Beýik Alişyr Nowaýynyň diline düşen beýik kasydaçylaryň biri şahyr Gedaýydyr.
Gedaýynyň edebi mirasyny öwrenijiler onuň zehinli şahyr bolandygyndan habar berýärler. Onuň şygyrlary, özünde, pikir-paýhas aýdyňlygynyň aýdyljak bolunýan many-mazmuna laýyklygy bilen tapawutlanypdyr.
Gedaýynyň diwanyna girizilen eserleriň arasynda kasyda hem bolupdyr.
Bu şahyrdan biziň döwrünize 13 beýt gelip ýetipdir. Ol beýitler bu şahyryň kasydalarynyň bir bölegi bolup, munuň özi onuň hakyky kasydaçy şahyr bolandygyny mälim edýär.
Bu kasyda Halyl Soltana bagyşlanypdyr.
Beýik akyldar şahyr Alyşyr Nowaýy Gedaýy barada:
“Möwlana Gedaýy türkiçe ýazan şahyrdyr, belki meşhurdyr (meşhurlardandyr). Şygyrlygy şöhrata mynasyp boldy” -diýip ýazypdyr.
Biz bu işimizde Gedaýynyň “Kasydalaryndan” käbirini mysal almagy makul bildik.
■ K a s y d a l a r d a n
Zamanaň gerdişinden endişe birle, binyşan boldum,
Ol müddetler oňky bolmuş, boldum onuň har hemrasy.
Diýdim:”Her kime bolmaz, dünýäniň işi adama,
Eger tapsa zowal, soltanlyk nägah.
Kime galan bu beýik mülk, beýle beýik dereje,
Kim gelip alar, beýle mülk, hem bolar oňa şah.
Ata ugry kimdir onuň, paýy şondan gaýtmaly,
Bu gün hak berdi, rowaçly bagt, deňiz, mähir-Aý.
Düýp oýnagyny görüp, oňa haýran bolup aýdar,
Jaha yşarat, juha hoşamat, ajaýyp per, ajaýyp jah.
Gedaýy aýdar, dogaýy sulh bizlere,
Kim erur jämle zyýarat, belki bu iki dilhak.
Goşgular