere baryp gelen güni giçlik ýene obanyň ortasyndaky giňişlige sürgünleri toplady. Sanaw okap, adam sanyny tükellänsoň: –Sürgünler, ertir daň bilen başga ýere göçýäris. Goşlaryňyzy ýola taýynlaň. Bize göçi äkitmek üçin mümkin bolan araba, ýeneki hem kömek ediljek. Olaram gije gelip ýeter” diýip, talap bildirip buýruk berdi. Adamlar özleri üçin entegem Sowetiň göçe-göçlüginiň tükenmänligini bildiler. Olar: –Indi bular bizi nirä äkitjeklerkän gyşyň içinde zir-zowran edip!? –Haýwança görülmeýän wagtyňda, eýäň seni nirä sürende bolanok. –Arabaly gidilmeli bolsa, uzag-a bolmaly däl barylmaly ýer... –Nä, bilýäň, otla çenli arabalar äkidýän bolsa? –O-da mümkin, gelenimizde düýeli, ýenekili gelmedikmi näme?! –Nirä äkidilýänimizi aýdaýsalar, gowy boljak welin, syr edip onam aýdanoklar-da bular... –Sorasaňam baranyňyzda, görersiňiz diýer. Dogrudanam, hökümetiň bu adamlary belli bir ýerde gonalga bermän, ondan-oňa göçürip, yzzan-da, çuwwan edip ýörmegi sürgüne berlen adam köp bolupdy, hökümetiň indi olary nätjegini bilmeýäne meňzeýärdi. Bu garaşylmadyk talap sürgünler arasynda şeýle alasarmyk gürrüňleriň döremegine sebäp boldy. Sürgünler talap edilişi ýaly şol günüň ertesi yzanda-çuwan bolşup, gara daň bilen ýola düşdüler. Ýüke niýetlenen at, düýe, öküz goşulan arabalar şol gijäniň özünde ýerden çykan ýaly bolşup, obanyň ortasyndaky boşlukda peýda bolupdylar. Bölünip üç maşgala bir, dört maşgala bir edip berlen arabalara, esasanam, öý goşlary ýüklenildi. Ençeme ýerde ýaş çagalar bilen garrylaram oňa mündürdiler. Orazgylyç dagyň paýyna düşen iki örküçli düýe goşulan araba bolup, onuň arabakeşi bir orta boýly, egni ala donly bir çokga sakgal adamdy. Haçan-da ol çagalary araba ýerleşmäge kömek edip durka, gözüni süzüp, bir duranlara syn edip alansoň, gabadynda duran Aganazary ýerden göterip aldy-da, ony araba goşulan iki örküçli düýäniň hereketlense, leňňer atyp duran örküçleriniň arasynda oturtdy. –Meniňem balalarym şu ýere münmegi gowy görýärler. –Soňam ol onuň eline düýäniň owsar-jylawyny –Oglum, özüň sürersiň–diýip, Aganazaryň eline berdi. Her çaganyň ynam edilip, ata, düýä mündürilende begenişi ýaly, Aganazar hem muňa diýseň begendi. Gojanyň töwerekden özüni saýlap, düýä mündürenine, onuň özünde başarjaňlyk görenligini pikir edip monça boldy. Özbek gojasynyň sypaýçylykly, akgöwünlilik bilen eden bu hereketi adamlaryň indiki barjak ýerlerinde özlerine şeýle adamlaryň duşjakdygy umyt etdirip, olaryň gowulyk tamaly pikir ýöretmeklerine sebäp boldy. Sebäbi düşünişýän gowy adamlaryň ýanyňda bolanlygyndaky nişleriňem agramynyň beýle agyr bolmaýanyny halk öz bu selhä-selli durmuşynda görüp ýördi. Şeýdip ol ýene-de töwerekde duran çagalaryň bäş-altysyna homp berip, olary göterip, iki gartaşan aýal bilen öz arabasyna ýerleşdirensoň, ýüküni tutdy. “Şu özbeg-ä çaga-çuga bolsaň, düýäň dagy gulagynyňam üstünde ýerleşdirjek” diýdirip, töweregiň minnetdarlygyny gazandy. Çaga-çugalary alyp, arabalar ýola düşensoň, aýal-erkekler ýene-de bölünişdiler. Erkek adamlar çep tarapyndan, aýallar arabalaryň sag tarapyndan ýörediler. Howa sowukdy. Asmanda ýeňil ganat gar kebelekleri uçganaklaşyp, pel-pelleşip ýere dökülýärdi. Olar asmanyň bol garly ganarynyň bir ýan eteginiň ýyrtylyp, indem onuň kerem-ara howlukman şol ýyrtykdan dökülip ugran ýaly duýgy döredýärdi. Göçüň öňden komendant bilen, göçülmeli gürrüňiň yzysüre diýen ýaly obaçylykda peýda bolan iki atly atlaryny öz maýdalyna sürşüp, gürleşip barýarlar. Ol iki atlyny adamlar göçmegiň üpjün edilişine gözegçilik ýetmek üçin hökümetiň şäherden ýörite iberen wekilleridigini olaryň harbylarça geýnişlerinden, ýanbaşdan asan ýaraglaryndan çen tutýardylar. Orazgylyç öz goňşuraklary Hajy, Garaja, Annanur bilen dört bolup, bir ýerräkden toplum tutuşyp, bir-birleriniň aýaklaryna deň ýöreşip barýardylar. Göç ýöredikçe töwerekde gaýmalaşýan gar kebelejikleriniň hem hamala gyşyň jümmüşine aralaşylyp barylýandygyny tassyklaýan ýaly barha gürelýärdi. Mahal-mahal göç sesýetimlige çenli sozulyp, egrem-bugram bolup süýrenip gelýän äpet bir aždarhanyň guýrugyna öwrülýärdi. Özbek obalarynyň içinden geçilip barylýarka adamlar “Şu sowukda bu bendeleri beýdip nirik alyp barýarkalar?” diýip, pikir etdirýärdi. Göçüň garasy ýitýänçä, olaryň yzlaryndan seredişip galýardylar. Sürgünler öz gelmeli ýerlerine ugran günleriniň ertesi garaňkyny ýagşy düşürip, ýere düşen ilkinji gary depeläp geldiler. Töwerek oňly görünmese-de, adamlar golaý-goltumda göze ilýän, ýaşaýyş alamatlary bolan jaý, ýeneki görünmänsoň, özlerini bir çete atylandyklaryna göz ýetirdiler. Töwerekde bir yklara zat bolmansoň, sürgünler arabalaryň üstüne keçe-ýeneki ýazyp, olaryň aşagynda ýerleşip, mümkin boldugyndan, dynç almak üçin ýalazy meýdanda çagalara, aýallara amatlyk döretmäge çalyşdylar. Erkek adamlar uzynly gijäni aýak üstünde diýen ýaly gezmeleşip, bir-birleri bilen mesawy gürrüňler edişip, şöwür çekişip geçirdiler. Ýokardan bürelip duran gara gije ir-daňdanlar kem-kemden hal atyp çalaryp, depesinden çekilýän ýaly ýokaryk göterilip, ýer özüniň giňişligini alyp ugransoň, sürgünler özleriniň şaňlap ýatan bir boşluga getirip dökülendiklerini gördüler. Bu ýeriň gaýra tarapy aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän pagta meýdany bolup, üç tarapy belliksiz-çäksiz giden boşlukdy. Giden pagtaly meýdan üstüne gar düşüp telpekläp otyrdy. Sürgünler gar astynda isrip-zaýa bolup ýatan pagtany görüp gynandylar hem özleriniň bu ýere hut şunuň üçin getirilendiklerini aňdylar. Sürgünler şeýdibem ir ertir üst-başlaryny agardyşyp, gar ýorganyň aşagyndan ördüler. Ir ertir bolmagyna seretmezden, howa awusyny dökendenmi nämemi, howa ýoldaky ýaly juda sowuk däldi. Töwerek özüniň geriljiräp durşy bilen asman-u, ýer bilen goşulyşyp, äpet bir ak balygyň açylan agzyna dönüp, gowak bolup hoňkaryp görünýärdi. Aýallar munça ýatan gary görüp, bu dulanara zadyň ýok ýerinde ýaşaýşyň öňküden has kyn boljagyny aladalanmak bilen pikir etdiler. Ulular alada galan hem bolsalar, çagalaryň welin bu ýaşaýşy kabul edişleri başgaça boldy. Aýhan üsti garly ýorganyň aşagyndan pallap başyny çykaran wagty diňe bir töwerekleriniňem däl, älem-jahanyň gar bolup ýatanyny görüp muňa begendi. Dessine-de bu gowulygyň barlygyny buşlamak üçin özi bilen arabanyň içinde bir ýorgan bürenip ýatan jigisi Hanow bilen onuň beýlesinde ýatan Aganazary tirsekläp turuzdy. –Turuň-a, eý, ýaman köp gar ýagypdyr! Aganazardyr Hanow uky mazasyny almaga goýman turzany üçin ilki başda Aýhandan hägile bolan hem bolsalar, töwerekdäki gary görüp, olaram muňa ondan kem begenmediler. –Baý-ba, bu garyň köpdügini! –Biz garyň öýüne gelipdiris-ä!.. –Bu ýer hemişe şeýdip gar bolup ýatýarmykan? Onda hezillig-ä bolar. Obada hemişe garda taýyp oýnardyk. Oglanlar bu hezilligi bir-birlerine buşlaýan ýaly bolşup, töweregiň ulularyny biraz geň galdyryşyp, şatlykly jammyldaşdylar. Allanazara şeýle-de ol gaplaňyň “Jedel depesiniň” töwereginde gar ýaganda bolýan hezilligi ýatlatdy. Gar ýagan gününiň ertesi “Jedel depäniň” üsti gowy taýpançak bolup, ol töweregiň çagalaryny öz üstüne ýygnardy. Munuň ýaly taýgançak tapylsa, oýunbaz çagalara başga näme gerek!? Aganazar birsalym ýatlama berlensoň, ol şol pursatda ýene-de özüni şol “Jedel depäniň” typançajygyna ynandy. Şonda oňa indi haýal etmän, bile oýnaýan deň-duşlary Allabardi, Älli, Arnageldi, Sapar, ýenekilerem öz ýanynda peýda boljak ýaly duýuldy. Bu töwerekde göze iler ýaly zatdan ýeke üstüne düşen garyň aşagynda ýegşerilen ýaly bolup oturan gapysyz, penjire ýerine ýassyk sygaýar ýaly deşik goýlan tamkepbe bardy. Komendant uzakly gijäni töweregiň adamlary bilen ortada ot ýakyp, şol dört diwary yklap geçiripdi. Emma ol ýerde oturan ýeriňde irkilip bolan-da bolsa, ýatyp bolmandy. Ukusyz gözler gan öýen ýaly gyzaryşyp durdular. Şäherden gelen iki adamdan tapawutlylykda komendant uzakly gijäni sürgünleriň töwereginde aýlanyp, gerek bolanda olaryň gaçyp-tezmesiniň öňüni almak üçin dynmazjan bolup uzakly gijäni töwereginiň ýedi-sekiz esgeri bilen aýak üstünde diýen ýaly geçiripdi. Jahan biraz ýagtylansoň, ol endigine görä ýene-de barlag üçin erkek adamlary bir çetde töweregine toplady. Atma-at tutup, ýene bir gezek janyny barlady. Adamlarda diňe şundan soň özleriniň hut şu gar astynda galan pagtany ýygmak üçin getirilendiklerine şübhesi galmady. Komendant işiň gaýragoýulmasyzdygyny nygtap düşündirensoň, adamlara özleri üçin bu ýerde sümelge edinere, gonmak-ornaşmak bilen bagly ýagdaýlar üçin bir gün wagt berdi. Bu ekin ýerleri töwerekdäki obalaryň biriniň ýaşaýyş ýerinden alysrakda hem giçkiräk eken, gyş gelensoňam, pagtasyny doly ýygmaga ýetişmän, taşlap giden ýerleriniň biridi. Kolhoz adamlarynyň bu ýerden çekilmeginiň sebäbi gyşam-a bolsa bolmagy mümkin welin, esasy sebäbi el güýjüniň ýetmezçilik etmegi bolsa gerek. Türkmen obalarynda bolşy ýaly özbek obalarynyňam adamlarynyň tutulyp-basylýanlary, sürgün edilenleri ýetik bolmaly. Beýdip gazaba tutup dursaň, hany onsoň ýer işläre, mal bakara adam galarmy!? Öz işläýjek adamlaryňy epläp syrtyňa dykaňsoň, elbetde, başga ýerden adam getirmeli borsuň-da. Getireniňem ýanalanlar bolansoň, olary haçan, nirede gazaba, sowuga gerňäňde bolmaýar. Sürgünler bir-birlerini goldaşyp, aýal-gyzlara bakman, derrew görkezilen ýerden sümelge edinmegiň ugruna çykdylar. Mundan ýarym günlük ýolda tokaýa berimsiz jeňňeliň barlygyny bilmek küme gurnaýanlaryň gulagyna has ýaran gepleriň biri boldy. Näme bar, odun bar. Odun bolsa, ojak bolsa, onsoň hemme zadyň bir ugry, ýoly tapylyp, durmuş assa-ýuwaşdan kaddy-kamatyna geliberýär. Golaý-goltumda sowukda maňlaýdan diräýjek odunly-owkatly jeňňeliň barlygy adamlarda bu kynçylygyň hem öňünde durup biljeklerine ynam döretdi. Komendantyň gepiniň anygyny alan adamlar haýal etmän, özlerine sümelgelik ýerkümeleriň ugruna çykdylar. Görkezilen ýeriň üstüniň garyny bir gapdala syryp aýransoňlar, adamlar gazylmaly ýerkümäniň ýeriniň töweregine aýlanyp, hemişe ilki edilişi ýaly, onuň göwrüm-giňliginiň ölçeg, çen-çakyny aldylar. Boýunyň, ininiň ädim sanyny ädimläp takykladylar. Erkekler ýerkümäni gazmak işine başlansoňlar, aýallaram durup bilmän, şeýdenlerinde öýleriniň has tiz bitjegine göwün ýüwürdişip, adamlaryna ýardama geldiler. Elleri üşän wagty ony donlarynyň ýakasyndan sokup ýylatdylar. Adamlarynyň tut diýenini tutup, ber diýenini alyp berip, mümkin boldugyndan, hemaýat etdiler. Çagalaryňam bir topary “Oduň başyndan turmaň, üşärsiňiz” diýilýänligine seretmezden, kakasydyr ejelerine çaga endigine görä, sorag baryny berip, jürrüldeşip kömek berşen bolup ýördüler. Orazgylyç kümeçiligiň birýan çeträginden maşgalasy üçin ini üç, boýy bäş ädimlik küme ýerini ilkinjileriň biri bolup taýynlady. Komendant soňra Orazgylyç bilen ýerini öňräk gazyp bolanlaryň birnäçesini esgerleriň iki-üçüsiniň ugratmagynda arabalar bilen ýarym günlük ýoldaky jeňňele kümeleriň üstüni basyrmaga gerek boljak toraňňydyr gamyş beýleki getirmäge ugratdy. Adamlar sümelge edinmäge näçe gyssansalar-da agaçdyr gamşyň ugruna gidenler wagtynda gelmänsoň, gijäni ýene-de oduň başynda tapan zatlary bilen bürenişip geçirmeli boldular. Adamlar arabalar gelensoň, haýal etmän, ýerkümeleriň üstlerini basyrdylar. Beýle işleri ozalam elleriniň ujunda edip ýören daýhan adamlar üçin munuň uly bir kynçylygy bolmady. Gar, sowuk bilen tutluşyk şol günüň ertesi pagta ýyglyp ugransoň başlandy. Atyzlarda pagta kändi, bu bolsa eden azabyň ýerine düşjegi babatda tama döretdi. Emma çyg pagta bilen pagtadyr öýdülip aldanylyp garbalýan gar bölegi welin lapykeç etmekdenem başga-da eliňi üşedýärdi. Barmaklar çyga garrap, gyrmyzy reňke batyrylyp alnan ýaly bolup gyzarýardylar. Ýörän wagtyň etege dökülýän gar bölekleri geýimleriň öň etegini ezip, suwdan çykan ýaly barha agralýan çygly geýim bilen gezmeli bolýardy. Emma adamdanam emel gutulýarmy. Telim bir ýerde parladyp ot ýakyldy. Indi pagta ýygyp ýören adamlar juda üşäberseler, ot başyna gelip, elleri-ýüzleri çoýup, ýylnyp gidýärdiler. Şundan soň olar esli wagt üşänlerini hem duýman, hars urşup işleýärdiler. Emma pagta depesinde telpekläp duran gar henizem uly kynçylyk döredip işi bökdeýärdi. Adamlar her düýp gowaçanyň pagtasyny ýygjak bolanlarynda ilki onuň garyny kakyp düşürmeli bolýardylar. Bu bolsa pagtanyň öndümli ýygylmagyna diýseň uly bökdençlik berýärdi. Ýöne adamlar gowaçaň garyny düşürmegiň hem tiz bir emelini tapdylar. Orazgylyç kümesiniň gapdalyna odunlyk üçin basyp goýan toraňňylaryň arasyndan syryk ýaly uzyn, ele çemelisini aldy-da, ony kese tutup, ýygymçylaryň öňünden gowaçalaň garyny düşürip ýöredi. Bu bolsa belli bir derejede işiň ýagdaýyny gowulaşdyrdy. Ýygymçylar şondan soň öňküleri ýaly pagta hanasy diýip, gar bölegine aldanmaýardylar. Hökümetiň hem bu pagtany juda çalt ýygdyrasy gelendigi belli boldy. Indi ol her ýygymçynyň öňünde 20 kilo ýygmagy borç goýup, ondan aňyrky artykmaç ýygan pagtasy üçin, berilýän nanyň mukdaryny onuň her on kilosyna ýene-de 100 gram artyk nan goşup ugrady. Amangüldür Orazgylyjam her gün 30-40 kilo pagta ýygyp, nan paýlaryny ep-ýesli artyk alyp ugradylar. Has-da komendantyň täzeden gazan gulagyny gyzdyryp, bir wagtyna naharlap ugramagy, halkyň gözüne degdi. Gowaça eteklerindäki ýerlerden wagtynda bir sebäp bilen köwlenip alynmadyk sogandyr, käşiriň gar astyndan tapylmagy bolsa gyşyň içinde milletiň maňlaýyndan diredi. Az-kem-de bolsa açlyk belasynyň kükreginden itilendigi belli boldy. Sürgünler ilki jaýsyz ýerde gyşy geçirmegiň kyn boljagyny pikir edişip, gorkan-da bolsalar, garynlary doýup ugransoň, “Garny doka bela ýok” diýen gepe assa-ýuwaşdan ynanyşyp ugradylar. Adamlara pagta ýyglyp bolansoň, ýene oba göçüljegi aýdylan hem bolsa, belki, ýokarda soň pikir üýtgändir, olar gyşy bilenem şol ýerde galmaly boldular | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |