14:48 Özüňden gözle | |
ÖZÜŇDEN GÖZLE
Goşgular
![]() Eger söýgiň köýen bolsa elenme, Gam-gussa-da senden alysda galsyn. Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende, Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň. Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip, Niçik bu gün öz bagtyny terk eder, Söýgüsinden geçip Hem senden geçip. Biwepa saýma sen, saýma bigäne, Ýazgarma, belkem, ol seni tanandyr. Söýgüsne degmäniň üçin biçäre Gijeler ah çekip ýalňyz ýanýandyr. Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar, Olarda günä ýok söýgüden özge. Düýn söýen gyz bu gün seni ýigrense, Onüň sebäbini özüňden gözle! | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |