"Gurulyş. Osman" teleserialyna yzygiderli tomaşa edýänlere Alişar begiñ kimdigi gyzykly bolsa gerek. Teleserialda Alişar begiñ obrazyny türk aktýory Saruhan Hünel janlandyrýar. Belli türk aýdymçysy Emrah bilen bilelikde oýnan kinofilmleri arkaly giñden tanalýan kaka tarapdan asly selanikli alban, eje tarapdan bagdatly arap bolan Saruhan Hüneliñ dogany Asly Hünel hem türk halk aýdymy ugrunyñ belli aýdymçysydyr.
■ Alişar beg kim bolupdyr?
Ýogsa-da, Alişar beg (hakyky ady Kerimüddin Alyşir) kim bolupdyr? Onuñ osmanly taryhyndaky tutýan orny nähili?
Türkmenistanly tomaşaçylaryñam söýüp tomaşa edýän "Gurulyş. Osman" teleserialynda ady ýygy-ýygydan tutulýan Alişar beg aslyýeyinde ýaşap geçen taryhy şahsyýet we ol osmanly döwründe Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ dargap başlansoñ dörän türkmen begliklerinden biri bolan Germiýanogullary begligini (1300-1423 ýý) dolandyrypdyr, şeýle-de Kütahýa begi hökmünde-de tanalypdyr.
Kütahýa sebitlerinde oturýan Germiýanogullary bilen gaýylaryñ arasynda dostlukly gatnaşyk saklanypdyr, emma Alişar beg hilegär adam bolupdyr.
Eskişehiriñ Kütahýa etrabyna degişlidigini öñe süren Kütahýa begi Germiýanogly Alişar beg nökerlerinden birini Eskişehire ugradyp, bazara çykarylýan harytlardan paç talap edipdir.
Osman Gazy beg gelen nökeriñ yzyna "it salyp" kowýar we bazaryñ işgärlerine çörek puly bolsun diýip, her gelýän ýükden iki akça paç almagy ýola goýýar. Şonuñ üçin Osman Gazy bilen Germiýanogly Alişaryñ arasynda kiçeñräk çaknyşyk bolup geçýär we Osman Gazy üstün çykýar. Kütahýadan we başga ýerden gelen türkmenler Garajahisara ýerleşýärler. Mundan soñ Osman Gazy käte Eskişehirde, käte Sögütde, käte-de Garajahysarda oturyp, ýurduñ ösmegi, adalatyñ ýaýylmagy we halkyñ hak-hukuklarynyñ goralmagy ugrunda tagallasyny gaýgyrmandyr.
Aslyýetinde, teleserialdaky seljukly beginiñ obrazyndaky Alişaryñ Dündar beg bilen dil birikdirip, Osman Gaza garşy söweşmegi, onuñ Dündar begiñ ogly Batyr begi öldürmegi, hilegärçilikli oýun gurnap, Aýgüli özüne nikalap almagy we ş.m. epizodlaryñ barsy çeper senariýanyñ önümidir, ýagny beýle zatlar taryhda bolup geçen zatlar däl. Taryhda bolup geçen zatlar - ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Germiýanogly Alişar begiñ Osman Gazy bilen arasynda Kütahýanyñ we bazar meselesiniñ üstünde turan kiçeñräk düşünişmezliginden ybarat ýa-da başga oñyn we oñaýsyz gatnaşyklary bar bolanam bolsa, biziñ günlerimize çenli gelip ýeten taryhy çeşmelerde agzalýan zat ýok.