16:45 Tüýdük / hekaýa | |
TÜÝDÜK
Hekaýalar
Men tüýdük çalmany ürç edip öwrendim. Indi şondan bärem biziň öýümiz tüýdükli öý. Ony çalyp, mylaýym sesini diňläp, dünýä synçy bolmagam diýseň ýakymly. Her gezek men kükräp-kükräp tüýdük çalanymda, obamyz öňküdenem terlenen, öňküdenem görkanalanan ýaly duýulýar. Ir säherler dagy turup tüýdük çalanymda, asmana göterilip, indem şol ýerde ganat kakyp, asyl-asyl bolan ýaly janserek bolup duran torgaýlaram meniň tüýdügimiň sesine goşup jürrüldişiberýär. Mekdepde çalanymda synpdaş deň-duşlarym her gezek höwes bilen meniň töweregimi gallardylar, tüýdügimiň ýakymly owazy olara-da diýseň hoş ýakýardy. Hasam meniň tüýdügimiň sesini deň-duş gyzlar, golaý-golaý süýşüşip halap diňlärdiler. Olaryň gözlerinde men guwanç, gözügidijilik, näz-kerişme alamatlaryny, ýene-de oňly düşnükli bolmadyk syrly garaýyşlary hem görerdim. Gyzlaryň nazaryna mynasyp bolmagyňam öz lezzeti bar. Meniň tüýdügimi diňlän, gyzlar soňra görmegeýden gelen gelinlikler bolup ýetişdiler. Bir gün tüýdük çalyp otyrkam, synpdaşym Jemal gapydan gülümsiräp geldi. Ol meniň ýüzüme köpmanyly seredip: — Sen indi şeýdip, tüýdük çalyp ýörjekmi? — Hä, näme? — Maňa gudaçylyga gelýärler. Durmuşa çykýan. — Nädip? — Iliň edişi ýaly edip. Birki aýdan Jemal durmuşa çykdy. Şonda men içki jaýa geçip, ony ýat edip, çyglyp-çyglyp, baý tüýdük çaldym-a... Jemalyň balkyldap duran heserli nazary şonda meniň gözümiň öňündedi... Ýene bir azdan Orazsoltan çykdy diýdiler, ol garagözeleje, men tüýdük çalanymda hamala öz ýürek syry açylaýan ýaly gyzaryp gabak astyndan meni synlap, oturýan bir boz gyzdy. Ony ýatlabam men ýene-de tüýdük çaldym. Synpdaş gyzlar Gülnar, Patma, Kümüş, Bibi, Käkilik, Toty... Olar kändiler. Durmuşa çykanda olary hem ýat edip, men tüýdügi ýaraýjak boldum. Şeýdip, töweregiň diňleýjisiz galyp barýanlygyny duýup çalanyňda dagy ol hasam zaryn ýaňlanýan ekeni. Töweregim çolardy. Meniň tüýdügimi diňlän gyzlar owadan peri-peýkere öwrülişip, pasyrdaşyp uçuşyp-uçuşyp gitdiler. Indi men tüýdügimi kän bir çalybam ýöremok. Tüýdügem şol gyzlar töweregiňde bar wagty joşgunly çalynýan ekeni. Özümi ýatdan çykaryp, çalyp-çalyp gyzlaryň ählisini tüýdükden geçiräýen ekenim?! Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |