15:29 Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy | |
* * * Ýagdy sygyrýataga ýöriteläp däl-de ekin üstüne aýlanmak üçin, gapdalyndan geçip barýarka tötänden sowuldy. Onuňky sygyrýatagyň gapdalyndan geçip barýanyny gören wagty “Onymy görüp, munym ýadyma düşdi” diýleni boldy. Ol bu ýerdäki işleriň hem ýagdaýyndan habar alyp geçermen boldy. Gün bolsa eýýäm günortandan agyp barýardy. Ýagdy müdiriň sagymçylardan süýt kabul edýän bir gyrarakda ýeke duran jaýyna gelen wagty onuň gapysyna çöp ötürilip, ýapyk duranyny görüp, onuň şu golaýda bir ýerde naharlanýanyny ýa-da göleleriň ýanynda dagy bir ýerde bar bolmagynyň mümkindigini oý etdi. Emma soraýyn diýse, günortan wagty bolansoň, soraýmaga-da töwerekde bir adam-gara-da görnenokdy. Diňe ol sygyr ýatagyň aňry başynda biriniň ýanaşyk kümeleriň birinden çykyp, gapdalda dikilgi duran çarşagy alyp, ýene birine girip gidenini gördi. Ol atyny iltän ýerinde – germewiň aňrysynda galdyryp, kümeleriň töwerekdäki ot küdeleriň arasyndaky agyl atyp, boşluk bolup duran ýeri kesip geçip bassyrmaçylyga tarap ugrady. Bu boşlugyň orta gürpünde sürä eýemsiräp ýören gara öküz alty-ýedi sany sygyr bilen Gün çoguna meýmiräp, peýwagtyna gäwüş gaýtaryp ýatyrdy. Doýansoň şeýdip dünýäniň arkaýynlygyny alyp, Güne çoýup ýatmak sygyrlaryň hemişe edehedi. Ýagdy olaryň gapdalyndan geçip barýarka köne tanşy gara öküzi tanady. Öküziň ýüzi hemişe bolşy ýaly, häzirem nämeden bir zatdan nägile ýaly hyýrsyz hem garasöýmez görünýärdi. Şundan birnäçe wagt ozal gara öküz bilen bolan çaknyşygy ýadyna düşüp, Ýagdynyň köne hyltynyň gozganlygy belli boldy. Öküzem tananlygyny mälim edip, ýatan ýerinden oňa tarap başyny öwürdi. Agyr bir hala düşen ýaly soňam hasylap uludan dem aldy. Hatda onuň ädik-köwşüň burnuna meňzeş kütek burnunyň deşiklerinden ýel çykanda öň ýanynda ýatan ot-çöpler göterilişip, galgaşyp gitdiler. Nämedir bir ýakymsyzlygyň boljagyny aňan öküz gözleri bolsa şundan soň onuň düýrügip ugranyny mälim edip, has-da giňden mölerdi. Ýagdy onuň duşuna ýeten wagty it ýylgyryşyny edip ýylgyrdy-da, öküze henek atdy: – Ýatyrmyň, göhert, tur ýatan öküze iým iýmek günädir. Şu ýyl gysyrgulajynyň köp galaýsa, gümüňi çekip, seni et salgydyna tabşyryn– diýip, öz-özünden beleň alyp jort atdy. Öküziň üstüne hekemsiredi. Soňra muny-da az görüp, ol elinde gysymlap gelýän gamçysy bilen onuň arkasyna-da şarpyldadyp aldy. Köne ýagysynyň hakyndan çykanlygyna begenip, mes bolup soňam aňyrlygyna ötdi. Öküz gamçynyň awusyna leňňer atyp, ýerinden turdy. Öň aýaklaryny öňe uzadyp garnyny ýere degrip görmekçi bolýan ýaly göwresine ýaý berip gerindi. Onuň barha gyzarýan gan guýlan deý gözleri bolsa henizem özünden daşlaşyp alakjap, eden işinden göwnühoş bolup barýan Ýagdydady. Ýagdy ýelkildäp, müdir bardyr diýip pikir eden hatar basdyrmalyga tarap ýeňil ädimläp barýarka ýeňseden sygyr toýnagynyň şarkyldysyny eşidip, onuň bilen gyzyklanyp, boýnuny öwrüp, yzyna gözledi. Şonda ol ýaňky gamçy iýen öküziň öz yzyndan gazap atyna atlanyp, ýetip gelýänligini gördi. Ýagdy gamçy çalyp, köne duşmançylygy öküziň ýadyna salanlygyny diňe häzir düşündi. Ökündi. Ýöne eýýäm giçdi. Öküziň şahyna ilse, tebibe zat galmajagy ikuçsuzdy. Ýagdy halas bolmak üçin syçanyň hinini müň tylla satyn almaly pursadynyň gelenine düşündi. Eger ol özüniň hondan bärisi hökmürowan şuralygyna osup, bu ýöne-möne däl howpuň üstüne abananyny biraz giç duýan bolsady, onda bu gün onuň ömrüniň iň gara günleriniň biri bolardy. Emma şu dara-direlikde aňy dury işläp, ol bu ýagdaýy wagtynda duýdy. Ýagdy “Bu nä pälazgynçylyk?” diýip, ondan sögünip, ýazzyny berip gaçdy. Şol barşyna-da öküziň öz papagyna jynynyň düşenini pikir edip, şeýtsem yzymdan galar diýen pikir bilen ony-da başyndan çykaryp, eline aldy. Öküz Ýagdynyň gaçyp ugranyny görüp, onuň yzyndan hasam öjügip kowdy. Dört dars toýnak bir bulanyp gelýän gamçy guýruk hyrsyz gezelen iki sany şahly kellä öwrülip barşyna ony ýetip, şahlaryna mündürip silip taşlarly göründi. Muny görüp zähresi ýarylan Ýagdy şol tasap gaçyp barşyna öküz ýetdim-ýetdim ediberende, gabatdaky bassyrma jaýlaryň çem gelen birine ýüzugra kürsäp urdy. Öküz badyna urlup, tas onuň giren jaýynyň diwarynyň bir gapdalyny alyp düşüpdi. Şu pursatda ol diýseň tüýsüni üýtgedip, görülmedik bir wagşy haýwana öwrülipdi. Ýagdyny bir şahyna mündürip, harman atan ýaly, asmana atmak isläp, tüýsi üýtgän öküz şeýdibem armanly galdy. Ýöne ol öwrülip oýunda utulanlygyna ynanyp, yzyna gidibermäge, haklaşygy ýene bir gezege goýmaga bolsa gyssanmady. Ýagdynyň giren jaýynyň gapysynyň gabadynda o-da onuň çykaryna garaşdy-da, keserdi duruberdi. Başda sygyrlara niýetlenip salnyp, soň çopanlar üçin girip-çykara, sümelgä¬ öwrülen jaýda oňly penjire-de bolmanlygy üçin, onuň içi garaňky hem dymykdy. Onda hamala ýas-ýaňy bir sygyr tezegini taşlap giden ýaly sygyr lapbajynyň ysy, ajy der ysyna meňzeş ýene-de bir agyr ys bardy. Bu jaýa her gün kim girip çykanokdy, çopanlar beýlekiler, çarşak-pillerini, ýeneki zatlarynam şu ýerde belli ýer diýip goýýardylar, gyşyna üşän göle-de bolsa, şoňa salyp getirip ýylarýardylar. Hä¬zir içerde hiç kim ýokdy. Durup biraz içerik gözi öwrenişensoň Ýagdy bu ýerde gurlan palçyk ojagy, onuň beýlerä¬ginde ýatan odun depesini, jaýa girip çykýanlaň oňa-muňa atan, başly-barat ýatan goş-golamlaryny saýgardy. Ýagdy arkasyny alyp, gapynyň öňünde duran öküzi kowjak adamy, gapyň yşgalaňyndan jyklap gözlese-de, wagty bilen özüne haraý durjak adamy tapmady. Kömek sorap gygyrmagy bolsa şura halyna özüne kiçilik bildi. Şurany öküz kowalapdyr diýen gürrüňden çekindi. Başgalar hiç zat diýmese-de, Nurjumanyň ýaňsylap: “Öküz tüýs hakyňdan çykypdyr-da seniň, bolanyna görä¬, şahyna bir ildirmeli eken” diýip, öz üstünden güljegini ýatlady. Şol barmana-da bir salymdan, uzagrakdan ferma müdiriniň kimdir biri bilen gürleşý¬än tanyş sesi eşidildi. –Şuraň aty bar-da, özi görnenok, sen-ä gören dälsiň? –Aý, ýok, men küdeden göleler üçin ot sogrup taýynlap ýördüm. –Öz-ä onuň meniň üstümden gelipdir. Bir aýtjak, diýjegi bardyr-da. –Mümkin. Ýöne meniň¬ gözüme ilmedi, ilen bolsa dessine tanardym ony, indi ol ýoldaş Staline meňzeş geýnip gezýär ahyryn. Onuň ýaly dürgeý geýinýän obada ýok. Kim bar başga? –Aty bar bolsa, özem-ä şu töwerekde bolmaly onuň. Aý, çykar-la bir ýerden gorsuldap, burnuny talawladyp. –Ot basylýan tarapa giden bolmagam mümkin. Ýagdy kümäň ýapyk gapysynyň aralygyndaky yşdan özüni gözleýänleri görse-de, kömege çagyryp gygyryp bilmedi. Demini gatyrak alsa öküzi özüne öjükdirerin öýdüp gorkdy. Onsuz-da ol diýseň gorkupdy. Tutuş süňňi bilen saňňyldap durdy. Sesini olara ýetirip bilmäge mejaly-da ýokdy. Öküz gapynyň öňüni alyp, ýene bir salym hatdara bolup duransoň, Ýagdynyň bu halda wagty bilen kümeden çykmajagyna aň etdimi ýa-da gapyny garamlap, bizar boldumy nämemi, onuň gapynyň öňünden sowlanlygy belli boldy. Öküziň syňraklarynyň şarkyldysy ahyr barha gapydan daşlaşdy. Ýagdy yşgalaňdan seredip, öküziň garaşyp bizar bolup, guýrugyny käte bir bulaýlan bolup barýanyny görse-de, onuň ýagşy ara açmagyny isläp, jaýdan çykmaga gyssanmady. Öküziň yzyndan ýigrenç bilen seredip durşuna: “Ar alýar bu haramzada, ňäme üçin şol wagt munuň ýoguna ýanmadymkam!? Ineriň, öküziň kine saklagyç arsakdygy ýogsam näme meniň bilmeýän zadymmydy?” diýip, öküz bilen özüniň ozalky çaknyşygyny ýatlap, giçki ahmyr bilen käýindi. ...Ýagdy şol günem sygyr ýataga gelende onuň başynda, öňki silkme telpeginiň ýerine t¬äzerä¬kden geýip ugran, häzirki zaman ýolbaşçylaryna row bolan papak, egninde goňras birsydyrgyn lybas geýip, başgaça bolup gelipdi. Görenleriň köpüsi ony şonda birbada tanamandylar. Hanuma-da ol bu papagy, lybasy ilki geýen güni ony tanamandy. –Bä-ä, şura, asyl bi senmi? Aňyrdan gelýärkäm tanaman, bir ýat emeldar şäherden gelipdir-ow-diýdim. Indi şahly murtuňa derek eýleki temegiňe tekge bolup, durýan öli ýarbasanyň ganat ýaýyp ýatyşyna meňzeş murtam edinseň, ana, onsoň dagy sen uly döwlet ýolbaşçylaryna-da hasam meňzejek –diýipdi. Ýagdy Hanuma şonda at tutmasa-da, onuň özüni ýoldaş Staline meňzedýänligine düşünipdi. Zenan tarypy erkekleri öz halyna goýýarmy? Hasam ol Ýagdy ýaly öz halyny bilmezden ýokary wezipelerdenem tamakin ham-hyýal adamlary. Şonda ol Hanumanyň tarypyna berlip, eselip buýsançly owsunyp durşuna: “Şun-a, Hanuma gelin, şu papagy alyp geýenimden soň, şäherde-de birki adam aýtdy” diýip, hondan bärsi bolubam buýsanypdy. “Döwlet ýolbaşüylaryna dagy meňzäp bolsa, näme armanyň bar!?” diýibem, göterilip moça bolupdy. Emma ol özüniň dony-telpegi goýup, täzeçe geýinýänligini halamaýanlaryň-da, düýrügýänleriň barlygyny-da bilýärdi. Ýöne beýle düýrügý-änler, görüp otursa, diňe bir adamlaryň arasynda bolman, haýwanlaryň arasynda-da bar eken... ...Ol şonda müdir bilen gürleşip, süriň arasyndan geçip barýarka, mallaryň ortasynda sürüniň gerşi bolup aýlanyp ýören gara öküziň oňa pisindi oturmanlygy belli bolupdy. Munuň ýaly harbylarça geýnen, başy papakly üste sürnüp, süri arasyny dabrap gelýän adam onuň nirede gören zady! Sygyrlar ony görüp bölünip, ýol beren hem bolsalar, öňde gyzyl gulajyna süýkenip, oňa göwün bölüp, emsirenip duran öküziň welin onuň öňünden sowulasy gelmändi. Gaýta keýpine kuh berlenini halamadygyny mälim edip, Ýagdynyň ýüzüne düýrügip nägile seredipdi. Ýagdynyňam öküziň bolşuna äjinesi atlanyp, onuň bolşuna girre gahary gelipdi. Ol elindäki örtme gamçysyny şarpyldadyp: “Sen kimiň öňünden çykýaň, mahluk!?” diýen äheňde nägile bolup, ony öküziň göni iki şahynyň arasyndan saldy. Öküz endamyna ot çabran ýaly bolup gidensoň, başyny ýüpden sypdyrjak bolýan ýaly bulaýlap, götinläp yza çekildi. Gamçy her gezek çalnanda öküziň arkasynda çylgym bolup, uzyn yz galdy. Şundan soň urulýan gamçynyň sany barha artdy. Ol guduzlan ýaly bolup, paýhas-ätiýaç çäginden çykdy. Öz ýeňşiniň hezilligine berlen Ýagdy soň ony wagty bilen urmasyny goýmady. Bir salym ýöne gamçy şarpyldysy boldy durdy. Ýagdynyň öjügip salýan gamçysynyň şarpyldysy bu ýagdaýda nähili boljagyny bilmän duran müdiri-de töwerekdäki sygyrlary tisgindirişi ýaly tisgindirdi. Gamça gerňelen öküz diňe şundan soň özüni sygyrlaň arasyna urup, gutulmagyň aladasy bilen bolmaly boldy. Garşysyna çykylanyny halamadyk Ýagdy soň yzyndan ýetibem birki gamçyny onuň arkasyna suňşurdy. Öküzi urup keýpden çykyp, yzyna dolanan wagty bolsa müdire baş atyp: –D¬äli öküzmi munyň? Adamy beýlekinem bilenog-a bu mahluk –diýip, onuň jogabyna-da garaşman sögündi. Müdir Ýagdynyň igençli soragyna birbara näme jogap berjegini bilmedik ýaly biraz eglenip jogap berdi. –Öň-ä beýle häsiýeti ýokdy onuň... Ýöne seniň papagyňy dagy delräk görendir-dä. –Ýok, adama ereşýän bolsa, ol gowy mal däldir. Işandan gaçan däliň gözi ýaly gözlerem gyp-gyzyl-a onuň. Güm et! –Wah, ýekeje tohum öküzimiz-dä şu. Mundan başga tohum öküzi men onsoň nireden tapaýyn? Tüýs tohum malyň gölesi özem onuň. –Haýsy sygryň gölesi? –Şol Kymyş aganyň, iliň köpüsini mally eden süýtli gara sygrynyň gölesidir ol. Kymyş duzçynyň ady agzalan mahaly Ýagdy halamazlyk bilen gaşyny çytdy. –Hä, şeý diýsene. “Mal eýesine çekmese şumluk” diýlişi ýaly, Kymyşyň mal-garasynyň häsiýetem öz häsiýeti ýaly Soweti görse, gezelişip dur-aýt bular. Ferma müdiriniň bu gezek onuň gepine at goşasy gelmedimi nämemi, hä bermän, dymaýanyny kem görmedi... ...Ýagdy öküziň öwrülip gidenligini çen edenden soňam gizlenen ýerinden çykmaga howlukmady. Ahmal galmazlyk üçin töweregini diňşirgendi. Gapynyň yşgalaňyndan görünýän meýdançany siňňin synlady. Diňe golaý-goltumda onuň ýolugyna ýagşy göz ýetirensoň, gamçysyny saýgyjy bilen bile gysymap, töweregine ätiýaçly gözläp, jaýdan çykdy. Töwerek imi-salalykdy. Emma ol gapydan çykyp, heniz on-ýigrimi ädim ädip-ätmänkä, şol arada ýeňsede bir duýdansyz hasyrdy, tapyrdy peýda bolup, nämäniň nämedigini görüp ýetişmänkä, ony yzyndan göterip, honda atyp urdy. Bu şol ahmyrly gara öküzdi. Ýagdy ony gidendir öýtse-de, ol gitmändi. Giden bolup, ýene-de kümäniň gapdalyna dolanyp gelip: “Häzir çykmasaňam, ahyrsoňy çykmaly borsuň” diýen niýet bilen oňa garaşyp durupdy. Göwnüne deglen öküz Ýagdynyň çykyp barýanyny görübem, gökdäki dileginiň ýerde gowşanyny bilipdi. Aňyrdan atylyp gelşine ol Ýagdyny ýüzugra şahyna mündürip silip urupdy. Däli hetdine ýeten öküz soň ony bir süsübem goýdumy? Aýaklary bilen öçli depeläp, togalap-togalabam süsdi. Adamlar görüp, töwerekden gygyryp ylgaşyp geldiler. Öküzi taýaklap urup gorkuzyp kowdular. Ýagdyny zordan onuň deminden sypdyrdylar. Ýogsam öküz-ä ony entegem süsüp, hezil edip depgilärlidi. Öküz öldürdim eden bolsa-da, Ýagdy entek ölmändi. Ol araba ýüklenilip, ýüzüne sowuk suw urlansoň, özüne gelip ugrapdy. Müdir ony şäher dogtaryna diýibem durman, şol ýerden göni Nobat tebibiňkä göterdi. Çopanlaryň birini