16:21 Işle ýürek, eger ýaşasyň gelse... | |
IŞLE ÝÜREK, EGER ÝAŞASYŇ GELSE...
Goşgular
Ir garradym, özümden ir garradym, Ir sanadym saçyň-sakgalyň agyn. Hamrak saýdym dünýäň gussa gamlaryn Oýnaýjak, okaýjak, ýaşaýjak çagym. Mazmunymy aýdyp ýetişmen öýdüp, Mydama ömrüme heder syzdym men. Söýlüp-söýüp, ýigrenilip-ýigrenip Kän okalan kitap kimin tozdum men. Şeýdip tozýar ýollar: çakyr-da-çukur, Artyk bolan çagy ýoluň gatnawy. Gasyn däl, maňlaýda görünýär pikir, Ömrüň gazap bilen ýazan hatlary. Çaksyz daşyp dolaýdymmy köle men, Kanagat tapdymmy maksada ýetmän? Bilýän: siňýän güne, aýa, ýyla men — A olar bilýärmi geçmişe gitmän? Olar bilmeýärler geçmişe gitmän, Gark bolýan gämiden gözleme dalda. Eý, ölüme garşy kalpdaky pitnäm, Gal sen bu jahanda çakylyk bol-da. Tylla çägäm syzyp barýar elimden, Dalak deý ýapyşýar ünjüm böwrümden. Öýleden soň ýokdur günüň salymy, Öýleden soň salmy ýokdur ömrüň hem. Işle ýürek! Eger ýaşasyň gelse, Işleseň ýaşarsyň! Sakla ýadyňda! Bagşy gyzar gije çene ýetende, Dutar bala dönýär gijäň ýarynda... | |
|
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Jüleýbib sahaba / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýaraşmaz / Goşgular - 01.12.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||