18:18 Gerpetolog Ýuriý Orlow / oçerk | |
GERPETOLOG ÝURIÝ ORLOW
Edebi makalalar
Göklors bagry bilen süýşmeýär. Ýok-ýok. Ol dim-dik bolup galýar, kellesini yza atýar we özüniň bütin iki metrlik göwresi bilen öňe tarap okdurylýar. Şeýle halatlarda ol kişi ýylanyň ýerinde özi bolaýan bolsa näme etmeli boljakdygyny, Özüni nädip gorajakdygyny, janyny saklamak üçin dişlerni näçe wagtlap işletmeli boljgyny göz öňüne getirmäge dyrdaşýar. Ýylanyň emaý bilen zyňýşy owadan - ol kişi bolsa her gezek ýylan olaryň hilegär owadanlyklaryna baha bermäne ýetişýär. Soňra dergazap bolan lorsy haşa bilen ýere basyp, ony demir ýaly barmaklary bilen gysyp, eline alýar, şondan soň ýylanyň sypjak, çykjak gümany ýok. Beýleki eli bile ol ýylanyň maýyşgak halkasyndan tutup durýar - göklorsuň janhowluna urunyp boýunoňurgasyny döwäýmegi müňkin. Alan awuny usullyk bilen halta göýberýä-de, ol haltasynyň bogusyny çekýär we ýene ýoluna rowana bolýar. Soň ýene-de ýatan daşlary agtarýar, tikenli gyrymsynyň şahalaryny serpýär, ol tä indiki ýylana duşýança, şeýdip barýar. onsaň hemmsi täzeden başlaýar. Köpetdagyň eteginde bahar güneşi ýakymly gyzdyryp dur - bu wadt margirleriň "hasylly döwri" hasap edilýär - haltalar, janly ýaly müňňüldeşip durlar. Üç margir togsan ýylan tutupdyr. Dördünjisi, toparyň ýolbaşçysy Ýuriý Orlowyň ýekeje özi bolsa ýüzden hem köp ýylan tutypdyr. Üç ýigit diňe bir möwsümlik gelen kömekçiler bolmaly. Ýuriý bolsa ýylanlar bilen çölde, daglarda birsyhly iş salyşýar. Gijelerine işlemeli bolýan wagty hem bolýar, sebäbi ýylanlar jokrama yssa döz gelip bilenoklar, şonuň üçinem hinlerinden gun ýaşandan soň çykýarlar. Ol nädip margir bolduka? Uruş adam barynyň ykbalyny terslin-oňlyn bulaşdyrdy we olaryň hersini bir ýerden çykardy. Ýuriý Russýa tokaýlyklaryndaky dogdyk mekanyndan Kaspidäki port şäherine düşýär. Ol, belki, heniz-henizlerem holodilnik ustanowkalaryny bejermek bilen gümra bolsa bolardy (çagalar öýünde aýry-aýry hünärleri hem öwredýärler), emma günlerde bir gün kenardaky çaýdan başda-da oduk-buduk satylýan çaýhana egni haltaly epeý pyýada girdi. Halta örän geňdi - ýumşakdy we büdür-südür pola şalpyldap degipdi. Ondan-mundan söz açylyp Ýuriý bu nätanyş adam bilen gürüňe gyzyşdy. Nätanyş adam ýylan awlamagyň nähili gyzykly işdigini, iň esasy hem düşewüntli işdigini Ýurä gürrüň berdi. Aýratynam zäherli ýylan tutsaň, düşewüntli, ýöne munuň üçin arkaýynlyk hem saklyk gerek diýdi. Özem bu iş hyýalbentleriň we zenan maşgalalaryň işi däl diýdi... Şunuň ýaly port garbanyşhanasynda, piwo başynda edilmeýän gürrüň barmy..! Emma Ýuriý hiç haçan ýylandan gorkmandygyny bilýärdi, üstösüne köp adamlarda bolşy ýaly, ýylan göreninde, onuň aňyrsy bärsine gelenokdy. Elbetde, ol şonda göklorsyň bir gram gury zäheriniň almyş alty adamyň ýa-da almyş iki ýabyny, ýa-da 332 müň syçany öldürip bilýändiginden habarsyzdy. Ol ýylanyň jan-howylyna zäherini püküp göýberýän wagtlarynyň bolýandygyny hem bilmeýärdi. Göze düşen bir damja zäher örän howuplydy. Göklorsuň oňuşuksuzlygyndan, urşmak bilen bolýandygyndan, bu ýylanyň öz kellesi bilen sary gaçan haltany böwsüp bilýändiginden hem Ýuriý bihabardy. Emma muňa garamazdan, Ýuriý Orlow margir boldy. Ol işläp ýörşine ýylanlaryň ýylyň-ýylyna azalýandygyny gördi we munuň sebäbi bilen gyzyklanyp ugrady, olaryň ýaşaýyşlaryny, häsýeylerni öwrenmäge girişdi. Şeýdip, ol süýrenjileri adamlardan gorap, Orta Aziýada ýylanlaryň kanun arkaly goralmagy ugrumda göreşip başlady. - Eger sen tebigaty, haýwanlary söýýän bolsaň, näme üçin ýylanlaryy söýmeli dälmişiň? - diýip ol geňirgenýär. Bu pikirini tassyklamak üçin ol Bathyz zapowetniginiň myhmanlaryna öz gowy görýän kepçebaşyny görkezdi: ol bir ýol bilen ýylanyň ünsüni sowup, şo bada-da onuň gulagynyň ýeňsesini gaşady. Günlerde bir gün owadan ýylan towlanjyradyda, Ýuriýniň barmagyna agyz saldy. Ýuriý ýarany synlady - ýylan emaý bilen çakyp, zäherli dişlerini ulanmandyr - şonuň üçinem Ýuriý göwnibir ýaly bolup, gürrüňini dowam etdirdi. Şondan soň ol hakda Orlow özüni ýylanlara arkaýyn çakdyrýamyş diýen myş-myş ýaýrady. Özi bolsa şol gezek kärdeşine: - Tebigat duýdurýar, ol oýun etmesiz zatlaryň bardygyny ýatlatýar - diýdi. Ol bir sellem böwrüni diňlämden soň: - Göklors bolsa beýle bolmazdy. Akyly ýylan! - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Sözüň gerdişine görä aýtsak, ol ähli ýylanlary akylly hasap etýär, şonuň üçinem ol bir töwra adam diýen ada eýe boldy. Oňa dymma, gara söýmez adam hem diýýärler. Ýöne bu gürrüňem ýylan zäheri kär etmeýän üýtgeşik adamlar baradaky myş-myşlaryň hilinden... Oňa ýylan zäheri ýöreýär, barmaklary dişiň derdinden daraw-daraw. Ýöne ol olaryň haçan bolandygyny hakydasyna getirip bilenok... Zäher almak - ýylanlaryň ýigrenýän pişesi, şonuň üçinem Ýuriý bu işi müňkin boldugyça, ýenilleşdirmäge jan etýär. Ol ynjalykdan gaçan lorsy sadaja gürläp köşeşdirýär we elektroda göýbermeli sekiz woltyň ýerine dört wolt göýberýär. Zäheriň gymmat bahaly damjalary togarlanyp gidýär... - Hany ýene bir azajyk eçil! Gowujam, ýene az-owlak takat et! Häzir gutarýas. Akyllyjam! Ýylanlardan zäher almak ýigrimi günden bir gezek geçirilýär. Özem bu işe endik edilip gidilipdir. Anyklyk, derrew baş çykarmak ýaly häsýetler öwrenilipdir, ýöne şonda-da... Mysal üçin, bir gezek şeýle waka bolupdyr, laboratoriýa stolynyň başynda onuň nämedir bir zada ünsi sowlupdyr göz açyp ýumasy salymlyk penjireden seretjek bolupdyr, ýylan üçin bolsa bu pursat ýeterlik ekeni. Ol edil barmagyny gaýnap duran gazana sokan ýaly bolupdyr. Başga bir gezek bolsa Orlow adatdakylar ýaly edip göklorsy pugta tutyp göteripdir, göklors bolsa jorapdan çykan ýaly, gowundan sypyrlyp çykypdyr we ony çakypdyr. Gan iňňe bilen deşilen ýaly deşikden iki sany inçejik çüwdürim bolup akypdyr, özem ýanan ýaly bolup, diýseň agyrypdyr. Onyň ilkinji kellesine gelen zat ýylany zybyrdadyp zyňmak bolupdyr. - Reginka ylga! Meni ýylan... Praktikaçy gyz, jadylanan ýaly, duran ýerinde doňup galypdyr. Ýylan ýere gaçany zerarly seňleläp, laboratoriýanyň polunda ýatyrdy! Özune geldigi, üstüňe zyňjakdygy görünip durdy, çakgyçy saga, sola ýalmyldaýardy... Gow taşlanýan wagtynda göklors aýratyn hem zäherli bolýar. Onsaňam ýylanlar zäherleriniň baryny birden göýbermän, bölüp-bölüp göýberýäler. gaçan zäherli dişiň üstünden baraýsaň (ýylanlar olary çalt-çaltdan çalşyp durýalar)... onda ýylan çakdy biläýmelidir. Hatda ýylanyň çapylyp aýyrlan kellesi hem howplydyr. Şol gezek ýylany onuň özi tutyp, ony yzyna, wolere özi eltipdi. Zähere garşy ulanylýan syworotkany hem aýnaly şkafdan özi çykarypdy. Diňe şondan soň özünden gidipdi. * * * Ýuriý Orlow Bathyz serpentarisihde on ýyl gowrak işledi. Baryp ilkinji möwsümde ol her ýylandan alynmaly zäheri beýleki pitomniklere görä on esse köp aldy. göýberlen ýitgi bary ýogy dört ptosente barabar boldy. Şol salymyň içinde Frunzäniň zookombintynda üç müň ýedi ýüz ýigrimi göklorsdan üç müňi öldi. Ýylan bendiligi halanok - bu öňden belli hakykat. Ýöne ol laboratoriýada özünden zäher alynanda emelsizlik edilinende ýa nädogry alynanda hem heläk bolýar. Şol bir ýylany birsyhly "sagyp" durup bolmaz ahyry. - Biz Bathyzda belli bir möhletden soň ýylanlary meýdana göýberýäris. Onsaň başgalaryny gözläp ugraýarys. Bu çylşyrymlyragam bolsa, zerur zat, sebäbi olar ýylsaýyn azalyp gidip otyr. Tebigatda göklorsdyr kepjebaşlar azalyp gidip barýarlar. Öldürlen bir kepjebaş üçin otuz manat jerime töläýmelsiň. Göklors üçin bolsa jerime ýigrimi manatdyr. Kanun bir eýäm güýje girenem bolsa, entäg-ä plana jerime slynypdyr diýibä eşdemzok. Ýylanlary gyrmaýandyrlar öýdýäňizmi? Olary ýöne-möne-de gyranoklar, müňläp gyrýalar! Ýaplaryň çöpi syrylnda, olaryň hinlerini bilgeşleýin ýok etýäler. Ýa-da suw howdana suw göýberlende, ýylanlary şahalardan başaşak asýalar, onsaň birden suw joşanda, ýylanlar gark bolýalar. Oplow gürrüňi tolgunma bilen dowam etdirýär: -Diňe bir çykalga bar olam, - rezerwasiýa. Rezerwasiýanyň tebigatyň bozulan deňagramlyllygy dikelder. Ýylanlary gös-göni tebigatyň özünde peýdalanmaly. Köpetdagyň bir ýerinde-de zapawetnik döretmeli, sebäbi göklors dag ýylany. Adamlar ýylanlara deegmeýän ýerinde ýylanlaram adamlara degip duranok. Ýylan höwürtgelerini ýok edlýän ýerleri bolan şäherlerden we çölleriň ýaşalýan ýerinden daşyrakda boljak. Beýtmesek, nesiller bizi ömür boýy ýazgararlar. Sebäbi zäher gerek, özem ýyl geldikçe köp gerek! biz entäk onuň ajaýyp häsiýetleriniň hemmejesini bilip durazok. Alymlar bu sintezlenmeýän belogy ulanmagyň täze-täze müňkünçiliklerni açýarlar. Birneme öňe seretmäni-de başarmaly. Ýuriý Orlow öňe seredýär - ol häzir kepçebaşlar bilen iş salyşýar. Ylmy laboratoriýalar diýäýmeseň, zawotlar intäk bu zäheri soranoklar (ýylan zäherniň bir gramy altynyň bir gramyndan on esse gymmat). Emma Ýuriý kepçebaşyň zäherni hem ýygnaýar. Ol: - Entek hereketsiz maýa bolsa-da, geljekde gerek bolar. Hökman gerek bolar - diýýär. Daşkentli alym Mälik Karamýan bütün ömrüne kekjebaşyň zäherini öwrendi we onuň bilen bronhial astmany (demgysmany) bejermegiň usulyny tapdy. Şonuň üçinem Orlowyň işgärleri on göklorsa bir kepçebaş tutyarlar. Geljekde gerek bolar diýýärler. - Ýene-de az-owlak tagapyl et! Şeýt, şeýt - diýip, Ýuriý ýylany köşeşdirjek bolýar. Ýylan rezin halka ýaly bolup, onuň tirseginiň daşyna çolaşypdyr. Ýuriý aşaky eňegiň gasynlyk hamyny ýuwaşlyjak bilen çekip, ýylanyň agzyny açýar. Iki sany öňe saýlanyp duran diş görünýär, Ýuriý gyzylymtyl agzyň düýbündäki mäzlere elektrodlary goýýar. Çala tok degdigi Petiriniň dury jamyna zäheriň iki sany altynlaç damjasy sadap ýaly syçyrap gitýär. Onuň her bir herekedi anyk, ýerbe-ýer, Orlowuň elleri skulptoryň elleri ýaly güýçli, nepis. Gerpetologlar zäheri bir wagtlar Pribaltikanyň gadýukalaryndan alar ekenler. Ol olara örän gymmat düşüpdir,beýle ýylanlar terrariumlarda saklanmaýan eken, säbäbi ol im bilen, mör-möçek bilen üpjün etmek müňkün bolmandyr. Soň sähra gadýukalaryny "sagyp" ugrapdyrlar. Ýöne olaryň zäheri onçakly güýçli çykmandyr. Zawotlar beýle çig maldan ýüz dönderipdirler. Şonda gadýukalaryň gunortaly garyndaşlary göklorslary tutup ugrapdyrlar. Göklorsyň zäheri has güýçlidi, özem ony has köp alsa bolýardy, çünki ol örän iri ýylandy.Pribaltika gadyukasy segsen milligrama çenli (gury görnüşde) zäher berse, göklors dört ýüz milligrama çenli zäher berýärdi. Ýuriý Orlow göklorsyň zäherini Talliniň himiki-farmasewtika zawodyna iýberýär. Zawot gymmat bahaly çig mala garaşsa, adamlar çig mala garaşýardylar. Şonuň üçinem gerpetologlar, töwekgelçilik edýärdiler. Diňe bir Ýuriý däl, eýsem bu käri saýlap alanlaryň hemmesi bagta töwekgelçilik edýärler. Olary käbiri bu meselä arkaýyn hem işjeň çemeleşse, beýlekileri Orlow ýaly alymyň hyjuwdyr sabyrlylygy bilen çemeleşýärler. * * * Eger meselä akylly-başly çemeleşilse, ýylan tutyp, zäherini almak entäk töwekgeilik däl. Sesaplylyk - gerpetolagyň galkany bolsa, tejiribe onuň sowudydyr. Töwekgellik biziň planetamyzda ýylanlardan mahrum bolmakdyr! - Kepjebaş ýylany çöllerde düýbünden diýen ýaly ýok edilipdir - diýip, Ýuriý gürrüň berýär. - Garagaýçak ýylanyň sany biýjaý azalýar. Bu owadan ýylany bizde, Türkmenistanda, Guşgy we Murgap derýalaryň boýlarynda duş gelýär. Gadymy totemleriniňbiri ýylan hasap edilýän halk onuň şekili bilen ençeme namazlyklary bezäpdir. Soň bolsa meşgur nakyla uýup, ýylanlary rehimsiz gyryp başlapdyr. Diýmek, bir wagtlar olar bu ýerde jygylda-mygyl bolansoňlar, howply bolupdyrlar-da? Ýöne ol wagtlar adamlar ýylan zäherine bolmandyrlar, onuň gymmatyna düşünmändirler. Sypaýyçylyk bilen aýdanyňda, adamlar ýylanlara şüwheli garamaklygy, has dogrusy, olary ýigrenmekligi gerpetologlary hemişe haýran galdyrýar. Ýogsam ýylanlar özboluşly owadan jandarlar ahyryn. Onsaňam olar hiç haçan adamyň üstüne ilkinji bolup topulmaýarlar, adatça, olar adamyň gelýändigini esli aralykdan duýýarlar, zoologlaryň aýdyşlary ýaly, "garynlary bilen diňleýärler", eştdiklerem gitmek bilen bolýalar. Käte başga bir çökderlik hem bolýar. Kim it bilen oňuşuk etse, başga biri öýüne krokodildir ýylan göýberen bolýar. - Bir tanşym diwanyň aşagynda göklors saklaýardy. Ýöne ol özleriniňkä degmezdi. Syçan baryny tutardy - diýip, Orlow biziň sözümizi tassyklaýar. Ýuri Orlow margirlige tötähde baş goşdy. Ýöne ol diňe käri söýmek bilen çäklenmedi. Ol ýylanlaryň durmuşyny, endiklerini hem öwrendi. Ol ýylan tutyjy, wagtlaýyn işgär bolup galyp biljek däldi, şonuň üçinem derňeýji, alym boldy. Batgyz serpentarisiniň hojaýyny boldy. Ol öz aýalyna hem süýrenijiler bilen işlemäni öwretdi, şeýlelikde aýaly onuň deňsiz-taýsyz kömekçisine öwrüldi. Ýazyna Ýuriý birgadasyny alyp, çöle ýa daga çykanda, serpentariniň ýaşaýjylaryna aýaly hossarlyk edýär. Ol her gün ir bilen hyşyldawuk sürini güneşe alyp çykýar, agşamlaryna bolsa olary sement diwarly wolerden yzyna, jaýa salýar. Bahar gijeleri çigrekli bolýar, şonuň üçinem ýylanlar düşekçäniň aşagynda dürlenip uka gitýärler... Ýuriý Orlow, onuň iş usuly köp adam gyzyklanýar, ol barada metbugatda makalalar çap edilýär. Çakymyz çak bolsa, gerpetologlar hiç biri barada, ol hakda ýazylşy ýaly, köp ýazylmandy. Ýuriý bolsa lapykeç: şunça ekzotika bolsa-da, düşünişme, kömek gerek bolýar, ýylanyň halk hojalygyna gerekdigini birsyhly agitirlemeli, subut etmeli, seýrek duş gelýän bu gymmat bahaly jandary aýawly saklamagy öwrenmeli. Ýylan zäheriniň em bolujy häsýetleri barada, onuň bu günem, adama gerek boljagy barada ýazmaly. .. Bütün durky bilen ýylana ten berip, ony jany-dil bilen söýýär. Ýuriýniň özi - üýtgeşik şahs. Onuň bilen iş barada söhbet açsaň, kepjebaş bilen göklors saňa dünýädäki iň akylly,iň hossarsyz mahluk bolup görüner, şondan soň sen hiç haçan ýylana daş atmarsyň. Wagtlaýynça Ýuriý Orlowuň kömekçisi bolup işleýän oglanlar köplenç lapykeç bolýarlar. - Bir ýylan tapýançaň,onlarça kilometr ýol sökmeli bolýar. Sabyt-tagatyň bolmasa, bu işe golaýlaşyp oturma, diňe romantikaň azlyk etýär. Bu iş bilen içkin gyzyklanýan adama bolsa öwrenmek, şu ugurdan spesialist bolmak gerek. - Orlowuň nukdaý nazary ine şeýle. Şol işlän ýylanlarynyň içinde ýylanlaryň ekologiki deňagramlylygy barada ol öz teoriýasyny işläp çykardy. Ol möwsümi "işläp" geçiren ýylanlara bellik edip, olary güýzüne meýdana göýberýär, onsaň olary ýene telim ýyldan soň tutýar. Onuň ýylanlary rezerwasiýa etmek baradaky arzyly maksady hem hasyl bolup gelýär: Köpetdag zapowetnigi döredilip, ol ýerde ýylan nesli hem berk goralýar. Orlowuň ýanyna tejribe alyşmak üçin gelip-gitýärler. Onuň iş usuly, özi bilen gyzyklanýarlar. - Meşhurlyk diýýäňizmi? - diýip, ol ajymtyl ýylgyrýar. - Men hakda dünýäň kagyzyna ýzyp çykdylar, ýöne mundan ýalana ne peýda. Nora KALNA, latyş ýazyjysy. # “Aňşyrtmaýan araçäk” Aşgabat-1982. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |