23:13 Gel doganym, çaýlaşaly! | |
GEL DOGANYM, ÇAÝLAŞALY!
Oýlanmalar
Özüňden uly doganyň bolmagy üýtgeşik bagt ekeni. Göýäki doganyň ýörejek ýoluňda goýlan ýolyşyga çalym eder. Dogry ýoldan ýöreýän bolsaň kalbyndaky buýsanjyny paýlaşar: seni öwer. Illeriň ýanynda adyň agzalanda Şol meniň jigim diýip gaýşarar, erbet sözlerden gorar. Ýalňyşýanyňy ýada säginmelidigiňi duýdugy ýolyşygyň gyzyl çyrasy kimin seni saklar. Meniňem doganymyň ýalňyşlarymyzy duýdurmak üçin aýdýan ýeke sözi hany jigim çaý demlede gel çaýlaşaly. Bu söz iniňi jümşülledýän kalbyňa howsala salýan söz bolup ornapdyr aňyma.Sebäbi bu sözüň aýratyn nygtalyp aýdylmagy Senlik gürrüň bar diýildigidi. Doganym diýjek zatlaryny diňe çaý başynda aýdardy. Göýä käýinjini ýumşadýan çaýdy. Ine eliň çäýnek käseli gelip oturarsyňam welin kine bilen söze başlar. Käýemez gaharlanyp üstüňede gygyrmaz diňeje kineli eden ýalňyşyňy düşündirer. Käselerde sowan çaýyň tagamy misli ýakymsyz duýgy ornar kalbyňa. Onsoň ol ýalňyşy gaýdyp gaýtalajak diýseňem kalbyň el bermez. Hawa ondan bäri ýyllar önüp herimiz durmuş ornumyzy tapmak bilen başagaý bolup ýörşümize höwürtgämizden gezekleşip uçup gonup ýörüs. Ýyllar agamyň çaý başyndaky edep sapaklary bizi akyllandyrdymyka ýada indi agam bize parhsyzmyka çaý başynda käýinjem ýok söhbedem. Herimiz öz dünýämiz bilen gümra. Ýok agam parhsyz seretmez hiç haçan gyz uýalaryna biz akyllanan bolmaly diýip göwünlik berýän özüme. Gazanýan ýeňişlerimdir üstünliklerim ýalňyşlarymyň üstüni örtýändir belki. Durmuşyň oslanmadyk öwrümleri hakda kalbymyzda galan kineler hakda käte ýat illerde ýat didarlaryň ýadadyşy hakda saňa aýdyp beresim gelýär. Arkamda dag misli durandygyň ýadyma düşeninde kalbymda döreýän buýsanjymy gürrüň beresim gelýär. Agasy ýokdugyna ahmyrly gyzlary görenimde barlygyňa begenişim hakdada aýdasym gelýär. Tomus dynç alşyna çykyp öýe ýetmäge howlukýan. Elime çäýnekdir käse alarynda gaşyňa bararyn. Belki sen menden öňürtmegiňem ahmal. Sebäbi dogan ýüregi syzgyr bolýar ahyry. Ýürekdäki pynhan syrlary açardan ejiz gelsemde gürleşere zat kän. Çagalygmyzyň bigam günlerine dolanmak üçin gel doganym çaýlaşaly! Annabeg Aýmakowa | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||