16:25 Ekspromt | |
EKSPROMT
Goşgular
Çyda! Sygyn-da çyna, Bagryňy ez, çyda, Şygryňy ýaz, çyda, Çytyl-da, çyda, Çygyl-da, çyda, Täzelik däl dünýäň myjabaty-da, Urşy-da, hyrşy-da... dönüp gyr-jyna Geçersiň bu dünýäň içinden senem. Çyda! Bolgusyz şahyrlar bolupdyr öňem, Bolarlar ýenem! SEN BEÝIK Sen jedel edýärsiň men beýik diýip, Misli lälik çaga, Tekepbir gende. Herimiz bir ýanna münýäs tereziň: Seň münen tarapyň galýar belende Meň münen tarapym gaçýar aşaga, Dogrudan, sen menden beýik ekeniň. ÝARAMAZ ÝAŞ ŞAHYR Ýaş şahyryň peşeneli suraty, Gowşak goşgulary gazetde çykdy, Synlap boşdugyny onuň eserniň, Synlap onuň suratynyň boşdugyn, Ol iki boşlukdan millet haýykdy, Eger men redaktor bolan bolsadym ÝA suratyn çap ederdim şol ýigdiň, Ýa-da goşgusyn... AÝP Bir mahallar çagasy kän adama Döwletli diýlerdi. Indi adata Öwrüldi başga zat: Çagam kän diýip Zeýrenýäs, ýol alýas, Aýp, bu aýp! Bir mahallar garyp bolan adama Garyp diýseň: gaty dömermiş kalba. Öwrüldi başga zat indi adata. Men bir garyp diýip agtarýas dalda. Bir mahallar ýetim diýseň ýetime Gyrlyşardy, degilen deý aryna. Indi men ýetim diýp ýol alyp barýar Emeldar-da, ýazyjy-da, alym-da... WELI ŞAHYR «Il beýik!» «Il beýik!» Gaýtalaýar ilgezik. Tapyldy bir weli şahyr, Ilim, bagtyň çüwdi ahyr Açdy seniň belentligiň! ...Päh, zaňňaryň talantdygyn! SERDAR Mugallym hek bilen ýazýar tagtada: SERDAR! Okuwçy çüý bilen ýazýar partada: SERDAR! Sapakda, köçede, öýde, pagtada: Demir SERDAR! Bürünç SERDAR! Daş SERDAR! Serdarlardan ýaňa ýaşara ýer dar. Aýlanýar bir pynhan pikir aňymda: Ýigriminji asyrda däl, ýaşaýas — Hek eýýamynda, Bürünç eýýamynda, Daş eýýamynda... ÝAŞYRAN ÝAGŞY Owadan gyz — görmegiňi-görküňi, Pälwan ýigit — bäs isleýän göwsüňi, Şahyr ýigit — dyňzap duran talantyň, Bagtly kişi — bagtyň, Dana kişi — aklyň Şikesliň şikesin ýaşyrşy ýaly, ýaşyran ýagşy. GOŞGULARYM Goşgularym, size ynanýaryn men: Maňa ynanyň — siz gowy bolmaly, Sebäp toplumymy okap gazetden Meni mydam gowy adamlar goldady. Goşgularym, size ynanýaryn men, Dykyn alyp ýatmarsyňyz dükanda. Bu durmuşdyr: kimdir birin öwerler, Emma sizi okar olar okanda. AKYL Akyl alyň! Sebäp ony alýan ýok, Akylhanaň bolaýmasa seriňde Ony saklap bolanok Amanat kassanyň depderçesinde. Alyň! Sebäp gerek däl ol hiç kime, Aýlanyp geçýärler onuň deňinden. Akyl satyp ýören kändir, siz diňe, Alyň ony satylmaýan ýerinden. /Ýolda ýatan pully gapjyk däldir ol, Däldir ýaşlaň şagalaňly agşamy, Ýeňil ýaşaýyşda derkarmy eýse Onuň beýnä könemöwrit agramy/. Akyllam, akmagam almaýar akyl, Ak bazarda gara şaýy bahasy. Gerek däl mahaly siz ony alyň. Sebäp tapdyrmaz ol zerur mahaly. OGRULYK Ogrulyga gitdi adam hem eşek. Eşekmi nä eşekligin etmejek?! Ogrulygyň gyzan wagty oňardy. Aňňyrdy-da garawuly oýardy. Ogrulyga gitdi adam hem eşek. Eşekmi hemişe eşeklik etjek?! Adam ogurlykda lal bolar ýaly Kellesine geýdirdi iýmli torbany. | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||