bolsa “Ýolbaşçylara habar ýetir” diýip, şuraň jaýyna ugratdy. Bularyň bagtyna hassa üstüne em-melhem diýip gitmän, Nobat tebibem öýünde eken. Ol agyldaky iki-üç toklusynyň ot-suwuna seredip ýördi. Nobat tebip “Kim?” diýip, getirileniň kimligini anykansoň, oňa kömek bermäge howlugaýmaly ýaly bolsa-da, ol gyssanmady. Toklularynyň aladasyna berilmesini dowam etdiriberdi. Oňa näme bolanyny bilenem gyzyklanmady. Ahyr müdir durup bilmän, tebibe täzeden ýüzlendi: –Nobat akga, tizrä¬k göreweri, haly harap eňek atyp barýar bi! –Men toklylaryma ot berý¬än görý¬äň-ä¬! –Getir, aga, men bereýin şol otuňy. –Kesekiň eli bilen berlen oty meň toklularym iýmez. Onsoňam sen näme, inim, onuň üçin oda-köze düşýä¬ň, ýa özüňi müdir wezipä bellänligi üçinmi? Seniň garry ataň bilen doganoglan agaňy onuň gümgidene gidirenini eýýäm unutdyňyzmy ýa? Ýa öz günüm hoş, menden başgalar n¬äme bolsa, şol bolsunmy seniňki... Gorkma guluň jany berk bolýandyr. Hiç zadam bolmaz oňa. Şu-da men¬em “Tebip, adam bejerý¬är” diýip, OGPU-ny üstüme küşgürip ýören... Meni indi adam bejeremok, kim bejerse, şol bejersin. Indi menem bu gün soraga çagyryp, jyn edip ýör-ä bular... Habary eşidip ilki at çapdyryp gelen Nurjuma boldy. Ganyny sarkdyryp göz-gülban bolup ýatan şurany görüp, ol juda erbet boldy. Nobat tebibiň kejine tutup, henizem onuň halyndan habar almazlygy bolsa, ony hasam aladalandyrdy. Oba içinde tebibiň kejirligi barada gürrüň baram bolsa, köp ýyllardan bä¬ri oňa ýüz tutup, nep tapyp ýören-de bolsa, heniz onuň kejirligine gabat gelip görmändi. Şonuň üçinem ol iliň bu gepine ünsem berip ýörenokdy. Hanuma habary eşidip, aňyrdan gelip atdan düşende indi Nurjuma tebibe ýalbaryp durdy. –Nobat akga, gaýrat et! –Gaýrat ýokdur, inim. –Ölüp gitmesin-d¬ä! –Il heý şuň ölenine gynanar öýdýä¬ňmi? –Nobat akga, şu günden şeýläk¬ şuny seniň adyňy tutmaz ýaly ederin, bir gaýrat et! –Ene bir az ýatsa, özem adymy tutmaz ýaly bolýar onuň... –Beýtme, Nobat akga, beýtme, şuňa bir zat bolsa, hökümet em etmä¬niňi bilse, senem oň goýmaz-ýenekinem. –Aý, n¬äme bolsa görübermeli bolar-da. Tebibiň bu kejirligi Hanumanyň hasda gaharyny getirdi. Ol bir tebibe bir ölüm halda ýatan Ýagda tarap nazar aýlap aldy-da, duran ýerinden münüp gelen atyny ilt¬än ýerine dolandy. Ýygjam-ýygjam ¬ädimlä¬p, atynyň duran ýerine bardy. Ol şol pursatda tebibem beýdip, arkan gaýşyp duransoň, Ýagda kömek etjek ýeneki bir tebipmi-dogtaryň aýlanyp gözlegine çykmaga giderli göründi. Emma ol barşyna atyň eýeriniň gaşyna bir elini ýetirse-de homp alyp, onuň üstüne münmäge gyssanmady. Eýeriň gaşyna bükdürilen horjunyň gözlerini dörüşdirip, ol ýerden mata dolanan bir zady tapyp aldy. Bu aglaba Sowet ýolbaşçylarynyň ýanynda göterýän ýaragy hökmünde özüne berlen sapançady. Ol muny erkek kişiler ýaly, ýanbaşyndan sallap, mazamlap dakynyp ýörmese-de, aňsat ýanyndan goýmazdy, birde çörek düwünçeginde goýsa, ýene birde gerek bolanda alaýar ýaly, ony horjunynyň gözüne atardy. Ol aňyrdan sapançanyň dolagyny aýryp, goluna laýyklap gelşine iki-üç ädimlikden ony sen-men ýok tebibiň kükregine tutdy. –Tebip. Aklyňa aýlan. Hötjellik edip, şura em etmeseň, heleýem bolsam, erkegiň gepini diýý¬än, seni gapyňda it atan ýaly atýan häzir. Obadan zor etse, birbada iki tabyt çykjak eken-dä –diýip, talaply dillendi. Başy silkinende her gezek ýüzüne düşýä¬n baş ýaglygyny arka atyp durşuna hyrçyny dişl¬äp, gazaba galyp aýtdy. Şol arada tebibiň ogly Bazar tebip bir ýerden gelip ýetişmedik bolanlygynda barha çekimi ýetip dartgynlaşýan bu wakanyň n¬ähili gutarjagy belli d¬äldi. Asla gowulyk bilen gutarar diýen tama ýokdy. Bazar tebip göreninden iş-işden geçip barýanyny duýup, rej¬äň geň d¬äldigine düşündi, münüp gelen eşegini iltä¬p-iltemä¬n, arabanyň üstünde göz gülwan bolup ýatan Ýagdynyň ýanyna ýetmä¬ge howlukdy. Onuň synalaryny bir-bir ellä¬p görüp, ýagdaýa göz ýetirensoň, “Öýden ony getiriň, muny beriň” diýip, dessine oňa melhem etmegiň ugruna çykdy. Ýassyk getirdip, başyny biraz göterdensoň, ýyly suw bilen onuň ýüzündä¬ki, maňlaýyndaky soýlan, sypjyrylan ýerlere däri-derman çalyp, tertibe salyşdyrdy. Nobat tebip şol oturan ýerinde henizem kejirligini edip, kese bakyp otyrdy. Henizem ol n¬ägiledi. Ol şol ýerde ýene bir salym şu halda oturansoň, ogluna kakdyryp: –Ediber hany şoňa emiňi. Seniňem bir gün jürüňi diker. Ýagşylygy bilýän doňuzmy olar. Öňki döwürde olar Kymyş agaň ojagynyň küli, tabagynyň çemçesidi. Anna, indi bolsa onuň çagalaryny çaga-çugasy bilen gümgidene ugratdy. Bularmy... –diýip, hüňürdäp turup gitdi. Bazar tebibiň yhlasly hyzmatyny görensoňlar, Nurjuma dagy onuň kakasyna üns berjegem bolup durmadylar. Olar Bazar tebibiňem kakasy ýaly usully tebip bolup gelýändigini eşidip ýördüler. Ýagdy biraz suw ýeneki içirilip, özüne getirilensoň, Bazar tebibe: –Tebip, sag aýagym, hamala dyzymdan aşagy ýok ýaly-da –diýip, halyny derdindi. Bazar tebip şonda oňa: –Aýagyň bar-a, şura, ýöne biraz ýerinden üýtgäpdir, ony ýerine ertmeli, onuň üçin bolsa seni ilki öýüňe gitmeli, arkaýynrak ýerde ýatyrmaly... –Näme etseň, çaltrak edewer, Bazar!–diýip, Ýagdy soňky döwürde özüne mahsus bolmadyk, ýalbaryjy hörpde tebibe ýüzlendi. Bazar tebip onuň çykan aýagyny öýüne getirensoň, ýerine saldy. Öküziň ýara salan ýerlerine bir aýdan gowrak onuň öýüne gatnap melhem etdi. Şäherden ýörite ugradylan dogtaram birki gezek gelip, onuň ýagdaýyndan habar alyp gitdi. Döwük-ýenjikleriň gowy ýerine baranlygyny belledi. Ownuk tebipçilik bilen tanalýan Bossan kempir bolsa Ýagdy biraz özüne gelip ugransoň, iki adama onuň aýagyny ýokary göterdip, süýşendir öýdülýän ýüregi ýerine getirmek üçin, dabanyna daş bilen kakdy. *** Ýagdy şurany öküz süsenligi baradaky habar agyz-agzyndan ýel alar bolup, oba tiz ýaýrady. Bir agza-dile düşensoň, ol gürrüň onsoň öz halynda, öňki durkunda galýarmy, her kim oňa bir zatlar goşup, tizden ony ertekä meňzetdiler-de, goýaýdylar. Aslynda ýok-da bolsa, bu hyýanaty hut bilkastlaýyndan ýörite guranlar hem tapyldy oturyberdi. Öküz kimiňki, Kymyşyňky, eger ol biriniň diýenini etse, kimiň diýenini edip biler, elbetde, Kymyşyň ýa-da onuň öýündä-kileriň biriniň. Ine, şundanam düşnükli kimiň kime nä¬me edip biljegi. Hamala “Bir gün mallar örüde otlaşyp ýörkä, Kymyş duzçy hyşalykda öz öküzi bilen gizligin duşup, onuň gulagyna bir zatlar diýip, çawuş çakyp duranyny gören hem barmyş... Şondan biraz wagt geçensoňam, gara