23:50 Geñ-tañsy ölümler... | |
GEÑ-TAÑSY ÖLÜMLER... Dünýäniň gurluşy şeýle. Ajal perişdesi hökmünde tanalýan Ezraýyla: «Adamlaryň janyny siz almaly» diýlip buýruk bolanyn-da: «Eý Beýik Biribar men nädip olaryň sebäpsiz janyny alaryn...» diýip ýüzleneninde Allatagala: «Sebäbini men bererin...» diýenmiş. *** B.e.öň 121-nji ýylda rim serkerdebaşysy Gaý Garak’y öldürip kellesini getirene, onuň kelllesiniň agramyna barabar altyn berjekligini mälim edipdir. Plutarhyň bellemegine görä Septimuleius atly jellat esger Garak’yň kellesini kesip içindäki beýnini çykaryp, boş kelleçanagyň ýerine gurşun eredip doldurypdyr. Kelläni rim senatyna hödürläpdir. Kelläniň agramyny ölçäp jenaýatça on ýedi funt altyn beripdirler. *** B.e.öň 121-nji ýylda Philetas diýilen şahyr «Lira paradoksyny» (Ýewbulid tarapyndan düzülen «Aldamaklyk paradoksy») çözjek bolup ukysyzlykdan ölüpdir. *** B.e.öň 260-njy ýylda rim imporatory Walerian parslar bilen söweşende ýeňlişe sezewar bolupdyr we ýesir alnypdyr. Pars şasy Şapur onuň üstüne münüp «aýak» ornuna ulanypdyr. Walerian pars şasyna özüni boşatsa ummasyz baýlyk berjekligini aýdypdyr. Şanyň muňa gahary gelip onuň bokurdagyna eredilen altyn guýupdyr, hamyny sypyryp içini saman we ders bilen doldurup «çuçelo» öwrüpdir. Walerianyň galyndylary baryp üç ýüz ýyldan soň tapylyp jaýlanypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||