09:27 Geljegiñ howpy - suw gytçylygy | |
GELJEGIÑ HOWPY - SUW GYTÇYLYGY
Publisistika
Suw ýaşaýşyñ gözbaşy. Şonuñ üçinem ýer togalagyndan başga ýerdäki ýaşaýşyñ gözleglerinde suwuk görnüşdäki suwuñ barlygy-ýoklugy öwrenilýär Suw ýaşaýşyñ gözbaşy. Mysal üçin, adam organizminde bolup geçýän ähli funksiýalarda (iýmit siñdiriş, gan aýlanyş, dem alyş, daşyna çykaryş ýaly) suwa mätäçlik duýulýar. Şonuñ üçinem ýer togalagyndan başga ýerdäki ýaşaýşyñ gözleglerinde suwuk görnüşdäki suwuñ barlygy-ýoklugy öwrenilýär. Kosmosdan seredilende planetamyz mawy şar ýaly bolup görünýär. Munuñ sebäbi ýer gabygynyñ 71%-niñ suw bilen örtülen bolmagydyr. Suwuk görnüşdäki suw ýer togalagyny Gün sistemasyndaky beýleki planetalardan tapawutlandyrýan iñ esasy maddadyr. Geologiki subutnamalar suwuk görnüşdäki suwuñ 3,8 milliard ýyl bäri ýer togalagynda bardygyny görkezýär. Esasanam bir maddanyñ ereme we gaýnama gyzgynlygynyñ arasynda ullakan tapawut bar. Emma suw otnositel gysylan gyzgynlygyñ arasynda gaty, suwuk we gaz görnüşinde gabat gelip biler. Eýse ýaşaýşyñ gözbaşy bolan suw planetamyzda pikir edişimiz ýaly köpmi? Dünýäde 1.386.000.000 km³, ýagny, 1.385 kilometre barabar şaryñ ululygyna deñ mukdarda suw bar. Dünýädäki suwuñ 96,5%-i okeanlarda, köllerde, derýalarda, buzluklarda ýerleşýär. Emma janly-jandarlaryñ ýaşaýşynyñ dowam etmegi üçin diñe süýji suwa zerurlyk bar. Dünýädäki suwuñ bolsa bary-ýogy 2,5%-ni (10.633.450 km³) süýji suwlar tutýar. Global derejede suw sarp edijiligi gün geçdigi saýy artýar. Şeýle-de global maýlama sebäpli klimatdaky üýtgeşme, howa hadysalarynyñ çakdanaşa ýygylaşmagy, arassa suw gorlarynyñ hapalanmagy arassa süýji suw gorlarynyñ barha köp sarp edilmegine sebäp bolýar. Dünýä ýurtlarynyñ üçden biriniñ suw üpjünçiligi ýok ýa-da juda çäkli. Dünýä ilatynyñ 18%-i bolsa arassa suwa mätäçlik çekýär. Suw gorlarynyñ azalmagy göçhä-göçlük we köpçülikleýin ýokanç keseller ýaly ýaramaz täsirlere ýol açýar. Dünýädäki arassa süýji suw zapasy çäkli. Bu zapasyñ yzygiderli ulanylýandygyna garamazdan gutarmaýandygynyñ sebäbi suw aýlanşygy diýilýän prosesiñ dowamynda suwuñ global ölçege yzyna gaýdyp gelmegindedir. Her ýyl 577.000 km³ suw (Garadeñizdäki suwuñ massasyndan has köp) bu aýlanyşygyñ içinde aýlanyp dur. Bu suwlaryñ 502.800 km³-i okeanyñ ýüzünden, 74.200 km³-i bolsa gury ýerden bugarýar. Buga öwrülen suwlar atmosferada ýokaryk hereket etdigiçe sowaýar we agyrlaşyp ýagyşa öwrülýär. Şeýdip buga öwrülen suwlar bilen deñ derejedäki suw ýagyş-ýagmyrlar arkaly okeanlara (458.000 km³) we gury ýere (119.000 km³) gaýtadan dolanyp barýar. Gury ýeriñ ýüzünden buga öwrülip daşlaşan we agyrlaşyp gury ýere gaýdyp gelýän suwuñ mukdarynyñ arasyndaky tapawut ýylda 44.800 km³. Bu görkeziji akar suwlar (42.700 km³) we ýerasty suwlar (2100 km³) bilen gury ýerden okeanlara akýan suwuñ mukdaryna deñ. Munuñ özi adamlaryñ ýaşaýyş zeryrlyklaryny kanagatlandyrmak we ykdysady işlerini dolandyrmak üçin gerekli süýji suwuñ gözbaşydyr. Emma süýji suwlar ýer togalagynda deñ paýlananok. Käbir sebitler suw gorlary taýdan has baý bolsa, käbir ýerlerde suw gorlary diýseñ çäkli. Ýyllyk 42.700 km³ süýji suw gorlarymyzyñ 32%-i Aziýada, 28%-i Günorta Amerikada, 7%-i Ýewropada, 6%-i Awstriýada ýerleşýär. Bir ýerde süýji suw gorlarynyñ mukdarynyñ zerurlyk duýulýan suwuñ mukdaryndan az bolmagyna suw stresi diýilýär. Dünýä boýunça alanda Afrikada suw stresi barha ýokarlanýan bolsa, Demirgazyk Amerikada suw stresi pes derejelerde. • Türkiýe süýji suw gorlary taýdan nähili ýagdaýda? Ýurdumyzyñ ýerüsti we ýerasty süýji suw potensialy ýylda 112km³. Häzir 95 km³ ýerüsti suw mümkinçiligimiziñ bary-ýogy 27,5 km³-den peýdalanyp bilýäris. Bu gorlaryñ 76%-i suwaryşda, 14%-i agyz suwy hökmünde, 10%-i bolsa senagat önümçiliginde ulanylýar. Ýurtlar ýylda adam başyna düşýän ýaramly süýji suwuñ mukdaryna görä kategoriýalandyrylýar. Munuñ 1.000 m³-dan az bolmagy suw gytçylygy, 1.000-1.700³-dan köp bolmagy bolsa suw bolçulygy hökmünde baha berip bolar. Ýurdumyzda adam başyna düşýän ýaramly agyz suwunyñ mukdary 1.555 m³. Ýagny Türkiýe suw gorkusy bar ýurtlaryñ toparyna girýär. BMG-nyñ Azyk we Ekerançylyk boýunça guramasynyñ (FAO) maglumatlaryna görä, suw gorkusyny başdan geçirýän ýurtlaryñ derejesi 34%-e, suw gytçylygyny başdan geçirýän ýurtlaryñ derejesi bolsa 15%-e ýetip biler. Şeýle-de, 2050-nji ýylda 9,4 milliarda ýetjekdigi çaklanylýan dünýä ilatynyñ 40%-i suw ýеtmеzçiligini başdan geçirip biler. Aýratynam ýurdumyzda we dünýä boýunça suw gorlaryndan tygşytly peýdalanmak gün geçdigisaýy möhüm problema öwrülip barýar. Mysal üçin, hammamda geçirýän wagtymyzy gysgaltmak, ir-iýmişleri we gök önünleri akar suwuñ astynda ýuwmagyñ deregne suwdan doldurylan gapda goýup ýuwmak, kir ýuwýan enjam ýaly suwy tygşytlap ulanýan enjamlary saýlap almak edip biljek öñüni alyş işlerimizden bary-ýogy birnäçesi. Çünki gönüden-göni ulanýan suwumyz bilen bir hatarda dürli ýollar arkaly süýji suw gorlarynyñ harç edilmegine sebäp bolýarys. Mysal üçin geýýän eşigimiziñ öndürilmegi üçin (ýagny, pagtanyñ ekin meýdanynda ýetişdirilmeginden tä zawodda ýüplüge we eşige öwrülişne, satyljak dükanyndan biziñ elimize gelip gowuşýança geçen wagtda) ulanylýan suwuñ mukdary 2.500 litre golaý. Suw aýak yzy diýip atlandyrylan bu kesgitleme bir şahsyñ gönüden-göni ýa-da başga maksatlar üçin ulanýan suwunyñ mukdaryny görkezýär. Dünýä ilaty gün geçdigisaýy köpelip barýar, köpeldigiçe-de suw gorlary öñküden beter hapalanýar. Şonuñ üçin diñe özümiz üçin däl, geljekki nesiller we beýleki janly-jandarlar üçinem arassa süýji suw gorlaryny goramak gerek. Şu babatda düýpli işleri ýola goýmak maksady bilen her ýylyñ 22-nji marty BMG tarapyndan Bütindünýä Suw güni hökmünde bellenip geçilýär. Bizem suwy tygşytly ulanmaga üns berip, öz suw aýak yzymyzy kiçeldip bileris. • Çeşmeler: 1. I.A.Şiklomanow “Appraisal and Assessment of World Water Resources”, Water International, Cilt 25, Sayı 1, s. 11-32, 2000. 2. J.L.Marko “Monitoring water resources and water use from earth observation in the belt and road countries.”, Bulletin of Chinese Academy of Sciences, tom 32, sah. 62-73, 2017. 3. Vanham, D. ve Leip, A., “Sustainable food system policies need to address environmental pressure sandimpacts: The example of water use and water stress.”, Science of The Total Environment, Cilt 730, Makala no: 139151, 2020. 4. FAO, Crops and Drops: Making the Best Use o f Water for Agriculture, Rome, 2002. Selin ÇORBA. 22.03.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||