öküz şura duşanda ony şahyna mündürip geýip urupdyr” diýip, şol pursatda malyň adam diline düşünip-düşünmeýänligini hem pikir etmän gep edýärdiler. Dogrusy, bular bolup biljek, ynanar ýaly gürrüňem däldi, ýöne bu döwür Kymyş duzçyň bir gezek öz ýagdaýy barada “Häzir ýatandaşy alyp, başga tarapa atsaňam, barybir ol gelip, bize degýär” diýşi ýaly, ähli ters işleriň oňa ýelmeşesi gelip duran döwürdi. Bu wakanyň nädip beýle bolup bilýänligi anyklamak üçin, hemişe ähli zadyň ters yzyny çalyp, herki zatdan müňkürlik bilen monjuk gözlemegi endik eden OGPU, prokurotura, sud işgä¬rlerinde hem uly gyzyklanma döretdi. Has beteri-de bu waka adaty bolup biläýjek ýagdaý hökmünde däl-de, ony kimdir biriniň Sowete hyýanat ýetirmek üçin gurnan işidigi baradaky müňkür pikir edilmegi boldy. “Ony kim gurnap biler” diýen alasarmyk, düşnüksiz sorag döredi. Esasy zat näme, sorag, sebäp tapylsa bolýar. Onuň jogabyny tapmak soňra hökmürowan organ işgärleriniň öz işi. Ony bolsa olar soňra ýagdaýyň hak-u-nähaklygyny seljerip durman, “Gazançynyň haky bar, nireden gulak çykarsa” edip, öz isleglerine görä çözýärler. Şol günüň ertesi şäherden gelen prokuror müdir bilen bu pajygala wakanyň şaýady bolan Allan çopandan sorag etdi. Olar ýagdaýy soralan mahaly bir-birleriniň gepini gaýtalap diýen ýaly jogap berse-de, ähli zatdan günäkäri tapmagy, tapmasa bir ýol bilen ony özleri toslap-döredip, soňam tapandan, iş bitirenden bolmagy halaýan prokuror, bir zat ýitirip, ony tapman ters aýlanyp, şol bir ýeri gözleýäne meňzäp, telim çagyryp, olara şo bir soragyny berdi. Prokuroryň “Kim şu zatlary edip biler” diýip, öwran-öwran sorap durmagy ahyrsoňy ozaldanam sähel zada kejigýän çopanyň gaharyny getiripdi. Şonuň üçinem prokuror bu soragy ýene bir gezek berende, ol näme bolsam, şol bolaýyn edip, oňa “dogrusyny” aýtdy. Prokuror “Hany, ýadyňa saldyňmy, kim bolup biler şol hyýanatçy, sen mal bakyp ýörkäň, Kymyş duzçy süriň töweregine gelýärmidi? Aýt, sen aýtdy diýmeris!” diýip, ondan kesgitli talap etdi. Ahyr mugyra gelene meňzäp çopan “Aýdaýyn” diýen wagty bulaşyk ýüpüň ugrunyň ele gelip barýanyny pikir eden prokuror: –Aýt! –diýip göwünjeň dillendi. Çopan “Şol!” diýip, bir barmagyny ýokaryk göterdi. Prokuror ilki onuň şoluna düşünmedi, düşünenden soň bolsa “Be munuň kellesi bir ýerindemik¬än!?” diýip, pikir etdi. Çopanyň barmak somlap, görkezý¬äni asman... Hudaýdy. Eýsem-de, haýwana beýdip gep düşündirip biljek başga kim bolsun!? Prokurora: “Bu obanyň adamlaram öküzleri ýaly däli-läý” diýmekden başga alaç galmady. Birnä¬çe günden Aman OGPU Ýagdy şurany soramaga gelende hem olaryň arasynda ýene-de şuňa meňzeşlik bir gürrüň boldy. Bu wagta çenli Ýagdy em-melhem edilip, biraz özüne gelipdi. Emma muňa seretmezden, ol henizem düşekde ýatyrdy. Öz OGPU başlygynyň orunbasarynyň sorap gelmegi, onuň mertebesiniň kiçi d¬äldigini pikir edip, Ýagdynyň monça bolmagyna seb¬äp boldy. Ol hal-ýagdaý soraşylyp gutaryp gutarmanka, ýatan ýerinde Aman OGPU hezzet-hormat etmek üçin, töweregine buýruk berişdirip ugrady. “Hany, dessine ýatakdaky işşekleriň birini garnaň, çagyryň Mommat akgany, şol tiz soýýar ony. Onsoňam dersini sypyrdygyňyz, dessine pudarlan ýeriňizi bagyr-sagyr, labyr-lubury bilen atyberiň gazana, kaklap bolmankaňyz, naharyň şor suwy taýyn bolsun, ilki şonuň tiz bişer bagry bilen alyň, bagyr diýen zat dagy sähel tense bor, Mommat akga-ha ony çigligine-de iýer ýörerdi-laý” diýip, Aman OGPU-nyň «Ýene degip geçjek ýerimiz bar” diýenine hem seretmän, dessine onuň daşyny hezzet-hormat bilen gurşady. Beýle gerekli adam dagy gelende, şura bolup, iniş-çykyşy öwrenen, şeýle hyzmatlaryň soňra göz öňüne tutulyp, gerek ýerinde, arkaňy alýanlygyna belet bolan Ýagdy bu pursady sypdyrjakmy!? Şura “Şorsuwy alyberiň saçak üstüne” diýeninden eýýäm agzy suwaryp ugran Aman OGPU-a onuň diýenini edip, saçak başyna geçäýmekden, hezzet-hormat eýesi bolaýmakdan başga alaç galmady. Ara salym bermän, naharyň öňi şorsuw bilen bygyrdap bişen bagyr öňe gelen mahaly saçagyň bir gyrasyny tutup, goşa ýassygy tirsekläp ýatan Ýagdy şura, şol ýatan ýerinden Aman OGPU mylakat bildirip gürleşip oturdy. Raýonda alnyp barylýan işler barada, ýolbaşçylaryň mertebeläp atlaryny tutup, olar barada-da soraşdyryp, özi düşege baglanaly bäri öwrede bolmansoň, täzelikleri bilmek maksady bilen içgin soraşdyrýardy. Ýagdy hyzmat edip ýören ýetginjek oglan ilkinji üsti bugaryp duran tamşandyryjy nahary getirip, saçak üstünde goýan wagty dessine oňa ýene-de ýumuş buýurdy: – Bar, gelnejeňden sora, “näme” nirede diýýär diý– diýdi. Oglan birbada özüne näme iş buýrulýanyna düşünmän, başgaçarak eşiden bolaýmaýyn diýip, gapynyň öňünde duran ýerinden Ýagdynyň ýüzüne soragly gözledi. –Näme diýdiň, Ýagdy däde? Ýagdy: –Bar, aýt gelnejeňe “nemä” özi düşer! –diýip, Ýagdy ýigdekçäni ugrukdyrdy. Yzyndanam ýatan ýerinden oňa goluny salgap goýberdi. Ýigdekçe gyssanmaç çykyp gidişi ýalam ýene-de tiz yzyna gaýdyp geldi. Gelnejem “Neme” sandygyň arkasyndadyr diýdi diýip habaryny berdi. Ýagdy görýäň-ä meniň nädip ýatanymy, galyp-gopara ýagdaýym ýok diýý¬än manyda ýene oglana ýüzlendi. –Bar-da, onda al-da, özüň ony şol ýerden! Ýigdekçe diwar bilen sandyk aralygyna elini sokup, ol ýerden ep-ýesli edilip düwünçege düwlen bir zady tapyp aldy. Ondanam bokurdagyna çenli dolup, bylkyldap duran iki çüýşe bugdaý aragy çykdy. Oturylyşygyň şüweleňli boljagy belli boldy. Aman OGPU dalbynyşyp duran arakly çüýşeleri görüp, şorsuwa çörek batyryp, bagyr bilen ýanyp-bişibräk iýip oturyşyna: –Guş dilinde gürleşip, ahyr düşünişdiňiz-ow– diýip, arakly çüýşeleriň höwesine berlip, burnunyň aşagyna bir bölek gara keçe ýelmenen ýaly bolup duran murtuny göwnühoş sypalady. –Düşünilmese bolmaz-a –diýip, çüýşeleriň birini açyp, lykyrdadyp k¬äselere bölüp, arak guýup oturyşyna Ýagdy özünden göwnühoş, badyhowa gürledi. Soňam: –Ýoldaş Aman, alaly, ak zady synsyradyp goýmaly–diýip, käseleriň birini oňa uzatdy. Şeýdibem, birinji bada şorsuw bilen göterildi. Şondan soň gürrüňler barha alaçaly ýaga döndi. –Muny öň bir gezek ýanyna baranymyzda Wartan doganymyz: ”Marydan ýörite siziň üçin getirdim” diýip, Nurjuma ikimiziň herimize bir çüýşe gadyr edip berdi. Menem “Nurjuma bu kellesi bilen arak nämä gerek, onuň kellesi içmese-de içen ýal-a. Il muny Nurjuma ýaly bolmak üçin içýär, muny içse dagy ol gyzylym däli bolaýmaýarmy” diýdim-de, ikisinem özüme alaýdym –diýip, aragyň öýüne düşüşini hezil tapyp ýatlady. Ýagdy mahal-mahal bada göterişip, myhmana mürehetde-mylakat bolup oturyşyna, aragy gizl¬äp goýanlygynyň sebäbini hem biraz müýnürgäp ýüzugra ýatlady. –Entegem meni öýe arak getirip, içip düwläbersem, kakam çagalygymdaky ýaly, “It ogly, seniň iniň-boýuňy des-deň edeýin” diýip, çybykdyr gamça gerňäberýär– diýip, ýaňsyly gülümsiredi. Goýun eti yzly-yzyna çorba, börtme bolup gelip ugransoň, ak arakly badalar barha artyp, saçak başynyň gülküsi, gep-gürrüň şagalaňy barha artdy. Gürrüňleriň gerimi giň¬äp, dil bilen asmandakyny aňsatlyk bilen alyp bolýan pursada ýetildi. Aman OGPU keýp-lezzetine berlip, humarlap oturyşyna bir gezek, Ýagdy tarapa pişigiň gözi ýaly mawy gözlerini aýlap, öz aňtamak maksady bilen gelen zadyny hem gep arasynda ýatlap goýberdi. Ýagdydan: –Seniň bu güne düşüp ýörmegiňe Kymyş duzçynyňam-a maňa ýeten maglumatlara görä hilesi bar diýjek bolýarlar, nähili onsoň şol dogrumy? –diýip sorady. Aman OGPU bu gürrüňi aýdanda nobatdaky badany göterip, öňündäki naharlardan lezzet tapyp iýip oturyşyna, aýtmakçy bolýan gürrüňini ilki başynda aýlap, ondan belli bir derejede hezillik tapýanyny mälim edip, şypyljap duran şireli dodaklarynyň arasyndan soralan dişleriniň etegini sähelçe görkezip, ýarym ýaňsyly gürledi. Ýagdy Aman OGPU-nyň bu gepi biraz oýnakyrlap ynamsyzrak, aýdyşyndan onuň öküz item-ä däl, helabas berlende üste zyňar ýaly diýýän deý munuň ýörite edip boljak zatdygyna ynamsyzlygyňam barlygyna düşündi. Şeýle-de bolsa, ol özüniň bu güne düşmeginde öňki ýaly şu Kymyşlaryň eliniň barlygyna bolan şübhesiniň artmasa, kemelmeýä¬nligini mä¬lim edip gürledi. –Ýoldaş Aman, Kymyşyň gönümel bu işde nä¬hili eliniň barlygyna bilemok, ýöne özüniň-ä¬ gözünde oky bolsa, meni atjagyny welin bilýä¬n. Üstesine-de, ol dilinem saklanok, meniň düşen günüm barada eşidensoň, ol begenip nä¬me diýýä¬mişin diýsene: “Hol gün men gara öküzim meýdanda otlap ýörkä¬ baryp, gizlin onuň bilen duşuşyp gaýtdym. Şonda tabşyrdym men oňa, Narly gamyşçynyň kemsit ogluny gören ýeriňde gaýgyrmagyn!” diýdimem diýýä¬miş. –Ikiňiziň m¬äşiňiz¬ bişişenok, gidişý¬äňiz özüň¬-ä– diýip, Aman OGPU onuň h¬äsini berdi. –Ol öňem-¬ä oňly doňuz-a d¬äldi welin, häzir ogullarynyň sürgün edilmegini menden görýä¬r. –Ol-a belli bir derejede dogram, seniň beren atlaryň içinde bardy-da onuňam oglanlary... –Hä,¬ ony berme, muny berme, kimi bereýin onda men? Sizem adyny aýt diýip, janymy alyp barýaňyz... –Ýok, olaryň sürgün bolmagyny isl¬än diňe senem dä¬l, Hardadam olary halamaýan eken. Şolam aýtdy şulary gaýgyrmagyn diýib-ä¬. –Hä¬, şeý diýeweri. Hardadam diýendir. Kymyşyň uly ogly Orazgeldi bajysy Hardadyň inisine ¬äre gaçanda, namys edip, Ahmet ýaly kellekeserini ugradyp, ol toparyň aýal-gyzlarynyň saçlaryny syrdyryp, ile masgara etdi-dä¬... Onsoň Hardat gaýgyrmy olary!? –Saňa n¬äme kast etdi olar? Ýagdy nä¬medir bir zady ýadyna saljak bolýan deý bir pursat oýlansa-da, şol pursatda bu soraga jogap tapmady. –Dogrusy, biziň aramyzda olar ýaly ýiti bir bolan zat-da ýokdur. Ýöne eziji synp-da. Onuň gapysynda işledim. Sygyrlarynyň bokuny artdym, Kakamam onuň gapysynda işl¬äpdi. –Urýamydy? –Aý, ýok, bolmadyk zady boldy diýmä¬ýin. Kakam bilen-¬ä düşünişýädi olar. Işl¬än günümiz naharam biz bilen bir tabakdan iýdiler. Menem onuň oglanlary bilen bir tabakdan iý¬dim... Ýöne men şura saýlanyp, il öňüne düşüp ugramsoň, bular bozuldylar, ýogsam... –Seniň özüň bozulan bolaýma? –O-da mümkin. Görsem meni ulanyp, özüne garyp diýdirip, kolhoza girjek bolýar zaluwat. Men bilý¬än-¬ä Kymyşlaryň nä¬hili garyplygyny. Onça malyň bolubam garyp bormuň sen? –Mallaryny tabşyrypdyr-a ol kolhoza... –Syrtyňa gyssag düşse, baý, tabşyrsyň-a. Nä¬, maýmyn öz erkine oýnaýarmy!? Emma biz dogry hereket etmeli. Hökümet-partiýanyň talaby şeýle. Aşgabada uly ýygnaga gidenimde, çykyş edende ýoldaş Popogam aýtdy. “Her ýol bilen içiňize aralaşjak bolýan baý-kulaklardan hä¬zir boluň” diýip. –Onyň dogry, ýoldaş kemsit, seniň. Aşgabada gidip geleňsoň, gözýetimiň mese-mä¬lim giňedi –diýip, Aman OGPU hem şu pursatda syrtyndan göterip, ony öwübem goýberdi. Soňundanam gürrüňe gyzygyp, hamala kem galyp barýan ýaly özüniňem hökümete berlen adamdygyny, bu ulgamda özüniňem döwlet syýasatyna ters gelýä¬n zady edýänleri, atasy bolsa-da sylamaýanlygyny aýdyp, Ýagdyny makullady. –Saňa ýal berý¬än, dereje wezipe berip saklap ýören hökümete-de bir ikilik etmek bolarmy!? Onuň ýoluny tutasy, diýenini edesi gelmeý¬än bar bolsa, ony hökman ýüze çykarmaly. Kim-de bolsa ýüz görüp, gapyrga syrmaly d¬äl. Ol seniň döwletiň garşysyna gidý¬än adam-a... Maryda işlä¬n döwrüm, okamaly d¬äl diýilse-de, “Gurhan” okaýan babamy hut meniň özüm ele saldym. Men onuň haçan, nirede gizlin, dini taglymatlara berlip oturýanyna belet. Bardym-da getirdim tutup. Getiribem OGPU başlygyna görkezdim. “Şu meniň babam, ýöne biziň garşymyza gidýä¬n baba maňa gerek d¬äl” diýdim. Şundan soň ýolbaşçylar meniň özlerine gerek adamdygyma has hem ynandylar. Birki aýdanam wezip¬ämi ulaldyp, Tagtabazara orunbasar edip geçirdiler. Talaba laýyk işlä¬p bilseň, bu hökümet seniň gadyryňy bilý¬är –diýip, endik bolşuna görä,¬ ol öz ýatlamasyny hökümetiň tarypy bilen gutardy. Ýagdy indi doýan sygyr ýaly ýaltalaç göwüş gaýtaryp, baş atyp, Aman OGPU-nyň gürrüňini makullamak bilen diňl¬äp, baş atyp tirsekläp ýatyrdy. Haçanda Ýagdy Aman OGPU sözüne dyngy berende: –Ýoldaş Aman, hany, bu Kymyşam bir bahana tapyp şeýdip bolmaýarmy? – diýip, henizem onuň öküz süseni üçin, Kymyşlardan nägiledigini bildirdi. Aman OGPU, biraz oýurganyp: –Ýok, bolmaýar–diýip kesgitli aýtdy. –Nä¬me üçin? –Bally bar arada. –Nä¬me gerek bolsa, onuň üstünden garnyna basyp ¬ätl¬äp bolmaýarmy? –Hä¬zirki döwürde bolmaýar. Wartan bilen Bally meniň başlyjagymyň iň ýakyn dostlary. Çüýşedeşleri. Şonuň garyndaşlaryna bir zat diýjek bolsaň: “Ballyň agasy bilen işiňiz bolmasyn!” diýýä¬r. Bir agyz gep. Ballynyň soňky döwürde münüp ugran ak atyny görensiň! Ana, şonam Ýeroýulanda bolan basmaçylar bilen çaknyşykdan gelen atlaryň birisi. Şonuň birn¬äçesini biz alyp gaýtdyk meýdandan tutup. Goýun sürüleri bolsa tutuşlaýyn Guşgy raýonyna berilmeli edildi. Bizem getirip, olary ulagsyz kösený¬än edara ýolbaşçylaryna paýlap berdik– diýip ýatlady. –Ýaşka diýen bir adam dakypdyrlar indi oňa –diýip, Ýagdy hem Ballyň soňky döwürde münüp ugran ak atyny gözügidijilik bilen ýatlady. –Juda hä¬siýetli at eken. Ballyny şol içişine-de ýykman, öýüne aşyryp ýör-ä¬ ol. Bir eýere gonup, atyň boýnuny gujaklap bilse bolany. Onsoň ol öýünde. Gürrüňi şu ýere ýetende bir taň zady ýatlanyny m¬älim edip, ýaňsyly ýylgyrdy. –Hol gün suwa düşüp ýören oglanlar giç öýl¬än Ballynyň ş¬äher tarapdan atynyň boýnuny gujaklap gelý¬änini görüp, ony atdan ýykdyryp, keýp görmek isl-äpdiler. Birtopar atly, eşekli bolşup, onuň gapdalyndan çykyp, Ballyny atyna alyp gaçdyrmak üçin, gykuwlaşyp, çapyşyp, çapyşyk gurapdylar. Emma Ýaşka oglanlar özlerine goşup çapdyrmak, dowul bermek islese-de, olaryň şüweleňine göterilip gidiberm¬ändir. Ballyny ýene-de ýykman, öýüne aşyrdyr –diýip, dosty oňa gowy at beripdir diýen manyda gözügidijilik bilen ýatlady. –Diýdim-ä gowy at diýip. Başlygyň özi ony atlaryň arasyndan saýlap berdi. –Nädip olar beýdip ýegre dost bolup ýörk¬äler? –Ýoldaş Syzran Tagtabazara gelmezden öň Kerkide işlän. Bular şol ýerden tanşyp dostlaşypdyrlar. –Hä, şular birki ýyl Aknyýaz Mämmet bilen şol ýerde ýaşadylar-ow gidip. Hersi bir howluda ýaşap, hersi bir täjik heleýem alanmyş... Eger Aman OGPU-nyň sapançasy bilen bagly ýagdaý duýdansyz ara düşmedik bolanlygynda bu lezzetli oturylyşyk entegem öňki hörpünde hezillikli ýagdaýynda dowam etmelidi. Ýoldaş Syzran onuň çüýşedeş dosty Bally baradaky gürrünlerem entek öňküsi ýaly alaja ýüp deýin bir-birlerine çolaşyp-çyrmaşyp, dowam etmelidi. Başga ýerde beýle anyklykda hiç wagt, hiç ýerde eşitmejek zatlaryny eşidip, geljekde özüni goramak üçin, ony sapak edinip oturan Ýagdy hem entek bu gürrüňiň dowam etmeginiň höwesindedi. Aman OGPU-nyň ýaňy saçak başyna geçen mahaly, giňişläbräk oturmak üçin bilinden aýryp, arka tarapynyň elýeterinde goýan sapançasynyň gabynyň boş duranyna syny düşdi. Ol: “Oh” edip, ör gökden gelip, sapançasynyň gabyny garbap alyp, ony ýanyna çekdi. Ilki sapançanyň ýoklugyny gören mahaly serhoşlyk t¬äsiridir öýden hem bolsa, eli bilen ony barlap, boşlugyny görensoň, bada-bat haýygyp, bolmasy işiň bolanlygyna göz ýetirdi. OGPU bolup, ýaragyňy ýitirmek!? Ol munuň soňunyň özi üçin eýgilik bilen gutarmajagyna düşündi. Emma onuň nähili ýitip biljegine düşünip bilmedi... Işden gaýdanda bardy, gerek bolar diýen oklarynam ýerleşdiren şonda onuň özüdi... Ýolda “Kommunizm” kolhozynyň başlygyna duşupdy... Onuň bilen atdan düşmän gepleşip durupdy. Ol “Gel, atdan düş, çaýlap geç!” diýse-de oňa: –Men baryp seniň şol öküz süsen şuraňy sorajak. Entek men soramok şony –diýip, onuň ýanyndanam göni geçip, Ýagdynyň öýüne gaýdypdy. Sapançanyň ol ýerde galmagy-da mümkin d¬äl. Ýok, nä¬me bolsa, oňa şu ýerde bir döw çalan bolmaly. Şundan soň Aman OGPU-nyň tüýsi üýtgäp, aňyny gorkuly howsala gaplady. Gahary gelip darykdy. Şeýdibem oturan ýerinde Aman OGPU-nyň tüýsi üýtgäp, gygy ajap, serhoşlykdanam bada-bat açyldy. “Aman OGPU serhoş bolup, sapançasyny aldyrypdyr” diýen gepiň döremeginiň nä¬hili masgaraçylyk bolup, özüni oňarmaýan OGPU ýolbaşçysy hökmünde tanaljakdygy baradaky uly howp barha onuň üstüni basdy. Ol OGPU endigine görä¬, bada-bat Ýagdyň üstüne hüjüme geçdi: –Şura, sapançany tap! –Men¬ alamok, ýoldaş OGPU! –Onda kim alyp biler? Jaýda bizden başga adam ýog-a! –Arkadagym, hökümet-partiýadan ant içý¬än, men-ä¬ sapança görmedim... –Şu içerden çykyp, uçup gidendir öýd¬ýä¬ňmi onda? –Geleňde barmydy? Öýüňde çykaryp gaýdan-a d¬älsiň özüň? Ýagdynyň gözlegiň ugruna çykmagyň ýerine sanaşyp, özüne ynamsyzlyk, müňkürlik edip ugramagy Amanyň gazabyny has-da artdyrdy. Onuň göz keselinden ejir baryny gören, şymmyk, mawy gözleriniň agy şundan soň hasam köpeldi. Ol kiteliniň öň žübüsinden, zynjyry görnüp duran jübi sagadyny çykardy-da, ony Ýagda görkezip, mazamlap, öňünde goýdy. –Saňa, şura, bir sagat wagt berý¬än. Bir sagadyň dowamynda sapança tapylmasa, men bir süserin weli seni, ol Kymyşyň gara öküziniň dagy çeni bolmaz! –diýip gazap etdi. Olň sapançanyň ýoklugyny görüp, niýetini ýamana dikenligi belli boldy. Aman ýüzüniň ganyny gaçyryp, Ýagda dikanlap, talaply gepledi. Ýagdy şura onuň gazabyndan eýmenip, şundan soň ýatan ýerinden özüniňkileri çagyryp: “Sapançany gözläň! Tiz tapyň” diýip, basga düşüp, hökümli gygyrybermekden başga alaç galmady. Narly gamyşçynyň neberesidir ilen-çalanlary şundan soň görmedik zatlaryny gözleşip, töwerekde ondan-oňa elewreşip zir-zowran boldular. Daş-töwerek agyn düşnüksiz ygam-sygamlyk boldy. Ýagdynyň dogan-garyndaşlarynyň birnäçesi: “Atdan düşende gaçan bolaýmasyn” diýip, atýatagy barlasa, ýene birleri, ýaňy aýakýoluna gidende ýitiren bolaýmasyn” diýip, onuň oturan-turan ýerlerini gözden geçirip, ters aýlandylar. Bu ýagdaýyň nähili beýle bolup biljegini göz öňüne getirip bilmeýän, öýden howlugyp, aýakýalaňaç ylgap çykan Ýagdyň ejesi Bossan bolsa, häli-şindi gapdala gyşaryp agýan ak esgili börügini bir eli bilen tutup, elewräp ýörşüne, uly töhmediň maşgalanyň depesinden inenligine ynanyp ýangynly, howatyrly samraýardy. “Bela ýeke gelmez” diýleni boldy bi, ýogsam gündiziň günem bir öýden zat ýitermi!? ...Eri, balamy öküz süseni azmy, indi munsy näme dert boldy?.. Akgasyna aýtdym-la sadaka ber, başa gelen belany dep eder diýip. Handepe babanyň başyna baryp bereli diýdim, öwlüýäde baş saglygymyza bir janly... “Hökümet halamaz” diýdi-de gezdi-dä şu güne çenli. Ana, ýaýdanyp gezseň... Maşgala gurlyk edip, otyrka üstüni aldyran ýaly ýakymsyz pursady başdan geçirdi. Girilmedik deşik, görülmedik tarap galmady. Beh, ol dogrudanam nirä ýitirim bolup bilerkä? OGPU işgärleriniň dagy ýürek edip, ýaragyna el urup bolarmy!? Barybir wagty bilen bu ýakymsyz soraglara jogap tapylmady. Şol arada mellek ýeriň aýagujyndaky üzümçiligiň töwereginden “tark-turk” edip, sapança sesi çykmadyk bolanlygynda bu gelşiksiz ýagdaýyň näme bilen gutarjagy hem belli däldi. Sapança gözläp, töwerekde elewreşip ýörenleriň birnäçesi şol tarapa ylgadylar. Ol ýerde bolsa häliden çaý-nahar getirip, hyzmatda bolup ýören Çary Aman OGPU-nyň serhoş halyndan peýdalanyp, onuň gapdalynda ýatan sapançasyny göze güýdüşip alyp gidipdi. Ol ýene-de bir öz deň-duşy bilen üzüm gorandan bolup, şol sapança bilen serçe atyp ýördi. Gidenler dessine Çaryny ýoldaşylary bilen golundan tutup, idirdedip alyp geldiler. Ony görüp, Ýagdynyň ejesi sapançanyň tapylanyna şükür etse-de, janyny ýakyp, Çara käýindi: “Şu Çary atlynyň oňy bolmazmyş. Çary atlylar ýa doňuz bolup, ýa-da deňiz bolup dörärmiş. Şu oglanam indi näme bolsa bolaýmaly... Ýeri, sapança bilen guş atmak nireden kelläňe geldi diýsene seniň!?” Sapança tapylansoň, Gamyşçylaryň üstüne abanan gara buludyň bir tarapa syrylanlygy belli boldy. Gerek daşyny ele salyp, ýüregi biraz takat tapan Aman OGPU hem, ýüzüne gelnip, bady alnan Ýagdynyň döwügini mümkin boldugyndan seýiklemek islegi bilen, oňa ýaraýjak gepi aýtmaga çalyşdy: – Ýagdy, ýaralanyp baraňda saňa ilkinji kömegi bermekden boýun gaçyran kim, şonuň ady? –diýip, sorady. –Nobat tebip. –Aýdaý şony alyp ýatmaly bolsa... Men ony bir soraga getirsem, etmediginem etdim diýdirip, boýun aldyryp günäkär ederin. –Ýok, beýtmäwer –diýip, iş-işden geçip barýandyr öýden Ýagmyr aman dileýän hörpda oňa tarap elini daldalap aýtdy. Soňam: –Atasy kesirlik etse-de, onuň ogly Bazar tebip elinden gelenini etdi. Hatda şäherden gelen dogtaram, maňa seredip, döwügimiň seýiklenilip, çykygymyň ezberlik bilen ýerine salnanlygyny aýtdy. Onsoňam Bazar henizem wagtal-wagtal gelip, meniň halymdan habar alyp dur. Özi-de “Kakama bir degäýmesinler” diýip, özelenip ýalbarýar. Emma munuň bilenem gürrünler indi öňküsi ýaly her jümleden hezil tapylyp, alşyp gidibermedi. Muny Aman OGPU hem duýdy. Şundan soň ol sypaýçylyk bilen özüniň köp oturanyny aýdyp, turmak bilen boldy. Barybir iýiljek zatlar iýlip, içiljek içgiler içilip, indi turara-da bir çen bolubam ýördi. Aman OGPU hoşlaşyp gidensoň, Ýagdy onuň “Sen alansyň!” diýip, özüni şura diýip gaýgyrman, gazaba tutup oturyşyny ondan gaty görüp, düwlüp ini söýmezlik bilen ýatlap oturdy. Olaryň göwünlerinden turmak üçin özi näçe jan edip, hyzmat görkezse-de, bularyň welin sähel bir bahana bolsa, özünem gaýgyryp goýmajaklaryna düşünip üýşendi. * * * Bugdaýly meýdanlarda galla oragynyň depgini barha joş urýardy. Arabalar hatarlanyşyp, Akmolla şäherindäki bugdaý kabul edilýän ýere aýagaldygyna däne daşaýardylar. Türkmenleriň gelmegi bilen „Polewoýstan“ atlandyrylýan ýerde ýatyrlaýyn işleýänlere düşelge hökmünde gurlan öňki iki çaklaňrajyk otaglaryň gapdalynda ýene-de şeýle jaýlaryň ikisi-üçüsi peýda bolup, ýalazy meýdan kiçiräjik obaçylyga öwrülip barýardy. Şol günleriň birinde Orazgeldi öz nobatdaky ýüküni Akmolla aşyryp gelensoň, bugdaý ýerden ýene özüne nähili ýumşuň garaşýanyny bilmek üçin, Gün öýläne sanyberende arabasyny tigirdedip, bugdaýly meýdana gaýdyp geldi. Reşetnikow bu ýerde ýok eken. Oňa bu ýerden başlygyň goňşy obanyň ýolbaşçylarynyň ýanyna gidendigini, özüne bolsa onuň oba baryp, kontorda garaş diýenligini aýtdylar. Elbetde, düşnükli zat. Ol goňşulardan däne daşara, mümkin boldugyndan, ulag kömegini sorap giden bolmaly. Şähere obadaky taýynlaýyş howla daşamak üçin hem diýseň ulag ugry ýetmezçilik edýärdi. Ýöne dileg edenine görä dilegiň bitse-hä ne ýagşy, onda-da olaryň hem öz hojalygynyň bugdaý bilen bagly şol bir işi ýerine ýetirýän mahalynda. Kimiň häzir özünden artyk-süýşük ulagy bolup biler öýdýäň!? Aladaçylyk häsiýetidir-dä, berilse-berilmese, başlyk bir diläp galmasa, göwne jaý edip bilen däl bolarly. Başlygynyň özüne obada garaşýanlygy belli bolansoň, Orazgeldi boş gitmezlik üçin, bugdaý içindäki obadaky bugdaý skladyna niýetlenilip taýynlanan çöplüräk bugdaý sünbüllerinden ýüküni tutdy. Ol ýaňy ýola çykyp ugrap barýarka eli gural salnan tagta ýaşşikli Çary ussa onuň gapdalyndan çykdy. –Oba barýaňmy, ildeş? –Oba. –Onda menem seniň bilen gideýin. –Ýör gitseň, ýoldaş borsuň! Çary ussa elindäki gurally çemodanyny arabaňyň yzynda ýerleşdirensoň, özem böküp, onuň gapdalyna gondy. Şeýdibem ildeşleriň bir-ä öňe seredýän, ýene birisi bolsa onuň tersine – yza seredýän boldy. Düýn tabşyryk alyp gelen Çary ussa bu ýere gelip, soňky gurlan üç otagyň agaç ussaçylygy bilen bagly işlerini edişdiripdi. Orazgeldi ýüki ýeten arabasyny elindäki jylawy sähelçe silkip, öz maýdalyna sürüp barýardy. Nirä gitse, her gezek şol ýerde öňünden çykýan ýaly bolup duýulýan birsydyrgyn sährany ýadaw nazary bilen göwnübirlik bilen synlaýardy. Orazgeldi bilen Çary ussa ildeşdiklerine, üstesine-de gelenlerinde-de bir wagonda gelendiklerine seretmezden, ýakyn tanyş däldiler. Olaryň gatnaşygy henize çenli duşan ýerlerindäki baş atyşyp salamlaşmadan aňry geçmändi. Çary ussa töweregindäki alaň açyk meýdany synlap, arabadan aýaklaryny sallap otyrdy. Orazgeldi ýol boýy dymşyp gitmäni birhiliräk gördümi nämemi, araba ýezgenligiň içinden geçip barýarka, töweregini gözügidijilikli synlap, ony gepbaşy edinermen boldy: –Ezgenlerem-ä gowy bişipdirler. Tüýs düýe halar hörege öwrülýän düwri-dä bularyň bu wagt–diýip, boldan biten mal otuna buýsanyp dillendi. Çary ussa welin gep alşyp, onuň bilen deň gopup, birbada bir zat diýmäge gyssanmady. Ol arabanyň yzynda alyslara nazar aýlap oýurganyp, mahal-mahal temeginiň astynda ýesersi taýzygyp duran murtlaryny sypalan bolup otyrdy. Asla ol soň bir salymdanam Orazgeldiniň pikir edişi ýaly, gümür-ýamyr isleglidigini mälim edip dillenmedi. Orazgeldem şundan soň onuň özi bilen gepleşmäge döwtalap däldigini görüp, elindäki jylawy, öňündäki ýoly bilen boluberdi. O-da ýol boýy yzyna-da gözlemedi, asyl oňa barmysyňam diýmedi. Çary ussanyň barlygyny unudana meňzedi. Emma ol şol barmana Çary ussa pikir ýöredip, ol baradaky eşiden, gören zatlaryny ýatlap barýardy. Çary ussa öz kärine ussat bolşy ýaly, oňa baýrynmagam gowy görýän adamdy. Bu bolsa köp halatda oňa özüni köplerden has gerekli we tekepbir duýmagyna sebäp bolýardy. Çary ussa bolsa Orazgeldini geregi ýok ýerinde hem öte sadalyk edýän, dawa-ýenekiden gaça durmaga çalyşýan, hemişe hakyny gidermäge gabyl sada türkmenleriň biri hökmünde tanaýardy. Ýöne kolhoz başlygy Reşetnikow özüne berkidilen arabanyň arabakeşini çalşyrmaly bolanda ussa ol ýere meýil eden, orus dilindenem birneme başy çykýan Nurýagdy Ýegelegiň geçmän, Orazgeldiniň geçmegini biraz geň görüpdi. Näme üçindir ol kimem bolsa öz öwrämiň adamsy diýip ýakyn görýänligi üçinmi, nämemi Orazgeldi bolman, Nurýagdynyň başlygyň arabasyny süräýenini kem görmeýärdi. Şonda bu ýagdaý bilesigeliji ussany hatyra tutmak meselesinde özüne osduryp oýlandyrypdy. Oňa başlyga arabakeş bolmaga Beki Seýitmyradyň kömek edenligini çen edipdi. "Pendilileriň şunsam wezipeden wezipä geçip, ýeser boldy-ow“ diýip oýlanypdy. Sebäbi ol Orazgeldini öz ýerine Matweýiň hödürläninden habarsyz bolşy ýaly, onuň ogly Allanazaryň goja bilen dil tapyşyp, duşan ýerlerinde „Ded-de, synok“ bolşup, dostlaşyp ýörenligindenem habarsyzdy. Ýöne Orazgeldiniň dil bilmezden arabakeş bolmagyny „Bular nähili düşünişýärkäler?“ diýip, biraz geňräk gören halk welin muny ýene-de özüçe göwnüne jaýlap oňaryşdyrypdy. Hamala Reşetnikow Orazgeldiden sorapdyr. „Biziň işimiziň wagty, biwagty ýokdur. Gije, gündiz ygyp gezmeli bolarsyň, sen işi oňararmyň?“ diýip, ondan sorapdyr. Şonda Orazgeldi oňa: „Wah, iş-ä oňarmasyna oňaryn welin, ýöne gepläp bilemok“ diýip, düşünişmek meselesinde ýaýdanýandygyny boýun alypdyr. Şonda Reşetnikow: „Maňa-da köp gepläp ýören adam gerek däl. Işiňi oňarsaň bolýar. Lal bilen işleýän ekenim-dä, üm-çüm bilen düşünişibereris, mün araba“ diýenmiş diýip gürrüň edipdiler. Çary ussa Türkmenistandan getirilen sürgünleriň arasynda eýýäm öz hünäri bilen 31-nji baraklylaryň arasynda tanalyp ugran adamlaryň birisidi. Orazgeldem ony bir töwräräk, birhili badyhowa, küýlüräk, şol bir wagtda hem ynjygrak adam hökmünde tanaýardy. Ol ussadyr tebip ýaly hünärli adamlaryň tebigatynyň küýlüräk bolýanygyny, geregini artdyrmagy gowy görýänligini bilýänligi üçin onuň derkarlygyna aýgytlap, şeýle bir üns beribem barmaýardy. Asla ol hiç kimi-de bir öwrenjek, biljek bolup ýören adam däldi. Lükgeligi bilen öz maşgalasynyň aladasynda gümra bolup ýören adamdy. Ýöne Çary ussa barada weli eýýäm bilýän zatlary ep-ýesli bardy. Çary ussa dymmarak, küýlüräk bolsa-da, onuň aýaly Enejan keýik göwnaçyk, göwnündäki dilinde diýilýän, gepiniň içine özi hem maşgalasy hakyndaky ýagdaýlary goşup, gyzyklandyryp gürrüň etmegi halaýan aýaldy. Häzir bolsa ol ogly Jepbary, gyzy Jereni adamsyna goýup gaýdyp, meýdanda saltmanlaryň arasynda bilini guşap, orak orup, desse bogýan işgärleriň biridi. Onuň dogumlydan çakgan hereketleri ünse düşenligi üçinmi ýa wagtal-wagtal işden başyny göterip, keýik ýaly töweregini gözläp durýanlygy üçinmi ýa-da Enejan atlylaryňam türkmenleriň arasynda telimsiniň barlygy üçinmi ýakyndan bäri ony Enejen keýik lakamy bilen tanaýardylar. Enejan keýik biraz aýraçylykdan soň, ýar wysalyny küýsäp ugranlygyndanmy nämemi, ol iki sözüniň birinde kakasy, Jepbaryň kakasy diýip, ussany ýatlap gürlemegi gowy görerdi. Enejan birde ussa Mary bazaryny bazarlap, ol ýerden alan zatlaryny salan horjunyny atynyň sagrysyna bökderip, at ýorgaladyp gelýändir. Ýene birde il içinde şägirtlerine baş bolup, toýa niýetläp, ak öý dikip ýörendir. Ýene-de ol özüniň günülerinden artyk görülýänine biraz buýsanma bilen, adamsynyň sürgüne gitmeli bolanda, dört aýalynyň arasyndan özüni saýlandygyny buýsançly ýatlaýardy. ...Çary ussa sürgüne gitmezinden bir gün öň hoşlaşmak üçin obasyny üýşüripdi. Şonda ol aýallarynyň dördüsinem iliň öňünde hatar durzubam: „Adamlar, onda sag-aman galyň! Indi biziň gaýdyp geljegimiz, gelmejegimiz belli däl. Alys bir ýere gidilýär, bu ýere meniň saýamyň düşjegi belli däl. Erkegiň saýasy düşmeýän ýerde aýalyň özüni nähili alyp barjagyny bilip bolanok. Şonuň üçin men bularyň içinde Enejany özüme ýoldaş edinmekçi. Beýlekileriň bolsa nogtalaryny başlaryna oraýan. Isleseler durmuşa çyksynlar, isleseler başyboş gezsinler. Indi menden-ä bulara zowal ýok. Bular bir suwy süýjän, talaby, höwesi güýjän heleýler. Bilip bolýarmy, yzymda nämeleriň boljagyny. Biriniň dile ýeter, ýene biriniň eli. Meniň „Pylanyň heleýi pylan bilen gezýämiş“ diýen ada galasym gelenok. Indi bular menden boş, dört taraplary açyk, islän ýerlerine gitsinler. Aman-sag gaýdyp gelsem-hä he hop, onda ýene-de sarpalaryny saklap gezen bolsalar, eýe çykyp birleşerin, ýogsam-da bolsa, olar men diýmesinler...“ Çary ussa aýal mähir-mylakatyny gowy görşi ýaly, olary tutanda-da zabun tutar eken. Ol aýallarynyň arasynda sähel bir sene-mene eşidäýdigi olaryň dördüsinem öýüň tüýnüginden başşak asyp, gamçy bilen dabanlarynyň aşagyna ýagşy ýenjer eken. Bu bolsa soňra olaryň telim günläp aýaklary bişen ýaly, zordan basyp, zowzuldap gezmeklerne sebäp bolupdyr... Gapdalda köl suwy görnen wagty arabany çekip barýan at suwsandygyny mälim edip, şol tarapa boýnuny süýndürip ymysgandy. Orazgeldi atynyň ümüne düşündi, biraz öwrüm edip, köle ýakynlabam boljakdy, emma Orazgeldiniň agyr ýük çekip, gyzyp gelýän aty sowamanka, suwarasy gelmedi. Oňa hoşamaý ýüzlendi: –Ýöräber, ýöräber, janawer. Oba-da indi uzakda däl. Bu gezek biz şähere baramzok. Ýeteris tizden barmaly ýerimize. Hany ýüki bir düşüreli bugdaý saraýda. Onsoň özüm saňa suwam bererin, torbaňy dolduryp arpa-da. Orazgeldi oba ýakynlap, ýüküni düşürmeli ýerine sowulmakçy bolan mahaly Çary ussanyň arabada oturanyny ýatlap, arabany saklap, oňa tarap öwrüldi. Çary ussa bu mahal bugdaýly haltalara ýaplanyp, oýrganyp otyrdy. Orazgeldi onuň parhsyzdan ýaltalaç halyny görüp, geçen agşam ussa aýaly Enejan penjire goýýan täze jaýlarynyň birine salyp, göwnüne ýetip alanlygyny raýdaşlarça makullama bilen pikir etdi. Soňam sähelçe baş atyp, Çary ussa ýüzlendi: –Ildeş, men-ä şu ýerden öwrülmeli–diýip, obadan biraz üzňelikde oturan bugdaýly saraýa tarap ümledi. Çary ussa şundan soň arabadan düşdi-de, gapdalynda goýan gural salnan çemodany eline aldy. Soňam “Arabaňda getireniň üçin sag bol” diýerli bolup, oňa tarap ýöneldi. Golaý gelibem ýylgyrdy-da henek atdy: –Bä, gardaş, lakgylygyň-a öňem az-kem aňýardym welin, ýöne beýle derejedesiň diýip pikir etmeýärdim–diýdi. Orazgeldi hem şundan soň: –Her ýerde, her ýerde özüňçe adam bardyr görseň–diýip, onuň oýun-henekli ýaňsysyna degşip jogap berdi. Ildeşler düşünişme bilen bir-birleriniň ýüzlerine seredişensoňlar, olaryň hersi öz ýollaryna gitdiler. ...Ýyllar geçer. Wagt geler. Bu ikisi ýol boýy tersleşen ýaly bolup gelseler-de, bir-birlerine ýedi ýat hökmünde seredişen-de bolsalar, olar soňra çagalaryny bir-birege çatyp, guda-garyndaşa öwrülerler. Orazgeldiniň ogly Allanazar ýolda gelýärkäler bulaşyk saçlyja garagözelek gyzjagazy görüp: “Şu görmeksizligi bilen şu gyzam biriniň maňlaýyny garaldar” diýip, halamazlyk bilen oýlanan-da bolsa, soňra Jeren ulalyp ýetişip, oňa özüniň iň gowy gyzdygyna ynandyryşy ýaly hem maşgala iň gerek adamdygyna hem ynandyrar. Arabakeşiň öýüniň törüni bezäp, ol ojaga alty ogul, dört gyz dogrup beren zenana öwrüler. ...Eger geljekki iki guda şol wagt ertirki on çaganyň atasy, babasy boljagyny bir ýol bilen bilen bolsalar, gürrüň baryny tapyp, gürleşip tükedip bilmezdiler. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |