14:39 Gaýynenemiñ geñ gylyklary | |
GAÝYNENEMIÑ GEÑ GYLYKLARY
Degişmeler
Öýe eýemsiremek, maşgala baş bolmak baradaky on ýyllap dowam eden başa-baş söweş henizem dowam edýär. Ýöne, ýaryşyñ ikinji tapgyrynda gaýynenem menden ýarym oçko öñe geçdi. * * * Gaýynenem bir gün öýden çyksa, gaýynatamyñ üç ýyl uruşda bolup gelendäkisinden köp gürrüñ getirýär. * * * Gaýynenem öýe gelende ýygrylyp, wiý, ýylgyryp garşylaýas, gidende çapak çalýas. * * * Gaýynenemiñ gelen güni gapymyzdaky Garagözüñem geregi bolanok. * * * Öýünde gaýynenesi bolan adam ölen güni soragsyz-idegsiz, behişde barybermeli. Sebäbi ol dirikä dowzahyñ oduna ýanýan adam. * * * Gaýynenem gargap-gargap, ähli malyny haram öldürdi. Indem jyny maña düşdi welin, hernä gezek meniñki däldir-dä?! * * * Gaýynenemiñ saçy agaryp, gözi küteldi, agzy kemperip, bili büküldi. Ýöne şindi-şindilerem gapymyzda del adam görünse, özüne sakçy gelendir öýdýär. * * * Öýde gaýynene han bolsa, giýewisi san bolýar. * * * Özünden başga betgüman gaýynenem gyzyny bäbekhanadan çykaranda-da, çagasynyñ agramyny ölçedip aldy. * * * Ömür boýy söwdada işläp, terezi bilen bagry badaşan gaýynenem towgunyñ ýumurtgasynam çekip satýar. * * * Gaýynenesiniñ bir towgy haram öläýse, äri ölenden beter gynanýar. Bir towgy guzlaýsa welin, ogly bolandan beter begenýär. * * * Gaýynenem öýde bir jinneklik iş edäýse, bir humluk minnet edýär. * * * Gaýynene galyñlap, halatlap satylýan bolsa, men iñ garyp adam bilen guda bolardym. * * * Ertir bazar diýlen güni gaýynenem uzyn gije ýatman, öñ dañynyp, könelden gyñaçlaryny ütükläp dañyny atyraýýar. * * * Päliýamanyñ özi garrasa-da, niýeti garramaz eken. Ýüzüniñ hamy taşlanan sanaja dönen gaýynenem şindi-şindilerem kellesine agtygynyñ şaýly tahýasyny geýip, aýnañ öñüne baran bolýar. * * * "Günümden öñ garratdyñ..." diýip, gaýynenem ýer ýumruklap, Tañrysyna gargaýar. Ýöne Hudaý gaty geçirimli bolarly. Onuñ özi bilen deñ bolanok. * * * Gaýynenem ölende gözüni açyp, armanly gitdi. Sebäbi ol menden öñ ölenine gynandy. * * * Gaýynene ölenden soñ ony pul bilen direldip bolýan bolsa, ilçilikdir, synanşanam tapylardy. Ýöne men-ä bahasynyñ üstünde oñşaryn öýdemok. Allaguly REJEBOW. "Tokmak" žurnaly, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |