22:18 Gawun-gawundan reňk alar... / satiriki hekaýa | |
GAWUN-GAWUNDAN REŇK ALAR...
Satiriki hekaýalar
- Eý, Änjelli, bi, täzelikden habaryň barmy? - O nähili habar, Näznäz? - Ýa sen bütinleý bihabarmy? Bi, goňşymyz Jälirli Jälirliýew “Žiguli” alypdyr. Özi-de iň soňky çykarylanyndan. Böwürlerinde-de ýalpyldawuk ak nikel bar welin, sygyryp seredip oturmaly. Jälirliniň aýalam, baý, öwünýär-ä. Maşyndan beter ärini taryplap arşa çykarýar. - Bes et, sen nämeler samrap otyrsyň? - Men nire, samrap oturmak nire? Meniň sözümiň ýalan çykan ýeri ýokdur. Hakyt, Myzmyz hanym şeý diýýä-dä. Meň-ä oňa hanym diýmäge-de dilim barmajak bolýar. edil diline awy sepilen ýaly. Men oňa “Seniň Jälirliň “Žiguli” alsa, meniň Änjellim “GAZ-24” aljak. Pulumyzam jemledik. Öze gara “Wolga”. Ketdeler bilenem mazalyja bişiripdir” diýdim. Muny eşiden Myzmyz gonjuna gor guýlana döndi. “GAZ-24” satylmaýar ahyryn. Ony edaralara, uly adamlara berýäler” diýdi. Menem nagt jogabyny berdim. “Uly adamlara berilýän bolsa, biriniň bize ýetjegi hak – diýdim. – Şu etrapds biri uly bolsa, ikinjisem meniň ärimdir. Sebäbi ol raýonda iň belli magaziniň müdiri. Ol seniň äriň ýaly gapy-gapy aýlanyp, söwda edip ýören adam däl” - Sen-ä işimizi görüpsiň! - Men näme aýdypmyşym oňa söz ogurlar ýaly? - Gepiň keltesi, gürrüňiňiz näme bilen gutardy siziň? - Näme bilen gutarar öýdýäň? Myzmyzyň maňa aýdyp biljek sözi barmy! Ahyrda ol alaç tapman “Tozany gapanyň eýesi gelende görersiň” diýdi. - Soň näme boldy? - Näme bolar öýdýäň? Ýaňkalaşyp-ýaňkalaşyp, ahyrda öýe geldim. Oýanalym bäri janym ýanyp barýar. Gaharymy hiç içimi sygdyryp bilemok. Ol bigäneleriň maşyny-ha “Žiguli”, biziňkem pyşdyl ýörişli “Zaporožes” bolmalymy? Änjelli, bir zat: her et-hesip et, göwün söýlän maşynyňy al. Änjelli aýalynyň aýdýanlaryna dykgat bilen gulak asýardy. Goňşusynyň hereketi oňa-da täsirini ýetiripdi. Ol Näznäze höre-köşe etdi: - Gam çekme, heleý. Olaryň maşynyndan gowusyny almasam pylany kes bolmadygym. Men tersräk düşünäýipdirin. Seniň göwünň synandan şeýtanyň boýny synsyn. Näznäziň begenji ýere-göre sygmady. Ärini gujaklady. Ýüzünden-gözünden öpüşdirdi: - Seniň gaharyň gelse, hemişe-de meniň peýdamadyr-la. Men o Myzmyzy şeýle bir güne salaryn welin, ol meniň bilen goňşy bolan günlerine nälet okaýmazmyka?! Änjelli gür bermäge başlady: - Bir ýerlerden gyrp-çyrp etmeseň, pul toplamagyň aňsat däldigini bilýänsiň-le sen! Şonuň üçin men pikirlenip gördüm welin, tanyş-bilşiň üsti bilen özü bahasyndan otuz ýaşik “Mziuri” sigaretini almaly. Bir gaby on bäş köpükden. Menem olary bu ýerde, magazinimde kyrk köpükden wazladaryn. Ýigrimi bäş köpükler toplanyp, ýüzlüklere, soň müňlüklere aýlanar. Ana, onsoň “Gum diýip garbanymyz gyzyl çykar”. Näznäz ýyrş-ýyrş etdi. Ol begenjine: - Indi Myzmyz meniň öňümde durup bilse dursun-da... *** Näznäz ýük maşynynyň kabinasyndan düşen äriniň ýanyna ylgap bardy hem oňa sowal baryny ýagdyrmaga durdy: - Geldiňmi? Köp eglendiň-le sen? Nirelerde bolduň? Nätdiň, diýenlerini bitirip bildiňmi? Änjelli Näznäziň sowallaryna jogap gaýtaryp ýetişibilse, ol ýene täzesini oklaýardy... Ýaşşikler maşyndan düşürildi. Sürüji hak-heşdegini aldy-da gitdi. Änjelli aýalyna şeýle diýdi: - Näznäz, hany, çekiçdir atagzyny bäri ber. Ýaşikleriň birini açalyIçinde bäş ýüz gap sigaret bolmalydyr. Olary men haýdan-haý magazine äkideýin. Ikisi iki ýerden haýdap ýaşşigi açdy. Üsti-üste münderlenip goýlan sigaret gaplaryny halta gaplara gaplamaga durdular. Birden Änjelliniň başyndan gaýnag suw guýlana döndi. Ol gygyrdy: - Näznäz, hany bäriňi bakaweri! Bi sigaretleriň iki gatyndan aşagy agaç ýonuşgasyndan doldurylan bolsa nätjek?! Näznäz saçlaryny penjeledi: - Näme aňkaryp dursuň sen? Hany, beýleki ýaşiklerem bir açyp göreli! Olar ellerini gan-gabarçak edip ähli ýaşşikleri açyp çykdylar. Ýaşşikleriň hemmesinde iki gat “Mziuri” sigareti düzülipdir. Aşagy bolsa agaç ýonuşgasyndan doldurylypdyr... Gamit WELIÝEW. Azerbaýjançadan terjime. “Edebiýat we sungat” gazeti, 17.12.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |