09:02 Zenan bagty / hekaýa | |
ZENAN BAGTY
Hekaýalar
Aýbölek her gezek adamsy sapara gidende bu pursady başdan geçirýärdi. Ol ýene-de çagalaryny naharlap ýatyransoň, ertir irden okuwa gitjekleriniň geýimlerini alyp, goňşy otaga ütük etmäge geçdi. Haýsy geýimi ütüklese, gylygy-häsiýeti bilen şol çagasy onuň göz öňüne geldi. Çagalarynyň geýimlerini ütükleşdirip bolansoň, ol adamsynyň ýuwulgy geýimlerini ýatlady-da: «Gelip işe gidende gerek bolar...» diýip, olary hem duran ýerinden alyp ütükleşdirdi. Aýbölek halymsyraýan gelinlerden däldi, hemişe öz işlerini özi etmäge çalşardy. Ol çagalaryna, adamsyna hyzmat etmekden lezzet almagy başarýan gelinleriň birisidi. Adamsy öýde günleri «Getir, kömekleşeli» diýende hem ol juda bir işi başyndan agdyk bolaýmasa, elinden işini bermezdi. Aýbölek ütüklik işlerini boldum edensoň, ýatmak üçin ilkagşamdan uklap galan dört ýaşlyja oguljygynyň gapdalyna geçdi. Düşekde bir gowuja bolup ýatan oglanjygy synlap, höwesine bäs gelip bilmän, onuň çyrşaklyja ýaňagyndan ysgap ogşady. Oglanjyk ýaňagynda bimazalyk duýup, düýrügip gozganjyrady. Aýbölegiň wagty bilen ukusy tutmady. Her gezek Akmyrat gaýdyp geler uçurlary ol birnäçe günläp oňly uklap bilmezdi. Häzirem ol hut şol pursady başdan geçirýärdi. Moskwa giden adamsy indi şu gije ýa-da ertiriň bir ýerlerinde gara bermelidi. Gije jemlendigiçe, töwerek suslanýardy. Ol birsalym Akmyrat bilen geçirenhoş günlerini ýatlap, onuň boý-syratyny göz öňüne ge- tirip, melul bolup oýurganyp ýatdy. Hatda pikirinde onuň eli diplomatly, plaşyny eliniň egremçesine atyp, uçardan düşüp gelşini-de gördi. Ony aeroportdan özüne golaý, gapynyň öňüne getirdi. Ýüregimi elime alýan bolaýmaýyn diýip, öz bolşy hakynda oýlanansoň bolsa ol uýalyp, öz-özüne käýindi. - Ýaş gelin bolsaň käşgä... Şu ýüregiň gizlin ýerde bolup, görünmeýänem bir gowy zat, ýogsam, men ýalylar tüýs ile masgara bolaýmaly-da... Garaşmak, garşy almak Aýbölek üçin täzelik däldi. Ol ýaş gelin mahaly goş goşanlaryna bir ýyl geçip-geçmänkä, Akmyrat gulluga alnypdy. Gaýyn ene, gaýyn ata, ýüwürjileridir baldyzlarynyň arasynda bolup, ol üç ýyl ýola gözläp, adamsyna garaşypdy. Bir ýola ol ýazan hatlarynyň birisinde: «Ol-bi oglanlar rugsada gelýär, sen haçan geljek?» diýip ýazypdy. Akmyrat bolsa oňa: «Men, Aýbölek, il ýaly ýarym-ýalta gulluk edip gidip-gelip ýörjek däl, başladymmy, şu badym bilenem gutaryp barjak» diýip ýarym oýun bilen oňa jogap beripdi. Aýbölek şol gezek alan hatyny adamsynyň uçardan böken mahaly döwlen aýagyny bejerdip, harby gospitalda ýatan ýerinden iberenini, soň onuň özi dolanyp geleninde eşidipdi. Harby gullukdan öwrülip gelensoň hem Akmyrat obada Aýbölekli örüde uzak eglenmedi. «Meniň iberen işlerim konkursdan geçipdir...» diýdi-de, Moskwa okamaga gitdi. Şeýlelik bilenem, Aýbölek ýene-de bäş ýyllap çülpeje çagajyklaryny gujaklap, ýola gözledi. Atsyz-sorsuz ýaş suratkeş Akmyrat Moskwadan, agza-dile düşüp ugran halypalaryň geljegine uly umyt baglaýan suratkeş bolup, öwrülip geldi. Aýbölek garaşdy, bagtyna sarpa goýdy, oňa guwandy. Özi-de hiç babatda hiç kese syr bermän, ýüregini açsa, öz bagtyna kimdir biriniň gözi-dili ýetäýjek ýaly, pikirini ýüreginiň çuňynda pynhan saklap begendi. Adamsynyň öýdäki ussahanasyna geçen mahaly ol ähli zadyň şol bir goýlan ýerinde duranyny gördi. Akmyrat ussahanasyndaky zatlaryň ellenibermegini, geçilip-göçürilip tertibe salnybermegini halamazdy. Muny Aýbölegem, çagalaram gowy bilýärdiler. Bu ýer onuň reňkdir kistleri bilen, çeken we çekjek suratlarydyr oý-pikirleri bilen ikiçäk galyp oturýan ýeridi. Aýbölek onuň täze çekýän suratyny öň hem telim gezek gören-de bolsa, ony Akmyradyň oturýan oturgyjynda oturyp, ýene-de bir gezek täzeden synlady. Suratdaky üç gözeli synlansoň, birsellem pikire batdy. Iki çetki gyzlaryň biri üýtgeşik owadandy. Ol ýöne bir adam çagasy däl-de, hakykatdanam, surat ýalydy, beýlekisi bolsa gedemjedi, Aýbölek olary tanamaýardy, tanajak hem bolmaýardy. Ortadaky, boýnuna aslyşyp duran oglanjygy gujaklap oturan gelin onuň özüdi. Özi-de bu suratda ol häzirkisinden has ýaş görünýärdi, çalaryp ugran saçlar suratda şar garady. «Onuň özi meni şeýle görýändir-dä» diýip, suraty synlamagy dowam etdirip oturyşyna oýlandy. Bu hasap hakynda pikir eden wagtynda, adamsynyň özüni şu duruşda görýänligine begendi. Suratda üç gelniň arkasynda äpet tanyş tut saýa salyp seleňläp otyr. Bu tudy Aýbölek ilki gelin bolup Akmyratlara düşen gijesiniň ertiri penjireden görüpdi. Onuň Akmyrat bilen ýeke galan otagynyň bir penjiresi şol tut tarapa açylýan ekeni. - Muny kakamyň dogany Aganazar akgam ekipdir, uruşdan öň ol muny ine, şeýdip, serhetçiler zastawasyndaky dost komandiriniň birinden alyp, aýasynda göterip gelipdir - diýip, Aýbölege aýasynyň birisini görkezipdi. Şonda bu tuduň aýratyn tutdugy, onuň ýok esgerden ýadygärlik hökmünde bu öýde eý görülýändigi Aýbölege öz-özünden belli bolupdy... Aýbölek öwrülip ikilenç düşegine geçen wagty, gije ýarymdan agypdy. Oguljygynyň myslap ýatyşyna gözi düşüp, ýene-de onuň ýaňagyndan ogşasy geldi, ýöne oglanjygyň halaman düýrükjegini, ynjalygynyň gaçjagyny ýatlap, öz höwesine basalyk etdi. Ol Akmyradyň bu gün gelmese erte, daş gitse, birigün gara berjegini ýatlap, ýüregine giňlik berip, gündiz kiri köp ýuwan elleriniň syrkyrap agyrýanyny syzyp, birsalymdan uka gitdi. Gije indi bir wagtdan bäri biri gapdalda durup, Aýbölegi synlaýardy. Ol haýsy otaga geçse, o-da gelip, şol otagyň penjiresiniň öňüni eýeleýärdi. Hemme ýerde-de gije şol bir çagalary, adamsy bilen bagly ähli zatlary aýratyn zenan mähri bilen synlap ýören, söwer ýarynyň didaryny küýseýän, göz dikip ýola seredýän maşgalany görýärdi. Hemişe gowyny görende oňa gözi gidişi ýaly, gijäniň bu pursada hem ýene-de gözi gitdi. Ähli çyralar sönenden soň hem synyny süýräp ýören garaňky gije öz gören pursadyny ýene bir sapar görmek üçin, jaýlaryň töwereginde galdy. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |