Gerakl Fiw galasynda
Gerakl Kiferon tokaýlarynda ösüp-ulaldy we haýbatly ýigit bolup ýetişdi. Onuñ boýy beýlekileriñkiden esli uzyndy, güýji bolsa, adamlaryñkydan has artykdy. Bir göreniñden onuñ Zewsiñ ogludygyny, esasan hem, hudaýlaryñky ýaly ýanyp duran adaty bolmadyk gözlerinden tanap bolýardy. Harby maşklarda hiç kim oña taý gelip bilenokdy, sary ýaýy atanda ýa naýza zyñanda nyşandan asla sowa geçenokdy. Ol bu işlere iññän ökdeläpdi. Şindi ýetginjekgä, ol Kiferon dagynyñ depesinde ýaşaýan eýmenç arslany öldürdi. Geraklyñ özi oña topuldy we öldürip derisini sypyrdy. Şol derini hem Gerakl özüniñ güýçli eginlerine atyp, ýapynja edinip gezdi. Onuñ aýaklaryny öz döşüne dañdy, deriniñ baş tarapy bolsa oña tuwulga bolup hyzmat etdi. Gerakl Nemeý tokaýynda ösüp ýetişýän demir ýaly gaty ýasen agajyny köki-damary bilen goparyp, özüne uly serdesse ýasandy. Germes Gerakla gylyç bagyşlady, Apollon ok-ýaý sowgat etdi, Gefest onuñ üçin altyn sowut ýasap berdi. Afina bolsa pälwanyñ geýjek eşiklerini tikip berdi.
Ýigit çykan Gerakl Orhomeniñ patyşasy Ergini özüne tabyn etdi. Fiwliler oña her ýylda köp mukdarda paç tölemeli bolýardy. Ol söweş wagtynda Ergini öldürdi hem-de Orhomene Erginiñ Fiwe salan salgydyndan iki esse köp salgyt saldy. Bu edermenligi üçin Fiwiñ patyşasy Kreont öz gyzy Megarany Gerakla aýallyga berdi, hudaýlar bolsa oña üç sany ajaýyp ogul bagyşladylar.
Ýedi derwezeli Fiwde Geraklyñ wagty hoş geçýärdi. Emma beýik hudaý aýal Gera öñküsi ýaly Zewsiñ ogluny (Gerakly) ýigrenýärdi. Ol Gerakla ýigrenji bir kesel iberdi. Beýik gahryman aklyndan azaşdy, erkini elinden aldyrdy. Gerakl heserlenip, guduran mahalynda özüniñ hem inisi Ifikliñ ähli çagalaryny öldürip taşlady. Tutgaýy gaýdyp, özene gelende bolsa, ol eden işine ökünip, gan aglap, gussa batdy. Bigünä döken ganlaryny ýuwup-aýryp, ruhuny täzelänsoñ, Gerakl Fiwden baş alyp çykyp gitdi we hudaý Apollondan özüniñ näme etmelidigini soramak üçin keramatly Delfä ugrady. Apollon oña öz ata-babalarynyñ watany bolan Tirinf galasyna gitmegi we oña iki ýyllap Ewrisfeýe hyzmat etmekligi buýurdy. Pifileriñ aýtmaklaryna görä,Latonanyñ ogly Gerakla, eger-de Ewrisfeýiñ permany bilen on iki sany edermenligi ýerine ýetirip bilse, onda oña bakylyk durmuşynyñ beriljekdigini aýdypdyr.
Gerakl Ewrisfeýiñ hyzmatynda
Gerakl Tirinf galasyna gelip, nalajedeýin hem gorkak Ewrisfeýiñ hyzmatyna başlady. Ewrisfeý bu güýçli gahrymandan gorkup, ony Mikena galasyna goýbermedi. Zewsiñ ogly üçin taýýarlan hökümlerini bolsa, Tirinfe, özüniñ çapary Kopreýiñ üsti bilen ýetirip durdy.
Nikolaý KUN
Gadymy Gresiýanyñ mifleri we rowaýatlary
Terjime eden: Ahmet Mämmedow