17:04 Geçmişe nazar | |
GEÇMIŞE NAZAR
Taryhy makalalar
Görnükli taryhçy alym, akademik Myrat Annanepesow geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda London uniwersitetiniň kitaphanasynda ylmy gözleglerini dowam etdirýär we iňlis alymy Demetriý Çarlz Bulgeriň “Центроазиатские портреты. Прославившиеся в ханствах и сопредельных государствах” atly kitabyna gabat gelipdir. Bir geň ýeri, bu kitapda Nurberdi han hakyndaky makala hem ýerleşdirilipdir. Makala Nurberdi hanyň ýogalan ýyly – 1879-njy ýylda Londonda çap edilipdir. Bu awtor öň özüniň “Россия и Англия в Средней Азии” (“Russiýa we Angliýa Orta Aziýada”) atly kitaby bilen hem meşhur eken. Bulger türkmen hany hakyndaky makalasyny Frensis Batleriň maglumatlaryna daýanyp ýazypdyr. Kapitan Frensis Batler diýilýän adam Angliýa bilen Russiýanyň arasynda “uly oýnuň” işeňňir oýunçylarynyň biridi. Taryhdan belli bolşuna görä, ol Gökdepe galasynyň berkitmesine ýolbaşçylyk eden inžener. Makalany akademik Myrat Annanepesow rus diline terjime edipdir hem düşündiriş ýazyp, ony 1996-njy ýylda “Kulturnyýe sennosti” atly halkara ýyllyk žurnalynda çap etdiripdir. • NURBERDI HAN Biz türkmen halkyýeti hakda golaýda eşitdik. Olaryň Gökdepe urşunda ruslary ýeňşi olara köp şöhrat getirdi. Merkezi Aziýa meselesini jikme-jik öwrenmek we olar hakda belli bir karara gelmek gelejegiň işi. Dogry maglumatlaryň esasynda geljek döwürlerde bu adamlar hakynda doly we giňişleýin maglumatlary ele salarys diýip pikir edýäris. Eýýäm köp zatlar düşnükli, ýöne bu ilkidurmuş tire-taýpalaryň arasynda görnükli şahsyýetleriň bize belli däldigini boýun almagymyz gerek. Henize-bu güne çenli öňe düşen bu adamlary hakda hiç zadyň ýokdugy gynançly. Eýsem-de bolsa, olaryň şu günki günde Angliýa üçinem, Russiýa üçinem örän möhüm wakalarda öz täsirini ýetirendigi mese-mälimdir. Men olaryň bu göreşlerinde iň bir täsirli we başarjaň bir şahsyýeti hakynda gürrüň etmegim meniň üçin lezzetlidir. Asly Ahaldan bolan Nurberdi han hakda maňa ony ýakyndan tanaýan adam gürrüň berdi. Han atly kawaleriýanyň lideriniň iň kämil nusgasy. Bu häsiýet oňa öz instinklerine tabyn adamlara erk etmek üçin zerur. Olar çölüň hakyky perzentleri bolup, her hili çatak ýagdaýlarda – söweş pursatlarynda-da, kowguda-da şeýledir. Ýa bolmasa, kimdir birleri bilen pugta dostlukda-da, ýa bolmasa, özlerine garşy bolan adamlara ýigrenç dörände-de şeýledir. Şeýle häsiýetdäki adam, garaşylyşy ýaly, öz toparynyň açykdan-açyk wekilidir. Ol öz tire-taýpasynyň bähbidini araýan adamdyr. Kiçi göwünlilik we ýetmez taraplaryny görkezýän käbir häsiýetler hem şeýle adamda mese-mälim görünýär. Öňe çykan adam hökmünde ol uzaklara seredýär, näme edeniňde türkmene bähbitli boljagy barada kimdir birinden köp bilýär. Atalar sözünde aýdylyşy ýaly, mertlik daş-töweregiňe garap hereket etmekdir. Ol hemme işlerde öz ynanjyna görä hereket edýär. Meselem, Nedirguly Nurberdi hana mahsus häsiýetleri bar bolany üçin Nedir şa boldy. Elbetde, Nurberdi han onuňky ýaly uly-uly basybalyjylykly hereket edip bilmese-de, ol türkmen adyna ysnat getirmän, bu halkyň özbaşdak, erkin ýaşamagy üçin göreşdi. Nurberdi häzir elli bäş ýaş töwereginde, ol daşyndan seredeniňde bada-bat özüne çekiji. Onuň bäş fut on dýuým boýy bar, örän gelşikli adam diýýärler. Onuň uzyn we mumiýa ýaly gap-gara sakgalynda ýekeje-de ak gyl ýok. Daşyndan seredeniňde garrylygyň ýekeje alamatam görünmeýär. Uzak ýyllaryň dowamynda Nurberdi öz ýaşaýan galasy bolan Ahalda oturyp, Ahala hanlyk edipdir. Ahallylar onuň hanlyk eden döwri arkaýynlykda ýaşapdyrlar. Horasanyň demirgazyk serhetleri weli oňuşmazlyk zerarly dörän darkaşlaryň öýjügine öwrülipdi. Bu dawa-jenjeller Köpetdagyň we Kürendagyň eteklerindäki jülgelerde rahatlykda ýaşamaga endik edinen ilaty hem gozgalaňa salýardy, olaryň durmuşynda birahatlyk döredýärdi. Sütemkär gubernator we onuň pula tutulan nökerleri bilen erkinlikde ýaşamak isleýän adamlaryň arasyndaky duşmançylyk bir günüň içinde dörän zat däldi, ol nesilme-nesil dowam edip gelýärdi. Etregiň we onuň akymlaryndan suw bilen gandyrylýan mes toprakdan bol hasyl öndürilýärdi. Bu ýerler adam hasratyndan dörän göreşler we ýerden bol hasyl alýan adamlaryň gyzyl ganlary bilen suwlulandyrylýardy, özleşdirilýärdi. Perzentler atalaryň goýberen ýalňyşlyklaryny gaýtalaýardylar, eýsem-de bolsa, halklaryň arasyndaky birek-birege bolan bu ýigrenjiň soňy ýok ýalydy. Parslaryň gelmegi bilen öňki behişdi ýerler dowzaha öwrüldi. Soňky ösdürimlere çenli ýerleri özleşdirmäge gezek gelende jähenneme ätlän ýaly boldular. Parslar öz ýanlary bilen kürtleri, az sanly türkileri hem getirdiler. Olar özleri üçin kiçiräk galalary gurdular, ýerleri saýlantgy nökerlerine paýlap berdiler. Soňundanam düşnüksiz, messepsiz gubernatorlary belläp, olaryň iliň hasabyna mes ýaşamaklaryny islediler. Emma türkmenler şeýle amatsyz şertlere garamazdan, özlerine darajyk jülgelerdäki mülk ýerlerini we dag gerişleriniň aňyrsyndaky ýerlerini saklamaga çalyşdylar. Olaryň ýaşaýan ýerleri kiçijik berkitmelerden ybarat, olaryň ekin ekýän ýerleri hem şol berkitmeleriň daş-töweregi bilen çäklenýärdi. Olaryň atlary bolsa orta asyrlarda şotland serhetlerindäki ýaly, elmydama, gije bolsun, gündiz bolsun, parhy ýok, söweşe taýýardy, mahlasy, türkmenler aýak üstündedi. Şeýle-de bolsa, pars häkimiýeti gowşap başlapdy, şanyň at-abraýy onuň adynyň kölegesine siňipdi, kürt gubernatory bolsa barha özbaşdak bolmagyny dowam etdirýärdi, köp halatlarda ol türkmenlere bolan eglişigini hem görkezip bilýärdi, çünki ahallylaryň we tekeleriň sany gitdigiçe köpelýärdi. Olaryň durmuşlarynyň gowulanjakdygy görnüp başlapdy. Edil şol wagtlar hem oruslar Ahalyň çäklerine misli bir gara bulut ýaly aralaşyp başladylar. Nurberdi öz taýpadaşlaryna ýolbaşçy bolansoň, parslar bilen bir ylalaşyga gelmek üçin öz tagallasyny gaýgyrmady. Ol iki taraplaýyn soňsuz oňuşmazlyklaryň gözbaşynda iki tarapyňam gowşakdygyna gözüni ýetirýär we muny aradan aýyrmak üçin, ýagny Goçanyň gubernatory bilen oňşukda ýaşamalydygynyň ýoluny gözleýär. Gubernatoryň aýaly Nurberdiniň garyndaşy. Bu aýal üýtgeşik güýçli, özüne erk edip bilýän eken. Megerem, şol aýalyň täsiri bilen Goçanyň gubernatory bilen Nurberdi hanyň arasyndaky dartgynlyk gowşan bolmaly. Belli bir wagta çenli olaryň arasyndaky häli-şindi bolup geçýän çapawulçylyk galdyrylypdyr. Şeýle ylalaşygy iki tarapam pugta berjaý edipdirler. Hatda alty ýyl mundan öňem şeýle ekeni. Şeýle imi-salalyk birnäçe wagtlap dowam etse-de, soň Eýran tarapy “şertim şahyma edensoň”, ýene-de öňki baş-başdaklyk, tozgunçylyk, çapawulçylyk dowam edip başlapdyr. Goçandan günbatarda ýerleşýän, başga bir pars şäheri – Büjnürt, gubernatorynyň garamagynda onuň eline gaty köp türkmenler ýesir düşüpdir. Nurberdi her bir dawaly meseläni özüne mahsus parasatlyk ýoly bilen çözmäge ukyply häsiýet bilen goçantly meseläni çözüşi ýaly, Büjnürt gubernatory bilen düşünişmek isleýär. Munuň üçin ol gubernatordan ýesirleri satyn aljakdygyny aýdýar. Bu öňünden bir ylalaşyga gelnenden soň, Nurberdi atmydyr goýun, haly, aý, garaz, ummasyz zatlar bilen Büjnürt tarapa uly kerwen gönderýär. Elbetde, munuň ýaly baý kerweni ýola salaýmak aňsat iş däldi. Her kim öz garyndaşyny ýesirlikden boşatmak üçin bir ýerde bir zady bolsa gaýgyrmandyrlar. Ýerli ilat kerwene uly umyt baglapdyr. Emma olaryň isleg-arzuwy amala aşmandyr. Ahaldan ýesirleri boşatmak üçin ýygnalan ummasyz baýlyk hakdaky habar bada-bat Goçantda eşidilýär. Öňden gelýän ylalaşyga laýyklykda, Goçanyň gubernatorynyň kerwene göz gyzdyrmaga haky ýokdy. Eger-de bu ylalaşyk bozulsa, onda günäkäriň şa gubernatorynyň egnine düşjekdigi köre hasa. Ýöne kerwendäki baýlygyň möçberi şeýle bir uludy weli, oňa göz gyzdyrman durup boljak däldi. Şuja-ad-Dawla kerweni Büjnürde ýetirmeli däl diýen belli-külli karara gelipdir. Ol öz maksadyna ýetmek üçin çalt we gizlin hereket edýär. Ol munuň üçin bada-bat öz leşgerini ýygnap, Büjnürde barýan kerweni ýolundan sowupdyr we ony boýdan-başa talap, Goçana getirýär. Dogrudanam kerwendäki zatlar ummasyzdy. Ýöne Ahalda ýüz müň umyt bilen kerweni iberenler weli mat galypdy. Büjnürtdäki türkmen ýesirleri ýene-de ýesirlikde galmaly bolupdyrlar. Türkmenleriň ynamy, ine, şeýdip parslar tarapyndan depelenipdir. Gahar-gazaba münen Nurberdi gubernatordan ar aljakdygyny bildirip, eline ýarag göterip bilýän adamlary ýygnapdyr. Şeýlelikde ol alty müň adam toplap söweşe ugraýar. Köp sany aýal-gyzlary, çagalary, garry-gurtlary bilinmez ýaly ýerde gizläpdirler. Ýöne gynansak-da, şo ýerde Şuja-ad-Dawlanyň içalysy bar ekeni. Ol dönük hem başga biriniň üsti bilen bu habary gubernatora ýetirýär. Bu zatdan habarsyz ahallylar ar almak hyjuwy bilen Goçana sary ýola düşüpdirler. Emma duşman olardan sowlup, aýal-gyzlaryň, çagalaryň, garrylaryň äkidilen gizlin ýerini bilip, duýdansyzlykda olaryň üstüni basypdyr. Bu ikinji urgy ahallylar üçin birinjiniň hem çeni-çaky bolmandyr. Şeýdip ahallylar Goçan gubernatoryna begenç berip, ikinji gezek yzlaryna dolanýarlar. Ahally adamlar bu şowsuzlykda Nurberdini günäkärleýärler. Nurberdi şol wakadan soň il arasynda abraýynyň pese gaçandygyna göz ýetirip, Ahaly terk etmegi, Mara gitmegi makul bilipdir. Şo döwürlerde-de Russiýa tarapdan howp inip başlaýar. Şonda-da ol Ahalyň hany hökmünde munuň öňüni almak üçin elinden gelenini etjekdigi hakda karara gelýär. Onuň ogly Berdimyrat han öz atasyndan galan wekilçiligi berjaý edýär. Demirgazykly ahallylar oňa goşulmandyrlar. Nurberdi merwlileriň arasynda ýaşaýan wagty ahallylar onuň ýoklugynda Goçanyň häkimdarlary bilen gidişip, halys ejizläp başlapdyrlar. Edil şo wagtlarda Gyzylarbat we Etrek taraplardan oruslaryň öz üstlerine sürnüşlerine pete-pet geldiler. Bu gaty howply ýagdaýdy. Olaryň serdara bolan ynamlarynyň parslar bilen gatnaşyklarynda şowsuzlyga uçramagy, şeýle hem öz aralaryndaky agzalalyklary gowulykdan habar bermeýärdi. Ahallylar general Lomakine garşy berk goranyşy gurasalar-da,, onuň şowly boljakdygyna uly tama etmeýärdiler. Olar munda meýletinlik bilen boýun synmagy dogry hasap bildiler. 1875-nji ýylyň awgustynda olaryň ynanylan wekilleri orus tarapy bilen gepleşik geçirdiler. Olar özleriniň tabyndyklaryny şeýle beýan etdiler: “Biziň merwliler, hywalylar, owganlar we parslar tarapyndan dört ýanymyz hem gabalan. Olar bizi özlerine tabyn etmäge synanyşýarlar. Şu ýagdaýda biziň öz erkinligimizi saklap bilmejekligimiz hak. Biz özümiziň olar tarapyndan ýaragyň güýji bilen boýun synmagymyzdan owaly, biziň howpsuzlygymyza kepil geçip biljek özümiziň kuwwatly goňşymyza meýletin tabynlygymyzy bildirýäris. Şu günden şeýlägem biz özümizi Ak patyşanyň hyzmatkärleri diýip hasap edýäris we onuň her bir islegini ýerine ýetirmäge borçlanýarys. Biz uruş ýagdaýlaryna belet. Gepiň gysgasy, biziň siziň hyzmatyňyza bäş müň atlyny bermäge mümkinçiligimiz bar. Öz halkymyzyň bu haýyşyny Ak patyşanyň huzuryna ýetirseňiz, onuň hem biziň erkin we eldegrilmesiz ýaşajakdygymyzy hoşniýetlilik bilen tassyklamagyny jogap hökmünde kabul ederis”. Şu aralykda Nurberdi Merwde wagtyny boş geçirmedi. 1877-nji ýylda Gowşut hanyň ölümi oňa onuň ýerine geçmek mümkinçiligini döredäýjek ýaly. Dogrudan hem ol han saýlawlaryna işeňňir gatnaşypdy, göräýmäge ol han bolmak isleginden daşda hem däl ýaly. Eger çynyny edenliginde ol hanam saýlanyp bilerdi. Ýöne ol öňden ganyna guýlan messebine laýyk hereket edipdir. Çünki ol özüni öňe atalamandyr we özüni han saýlaň diýmändir. Ýöne kim han saýlananda-da ony özüniň goldajakdygy bellidi. Ýöne ol eger-de özüni hanlyga hödürleseler, özüniň garşy bolmajakdygyny hem ýaňzydýardy. Gowşut hanyň ýerine onuň ogly Baba hany han saýlapdyrlar. Ol häzir Merwiň hany. Täze han saýlanandan soň Russiýanyň Ahalyň çäklerine sürnüp gelmegine dogry baha bermek üçin harby geňeş geçirilýär. Bu geňeşde parahatçylykly garaýyşlar azlyk edipdir. Munda Russiýanyň düzümine meýletinlik bilen girmek barada Ak patyşa haýyş etmäge närazylyk bildirilipdir. 1878-nji ýylyň awgustynda Nurberdi bilen Baba han we beýleki serdarlar bilelikde göreş alyp barmak barada bir çukura tüýküripdirler. Her kim öýli-öýüne dagamankalar öz ýerlerini, öz ar-namyslaryny moskwalylaryň aýak astyna salmajaklary barada gylyjy ortada goýup kasam edipdirler. Börmeli ahallylar we gyzylarbatlylar Ak patyşa we onuň wekillerine boýun boldular. Emma munuň tersine wepaly ahallylar we şeýle hem tekeler öz ejiz taýpadaşlarynyň yzyna eýermediler. Şeýlelikde, 1878-nji ýylyň tutuş gyşy türkmenler taýýarlyk işleri bilen boldular, billerine täzeden kuwwat gelene döndüler. Nurberdi ýene-de öz ildeşleriniň arasyna dolanyp geldi. Täze watançylyk başlangyçlary bilen ruhlandy. Gökdepe, Aşgabat – tä Tejen aralygyna çenli söweşleriň bolaýjak ugurlaryndaky berkitmelere täzeden garalypdyr. Eýýäm ir wagtlar Lomakin Tergukasowdan (A.A.Tergukasow (1819-1881) rus generaly, 1879-njy ýylda Zakaspiý harby bölüminiň naçalnikligine bellenýär), ýagny bitirilen işler onuň adyna gitmez ýaly, ätiýaç edip, eýýäm türkmenleriň guran berkitmelerine çenli aýlanyp çykypdy. Lomakiniň goşuny sanynyň azlygy sebäpli şowsuzlyga uçrapdy. Bu gysga wagtlyk söweşde rus goşuny öňki ähli gapma-garşylyklardaky ýitgilerden köp zyýan çekdi. Hatda Merkezi Aziýada, ýagny Daşkent ýa-da Samarkant ýaly şäherleri almak ugrunda, ýa-da bütin Hywa garşy kompaniýany alandakydanam köp ýitgi çekipdi. Nurberdi bu söweşe gatnaşyp bilmändi, ýöne Aşgabatdan atly otrýad onuň ýany bilen gelipdi. Bu ýeňişde onuň bitiren hyzmaty uludy... D.Ç.Bulger. Makala gysgaldybrak terjime edildi. Terjime eden we çapa taýýarlan Allaýar ÇÜRIÝEW. 18.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |