23:39 Parahor | |
PARAHOR
Goşgular
![]() Haram eliň uzatsaň, iliň halal zadyna, Erbet, ysnat getirseň, abat iliň adyna, Çapalansaň ýanarsyň, bir gün nebsiň adyna, Bu ýaramaz päliňden gaýt indi sen, parahor. Aýalyň dili gysga, çagaň ýüzi salyk bor, Gargyş bilen näletden gara garnyň juluk bor, Aýra düşüp öýüňden, bagryň dilik-dilik bor, Aýrylmankaň iliňden gaýt päliňden, parahor. Gije ýatsaň düýşüňde türme, gözenek görner, Gorky mydam başyňda, gara hozanak görner, Barha çolarar daşyň, ne dost, duz-emek görner, Tutulmanka eliňden gaýt päliňden, parahor. Parahorluk, bet gylyk türkmen üçin peslikdir, Üstüňe nälet ýagar, diri başyň maslykdyr, Haram pula guwanmak - bu bir tüýs näkeslikdir, Daş düşmänkäň iliňden gaýt päliňden, parahor. Allaguly REJEBOW, Ruhabat etraby. "Adalat" gazeti, 5 aprel 2002. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||