11:50 Gi de Mopassan | |
GI DE MOPASSAN (1850-1893)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
“Heý adamy durmuş hakykaty ýaly tolgundyrýan başga zat barmy?” diýip aýdan Gi de Mopassan diñe bir fransuz edebiýatynda däl eýsem dünýä edebiýatynda öz ajaýyp hekaýalary we romanlary bilen görnikli orun eýeleýar. Mopassanyň öndümli işlän 1880-nji ýyllarda fransuz edebiýatynda naturalizm akymy meşhur bolsa-da ýazyjy öz döredijiliginde Balzak, Flober ýaly realizmiň görnükli wekilleriniň däplerini dowam etdirýär. Mopassan 1850-nji ýylyň 5-nji awgustynda Fransiýanyň Normandiýa diýen welaýatynda eneden dogulýar. Ol köşk gatlagyna degişli, dworýan maşgalasyndan bolup, onuň kakasy Gýustaw de Mopassan Parižde biržada dellal-makler bolup işleýän eken. Ejesi örän bilimli, ýöne nerw keselli, gyňyr häsiýetli aýal bolupdyr. Mopassan başlangyç we orta bilim alyp, soňra Kan şäherinde hukuk fakultetine okuwa girýär, ýöne ony gutaryp ýetişmänke 1870-nji ýylda fransuz-german uruşy başlanýar. Mopassan harby gulluga çagyrylýar we soňra fransuz goşuny ýeňilip yza çekilende Mopassanyň özi hem tas ýesir düşen eken. Şeýlelik bilen, uruşdan soň Mopassan ilki deňiz ministriligine, sonra magaryf ministrliginde işläpdir. Mopassanyň durmuşynda edebiýat we sungat aýratyn orun tutupdyr. Olaryň gelim-gidimli öýune hudožnikler, ýazyjylar köp gelýän eken. Mopassan öz döredijiliginde beýan edýän wakalaryny, eserleriniň keşplerini öz töwereginde bolup geçýan hadysalardan, durmuşyň akymyndan synçylyk bilen saýlapdyr. Ol aýratynam Sena derýasynda gaýykda ýüzmäni gezelenç etmäni gowy görýän eken, ol şonda öz töweregindäki gören, eşinden zatlaryny öz eserlerinde beýan edipdir. Ir döredijilik bilen meşgullanyp başlan Mopassan köp wagtlap olary öz talapgär mugallymy Floberiň maslahat bermegi bilen çap etmändir. Mopassanyň ilkinji "Tokgaja“ atly hekaýasy 1875-nji ýylda neşir edilipdir. Ony ilkinji okap gören Gýüstaw Flober “Bu hakyky ussat ýazylan eser" diýip oňa ýokary baha beripdir. Bu hekaýanyň wakalary uruş döwründe bolup geçýär. Harby goşun ruhdan düşup öz watanyny duşmanyň eline berip yza çekilýär. Şeýle ýagdaýda Mopassan göräýmäge bir ýönekeý wakany, ýagny 10 sany ýolagçynyň Ruan şäherinden Gawra gidişini görkezýär. Ol ýolagçylar iki at goşulan üsti basyrylan paýtun-araba münüp gidýärler. Bu ýolagçylar basybalyjy nemeslerden gaçyp gitmeýärler. Olaryň diňe söwda-satyk, işewür maksatlary bar. Olar başga şähere gitmek üçin rugsat hatyny hem tanyş nemes ofiserleriniň üsti bilen alýarlar. Ýazyjy şol paýtunda gidip barýan on sany ýolagçynyň, her birine doly hasiýetnama berýär, olaryň hemmesi şäheriň "hormatlanýan“ adamlary, emma olaryň arasynda “hormatlanmaýan" gatlakdan bolan bir “Tokgaja" adyny alan “özini ýeňil alyp barýan" topardan bolan bir aýal bar. Ol aýal tötänleýin bu baý, “hormatly" adamlaryň arasyna düşse-de hekaýada ol we beýleki ýolagçylar öz aralarynda berk baglanyşykly ýagdaýa uçraýarlar. Olar ýoly bile geçmeli bolýarlar. Ýazyjy kiçijik detallaryň üsti bilen, kinaýaly äheňde bu baý ýolagçylaryň ýalan“watançylygyny“ olaryň wepasyzlygyny, ikiýüzliligini paş edýär. Emma “hormatlanmaýan" gatlaga degişli Tokgaja atly aýal ahlak wyždan we watançylyk tarapdan öz ýolagçy ýoldaşlaryndan has ýokary derejede durýar. Mopassanyň hekaýalarynda buržuaz jamgyyetiniň pula, baýlyga kowalaşyp, adamkärçiligiň unudylýandygy ussatlyk bilen görkezilýär. Bu hekaýalar möçberi boýunça uly bolmasa-da, çuň mazmuna eýedir. Şeýle hekaýalaryň biri bolan “Meniň Žýul daýym" atly eserinde baý maşgalanyň agzalary gezelençde öz garyp duşen garyndaşlaryny “tanamaýyşlary" çaganyň nukdaý nazaryndan onuň-gürrüňi bilen berilýär. Mopassanyň "Simonyň kakasy“ atly nowellada demirçi ussa Filipp Simon diýen nikasyz doglan oglanjyga beýleki çagalaryň masgaralap azar berýändigini görüp, ol oglany goramak üçin,oba adamlaryň näme diýjegine seretmän Simonyň ejesine öýlenýär. Mopassanyň esasy öndümli döredijilik ýyllary bary-ýogy on ýyl çemesi bolsa-da ol ençeme hekaýalar toplumyny we bir näçe romanlary ýazýar. Mopassanyň “Durmuş" (1883) atly romany bir päk ýürekli Žanna atly bir gyzyň durmuş ýoluny beýan edýär. Žanna ilki buthanada terbiýe alýar. Ol mekdebi gutaryp öýlerine gelensoň Žýulýen de Lamar atly baý adama durmuşa çykýar. Emma ol adam Žannany aldaýar, diňe öz egoistik aladalary bilen ýaşaýar. Žanna durmuşyň dürli kynçylyklaryna duçar bolup, ruhdan düşüp lapykeç bolýar. Emma onyň Rozali atly hyzmatkäri oňa kömek edip, ony doly garyp düşmekden halas edýär. Mopassan “Eziz dost" (1885) “Ölüm ýaly güýçli" (1889) “Biziň ýüregimiz”, “Pýer we Žan" (1887) ýaly romanlary fransuz jemgyýetiniň durmuşynyň maşgala, söygi, adamlaryň ahlaksyzlygy ýaly temalaryň hem-de olaryň pul, wezipe üçin wyždanyny satyşyny görkezýär. • "Eziz dost“ ("Bel Ami“, 1885) romany Mopassan bu romanynda päk ýurekli adamlary aldap, olaryň durmuşyna ýamanlyk, azgynçylyk getirýan adamyň keşbini suratlandyrýar. Bu eser sosial tankydy häsiýetli roman bolup, onda ýönekeý hiç bir aýratyn zehini bolmadyk, diňe özi barada pikir edip, beýleki adamlary rehimsizlik bilen öz bähbidi üçin ulanýan Žorž Dýurua barada gürrüň berilýar. Dýurua gelip çykyşy boýunça obada,daýhan maşgalasynda önüp-ösüp, ulalan adam, Afrikada fransuz goşunynyň hatarynda gulluk edýar. Harby gullukdan boşap Pariže gelende jübüsinde şäherde ýaşar ýaly puly galmaýar. Ol öz galanja pullaryny hasaplap: "Şu gün ýigrimi sekizinji iýun; aýyň birine çenli özüniň on frank kyrk santim puly galýar. Bu bolsa iki gezek günortanlyk nahar, hiç hili ertirlik nahar edinmeli däldigini, ýa-da iki gezek ertirlik edinip, günortan hiç zat iýmelli däldigini aňladýar" diýip, içini gepledip köpügini sanaýan Dýurua iş gözlejek, gazanç etjek bolup alada etmeýär. Tersine, duşundan geçip barýan, özüni ýeňles alyp barýan aýllary synlap, olara hyrydar göz bilen seredýär. Onuň Afrikada gullukda geçiren iki ýyly ýadyna düşýar. Ol araplary kör-köpuksiz goýup talaýşy ýadyna düşýar. Ol uled-alan diýen taýpadan bolan üç sany araby öldürip "ýigrimi towuk, iki goýun, gyzyl, ondan başga-da olara ýarym ýyllap gülere zat bolandygyny" ýatlaýar. Emma Parižde beýle zatlary edip bolmaýandygyny Dýurua ahmyr bilen boýun alýar. Tötänleýin Forestýe atly bir wagtky köne dostuna duş gelip, onuň teklibine eýerip, žurnalist bolup gazete işe ýerleşýär, emma Dýurua gazede makala ýazmakdan başy çykyşmaýar. Oňa Forestýaniň aýaly Madlena makala ýazmaga kömek edýar. Emma şol bir wagtda Dýurua wagtyny ýititrmeýär. Ol Madlenanyň ýanyna "iň gowy we iň ýakyn dosty“ graf de Wodrek diýen çal saçly, baý adamyň gelýandigi görüp, ol Madlenanyň jorasy hanym de Marel bilen tanyşýar.Hanym de Mareliň äri Demirgazyk demir ýolunda barlagçy bolup işleýär. Ol her aýda bir hepde öýunde bolýar. Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, Dýurua hanym de Mareliň ýygy-ýygydan öýune barýar. Hanym de Mareliň Lorina atly kiçijik gyzy Dýuruany gowy görüp ejesi ýaly oňa "Eziz dost“ diýip ýüzlenýär. Soňabaka Dýuruany tanaýan zenanlar руь oňa şol lakam bilen ýüzlenýärler. Dýuruanyň we hanym de Mareliň duşusyklary ýygylaşýar.Hanym Klotilda de Marel hiç hili päsgelçiliksiz Dýurua bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durmak üçin ýörite kireýne iki otagly jaý tutýar. Onuň kireý puluny-da özi töleýär. Olar restoranlara bile barýarlar. Ýöne bar harajatlary Dýurua hanym Klotieda de Mareliň gapjygyndan töleýär. Dýurua dosty Forestýeniň aýaly Madlenany hem ýatdan çykarmaýar. Madlena öňa wagtal-wagtal kömek edýar. Hanym de Mareliň Madlena barada: "Kim durmuşda üstünlik gazanjak bolsa ol hakyky hazyna" diýen sözlerini berk ýatda saklap Dýurua Madlena bilen aragatnaşyk saklap, onuň äri aradan çykansoň azajyk wagtdan soň olar nikalaşýarlar. Dýurua özüniň adyny ikä bölüp özüne "Dýu Rua de Kantel“ diýen dworýan adyny alýar. Dýurua öýlenenden soň hem onuň beýleki zenanlar bilen söýgi gatnaşyklary dowam edýar. Žorž Dýurua hanym Wirginiýa Walter bilen hem arany sazlaýar, sebäbi oňa ýokary gatlaga aralaşmak gerek. Hanym Waltertä tabyda gitýänçem seniňki" diýip Dýuruany söýýär,emma Žorž Dýurua ondan sowaşyp,onuň gyzy Sýuzanna bilen ysnyşýar. Soňra hanym Walterden ýüz öwrüp, aýalyny-da taşlap baý finansist, işewür "Fransuz durmuşy“ gazetiniň başlygy, neşir edijisi jenap Walteriň gyzy Sýuzanna Waltere öýlenýar. Romanda Mopassan Žorž Dýuruanyň azgyn, ahlaksyz adamdygyny dürli ýagdaýlarda açyp görkezýar. Ol hiç kime wepaly däl. Onuň üçin hiç hili mukaddes zat ýok, ol ähli adamlary diňe öz şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin ulanýar, ol barypýatan egoist. Tutuş romanda Mopassan adamlaryň öz söýgi islegleri, instinktleri bilen ýaşaýan-dyklaryny görkezýar. Gahrymanlaryň ruhy dünýasi garyp, olar belent maksatlar, ideýalar üçin göreşmeýarler. Hanym de Marel, Madlena aslynda örän zehinli, ukyply, adamkärçilikli aýallar, ýöne olar maddy bähbitler esasynda baglaşylan nikanyň ýesiri bolup, şol maşgalanyň şatlyksyz durmuşyndan gaçyp, gapdaldan söýgi gözleýarler. Žorž Dýurua bu ýagdaýdan ussatlyk bilen peýdalanyp olaryň hasabyna ýaşaýar, wezipe, hökümet sylaglaryny alýar, ýokary baý gatlaga aralaşýar. Öz baran ýerinde azgynçylygy, ahlaksyzlygy döredýar. Ýazyjy söwda-satyk, pula, wezipä kowalasýan buržuaz jemgyýetinde ýönekeý, hakyky adamkärçilik gatnaşyklarynyň bozulmagynyň adamlaryň durmuşynda ruhy boşlugy döredýandigini we olaryň haýwan instinktlerini oýarýandygyny görkezýar. Gi de Mopassan 43 ýaşynda, agyr, psihiki taýdan keselläp 1893-nji ýylyň 6-njy iýulynda keselhanada aradan çykýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |