23:45 Geçilen menziller | |
GEÇILEN MENZILLER
Ýatlamalar
Ýyllar geçýär. Şol bir wagtyň özünde-de bitirilen işlere, geçilen menzillere ser salýarsyň. Ine, şonda gör, näçe adam ykballary, gör, näçe wakalar göz öňünde janlanýar. Köp zatlary ýatlaýarsyň. Men eliňizdäki kitapçanyň awtorynyň golýazmalaryny okap çykanymda hem şeýle duýgulary başdan geçirdim. Kitapçada gürrüňi edilýän adamlaryň köpüsi bilen bile işleşmek miýesser boldy. Olar respublikamyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna güýç-gaýratlaryny gaýgyrmadylar. Şonuň üçinem olar halkyň ýürek ýatlamasynda ýaşamaklaryny dowam etdirýärler. 3-njy ýyllaryň başynda rus ýazyjylarynyň ilkinji brigadasy Türkmenistana geleninde men partiýaniň Kerki okružkomynyň sekretary bolup işleýärdim. Şonda rus ýazyjylarynyň birtoparyny garşylaýşymyz, olary okrugyň ýagdaýy bilen tabyşdyryşymyz şu günki ýaly ýadymda. Brigadanyň çlenleri türkmen zähmetkeşleriniň täze jemgyýeti gurmak ugrunda alyp barýan göreşi hem işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin respublikamyzyň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp görüpdiler. Olar Kerki okrugymyzda hem myhmançylykda bolup, başga işler bilen bir hatarda, zähmetkeşleriň çekirtgäniň garşysyna alyp baran gaýduwsyz göreşiniň hem şaýady bolupdylar. Belli sowet ýazyjysy Leonid Leonow bolsa ýörite bu meselä bagyşlap, “Çekirtge” diýen powestini ýazdy. Ol ýyllar nähili galagoply hem kynçylykly ýyllardy. Göreşiň kyn şertlerinde täze jemgyýet gurýardyk, ozal görlüp-eşidilmedik ägirt işleri amala aşyrýardyk. Elbetde şol wagtlaram bu işleriň diňe başlangyçdygyny, entek öňde beýik işleriň garaşýandygyny bilýärdik. Halkyň duşman elementlerden dynyp, täze bagtly durmuşyň gurluşygy bilen ine-gana meşgullanjak gününiň geljekdigine berk ynanýardyk. Geljege bolan belent ynam bolsa bize güýç-gaýrat berýärdi. Ol galagoply, kynçylykly ýyllardan gör, näçe wagt geçipdir. Gazanylan üstünlikler haýran galyp aňyrsyna ýeter ýaly däl. Türkmen halkynyň respublikamyzyň halk hojalygyny, medeniýetini ösdürmekde gazanýan beýik üstünlikleri biziň her birimizi tüýs ýürekden guwandyrýar. Şu günki bagtly durmuşymyzyň, şu günki belent üstünliklerimiziň ilkinji kerpiçlerini goýmaga gatnaşan, biz ýaşuly nesil bolsak muňa iki esse artyk guwanýarys. Çünki bize öz eken nahalymyzyň ösenini, boý alanyny görmek miýesser boldy. Bu zatlaryň bary üçin mähriban Kommunistik partiýamyza baky minnetdardyrys. ANNAGULY ARTYKOW, 1919-njy ýyldan bäri SSKP çleni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |