13:31 Garadäli Gökleñ | |
GARADÄLI GÖKLEÑ
Aýdym-saz sungaty
XX asyryň başynda Hywa hany Amyderýadan ägirt köp meýdany suwlandyrmaga ýeter ýaly suw almaga başarýar. Hywanyň töwereginde bolsa suw berseň gyzyl öndürjek mes toprakly ýerler näçe diýseň bardy. Hywanyň mes topragynyň tarypyny ýetirýän bir gepem bar: "Mazarystanlygy suwarsaň, hakyt adam gögerýärmiş!" Ynha, şol gonamçylyga suw berseň adam gögerýän mes toprak, bol suw, ýöne daýhan bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok. Hywa hany Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni toplamagyň ugruna çykýar. Çünki bol suwy ýerlikli peýdalanmak üçin uly‐uly ýaplar gazmaly, ekin eker ýaly ýerler açmaly. Garaz, adam güýji näçe diýseň gerek. Işçi güýjüni toplamak üçin MUHAMMED RAHYM han çar tarapa çapawullap başlady. Ol töwerekdäki merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaýardy, daýhanlyga ýarajak adamlary hiwa sürgün edýärdi, ýesir alýardy. Şeýle basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820-nji ýyllarda boldy. Muhammed Rahym han GARRYGALA hem ARKAÇ türkmenlerini ýesir alyp Hywa sürgün edip äkidýär. Som‐saýak bolup Hywa ugran halk gyzylbaş nowruzy günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar gatyşykly ýagyşyň içinden barýardy. Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan, batyp‐çommakdan, sowukdan ýaňa heläk bolýardy. Şol ýesirleriň arasynda beýik sazanda GARA DÄLI GÖKLEŇ hem bar eken. Biziň şu günlerki “Ýandym" ady bilen diňleýän sazymyz Garadäliniň ömür mukamydyr. Çünki Ỳandym sazynyň 1-nji bölümi şol Hiwa sürüşligiň bosgynlygyň ahy‐nalasyny suratlandyrýar. Şonuň üçinem “Ỳandym“ diňläniňde, han atlylarynyň halys tapdan düşen ýesirleri hamçylap çalt ýöretjek bolşy, batyp‐çomup, ýykylyp‐sürşüp barýan garrylaryň, gelin‐gyzlaryň ahy‐nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini gyýym‐gyýym edýär. Bu pajygaly ýagdaýy Garadäli öz sazy bilen beýan eden bolsa, Zelili şahyr ol uçursyz agyr ýagdaýy: Sürüldiler il barysy eňşeşip, Pyganyna daglar‐daşlar gymşaşyp Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp Bulutlar durdular nala, Seýdi. Ỳa‐da: Ỳesiriň ilersi barypdyr Tähran Gaýrasy dolupdyr Hywa Seýdi. - diýip, suratlandyrýar. Sazyň ikinji bölümi Garadäli gökleň Hywada ýesirlikde çeken agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor düşüp, gapy gezişi hakynda. Ynha, şu ýagdaýlara salgylansaň “Ỳandym“ sazynyň birden döremän, köp ýyllaryň dowamynda kämilleşendigini göz ýetirmek kyn däl. Döreýiş möwritini köp ýyllarda, köp wakalara bagly bolşy ýaly, sazyň ady hem dürli‐dürlidir. Ilki başda sazyň ady “Gara däli gökleňiň ýas mukamy“ bolupdyr. Gara däli gökleň ölenden soň bolsa, ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir. “Gara däli gökleň“ bolupdyr. Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil elegiýanyň taryhyndan bihabar kimdir biri, onuň plastinkada Gara däli gökleň adyna garaman "Ỳandym" diýip goýberipdir. Bu elegiýa häsiýetli, iňňän kämil aslyýetinde, uly göwremli eser Garadäli gökleňiň Ömür mukamydyr. Akmyrat GÜRGENLI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |