13:56 Garly günüň oýlanmalary | |
GARLY GÜNÜŇ OÝLANMALARY
Oýlanmalar
Öňküleriň: “Hat-da perişde bolsaň-da, hemmelere ýaranyp bilmersiň” diýen sözi bar. Bu hakykat ýylyň möwsümleri babatynda hem şeýle. Ine – gyş. Ilçilik-dä, gyşy gowy görýän adamlar hem bar, ýa-da tersine, bu ak garly pasyly düýbünden halamaýanlar-da bar. Özem gyzykly ýeri – iki topar üçin hem şol bir sebäp bar. O-da gar. Gyşy söýýän adamlar onuň garyny aklykdan nyşan bilip, ak gary maňlaýyna düýneýärler. Adamlaryö beýleki bir topary bolsa, tersine, sowga çydamsyzlygyny, dümewläýmeginiň ähtimallygyny, ýa-da şuňa meňzeş haýsydyr bir zady bahanalap, gardan çeträkde duranyny kem görmeýärler. Özüm-ä tüýs ýürekden birinji topary goldasym gelip dur. Elbetde, garly howada kän gezmek, gara ezilmek etrirki gün dümewe sebäp bolup biler. Emma asmandan aklyk bolup ýagýan garyň tagamyny ýüzüňi göge tutup, entek ýere düşmänkä datmakdan saklanyp, nädip öýde oturjak?! Siz bir göz öňüne getirip görüň! Çar-töweregi gurşan kir-kimirsiz garyň köwüşleriň astyndaky kysyrdaýan sesini diňlemek nähili ýakymly?! Aslynda, bütin barlygy gurşap duran aklyga aýagyňy basmaga dözer ýaly däl. Ýadyma düşýär, entek çagakam-da gar ýagsa, öýde oturyp kararym ýetenokdy. Ejemiň gözleri sähel eýläk boldugy, daşa tarap ylgaýardym ýöne. Daşa çykyp hem köwüş geýmegi-de unudyp, ýagýan garyň astynda ogul jigim bolan ýaly begenip bökjekleýärdim. Emma bu şatlygym uzaga çekmeýärdi. Ejem derrew yzym bilen daşa çykyp, meni goltuklap öýe salýardy. Aglaýardym menem. Iki ýana urnup, ejemiň elinden sypmak isleýärdim. Emma, heý, ene-de öz balasyny aýaza dözermi?! Ejemiň maňa käýemäge-de dözmän, uly adama ýalbaran ýaly özelenip: “Daşa çykma, balam! Üşärsiň ahyr!” diýip, köşeşdirjek bolýany ýadymda. Emma barybir gowy görýän zadyňy görüp, duýup durkaň, ondan uzakda oturmak aňsatmy näme? Şol wagt dümewlejegim, iň ýigrenýän zadym bolan sanjym ediljegim ýadyma düşenokdy. Bar oýum-pikirim garyň astynda oýnamakdy. Ah, ejejan, seniň ýüregiňi şol wagt nä derejede agyrdanyma men indi düşünýän. Ýöne öz diýenini gögertjek bolmak çagalaryň barynyň endigi, ahyryn! Men diňe kakam: “Otur! Çykma daşa!” gatyrganandan soň, penjiräniň öňüne geçip, ýagýan gara içerden tomaşa etmäge başlaýardym... Bu gün men öýmüzden uzakda. Ýene gyş. Ýene gar ýagýar. Ýene ak gözellik. Göräýmäge isledigimçe ýagýan garyň astynda gezmeläp, isledigimçe gar oýnap biläýjegim ýaly. Emma men beýdip bilemok. Garly howada köpräk gezmeläbersem, niredendir bir ýerlerden ejem çykyp: “Üşäýme, öýe gir, balam!” diýäýjek ýaly bolup dur. Siz menden gaty arkaýyn boluň, ejejan! Men basym öýe girerin. Ýöne ýene iň bolmanda bir azajyk garyň astynda gezmelemäge rugsat ediň! 13.01.2010 ýyl | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |