15:41 Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy | |
Komendant şol günleriň birinde Orazgylyjy brigadasynyň erkek adamlarynyň alty-ýedi sanysy bilen jeňňele odun çapmaga ugratdy. Oňa geljekki guruljak ýaşaýyş jaýynyň aladasy bilen “Jaýa atar ýaly pürslük bolsa-da gözüňde bolsun” diýip sargady. Orazgylyç ol ýere gatnap, wagt ýitirmezlik üçin, ilki şol ýerde çatma dikip, oturyljak-ýatyljak sowuk ýere gamyş, ýeneki düşäp, ony mydar görerlik etdi. Jeňňel uly bolansoň, bu ýerde başga ýerlerden gelýän odunçylaram gabat gelýärdi. Orazgylyç bir gün toraňňynyň bol biten ýerinde ýoldaşlary bilen odunlyk çapyp ýörkä, ol ýerde oduna arabaly gelen ýerli adamlaryň biri bilen tanyşdy. Ol ýaşy altmyşdan geçenligine seretmezden, süňkbaşy iri, nazarkerde adamdy. Orazgylyç gojanyň sapy döwlen paltasyny täzeden saplap, şineläp eline beren wagty tötänden duşan odunçydan ol diýseň minnetdar boldy. Soňam odunyň öz öwrelerinde teňdigini aýdyp, bazara erten odunynyň dessine duw-dagyn bolýanyny, odun gerekli adamlaryň biri ulag tapman kösense, ýene biriniň bu ýere gelip, çapyp, ýükläp gidere gurbatynyň çatmaýanlygyny, özüniňem gelip gitmegine azandan bir gün gerek bolýandygyny gürrüň berdi. Haçan-da Orazgylyç oňa nebsi agyryp: “Biziň golaýymyzda düşlä-ber, gerek bolsa, biz ýygmaga-da, ýüklemäge-de kömek ederis” diýensoň, ol diýseň hoş boldy. Indiki gelende iki tegelek nan bilen ep-esli edip, ýarym halta golaý sogan getirdi. –Şu nan bilen sogany gözüňi ýaşardyp bir iýseň, onsoň dümew töweregiňe gelmezem –diýip, ony Orazgylyja berdi. Orazgylyç dagy bilen tanşansoň, gojanyň jeňňele gelip gitmesi-de ýygjamlaşdy. Goja her gelende gök önümdir nandan biraz getirensoň, onuň telekeçi gojadygy belli bolup, adamlar ondan goldan gelen hyzmatlaryny gaýgyrmadylar. Geldigi oňa eglemän, odunyny çapyp, ýükläp berip goýberýärdiler. Odun çekip, önjeýli gazanç eden goja-da şundan soň sürgünlerden sahawatda kem oturmady. Bir gün sürgünleriň iýer-içer meselesiniň ýagdaýlydygyny göz öňüne tutup, iki halta sogan, iki halta käşir, iki halta mäş, noýba getirip, minnetdarlyk bildirdi. Olaryň çapyp beren odunlarynyň özüne ýene telim wagt çekerine boljagyny aýdyp begendi. Orazgylyç bolsa bu zatlary oba ertse, köpçülik üçin bişirilýän nahara telim bir günläp tagam berjegine, belli bir derejede iýmit ýagdaýyny gowulandyrjagyna göwün ýüwürtdi. Oduna gidenler, haçan-da bu zatlary bir araba edip, sürgün düşelgesine getirmegine adamlar dürlüçe seretdiler. Getirip baryny komendantyň eline berenden öz aralarynda ogryn-dogryn paýlaşan bolsalar, gowy bolardy, ýolbaşçylar eýelä¬n bolsa, indi olar bize oňly zat ýokdurmaz diýip, ol iýmitlik zatlary olaryň öz isleglerine görä ulanjakdyklaryny gürrüň etdiler. Komendant bilen ýörite wekil bolsa Orazgylyjy çagyryp, onuň bu zatlary nireden alanlygy bilen gyzyklanyp, iberilenleriň odun-çapmaga derek bir zat gazanmagyň ugrunda bolup, oňly iş etmän gezendiklerini güman etdiler. Odunçy gojanyň salgyny sorap, ondan bu tarhandökerligiň sebäbini ýörite organlaryň üsti bilen anyklajakdyklaryny, çapylan odunlaryň möçberini anyklajakdyklaryny oňa duýdurdylar. Sowukda özümiz horlanyp ýörmäli, näme bolsa şulara bolsun diýip, olary özbaşyna oduna iberenlerine ökündiler. Emma bu gepi ulaltsalar, onuň bir tarapynyň özlerine hem degjegini pikir edensoňlar welin, islese-islemeseler-de ýagdaý bilen ylalaşmaly boldular. Wekil ýene öňki köne heňine tutdy: –Görüp dursaň-a, bu kulaklar sähel mümkinçilik tapsalar, hor boljak adamlar däl. Bir ýerden bir zatlar tapyşdyryp, dessine özlerini tutup gidiberjek bular... –Bular baran ýerlerinden şeýdip ýaran-a tapynýar özlerine–diýip, komendant hem göwünjeň goldady. –Gynansak-da, Sowet hökümetini halamaýanlar, onuň baý-kulagyna raýdaşlyk edesi gelip duranlar henizem biziň ilde-de az däl. Ýogsam hökümetem-ä beýle adamlaryň ýüzünden sypanok welin, tutup-tutup, basyp, wagonlarda alys ýerlere sürgün edibem dur. Şonda-da mugyra gelerli däl bu eziji gatlak. –Eşidýäs-ä bularyň arkasyny aljak bolýan basmaçy ýenekiler bilen henizem serhet ýakalarynda çaknyşyklar bolup, gan dökülýä. –Ýogsa-da Ibragim bek ýene-de sypypdyr-ow. –Sypsa-da uzak gitmez. Ol ýerde hem biziň adamlarymyz bar, olar elleri tanaply, amat peýleşip boýnuna syrtmak salmak üçin, onuňam, ýaranlarynyňam yzaryna düşüp ýörler. –Jüneýit diýibem-ä bardyr bir garadan gaýtmazy? –Guşgy eteginde bolan söweşde ol örän köp adamsyny ýitiripdir. Oňurgasy ýazandyr, indi wagty bilen, ol özüni alyp bilmez diýilýär. –Ýogsa-da seniň bu brigadiriň şol töweregiň adamsydyr, bilip goý. Wagtynda sürgüne alnyp gaýdylmadyk bolnanlygynda bu-da şolara goşuljagyň biri eken-dä onda? Komendant bilen ýörite wekil öz borçlary hakynda pikir ýöredişip, biri-birine çalynýan pyçaklar kimin, özlerini sürgünlere garşy işlere ýitilediler. Dözmezçilik edilip, sürgünlere ýazgynlyk bermeli däldigini, bu işi hökümetiň ynam edip, hut özlerine tabşyrandygyny minnetdarlyk bilen ýatlaşdylar. Sürgün kümeçiliginiň depesinde ýene-de gara bulutlar lemmer-lemmer bolşup köwsarlap ugrady. * * * Gazak, Sibir atlandyrylýan aňyrsy bäri-bärde bolmadyk, bir tarapy Sibir çöketliginden, ýene bir tarapy Ural daglaryna tarap ýaýylyp gidýän sähranyň demirgazyk gündogaryna gyşyň ir düşüşi ýaly-da, onuň ýazy hem özge ýerlerden tapawutlylykda giçki eken. Apreliň başlaryna gijäniň bir wagty asmandaky bulutlaryň arasynda allowarralarda bir ýerlerde top atylan ýaly bolup, asman-zemini sarsdyryp gök gürledi. Ýeriň süňňünde duşuşyga gelen gyzyň süňňündäki ýaly maýdaja saňňyldy peýda boldy. Şundan köp wagt geçmänkä ýaz özüniň tutumy, küý-köçesi bilen telim aýlap gar astynda ýatan ýerlere şähdaçyklykdyr ýakym mylaýymlyk paýlap aralaşyp ugrady. Gyşda nirädir bir ýerlere hepdeläp, on günläp ýitirim bolup gidýän Gün hem indi kimdir birini göresi gelip, owsunyp duran göwün bolup, her gün asmanda gadalyp durup, wagty bilen bataryna gitmäge howlukmazdy. Işim derýasam indi bu günler üstüniň bölek-büçek buz bölekleri bilen hamala goýaldylan ýaly bolup, süýnüp-sarkyp ýaltalaç akýardy. Tebigatyň ýazsyrap, gün-günden gowulyga öwrülip barýanlygy duýulýardy. Dünýä sanlyja günde çagalaryň daşardan aýak ýygnasy gelmeýän döwrüne öwrülip barýardy. Indi bu günler Allanazar deň-duşlary bilen seňkildeşip, bir ondan çykýardylar, bir mundan. Boýuna baryp, Işimi synlap gaýdýan-da şolardy, jüre depdi, ýeneki oýnap hezil tapýan-da. Gijelerine bolsa ýene öňküsi ýaly jigisi Rahmannazar onuň düýşüne girerdi. Mähriban jigisini ýitirme bilen onuň kalby asla rahatlyk tapyp bilmeýärdi. Ýazda gazak sährasynyň türkmen sährasy ýaly ummasyz gül-gunçalaryň mesgeni bolýanlygyny eşiden güni bolsa, ol öz öýleriniň ilersindäki baýyrlaryň biriniň üstünde oturan Rahmannazary görüpdi. Onuň ýeke özüniň obadan daş gidenini görübem alada galyp, gol bulap, ony öz ýanyna çagyrdy. –Rahmannazar jan, gel bärik, mamam seni gözläp ýör-ä! –diýip gygyrdy. Onuň azaşyp gitmänkä tizräk öz ýanyna gelmegini isledi... Oýanansoň bolsa ol jigisiniň ýoklugyny, ony bile oýnaýan deň-duşlarynyň arasyndanam tapmajagyny gyýlyp ýatlady. Eger beýdilip sürgüne gaýdylmadyk bolanlygynda, onuňam häzir bu hezil oýunlaryň bir tarapynda bolaýmalydygyny ýatlap, näderini bilmän gynanyp sessiz aglardy. Ol diňe daşarda deň-duşlary bilen gyzygyp, oýun oýnap ýörkä, göwnüne jigisi öýde galan ýaly duýlup, ony birsalym unudardy. Ýazyň gelmegi bilen obanyň ekin-dikin işleri täzeden bat alyp ugrady. Taba gelen ýerlerde gyssagly bugdaý ekilýärdi. Geçen ýylky gyşdan öň sürülmäge ýetişilmedik ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýardy. Hemişe gara görenden elheder alyp gorkup gaçýan mollatorgaýlar gyş gütläp düşensoň, oba adamlaryndan haraý isläp, ýakyn gelip, olaryň töweregindäki yklaw, ýylyrak ýerleri mesgen edinen hem bolsalar, indi olaryňam sesi allowarradan, sürüm geçirilip, ekin ekilýän ýerleriň töwereginiň dik depesinden gelýärdi. Ähli ýerde ýaz ýer astyndan öz gülli ýagyrnysyny kömelekledip çykyp gelýärdi. Wagtal-wagtal asmany garaly-alaly bulutlar tutup, gök gürläp, ýyldyrym çakýardy. Howada indi bir eýýämden bäri ýagşyň tanyş ysy bardy. Gazagyňam ýazy türkmeniň ýazy ýaly, şeýdip bezenip-beslenip, däli-porhan bolup, möwç urup gelýän eken. Belki, ähli gowy zatlar, niýet-päller, hüý-häsiýetler bilen şeýdip bir-birlerine meşzeş bolmalydyr-da. Ýaz hälem köwsarlap-kükräp, gök gürledip, dünýäniň süňňüni sarsdyryp, öz maksadyndan başga hiç zada üns bermän, gyşyň elinden gaňryp alaýdy öz nobatyny, ýogsam gyşyň entekler-ä gozganyp-ganyp gitmek niýetinde ýokdy. Aslynda hereket hemme tarapdan başlanyp, isleg-höwes maksada öwrülip, möwç alyp ugransoň, onuň öňünde durup biljek güýç bolýarmy!? Onda-da möwritiňem geçiren bolsaň. Şol günleriň birinde Allanazar ýoldaşlary bilen obaçylygyň gapdalyndaky açyklykda gaçyşyp-kowşup oýnap ýörkäler, şäher tarapyndan peýda bolan bir araba oglanlaryň ünsi düşdi. Ol gelip-gelibem oglanlaryň hol beýleräginde, iki ýoluň çatrygynda saklandy. Oglanlar arabanyň yzynda aýagyny sallap oturan gaba telpekli türkmen adamsyny görenlerinde, birbada öz gözlerine ynanmadylar. –Kimkä ol adam!? –Öz-ä kimem bolsa, Türkmenistandan gelýän bolmaly. –Kimkän ol!? Onýança-da silkme telpekli adam arabadan düşüp, oňa ýüklän horjunyny zordanrak bir egnine aldy-da, aňyrlygyna barýan arabakeş bilen hoşlaşyp, oba tarap ýöneldi. Hemmeler kimkän diýşip çiňňerilişip, çiňňerilişip ony hasam içgin synladylar. Aňyrdan gelýän golaýlaşdygyça süňňi bir zat syzan ýaly, Allanazaryň ýürek urgusy güýçlendi. Golaýlaşdygyça-da onuň düňderilip ýöreýşi barha oňa öz ýakynlarynyň ýöreýşini ýatlatdy. Emma ol bu ýerlerde dagy özüniňkileri görerin öýtmänsoň, ilkibada öz gözlerine ynanmady. Ýöne gözleri ony aldamandy. Bu gelýän onuň agasy Ballydy. Allanazar nädip oňa tarap okdurylanyny-da duýman galdy. Barşyna-da begenjine aglap, onuň üstüne özüni zyňdy. –Bally akga jan, sen geldiňmi!? Bizi äkitmäge geldiňmi!? –diýibem begenjine aglabam goýberdi. Ine, şeýdibem gazagyň tükeniksiz sährasynyň bir ýerinde juda uzaga çeken ýaly bolup görünýän agyr aýralykdan soň, iki sany damardaky şol bir gan akýan didar küýsegli aga-ini garaşylmadyk ýagdaýda bir-birleri bilen duşuşdylar. Ýürekleri gyşyň aşagynda gül-gunça çolanyp çykyp gelýän ýaz bilen duşulanda bolşy ýaly, ýakymly joşgun eýeledi. Ballyny 31-nji barakdaky türkmenler öz yzlaryndan gelen ilkinji hossar hökmünde diýseň gadyrly garşyladylar. Ikinji kitabyň soňy. Aşgabat, 2012. • Daglaryň aňyrsyndan daglar görünýär... Agageldi Allanazarowyň döredijiligini hyýalymda başdan-aýak yzarlasam, rus edebiýatynyň romantizm akymynyň kerwenbaşylarynyň biri W.Žukowskiniň: “Daglaryň üstünden daglar görünýär” diýen ajaýyp şahyrana setiri ýadyma düşýär. Dogrudan hem, Agageldi Allanazarowyň 1964-nji ýylda çap bolan “Ussanyň jogaby” goşgusyndan başlap (bu goşgy onuň çap edilen ikinji eseridi), 2000-2006-njy ýyllarda peýda bolan uly göwrüml ikitaplaryna çenli döreden eserleri bir-biriniň aňyrsyndan görünýän, bärkisinden az-kem, barha beýgelip gidýän dag gerişlerini göz öňüňe getirýär. “Ojak” romany häzir-ä şol gerişleriň iň belendi. A.Allanazarowyň döredijiligi kem-kemden kämilleşdi, öňürti dörän eser özünden soňky eser üçin basgançak bolup hyzmat etdi. Şeýledigini ýazyjynyň eserlerini okan her bir okyjynyň özi hem hökman aňlar. Ussat ýazyjynyň döredijiligi baradaky esasy gürrüňe geçmezimden ozal, onuň döredijilik ýoluny ýagtyldan tanymal şahslardan söz açmak isleýärin. 1966-njy ýyl. Türkmeniň tanymal ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow Mary şäherine ýaş ýazyjylaryň maslahatyna gatnaşmaga baranda, şol mahal mugallymçylyk mekdebinde okap ýören Agageldi Allanazarowyň goşgularyny seljerip, oňa ak pata beripdi. Şondan soňam onuň şygyrlary gazet-žurnallarda yzygiderli peýda bolmaga başlady. 1987-nji ýyl. Agageldi Allanazarowyň “Bir gezek uçan it” powesti Çingiz Aýtmatowyň ýazan sözbaşysy bilen birlikde rus dilinde neşir edilýär. Şol sözbaşyda ol ýaş okyja ýüzlenip: “Seniň okamagyňa garaşýan, okanyňdan soň hem, ynanyşyma görä, göwnüňden turjak şu kitap barada gürrüň berip oturjak däl. Meniň saňa esasy aýtjagym şundan ybarat: sen öz ejeň bilen kakaňdan hem Agageldi Allanazarowyň şu powestini okamagyny haýyş et. Soňra olaryň hem birneme özgerendiklerini, boluşlarynyň üýtgändigini görersiň” diýen sözler bar. Häzirki zamanyň dünýä edebiýatynyň uly sütünleriniň biri, türki edebi äleminiň parlak ýyldyzy hasap edilip, uly sarpa goýulýan uly ussat Çingiz Aýtmatow kitabyna sözbaşy ýazyp, eserine şeýle uly baha berse, her bir ýazyjy hem özünden, eden işinden hoşal bolardy. Üstesine-de, nesibäm çüwüp, has ýakyndan gatnaşanym, hüý-häsiýetine belet bolanym üçin Çingiz Töregulowiçiň öwgüli sözleri saga-sola sowrup ýörmändigini bilýärin. Ol çem gelen kitaba sözbaşy ýazyp, çem gelen eseri mahabatlandyrýanlardan hem däl. Ýöne onuň dünýä medeniýetine goşant goşýan ussatlara, edilen işe mynasyp baha bermegi “ýokuş görýänlerden” däldiginden hem habarym bar. Ol göz guwanjymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine-de belent baha berip, öz pikirlerini paýhaslylyk bilen esaslandyrypdy. Türkmen suratkeşi Yzzat Gylyjow hakda: “Yzzat, sen meniň buýsanjymsyň”, kompozitor Nury Halmämmedowyň ussatlygyndan söz açyp: “Nury Halmämmedow sazyny ýazmadyk bolsa, “Şükür bagşy” kinofilmi dünýäde gazanan şöhratynyň derejesine göterilmezdi” diýip ýazan hem şol. Uly ussadyň biziň ýazyjydyr şahyrlarymyzyň, sungat wekillerimiziň işine şeýle ýokary baha bermegi dünýä medeniýetinde deňli-derejeli ornumyzyň bardygyna şaýatlyk edýär. Biz oňa guwanýarys. Ýöne Agageldi Allanazarowyň döredijiliginiň ähmiýetini hemmetaraplaýyn açyp görkezmek ýene bize― onuň eserleri bilen asyl nusgasynda tanyş edebiýatçylara bagly bolup durýar. Men döwürdeşi, döredijiligine sarpa goýýan, ilkinji goşgularyny, hekaýalaryny höwes bilen okan, özboluşly zehininiň derejesinden az-kem habarly adam hökmünde onuň1eserleri, olaryň tutýan orny barada käbir pikirleri okyja ýetirmek isleýärin. Agageldi Allanazarowyň döredijiliginiň örän agramlydygyny, onuň öz halkynyň medeniýetini dünýä ýaýmakda uly işler bitirendigini, döwrüň talabyny ödeýän ajaýyp eserler ýazandygyny äşgär edip duran esasy alamatlar nämeden ybarat? Şol sowala gysgaça, ynandyryjylykly hem mynasyp jogap bermek üçin men iki terezi gurundum. Terezileriň birini kino sungaty, ikinjisini bolsa terjimeçilik sungaty emele getirýär. Bu iki tereziniň eserleriň agramyny dogry çekýänine ýüregim bilen ynanýaryn. Sebäbi üns berseňiz, ajaýyp kino eserleri ajaýyp kyssa eserlerinden dörändir. Wakasyz, hereketsiz, gury sözler bilen ýazylan hekaýadan, powestden, romandan kino döremeýär. A.Tarkowskiý, N.Mihalkow, W.Şukşin, B.Mansurow dagyny uly režissýor derejesine göteren, eýsem, olaryň hakyky kyssa eserlerini esas edinmekleri dälmi? Mysal üçin, Bulat Mansurowyň režissýor hökmünde adyny äleme ýaýan «Şükür bagşy» powesti boldy. Umuman alanyňda-da, rus edebiýatynyň L.Tolstoý, N.Gogol, A.Puşkin, A.Tolstoý, Ý.Bondarew, B.Wasilew, M.Şolohow, W.Şukşin ýaly läheňleriniň eserleriniň kinonyň diline geçirilmedigi ýokdur. Sebäbi kinematografiýa haýsy eseriň zehine ýugrulandygyny duýmagy örän gowy başarýar. Kinonyň diline geçirilen kyssa eseri şol edebiýatyň naýbaşy eseri hasap edilmeli. Türkmen edebiýatynda-da şeýle. Soňky ýüzýyllykda dörän ýokary derejeli eserlerimiziň aglabasy kino diline geçirildi. Bu babatda B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimini”, N.Saryhanowyň “Şükür bagşysyny”, G.Kulyýewiň “Gara kerwenini”, N.Jumaýewiň “Ýuwaş gelnini” ýatlamak hem ýeterlik bolsa gerek. Ikinji terezim hem hakyky eseri saldarlamak babatda örän dürs işleýär. Terjimeçi, adatça, başga bir dildäki iň gowy eseri terjime etmäge çalyşýar. At-abraý getirmejek bolsa, onuň wekilçilik edýän edebiýatyny baýlaşdyrmajak bolsa, terjimeçi beýle eseriň golaýyndan hem barmaz. Şonuň üçin hem, başga dile terjime edilýän eseriň asyl nusgasynyň hem kämildigini gypynç etmän aýdyp bolar. Türkmen ýazyjysy Agageldi Allanazarowyň döreden eserleri bolsa, meniň ulanýan «iki terezimde” çekilende hem olaryň ýüpüne gaty gowy agram salýar. Sebäbi onuň eserleriniň esasynda eýýäm dört kino döredildi, şonuň ýaly-da «Ýedi däne”, “Çat açan menzil», “Welosiped”, “Iner ýüki», “Goja”, “Güneşli gämi”, “Mähriban at” ýaly 25 kitaby dünýä halkarynyň 30-a golaýynyň diline terjime edilip, 5 000 000-dan gowrak nusgalykda çap edildi. Bu bolsa türkmen ýazyjysy Agageldi Allanazarowyň eserleriniň dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna goşant goşýandygyndan, olarda gaýry milletleriň okyjysy üçin hem öwrenere zadyň bardygyndan habar berýär. Eserleriniň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi diňe ýazyjynyň özüne däl-de, medeniýetimiziň, Watanymyzyň abraýyna-da abraý goşýar. Her ýurduň dünýädäki abraýy milli medeniýetiniň ösüşi, esasan, başga milletleriň medeniýetine täsir edişi bilen ölçelýär. Şol nukdaýnazardan biz häzirki zaman döredijilik işgärlerimize, öňi bilen hem, A.Allanazarow ýaly, dünýäniň onlarça dilinde kitaby çykan ýazyjymyza guwanmalydyrys. Çünki ýazyjynyň döredijilik arabasyna bäş-on setirlik goşgudan, iki-üç sahypalyk hekaýadan başlap, egninde agyr ýük, ýazyjynyň öz gowy görýän meňzetmeler dilinde aýtsak, «iner ýüküni» göterýän romanlara çenli kän sanly eserleriň ýüklenendigini görýäris. Agageldi Allanazarowyň köp taraply döredijiliginden söz açyp, onuň çagalar üçin ýazan goşgularyna, ýüzugra bolsa-da, üns bermän geçmek bolmaz. Çünki ol edebiýat meýdanynyň gyrasyndan goşgy bilen girip, dürli döwürlerde “At gaýraty», “Günüň öýi”, “Şadyýan harplyk”, “Bir bar eken”, “Çölüň deňiz günleri”, “Yssy gün”, “Ýaňlan, tüýdügim” ýaly ýygyndylaryny okyja hödürledi. Olara hil taýdan gysgaça baha bermek üçin, ýene şol ýokarky ölçegimize ýüzlenmeli bolýaryn. Bu ýygyndylaryň hemmesi diýen ýaly, dünýäniň ýigrimiden gowrak diline terjime edildi. Onuň çagalara niýetläp döreden eserleriniň aglabasy ýaşlar üçiň gowy eserleriň ýygyndysy bolan “Çagalar edebiýatynyň hrestomatiýasyna” girizilip, rus dilinde wagtal-wagtal gaýtalanyp çap edilýän bu kitapda öz ornuny tapdy. Şeýlelikde, Agageldi Allanazarowyň goşgulary başga ýurtlaryň çagalarynyň hem söýüp okaýan goşgularyna öwrüldi. Makalany okanyň “Awtor näme üçin başga dillere beýle ýykgyn edýärka?” diýmegi mümkin. Ýok, Agageldiniň goşgulary türkmen dilinde ýazylyp, öňürti türkmen çagalarynyň göwnünden turdy, türkmen çagalarynyň halan eserlerini bolsa başga milletleriň çagalary hem haladylar. Halanany üçinem ol kitaplaryň birnäçesi käbir ýurtlarda gaýtadanam çap edildi. Çeper eseriň başga dillere terjime edilmeginiň “gamyny iýmek” diýen pikire men gaty pert jogap berip biljek. Özüň gamyny iýeniň bilen eseriň başga dile terjime edilmeýär, ony hemişe eseriň çeperçiligi, hili, özboluşlylygy gazanýar. Agageldi Allanazarowyň döreden eserleriniň aglabasy şol zerur bolan talaplary ödeýär. Diýmek, terjime edilmegini onuň eserlerinin özleri gazanýar. Gün agşam deňze, batýan ekeni. Balyklar bilen ýatýar ekeni. (“Günüň öýi”) Baglaň başyny her ýana yrap, Berýär guşlara höwürtge gurap. (“Şemal”) Üns berseňiz, ýokarky setirlerde manysyz “boşluk” ýokdur, tersine, çagalaryň göwnünden turjak hem olara örän düşnükli täsin suratlar bar. Çagany boş sözler däl-de, onuň aň derejesine kybapdaş ýeňiljek, manyly, özüne çekýän görnüş gyzyklandyrýar. Çagalar üçin goşgy ýazanda, daýaw Agageldiniň özüni-de ylgap ýörenje çaga öwrülendir öýdýärsiň. Ol goşgularynda çagalar bilen çaga oýunlaryny oýnaýar, çaga dilinde gepleýär. Şahyr şol hereketleriň ussady. Çagalar edebiýatyndan edilýän esasy talap hem şondan ybarat. Dünýä çagalar edebiýatynyň sütünleriniň biri Agniýa Bartonyň: “Agageldi Allanazarow türkmen çagalarynyň name barada piker edýändiklerini örän oňat bilýär” diýip ýazmagyny-da özüm-ä uly ussadyň ildeşimiziň döredejiligine beren ýokary, ýöne dogry hem mynasyp bahasy hasap edýärin. Belli rus şahyry Lew Oşaniniň az-kem başgarak äheňde: “Agageldi Allanazarow öz ýaşajyk dostlarynyň ruhy dünýäsini oňat bilýär, olar bilen ýürekdeş gürrüň etmegi başarýar” diýip bellemegi-de, Agageldiniň döredijiligi bilen tanşan uly şahslaryň onuň çagalar üçin ýazan eserleri barada gowy pikirdedigine şaýatlyk edýär. Çaganyň ruhy dünýäsini inçelik bilen öwrenen, öwrenenini hem usasatlyk bilen ulanmagy başarýan ýazyjynyň utuşly tarapy hem şondan ybarat. Ol çagany gury sözüň däl-de, manyly suratyň özüne çekýändigine göz ýetiripdir. Ýene bir bellemeli zat: çagalar edebiýaty bilen düýpli iş salyşýan W.Berestow, Ýa.Akim ýaly ussat halypalaryň bellemeklerine görä, Agageldi Allanazarowyň goşgulary haýsy dile terjime edilse-de, onuň liriki gahrymanynyň başy – türkmen tahýaly. Ol başga dilde geplese-de, sözleriň owazy, äheňi türkmeniňki. Bu häsiýet onuň döredijiliginiň hamyrmaýasyna öwrülipdir. Şeýle hem, pikir, görnüş bezegine baý goşgular başga dile geçende-de milli özboluşlylygyny ýitirmeýär. Şonuň üçin hem şahyryň döredijiliginiň daşary ýurtly synçylarynyň biri: “Agageldi eserlerine öz adyny goýmasa-da, goşgularyň türkmeniň galamyna degişlidigi görnüp dur” diýip ýazýar. Meniň has-da göwnümden turany üçin mysal getirýän setirlerimdäki diňe hakyky ussadyň döredip biljek şahyrana keşbine üns beriň: Gelin bolup, süýji pallap, gerinip, Garly meýdan çykdy gijäň içinden. Ýa-da: Bulutlar ol ýerde ganat kakyşyp, Sowlup barýan al şapagy kowlaýar. Tebigatyň içinde özboluşlygyny ýitilik bilen yzarlamaga guýmagursak ussatlygy şahyryň hemme goşgularyny diýen ýaly durmuşa, ýaşaýşa okyja golaý edip görkezýär, ony özüne tabyn edýär, goşgularynyň keşbi, dili tebigatyň gözel keşbi tebigatyň näzik dili bilen baýlaşýar. Türkmen çölüniň, türkmen sährasynyň, umuman, türkmen tebigatynyň gözelligine inçe synçylyk bilen garamak ussatlygy Agageldi Allanazarowyň goşgularyny baý, özüne çekiji, täsin edip görkezýär. Olardan Pendi sährasynda öwüsýän mylaýym şemalyň sesi saz bolup ýaňlanýar, türkmen howasynyň ýakymly tagamy duýulýar. Onuň aglaba eserleriniň başga dillere höwes bilen terjime edilýänligi-de şonuň üçin bolsa gerek. Ýazyjynyň türkmen tebigatyndan ylham alan eserlerine üns beren belli edebi synçy hem kyssaçy Saýlaw Myradow metbugatdaky çykyşlarynyň birinde: “Türkmenistany, onuň tebigatyny men hem bilýärmikäm öýdýärdim welin, Agageldi Allanazarowyň kitaplaryny okap, öz ilimi täzeden, ony hem özüm üçin täzeden açdym” diýip ýazypdy. Agageldi Allanazarowyň giň göwrümli, ýokary hilli döredijiligi barada onuň derejesine laýyk gürrüň etmeli bolsa, ýazyjynyň hekaýa-nowellalaryna aýratyn üns bermek gerek. Men galamdaşy, yhlasly okyjysy hökmünde onuň nowellalarynda başga ýazyjylaryňka meňzemeýän özboluşlylyk duýýaryn. Uly göwrümli powestlerinde, romanlarynda bolşy ýaly, onuň hekaýalarynda-da (“Dogan”, “Täze ýyl heseri”, “Welosiped”, “Ene”) arassa türkmen diliniň kömegi bilen gazanylýan şahyrana beýan ediş usuly ünsüňi çekýär. Şahyrana duýgular bolsa, sagdyn, manyly, arassa diliň üsti bilen beýan edilende, has-da özüne çekiji bolýar. Ýazyjynyň esasy ýaragy diýilýän dil ýaragy Agageldiniň elinde bökdençsiz işleýär. Onuň wakalara, herekete baý kyssasy sadadan düşnükli halk diliniň ulanylmagy bilen utýar, lejikdirmeýär, lezzet berýär. Men yhlasly okyjysy hökmünde Agageldi Allanazarowyň döreden kän sanly powestleriniň arasynda iň saýlantgysyny – hakyky edebiýatyň ähli talabyna hertaraplaýyn jogap berýän “Iner ýüki” powestini özüme golaý hasap edýärin. Eýýäm allegorik adyndan göterilýän ýüküň ýönekeý bir ýük däldigini aňdyryp başlaýan eser ilkinji sahypasyndan okyjyny yzyna düşürip ugraýar (Eseri şeýle dartgynly derejede başlamak hemme ýazyja başardyp hem durmaýar). Diňe ineriň göterip biljek ýüki – ýaňy murty taban ýigdekçäniň entek bekemedik gerdenine agram salan durmuş ýüki, kynçylygyň ýüki. Uruş döwründe tylda galan ýetginjekleriň başdan geçiren agyr günlerini beýan edýän powestler türkmen kyssasynda az däl. Ýöne Agageldiniň döreden “Iner ýüki” biziň edebiýatymyzyň agramyna has-da agram goşdy. Häsiýetleriň ynandyryjy wakalar, mertligiň, edermenligiň şertlerine jogap berýän hereketleriň üsti bilen açylmagy, kynçylykly durmuşyň ýuwmarlanman, owadanlanman, ýazyjyk ussatlygy bilen dogruçyl görkezilmegi, şonuň netijesinde-de, ýazyjynyň ýaşlaryň nusga alarlyk keşbini ýokary çeperçilik başarnygy bilen ýüze çykarmagy göwnüňden turýar. “Iner ýüki” sagdyn, ilhalar ideýasy, wakalarynyň ynandyryjy beýan edilmegi bilen ösüp gelýän neslimize her hili ýagdaýda-da milli buýsanjyny saklap, arassa zahmetiň kömegi bilen kynçylykdan rüstem gelinýändigini görkezýär. Zähmet adamy, mert adam, onda-da entek bedeni onçakly bekemedik ýigidiň uly adamyň etmeli işlerini amala aşyryşy, Watana elinden gelen ýardamy aýamaýşy okyjyda oňa bolan söýgi, hormat oýarýar. Beýle ýagdaý hemme halklaryň ýaşlary üçin hem mahsus bolsa gerek. Şol sebäpli-de, özlerine göwni ýetýän edebi derňewçiler “Iner ýüküne” az mahalyň içinde ýigrimi gezek üns berdiler. Beýle ýagdaý edebiýatda ýygy-ýygydan gaýtalanyp duran waka-da däl. Bu powest türkmen, rus, bolgar dillerinde 5 gezek çap edildi, şeýle hem S.Antonow, Ý.Trifonow, W.Astafew ýaly rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjylarynyň döreden saýlama powestleriniň arasynda ýer aldy. Bu türkmen kyssaçysy A.Allanazarowyň ussatlygyna berlen örän uly bahadyr. Millionlap nusgalykda çap bolýan kitaplary döretmek her bir ýazyjynyň arzuwydyr. Ýöne kitabyň nähili hupbat bilen döredilýändigine belet adam Agageldi Allanazarowyň özüni tanamasa-da, näderejede zähmet çekýändigini eserlerinden biler. Eser ýazylanda, her sahypasy telim gezek göçürilip, sülä getirilýändiginden az-kem habarly bolanym üçin, Agageldi Allanazarowyň nähili azaphon ýazyjydygyny göz öňüne getirýärin, parahat gijeleriniň närahat geçendigini, ýumşak ýassykda dynç almaly kelläniň näçe sagatlap gaty stol üstüne eglip durandygyny çaklaýaryn. Ýöne Agageldiniň çeken azaby, gören görgüsi döredijilik hasyly bilen ödeldi. Türkmen edebiýatynda beýle uly derejedäki ussadyň döremeginiň iki bäbi bar diýen aýgyda gelýärin. Olaryň biri Taňry guýmuş, ýöne hemme kişiniň başarmaýan zady – erjellik bilen hupbatly zähmet. Agageldiniň adyny edebiýatymyzyň taryhyna ýazan, dünýä okyjylarynyň hem örüsine çykaran şol iki sebäpdir. Şeýlelikde, hut meniň özüm-ä zehinli şahyr hem kyssaçy Agageldi Allanazarowyň döreden ajaýyp eserleri döretmek üçin çeken çäksiz zähmetiniň soňy halkara derejesindäki abraý bilen utgaşyp gitdi diýen netijä gelýärin. Ýokarda meniň Agageldi Allanazarowyň döredijiliginden agzap geçen eserlerimiň sanawy hem bir ýazyjy üçin ýeterlik ýük, onda-da Agageldiniň iri göwrümli bir eseriniň ady bilen aýtsam, iner ýüki. Ýöne her bir uly ýazyjynyň ady tutulyp, döredijilik örüsine ser salnanda, onuň haýsydyr bir eseri beýlekilerinden saýlanyp ýadyna düşýär. Mysal üçin, dünýä belli onlarça tomluk eser ýazanam bolsa L.Tolstoý diýlende “Uruş hem parahatcylyk”, N.Gogol “Derňewçi”, Puşkin «Ýewgeniý Onegin”, A.Tolstoý “Pýotr I”, M.Şolohow “Ýuwaş Don”, B.Kerbabaýew “Aýgytly ädim», B.Seýtakow “Doganlar”, G.Kulyýew “Gara kerwen” romanlary göz öňune gelýär. Şol eserler olaryň iň naýbaşy kitaby hasaplanýar. Şol nukdaýnazardan biziň döredijiligi barada gürrüňini edýän Agageldi Allanazarowymyzyň eseri haýsy diýlende ol (häzirlikçe), elbetde, eýýäm okyjynyň minnetdarlygyny gazanan “Ojak” romany (Agageldi entek-entekler öňkülerinden pes bolmadyk eserleri döreder diýen berk ynamymyz bar) diýip basap edýärin. Agageldi Allanazarow diýlende, ilki bilen, eýýäm okyjynyň minnetdarlygyny gazanan «Ojak» romany ýadymyza düşýär. “Ojak” ýazyjynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden esasy eseri boldy. Bu roman hakdaky gürrüňe başlamazymyzdan öňürti ýazyjy Agageldi Allanazarowyň “Ojagy» okyja ýetirmegine nämäniň sebäp bolandygy, onuň name üçin şol esere kalbynyň dyňzap duran joşgunyny bagyşlanlygy bilen biraz gyzyklanalyň. Türkmen halkynyň agyr taryhynda pajygaly wakalar kän boldy. Halkymyzyň diňe XIX asyrda başdan geçiren agyr pajygalaryny sanamaly bolsa ortaça düşünjeli okyjy Sarahs, Mary, Gökdepe söweşlerini ýatlar. Garrygala söweşi, Gazawat gandöküşligi köpüň ýadyna-da düşmez. Biziň taryhymyzda şol agzalan söweşlerden pes bolmadyk enäni gyzdan, atany oguldan, müňläp-müňläp bigünä adamlary dogduk depeden, ata Watandan jyda eden ýene bir aýylganç tragediýany bolsa görer gözden, eşider gulakdan gizläp sakladylar, ykbal çözýän syýasatçy kişiler ajy hakykatyň gizleneni bilen süýjemejekdigi, nahak ganyň ýerde ýatmajakdygy barada oýlanmadylar, halkyň hakyda sudundan gaçyp gutularys öýtdüler. Şol gizlin saklanan halk pajygasy hakynda taryh maglumatlary näme diýýär? Üns beriň: “1917-1930-njy ýyllarda Türkmenistanda baý-kulak diýlip sürgün edilenleriň sany 900 müňden gowrak adamdy. Şol ýyllar ýat illerden mesgen gözläp, ýurtdan gykanlaryň sany 4 milliondan geçdi. “Sürgün edilenleriň, bosgunlaryň, açlykdan, jebri-jepa ekmekdem gyrylanlaryň sanyny bolsa anyk bilýän ýok. Megerem, olaryň sany ýokarda agzalan uruşlarda wepat bolanlaryň sanyndan has artykdyr. Geljekki ýazyjy Agageldi Allanazarow ene-atasy 16 ýyllyk Gazagystan sürgüninden gaýdyp gelenlerinden bäş-alty aý geçensoň, 1948-nji ýylda dünýä inýär. Gepiň keltesi, “sürgüniň ogly” bolmak Agageldiniň hem nesibesinden çykypdyr. Gazagystan sährasynda sürgünde wepat bolan agasynyň öwezini tutmagyny dileg edip, oňa Agageldi at goýýarlar. Halkymyzyň esli böleginiň başyndan hupbat bolup inen belanyň ýaňy ýaş oglanyň kalbyndan çykmaýar. Ol ýaň, ol ýanardag ahyram “Ojak” (şertleýin ady “Sürgünler”) romany bolup, daşyna çykýar. Şu ýerde men ýene-de bir zady bellemekçi bolýaryn, türkmen topragynda XX asyrda bolup geçen ol aýylgaç wakany çeper edebiýatda, gazet-žurnallarda açyk beýan etmek däl, agzamak hem bolmaýardy. “Ojagyň” okyjyny özüne beýle güýçli çekmeginiň bir sebäbi-de romanyň şol gizlinligi paş edýändigi bolsa gerek. Ýaşlarymyzyň negada biri bolaýmasa, ol gizlin, namart, «ejizeganymlyk urşundan” oňly habarly däldi. Şonuň üçinem bir asyra golaý üsti basyrylyp gizlenen wakadan ilkinji bolup, uly göwrümli eser ýazan Agageldi Allanazarow diňe bir täsin, täze temadan roman döretmek bilen däl-de, tutuş halkymyzyň, aýratynam beýle zatlar bolandyr öýdüp pikirem etmeýän ýaş neslimiziň gözüni açmak bilen, taryhymyzyň öňünde ägirt uly hyzmat bitirdi. Romanda Kymyş goja, onuň maşgalasy başdan-aýak ýazyjynyň üns merkezini eýeleýär. Birmeňzeş agyr ykbala sezewar bolan müňlerçe türkmen maşgalasynyň çeken jebriniň Kymyş aganyň hojalygynyň üsti bilen görkezilmegi romanyň saga-sola pytraman, ykjam bolup çykmagyna getiripdir. Bu maşgalanyň öň orna geçirilip, üns bilen yzarlanmagy ýazyjynyň utuşly tarapy bolsa gerek. “Ojagyň” ýordumyny yzarlamagy, wakalaryny jikme-jik beýan etmegi, olara düşündiriş bermegi özüme borç edinmeýärin. Eger başarsam, türkmen edebiýatynda dörän, çeper diýseň hem, taryhy diýseň hem, syýasy diýseň hem, üstüne basan «iner ýüküňi» göterip biljek bu özboluşly romanyň esasy damaryna ser salmak isleýärin. Romany okap çykaran netijäme görä, ýazyjy adam ogluna kynçylygyň edýän täsirini ýüze çykarmagy esasy wezipe edip öňünde goýupdyr. Ol durmuş pajygasynyň döredýän kynçylyklarynyň ynsanyň ruhy dünýäsine ýetirýän täsirini edebi keşpleriň üsti bilen okyja ýetirmäge çalyşýar. “Ojagyň” sürgün edilen gahrymanlarynyň Watandan jyda düşmekleri olara çekip-çydardan agyr düşýär. Aýlardyr ýyllar hem olary ýat toprak bilen öwrenişdirip bilmeýär. Ýasaýyş syrlary hakynda oýlansan, çökder kynçylyk, töhmet belasy, ynsan gerdeniniň göterip bilmejek ýüki, onda-da hiç kim üçin peýdasy ýok, ýörite oýlanyp tapylan jeza her hili mert kişini-de ejizlemäge mejbur edýär, onuň aňyna erbet zeper ýetirýär, gowy häsiýetiniň ýaramaz häsiýet bilen çalyşmagyna, ejizlemegine getirýär. Beýle ýagdaý adamlaryň köpüsiniň psihologiýasyna mahsus ýaly bolup hem görünýär. Emma kynçylykly ýagdaý Agageldi Allanazarowyň romanynyň gahrymanlaryny gatybaşa, erjele, mert kişä öwürýär, olaryň aňyndaky watanperwerlik duýgusyny, öz ojagyna küýsegini güýçlendirýär. Men uzak ýyllaryň dowamynda dogduk mekandan uzakda ýaşap, umuman alanyňda, biziň halkymyzyň başga halklaryň hiç biri bilen deňeşdirer ýaly derejede däl oturymly, öz ojagyna wepalydygyny göz ýetirdik. Men başga milletler onuň tersine diýen çaklamadan gaty daşda. Ýöne türkmenler... Men ojak meselesinde Agageldi Allanazarowyň romandaky ideýasy bilen pikirdeş bolup, bizin halkymyzyň şu güni bilenem öz çaklamamy tassyklap bilerin. Hut şu günem kän-kän milletleriň kän-kän wekili başga ýurtlara öz peýwagtyna gidip, edil öz watanynda ýaşaýan ýaly bolup ýaşaşyp ýörler. Emma türkmen welin, dogduk depesini terk etmegi halaýanlardan däl. Şonuň üçinem “Ojagyň” sürgün edilen gahrymanlarynyň Watandan alysda bolmagy olara çekip-çydardan agyr düşýär. Aýlar-ýyllaram olary ýat toprak bilen öwrenişdirip bilmeýär. Romanyň gahrymanlarynyň Watana ýetmek üçin sanaýan günleri gaty kynlyk bilen, hatda ölüm-ýitim bilen baglanyşykly hupbat bilen geçýär. Kynçylyklar türkmen sährasynyň balalarynyň iline aşmak arzuwyny has-da güýçlendirýär, wagt, ýat toprakda gün geçirmek öz Watanynyň has-da gymmatyny artdyryrar. Şol meselede romanyň kynçylykly ýaşaýyş mekdebini geçen gahrymanlaryň hemmesi-de okyjynyň tarapynda, okyjy hem olaryň tarapynda. Ýaş nesil “Ojagyň” üsti bilen durmuş mekdebini geçýär, ildeşleriniň alysdaky hupbatly ýaşaýşynyň beýany olarda öz topragyna, öz ojagyna, parahat Watanyna söýgi, buýsanç oýarýar. Sen nirede bolsaň hem Watanyňy söýmeli, ondan aýrylmazlygyň, oňa ýetmegiň aladasyny etmeli. Watan seniň daş galaň, başymyzy jemlejek ýene şoldur. Ojak seniň berekediňdir, rysgalyňdyr, seni açhor etmejek ýene şoldur. A.Allanazarowyň “Ojagynyň” esasy leýtmotiwi şol. Şonuň üçin hem Pendi sährasynda sönüp ugran ojaklaryň odunyň ýene alawlap başlamagy okyja ynjalyk berýär, ony türkmeniň bereket nyşany bolan gyzgyn ojagynyň başyna çagyrýar. Öndümli işleýän uly ýazyjynyň kyrk ýylda döreden alty-ýedi jiltlik eserleri barada bir içijik makalanyň çäginde doly gürrüň etmek mümkin däl. Ýogsam Agageldi Allanazarowyň uruş temasyndan döreden “Ak ýelken”, “Urşa giden adam”, “Maňa meňzeş maýo”», “Jaň sesi” ýaly özboluşly powestleriniň beren ýazyjylyk tejribesinden soň dörän ýene bir göwrümli eseri “Düwlen” romany hem düýpli seljerilmäge mynasyp eser. Ony türkmen edebiýatynda dörän ilkinji psihologik roman hasaplaýaryn. Eserde türkmen ýigidi Balkan bilen nemes gyzy Bertanyň ykbaly yzarlanýar. Ýazyjy bir urşuň gutaranyndan soň hem adam ykbalyny bulaşdyryşyny, bir başlanan urşuň diri galanlar üçin gutarmaýandygyny, urşy başlanyň hem üstüne çozulandan az jepa çekmeýändigini çeper keşpleriň üsti bilen açyp görkezmegi başarypdyr. Nemes gyzynyň öz ildeşleri tarapyndan başlanan uruş zerarly müňlerçe nowça ýigitlerini, heniz maşgala gurman ömür bilen hoşlaşan ogullaryny ýitiren türkmen topragyna gelin bolup düşmegi, özünden gan algyly bilen bir maşgala döretmegi iki sany garşydaş aňyň gizlin çaknyşygyna alyp barýar. Maşgalanyň bozulmagyna, birmahal tamamlanan hem bolsa, ýene uruş sebäp bolýar. Kalbyňy daglaýan durmuş hakykatyny açýan bu örän dartgynly eser okyjynyň aňynda harasat baryny döredip, psihologik romanyň kanunlaryna doly gabat gelýär. Alnan wakanyň diňe bir türkmen topragyna degişli bolman, urşy başdan geçiren ähli halklaryň (oňa dahylsyz halk barmy!) kalbyna-da gozgalaň saljakdygy sebäpli, “Düwlen” umumadamzat eserine öwrülýär. Bu romanyň hem esasy äheňi ynsan aňynda çuň filosofik oýlanmalaryň aýlawyny ussatlyk bilen işletmegi başarýan ýazyjy Agageldi Allanazarowyň ähli döredijiliginiň baş temasy bolan OJAGA gelip direýär. Agageldi Allanazarowyň ýazyjy hökmünde ýokary ussatlyk derejesine ýetmegi, döredijiligine dünýä möçberinde uly üns berilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak baradaky görkezmesini durmuşa geçirmekde onuň ep-ýesli iş edendigi, elbetde, örän guwandyrýar. Ussadyň ýaş dörediji nesillerimize nusga alarlyk öz ýazyjylyk mekdebini döredendigini hem aýratyn bellemek zerurdyr. Ol mekdep zehinli ýazyjy Agageldi Allanazarowyň ebebiýatymyzyň derejesini ýokary götermekde bitiren esasy işidir. Atajan TAGAN, ýazyjy. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |