Gerakl
Gerakl hakyndaky mifler Sofoklyñ ''Trahiniýaly aýallar'', Ýewripidiñ ''Gerakl'' atly tragediýalary, şeýle hem Pawsaniýanyñ ''Elladanyñ ýyl ýazgysy'' atly eserinde ýatlanylýan rowaýatlar boýunça beýan edilýär.
Geraklyñ dogluşy we terbiýelenişi
Mikena şäherini patyşa Elektrion dolandyrýardy. Patyşa Pterelaýyñ ogullarynyñ başda durmagynda Teleboýlar onuñ mallaryny ogurladylar. Ogurlanan mallary yzyna gaýtarmakçy bolan Elektrionyñ ogullaryny teleboýlar öldürdiler. Ine, şonda patyşa Elektrion: kimde-kim ogurlanan mallary tapyp, yzyna gaýtaryp getirse we ogullarynyñ aryny alyp berse, şol batyra özüniñ görkana gyzy Alkmenany gelinlige berjekdigini mälim etdi. Batyr Amfitrion Elektrionyñ mallaryny hiç bir kynçylyksyz tapdy we olary söweşmezden yzyna gaýtaryp getirdi. Sebäbi teleboýlaryñ patyşasy Pterelaý ogurlanan mallaryny Elidanyñ hökümdary Poliknese saklamaga beripdi. Ol bolsa, mallary Amfitriona berdi. Amfitrion mallary sürüp getirdi-de, olary hak eýesine tabşyryp, Alkmenamyñ ak bileginden tutmaga hukuk gazandy.
Emma Amfitrion Mikende uzak eglenmedi. Toý gyzyşan mahaly, Amfitrion mal meselesi boýunça dawalaşyp, Elektriony öldürdi we gelni Alkmena bilen Mikenden gaçyp gitmäge mejbur boldy. Alkmena ýat ýurda gaçmaga razy bolanda, Pterelaýyñ çagalaryndan öz doganlarynyñ aryny alyp bermegini äriniñ öñünde şert edip goýdy. Şunlukda, Amfitrion Fiwy galasyna gelip, patyşa Kreontdan arka tapynansoñ, teleboýlaryñ garşysyna goşun çekip söweşe gitdi. Ol ýok mahalynda Alkmenanyñ aý jemalyna aşyk bolan Zews Amfitrionyñ keşbine girip, onuñ gujagyna doldy. Tizara Amfitrion hem dolanyp geldi. Ynha, indi Zews bilen Amfitriondan Alkmena iki sany ogly ㅡ ekizleri dünýä getirmelidi.
Zews bilen Alkmenadan ajaýyp ogluñ doguljak güni belent Olimpiñ başynda barça hudaýlar jem boldy. Bu gün-erte oglunyñ boljakdygyna guwanýan galkantutar Zews hudaýlara ýüzlenip:
ㅡ Gulak salyñ, hudaýlar hem hudaý zenanlar! Men bu sözleri ýüregimiñ emri bilen aýdýaryn! Şu gün beýik gahryman dünýä inmeli, ol meniñ oglumdan ㅡ beýik Perseýden gözbaş alyp gaýdýan nebereleriñ hemmesiniñ üstünden garar ㅡ diýdi.
Emma Zewsiñ aýaly gudratly Gera äriniñ başy ölümli Alkmenany özüne aýal edinendigine gahary gelip, Alkmenanyñ geljekde doguljak ogluny perseýleriñ hökümdary bolmakdan mahrum etmegi ýüregine düwdi. Ol Zewsiñ bu ogluny heniz dogulmanka ýek ýigrendi. Şonuñ üçinem Gera mekir hyýallary ýüreginiñ töründe gizläp, Zewse:
ㅡ Eý, beýik tupan çagyrjy, sen dogryñy aýdañok! Sen hiç haçanam sözüñde tapylañok! Sen maña şu gün perseýler tohumyndan ilkinji bolup doguljak oglanyñ öz garyndaşlarynyñ üstünden hökümdarlyk etjekdigine hudaýlaryñ adyndan ant iç ㅡ diýdi.
Mekirlik hudaýy Ata Zewsiñ başyny aýlady. Zews Geranyñ hilä ýüz urýandygyny añşyrman, mizemez derejede ant içdi. Gera şol wagtyñ özünde altyn arabasyna münüp, Argosa tarap uçdy. Ol ýerde Gera perseýli Sfeneliñ hudaýlar bilen deñ derejeli aýalyny dogurmaga gyssady we şol gün perseýler neberesiniñ näsag hem örän ejizje çaga ㅡ Sfeneliñ ogly Ewrisfeý dünýä indi. Gera derrew Olimpe dolanyp bardy-da, bulutdagadar Zewse:
ㅡ Eý, ýyldyrym çakdyryjy Zews! Sözüme gulak sal! Edil ýap-ýañy şöhratly Argosda perseýli Sfinelden Ewrisfeý atly ogul doguldy. Özem ol birinji bolup dünýä geldi. Şol sebäpli-de ol ähli tohum-tijiñ kethudasy bolar.
Zews gaýga batdy, ol Geranyñ hilebazlyk edendigine ýañy düşünip galdy. Ol galplygyñ zenan hudaýy bolan Ata özüniñ gözüni gapyp, birsalymlyk akylyny elinden alanlygy üçin çyny bilen gargady. Gaharyna Atanyñ saçyndan tutdy-da, ony Olimpyñ çür-depesinden kelemenledip aşaklygyna zyñyp goýberdi. Hudaýlaryñ hem adamlaryñ beýik hökümdary oña Olimpde görünmegi gadagan etdi. Şondan bäri galplygyñ zenan hudaýy bolan Ata adamlaryñ arasynda ýaşaýar.
Her niçik, Zews oglunyñ takdyryny ýeñilleşdirdi. Ol onuñ ömrüniñ ähli döwrüni Ewfisfeýiñ tabynlygynda ýaşamajakdygy barada Gera bilen mizemez şertnama baglaşdy. Oña laýyklykda, Zewsiñ ogly Ewrisfeýiñ buýrugy boýunça on iki sany beýik edermenligi amala aşyrmalydy. Şondan soñra ol Ewrisfeý tarapyndan diñe erkinlige çykarylman, eýsem ölmez-ýitmezlik derejesine-de ýetmeli-di. Oglunyñ örän çökder, örän howply ýumuşlary ýerine ýetirmeli boljakdygyna Zewsiñ akyly ýetýärdi. Şonuñ üçin hem ol söýgüli gyzy Afina-Pallada Alkmenanyñ zürýadyna kömek etmegini berk tabşyrdy. Soñundan Zews oglunyñ agyr işlere çydap ejiz hem gorkak Ewrisfeýiñ hyzmatyny edip ýörenini görende telim sapar gyýlyp-gamlanmaly boldy. Emma ol Gera beren wadasyndan dänip bilmedi.
Sfenelib oglunyñ doglan güni Alkmena-da ekiz çagany dünýä getirdi. Ulusy ㅡ Zewsiñ ganyndan, oña Alkid diýip at goýdular, kiçisi ㅡ Amfitrionyñ ganyndan, oña Ifikl diýip at goýdular. Alkid Gresiýanyñ iñ beýik ogullarynyñ biri bolup ýetişdi. Soñabaka onuñ ady, Pifiýanyñ gurrandazynyñ atlandyryşy ýaly, Gerakl bolup gitdi. Şol at bilenem ol şöhrat hem-de baky ömür gazandy we Olimpde hudaýlar hataryna kabul edildi.
Geraklyñ doglan pursadyndan başlap, Gera ony yzarlap ugrady. Geraklyñ doglandygyny, onuñ dogany Ifikl bilen bile sallançakda gundagly ýatandygyny bilip, Gera ýañy doglan gahrymanyñ ýoguna ýanmak isläp, gijäniñ bir mahaly Alkmenanyñ otagyna iki sany äpet ýylany ugratdy. Gözleri ýanyp duran o ýylanlar bildirmän baryp sallançagyñ aşagyna sümüldiler. Ekizler ukudady, ýylanlar kiçijik Geraklyñ daşyna oralyp, ony gysyp başlanda, Zewsiñ ogly ymyzganyp oýandy. Ol öz naşyja eljagazlaryny uzadyp, ýylanlaryñ bokurdagyny tutup, şeýlebir bogdy welin, ýylanlar dem-düýtden kesildiler. Alkmena gorkudan ýaña düşeginden towsup turdy; hüjredäki beýleki zenanlaram sallançagyñ üstünde ýatan ýylanlary görüp aýylganç gygyryşdylar. Bar kişi Alkidiñ sallançagyna tarap ýüwürdi. Aýallaryñ zenzelesine gylyjyny ýalañaçlap ýetip gelen Amfitrionyñ adaty bolmadyk gudrata nazary düşdi. Çagajyk Gerakl iki sany äpet ýylanyñ boýnuny elleri bilen mäkäm gysyp saklaýardy, ýylanlar bolsa henizem jan berip bilmän gymyldaýardylar. Öweý oglunyb keramatyna haýran galan Amfitrion gurrandaz Tiresi çagyryp, onuñ kysmatyny beýan edip bermegini sorady. Şonda goja gurrandaz Geraklyñ köpsanly beýik edermenlikleri görkezjekdigini hem-de ömrüniñ ahyrynda bakylyga eýe boljakdygyny aýdyp berdi.
Alkmenanyñ uly ogluna şeýle beýik şöhratyñ garaşýandygyny bilensoñ, Amfitrion oña gahrymanlara mynasyp terbiýe berdi. Amfitrion Geraklyñ diñe bir gara güýjüni ösdürmekligiñ aladasy bilen çäklenmän, eýsem oña sowgat öwretmekligiñ hem aladasyny etdi. Oña okamagy, ýazmagy, aýdym aýtmagy we kifarada saz çalmagy öwretdiler. Ýöne Gerakl göreş tutmakda, ýaýdan ok atmakda we ýaraga erk etmekde gazanan üstünliklerini ylymda we ýaraga erk etmekde gazanan üstünliklerini ylymda we aýdym-sazda görkezip bilmedi. Saz boýunça ussady, Orfeýiñ dogany Lin öz çägirdine ýygy-ýygydan gaharlanmaly, hatda temmi bermeli bolýardy. Bir gezek Lin sapak wagtynda Geraklyñ okuwa höwesiniñ ýoklugy zerarly ony urdy. Gahary gelen Gerakl kifarasy bilen Liniñ kellesine aýlap ýelmedi. Ýaş Gerakl urgynyñ güýjüni göz öñünde tutmady. Kifara şeýle bir jaýdar degdi welin, Lin duran ýerinde jan berdi. Bu ölüm sebäpli, Garakly kaza çagyrdylar. Şonda özüni aklap, Alkmenanyñ ogly şeýle diýdi:
ㅡ Kazylaryñ içinde ib adalatlysy bolan kazy Radamanf: ''Eger-de kimde-kim birini ursa, oña urgy bilenem jogap bermek bolar'' diýip aýdypdyr ahbetin.
Kazylar Gerakly akladylar. Emma onuñ öweý atasy Amfitrion ýene bir bela-betere ýolugaýmasyn diýip, Gerakly gür tokaýly Kiferona mal bakmaga ugratdy.
(dowamy bar)
Nikolaý KUN
Gadymy Gresiýanyñ mifleri we rowaýatlary
Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW