00:06 Geñ-tañsy seks kanunlary | |
GEÑ-TAÑSY SEKS KANUNLARY
Geň-taňsy wakalar
Dünýäniñ birnäçe ýurdunda jynsy gatnaşyklar boýunça haýran galaýmaly çäklendirmeler bar. Dogrusy, bu kanunlaryñ käbiri Ýewropanyñ ahlaksyzlygynyñ ýeten añrybaş derejesini görkezýär. "Giñdir dünýe, geñdir dünýe" diýleni. Adam bar ýerde her dürli azgynçylygam bar, azgynlaram bar. Herhal, dünýäden habarsyz gezeniñden, her zady bilip goýan ýagşy. Ynha, aşakda köpimize "Mmbähh!" diýdiräýjek seks kanunlarynyñ birnäçesiniñ sanawy: • MOTOSIKLDE BOLANOK! LONDON: Angliýanyñ paýtagtynda motosiklde jynsy gatnaşykda bolmak gadagan! Hereket edip barýan motosiklde bolmanam jynsy gatnaşykda bolmak mümkin däldir welin, duran ulaglarda-da jynsy gatnaşygy etmek bolanok! :) • GÜJEÑLEÝJILIK GADAGAN DÄL MANÇESTER: Angliýanyñ Mançester şäherinde erkekleriñ supermarketlerden we söwda merkezlerinden başga ýerde güjeñleýjilik (eksgibisionizm) etmegi gadagan! Erkekler bu iki nokatdan başga ýerde eger isleseler, çuw-ýalañajam gezip bilýärler :) • KÜŞT OÝNALMAÝAR! ESTONIÝA: Eger-de, ýoluñyz paýtagt şäher Talline düşse, jynsy g atnaşykda bolup durkañyz küşt oýnamak isleseñiz, onda bu islegiñizden tamañyzy üzäýiñ. Sebäbi bu ýurduñ seks gadagançylyklarynyñ arasynda jynsy gatnaşykda bolup durkañ oýun oýnamak hem bar :) • BIRDEN ARTYK HELEÝ BOLANOK WENGRIÝA: Wengriýada birden artyk aýala öýlenmek gadagan. Bu ýurtda bir erkek ikinji aýal aljak bolsa, ol iki aýal bilen bir ýerde ýaşamaga mejbur edilýär. Sebäbi wenger hukugy muny ýeterlik jeza hasaplaýar :) • BETNYŞAN BOLSAÑ GÜNEŞLEMEK BOLANOK! ITALIÝA: Italiýanyñ Tropea şäherinde eger aýal çişik bolsa ýa-da özüne çekiji owadanlygy bolmasa, oña plýažda ýalañaç güneşläp ýatmak gadagan. • ÝAÑAKDAN OGŞALMAÝAR BIRLEŞEN ARAP EMIRLIGI: Bu ýurtda ýañakdan alynan bir posa hem kanuna garşy hereket etmekdir. Sebäbi muny jemgyýete zyýanly täsirini ýetirýän hereket diýip hasaplaýarlar. • PORNOFILMLERE TOMAŞA ETDIRILENOK YSRAÝYL: Ysraýylda 2002-nji ýylda güýje giren bir kanun arkaly kabel we sanly ýaýlymlarda pornofilme tomaşa etmek gadagan. Temmi çäresi üç ýyla çenli türme tussaglygy! • GYZLYGYÑA ÄRE ÇYKMAK GOWY ZAT DÄL! GUAM: Birnäçe ýurduñ tersine Guamda gyzlaryñ "gyzlygyna" durmuşa çykmagy gadagan! Ýörite "gyzlyk" bozujylar ýaş gyzlaryñ bu problemasyny çöp döwen ýaly edýär we olary maşgala durmuşyna "taýýar" ýagdaýa salyp ugradýar. # mynet.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||