23:34 Gerkez rowaýaty | |
GERKEZ ROWAÝATY
Edebi makalalar
Halkymyzda ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşy barada gyzykly rowaýatlar bar. Şol rowaýatlarda bolsa, halkymyzyň gelip çykyşyna, edebi-milli medeniýetimiziň taryhyna degişli gymmatly taryhy-etnografiki maglumatlar saklanyp galypdyr. Şeýle rowaýatlaryň biri hem Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Gerkez obasynyň hem-de beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Gelsin diýip, garar ol gerkez ilim, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy. Şeýle hem: Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr - diýen setirlerinde agzalýan gerkez adynyň gelip çykyşy baradaky rowaýatlardyr. Bu rowaýatda aýdylşyna görä, Etrek töwereklerindäki obalaryň birinde ýaşaýan bir gelin, bir gün derýanyň güzerine geýim ýuwmaga gelende, ýaňy aýak biten oguljygyny hem ýany bilen alyp gidýär. Gelin geýim ýuwmak bilen gümra bolup otyrka, oglanjyk özbaşyna oýnap, ejesinden daşlaşýar. Derýanyň ýakasy bolsa, gür gamyşlyk eken. Bir atly duýdurman gelip, oglanjygy atyň öňüne alyp, gaçyp gidýär. Ol adam çaganyň hossarlary gözlänlerinde hem tapmasynlar diýip, gum içi bilen, hiç kime görünmän, uzak ýol geçýär. Ahyry azygy, suwy gutaryp, gum içindäki bir oba barýar. Şol obanyň adamlaryna ýagdaýyny aýdýar. Ýanyndaky oglanjygy bolsa, "gerker" diýen ullakan guşuň höwürtgesinden tapdym" diýip, ýalan sözleýär. Kim bahasyny berse, oglanjygy şol adama berjekdigini aýdýar. Obanyň bir baýy bahasyny berip, oglanjygy ogulluga alýar. Gerker diýen guşuň höwürtgesinden tapylan oglanyň adyna hem Gerker goýýarlar. Wagtyň geçmegi bilen, "Gerker" diýen söz Gerkeze öwrülip gidýär. Şunluk bilen oglanjygyň ady Gerkez bolup galyberýär. Gerkez ers-mers bolup, ulalýar. Daýaw, görmegeý ýigit bolup ýetişýär. Gerkezi ogulluga alan adamyň öz aýalyndan hem ogullary bar eken. Gerkez baýyň ogullary bilen göreşse-de, bäsleşse-de ýeňýär eken. Şeýle bolansoň, baýyň hakyky ogullary Gerkezi ýigrenip başlaýarlar. Kakalaryna, ejelerine ýamanlaýarlar, her hili myjabatlar ýapýarlar. Ahyry hem "Höwürtgeden tapylan" diýip, göwnüne degýärler. Gerkez kakalygyndan bir aty diläp alýar. Doganlaryndan öýkeläp, atyny atlanýar-da, günbatarlygyna gidiberýär. Gerkez uzak ýollar geçip, gidip barýarka, bir ogşugyň aýaklarynyň aýaklarynyň gurruk guýa gidip, çykyp bilmän ýatandygyny görýär. Ol atdan düşüp, guýynyň ýanyna barçar-da, ogşugy guýydan çykarýar. Ýene öz atyna münüp, öz ýoluna gidiberýär. Ahyry ýadap, bir sazagyň kölgesinde düşleýär. Ýanyndaky barja zatlary bilen naharlanyp, sazagyň kölgesinde ýatyberýär. Ogşuklaryny guýydan çykarmana gelen adamlar görseler, ogşuk otlap ýör. Olar muňa haýran galyp, seretseler, atyň, adamyň aýak yzlary bar. Olar yzy yzarlap gidiberýärler. Görseler bir at otlap ýör eken. Bu adam bolsa, ýarty göwresini sazagyň kölgesine sokup ýatyr. Gelenler ýaňky adama "gaty gaba (uly adam) eken" diýişip, haýran galýarlar. Soňra ol ýatan adamy turuzýarlar we onuň ýagdaýyny soraýarlar. Ol adam adynyň Gerkezdigini, özüniňem eklenç üçin iş gözläp, çykandygyny aýdýar. Gelenleriň ýaşulusy Gözli ata eken. Ogşuk hem şoňkumyş. (Gözli ata diýmek, hemme zady görýän, bilýän halatly diýmekdir). Gözli ata Gerkezi öýüne alyp gaýdýar. Ony öz öýünde saklap, hyzmatyny etdiriberýär. Gerkez örän daýaw, gaýratly, halalhon ýigit eken. Ol eden işiniň kemini goýmaýar. Gözli ata Gerkeziň ýöne ýigit däldigini aňýar, oňa göwni ýetýär. Bir gün ol aýaly bilen maslahatlaşyp, ýetişip oturan gyzyny Gerkeze nikalap berýär we uly toý tutýar. Şunlukda ony öz ýanlarynda saklaberýärler. Oba adamlary onuň adyny Gerkez gaba diýip, tutýan ekenler. Wagtyň geçmegi bilen "gaba" sözi "gäbä" öwrülip, Gerkez gäbe bolup galyberýär. Gerkez gäbe bilen Gözli atanyň gyzyndan bolan çagalaryň nebereleri köpelip gidiberýärler. Hemmeler olara "gerkezler" diýipdirler. Gerkezler köp ýerlere ýaýraýarlar. Gerkezler bilen Gözli atanyň aslynyň garyndaşlyk gatnaşygynyň bardygyny Magtymgulynyň "Ol nedir" atly şygrynyň: "Sen Gözli ata bolsaň, biz gerkez ili" diýen setirlerinden hem görmek bolýar. Gültäç GULLYÝEWA. # "Esger" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |