14:49 Metamorfoza | |
METAMORFOZA
Goşgular
Şahyr Nowruz Gurbanmyradowa Pelegiň çarhyny pul aýlap gelýär, Ykbal iki başym tel eýläp gelýär. Kyýamat bolmaz-la, emma çar ýandan, Nuhuň tupany-ha golaýlap gelýär. Bu dünýäniň dindary az, dini kän. Ýagşylygyň ýoly ýalňyz, hili kän. Ölseň — dirilmek hak! Emma jahanda Janyň sogrup barýarlar hut dirikäň! Padanyň eýesi gaýyň bolupdyr, Ýeke-täk hossarym — gamym bolupdyr. Men haýran pelegiň şeýtan oýnuna: Elim ýuka, ýüzüm galyň bolupdyr. Derdem gelsin, ýöne ýyllap ýatmasyn, Pany dünýä ömrüm pullap ýatmasyn. Enkerman¹ bolmak kyn! Nowruzym ýöne Daşymyzy nadan gallap ýatmasyn. Şahyrlaryň mesjididir — meýhana, Ograşlara oýnaş bolmuş meýzana². Hudaýy agtardym, Hudaýy gözläp, Gulluk edip ýörsem näme şeýtana. Dürs ýol saýlap, tutdum tersin dünýäde, Goýup syrdan doly şerhim³ dünýäde. Adam bolup dogulanlar, Nowruzym, Ýagşyzada bolawersin dünýäde! * * * Iň ajaýyp şygrym ýazylman galar, Sebäp, iň gowy gyz duşanok häli, Sebäp indi duşanda-da giç bolar. Iň ajaýyp syrym ýaýylman galar, Sebäp dostlarym-a ýuka ýürekli, Sebäp, duşmanlarym juda birehim. __________________________ 1. Kärhanasyna diňe özünden akylly işgärleri toplan baý. 2. Muza 3. Gizlin many | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |