23:36 Gaýýa guýusyndaky Gregor Zamza... | |
GAÝÝA GUÝUSYNDAKY GREGOR ZAMZA...
Edebi makalalar
Duşman hökmünde görülýänleriñem hak-hukuklarynyñ bardygyny unutmasañ gowy bor. Hawa, duşmanyña-da garalyk sürtme, töhmet atma! Hakykatyñ inçejik ýumşajyk bir närse ýaly pesel(dil)ip, duz bilen buz garylan dek bolandygy duýgusyny başdan geçiren barmydyr? Hakykat(lar)yñ üstünde aýlanýan dünýäniñem hut şu sebäpden durandygyny... Hakykatyñ görnetin ýoýulmagyna näme diýýäñiz eýse (?) Ine, Gaýýa guýusy diýilýän şol ýer bolmagy mümkin! Hawa, hakykat(lar) agzalanda akyp barýan suwlar durýar. Meselem, hyýaly zatlaryñam hakykat bilen berk baglanyşygynyñ bolan ýagdaýynda ýaşaýandygyny aýdyp bileris. Sungatyñ hakykaty ýoýmagy hiçem bagyşlamaýandygyny, hyýaly güýç bilen hakykaty ýüreginiñ ortasyndan gysymyna gysmak isleýändigini... Sungat diýlende, bir ýurduñ syýasatynyñ bu ugry nähili ele alandygyny gözden sypdyryp bolmaz. Mysal üçin, telegepleşikler bilen birlikde teleseriallary we gaýrylary. Seljermekden, pikirlenmekden daşlaşdyrylan, barha gerimi giñeýän we şular ýaly seriallara esaslanyp döredilen eserler sebäpli añ we ruhy dünýäsi göýdükleşen nesil bilen ýüzbe-ýüz bolup galdyk. Şowhun-şüweleñ dünýäsi estetizasiýasyna bürendirilen aýaldyr mafiýasypat erkek rollarynyñ, şu günüñ reallygyndan uzak, hiç bir babatda ynandyryjylygy bolmadyk maşgala mysallarynyñ, baýlygynyñ çeşmesi belli däl ultrabaýlaryñ jort atýan teleseriallaryñ we gaýry programmalaryñ gürrüñini edýärin. Eýse şuña meñzeş format jemgyýete her hili ýol bilen ündelen obrazlaryñ üstünde amala aşyrylsa näme bolar? Ine, kinofilmiñ hem arasy edil şu ýerde şarpa kesilýär. Abstrakt obýekte yşarat edip, subut edilmedik aýyplamalar bilen şol obýekti hemmeleriñ gözüniñ içine sokup, gara propogandany eser hökmünde hödürleseñ, kinofilmiñ arasyna hakykatdanam kesilýär. Ýöne kim bolanda-da parhy ýok, şeýle ýagdaýa düşen kişilere ýöneldilen setirleriñ arasyndan ýetirilen signallar bilen añlary bulaşdyrmagam jemgyýetiñ geljegini ogurlaýar. Şonuñ üçinem dDuşman hökmünde görülýänleriñem hak-hukuklarynyñ bardygyny unutmasañ gowy bor. Hawa, duşmanyña-da garalyk sürtme, töhmet atma! Şolar ýaly hapalyga baş goşulanda, gadymky sesler ara girip, "aýyp bor, gelşiksiz bor, günä bor..." diýer. Hemme zat bir ýana, hakykatda hiç bir senarist we režissýor bular ýaly işe baş goşmaýar. Sebäp beýle zadyñ sungatyñ ýele ýanyndanam geçmeýändigini, üstesine munuñ juda ujypsyz, juda ownuk oýundygyny bilýär. Artistler barada aýdanda bolsa, olaram jemgyýetiñ gözüniñ öñünde bolan kişiligi sap pikirler arkaly şekillendirilen obrazyñ üstünden janlandyrmaga synanyşmaýarlar. Nämüçinmi? Jemgyýetçilik obrazyñ kinofilme esas edilip alynmagy gyly ikä bölen ýaly subut edilen, delillendirilen dogry maglumatlaryñ gerekliginden bolýar. Oýunçysy, senaristi, režissýory şeýle reallyga jogapkärdir. Sungat dünýäsinde entek dosta aýry, duşmana aýry format tapylanok. Hakykaty ýoýjakdygy üçin tapjak bolýanam ýok! Gregor Zamzanyñ hakykatyñ ugrunda mör-möjege öwrülendigini gören ýok bolmaly! Emma bu metamorfoza düşünmegem çuñlukdan gelip çykýar. Şonuñ üçin bolaýmaly zat. Şeýle-de Kafkanyñam gadyr-gymmatynyñ bilinip barylmaýandygyny ýatdan çykarmalyñ. Aýsel SAGYR. 23.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |