10:42 Oturgyç örüji zenan / hekaýa | |
OTURGYÇ ÖRÜJI ZENAN
Hekaýalar
Bu gürrüň aw möwsüminiň açylan güni markiz de Bertranyň öýünde, günortanlyk naharynyň ahyrynda bolup geçdi. Üstünde miweli mejimeler goýlup, ter güller bilen bezelen, ýiti yşyk düşýän stoluň başynda on bir awçy, sekiz ýaş zenan hem-de ýerli lukman otyrdy. Stoluň başynda «Hakyky söýgi duýgusy ynsan kalbynda diňe birje ýola döreýärmikä ýa-da birnäçe gezek gaýtalanyp hem bilýärmikä?» diýen, lenç edilen pikir barada jedel gyzygypdy. Ömründe diňe bir gezek gursagynda hakyky yşk ody alawlan adamlar barada, soňra birnäçe gezek däli-porhan bolup söýüp görenler hakda mysallar getirildi. Erkekleriň köpüsi bu joşgunly duýgynyň edil agyr dert dek, bir adamyň başyna ençeme sapar inmeginiň mümkindigini we onuň öňünden çykan islendik päsgelçiligi ýok etmäge ukyplydygyny, söýgüsiniň jogapsyz galan ýagdaýynda, hatda ynsany öz janyna kast etmek hetdine-de ýetirip bilýändigini tekrarladylar. Bu pikir hiç kimde şübhe döretmedigem bolsa, dogrusy, pikirleri durmuş tejribesine däl-de, şygryýete esaslanýan zenanlar söýginiň duýgularyň içinde iň beýigidigi, çyn söýginiň adam ömründe diňe birje gezek döräp bilýändigini onuň, göýä, ýyldyrym ýaly, ynsan kalbyny köýdürip taşlaýan bir gudratdygy, ondan soň gaýdyp hiç hili güýçli duýgynyň, hatda söýginiň kölgesiniňem ynsan kalbynda ýaňadan döräp bilmeýändigi baradaky pelsepäni öňe sürdüler. Öz ömründe nijeme gezek söýmäge ýetişen markiz ganygyzgynlyk bilen bu pikiri inkär etdi: — Ynanaýyň, bütin düýrmegiň bilen söýgä aňyňy aldyryp, birnäçe gezek söýmek gaty mümkin zat eken. Siz bu keramatly duýgynyň gaýtalanmasyzdygyna subutnama hökmünde öz janyna kast edenler hakda dürli delilleri getirdiňiz. Men size aýdaýyn, öz janyňdan el üzmek — akmaklyk ahyry! Eger-de olar öz duýgularyna erk edip bilen bolsady, onda hem-ä diri galardylar, hemem yşk ataşy olaryň galan ömründe ýene-de birnäçe gezek alawlap, tämiz söýgi ummanynda erkana ýüzerdiler! Söýgä ilgezik kişiler edil arakhor ýalydyr: kim içen bolsa — ýene-de içer, kim söýen bolsa — ýene-de söýer. Hyjuw adamyň üstünden höküm sürýär. Araçy hökmünde gelip çykyşy boýunça parižli, ýöne bir wagtlar bu ýere göçüp gelip, ymykly mesgen tutan ýerli goja lukmandan çekeleşikli meseläni çözüp bermegi haýyş etdiler. Ol bu babatda özünde anyk bir pikiriň ýokdugyny ýaňzytdy: — Markiz bir zady rast aýdýar: ähli zat bu duýgynyň näderejede güýçlüdigine bagly. Ýöne men elli bäş ýyllap dowam ede-ede, ölüm sebäpli arasy üzülen bir päk söýginiň taryhyny bilýärin. Markiziň aýaly elini çarpyp: — Gör, nähili ajaýyp! Beýle söýgini biz ýüzümize sylmaly! Elli bäş ýyllap bu başbermezek duýga bütin durkuny berip, onuň bendiliginde bolmak! Jandan eý görlüp söýlen bagtly kişi kimkä? Kim bolaýanda-da ol adam öz ykbalyna ölinçä minnetdar bolaýmaly! — diýdi. Lukman ýylgyrdy: — Siz dogry aýdýaňyz! Şeýle söýgä mynasyp bolan, dogrudanam, erkek kişi. Ol jenap Şuke — biziň dermanhanaçymyz, siz ony bilýänsiňiz ahyry! Aýalam tanaýansyňyz, ol oturgyç örüji garry aýal, bu töwereklere her ýyl gelerdi. Rugsat berseňiz, häzir hemmesini jikme-jik gürrüň bereýin. Lukman aýalyň adyny agzanyndan, oturanlar birhili boldular. Olaryň pikiriçe, beýle beýik duýgyny ömürboýy kalbynda göterip biljek zenan hökmany suratda jemgyýetiň abraýly we asylzada wekili bolaýmalydy. Goja gürrüňini dowam etdi: — Üç aý mundan ozal meni şol garry aýalyň ýanyna çagyrdylar. Ol ölüm ýassygynda ýatan eken. Ol bu ýere öz ýatyp-turýan arabasynda gelipdi, arabany lagar düşen garry ýaby çekýärdi. Siz ony ençeme gezek görensiňizem-le: hemişe arabanyň gapdaly bilen seňkildäp ýören iki sany iti kempiriň iň ýakyn dostlary we goragçylarydy. Men baranymda, eýýäm onuň başujunda ýerli ruhany otyrdy. Ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny duýan kempir özüniň soňky wesýetlerini, haýyşlaryny aýtmak hem-de olaryň sebäpleriniň düşnükli bolmagy üçin özüniň ömür beýanyny gürrüň bermek maksady bilen ygtybarly we ynamdar adamlar hökmünde bizi ýörite çagyran eken. Munuň ýaly täsin we ýürek awadyjy wakany öň hiç wagt görmändimem, eşitmändimem... — Onuň ata-enesi hem bellibir ýerde mekan tutman, obama-oba gezip, şu kesp bilen güzeran görüpdirler — diýip, goja lukman hekaýatynyň yzyny ýetirdi. — Çagaka ol hapa, sal-sal, bit-büreli eşikli, eleşan sypatda ata-enesiniň ýany bilen ygyp ýörüpdir. Bu maşgala obadan üzňeräkde, akar suwuň boýunda goş basypdyr. Ýükden boşan ýabylary bolsa, şol töwereklerde öz peýwagtyna otlap ýörer eken. Itleri bolsa kellesini garysyna goýup, şo-ol irkiler ýatarmyşyn. Gyzjagaz otuň üstünde agynap, ýaýnap oýnasa, ata-enesi ýoluň ýakasyndaky gyrymsy agaçlaryň aşagynda oturyp, il-günden ýygnanan köne oturgyçlary bejeripdirler. Bu tigirli öýüň — arabanyň ýaşaýjylary örän az sözli bolupdyr, «Oturgyç örýäris hem bejerýäris!» diýip, oba aýlanmak gezeginiň kimiňkidigi baradaky meseläni gysgaça çözüp, dessine öz işlerine girişýän ekenler. Gyzjagaz käwagtlar obadaky çagalar bilen oýnamaga gaçyp gidýär eken, emma az salymdan kakasynyň: «Dolan yzyňa, bedasyl!» diýen azmly sesini eşidermişin. Gyzjagaz biraz ulalan badyna, ony oba içine aýlanyp, bejergä mätäç oturgyçlary ýygnamaga ugradypdyrlar. Obany syryp ýörşüne, ol ýerli oglanjyklar bilen tanşypdyr, emma onuň täze tanyşlarynyň hossarlary: — Hany, bärik gel derrew! Indiden beýläk şol myrtaryny aşyryp ýören ykmanda bilen oýnap ýöreniňi göräýsem, temmiňi alarsyň — diýip, çagalaryna käýýär ekenler. Soňabaka çagalar ony gören ýerlerinde kesekläp, kowup ugrapdyrlar. Käteler bolsa käbir baý aýallaryň rehimi inip, oňa birnäçe su1 beripdir, gyzjagaz bolsa olary berk gizleýän eken. Bir gezek, ol on bir ýaşlaryndaka, şu töwereklerde aýlanyp ýörkä gonamçylygyň gapdalynda burça gysylyp, sojap aglap oturan Şuke atly oglanjyga gözi düşüpdir; deň-duşlarynyň biri onuň elinden iki liardyny2 gaňryp alan bolsa nätjek? Pukara gyzjagazyň göwnüne, hemişe bolçulykda ýaşap ýören dermanhanaçynyň kakabaşja oguljygynyň ýaňaklaryndan syrygýan gözýaşlar şeýlebir geň we ýürek awadyjy bolup görnüpdir. Gyzjagaz golaý baryp, onuň aglamagynyň sebäbini anyklanyndan soň, özüniň ählije baýlygyny — ýedi suny nädip oňa uzadanynam duýman galypdyr. Elbetde, kiçijik oglanjyk puly höwesjeň alypdyr. Gyzjagaz bolsa muňa gaty begenip, birdenkä ekezlenip, onuň ýaňagyndan çalaja öpüp goýberýär. Elindäki şaýlyklary dykgat bilen synlap duran oglanjyk oňa garşylygam görkezmändir. Hemişeki ýaly igençden, köteklerden ýüregi suwlanan gyzjagaz ony gaýtadan gujaklap, ykjam ogşapdyr-da, gaçyp gidipdir. Şonda betbagt ykmandajygyň kalbynda nähili harasat gopduka? Onda bu düşnüksiz, emma ýüregiňi ezip barýan şeýle lezzetli duýgy näme sebäpli döredikä? Belki-de, özüniň barja gözgyny baýlygyny oňa dözeni üçindir? Belki-de, öz ilkinji posasyny bagyşlany üçindir? Söýginiň syrly alamatlary çaganyňam, ulynyňam ýüreginde deň derejede, şol bir güýç, şol bir joşgun bilen döreýär. Ol ilkinji söýgi duýgusynyň döremegine sebäp bolan şol oglanjygy ýene birje ýola görmek hakda birnäçe aýlap arzuw edip gezipdir. Bu umydy bilen ol ata-enesinden az-azdan pul ogurlap başlapdyr: käte oturgyç örmekden, bejermekden pul görüpdir, käte bolsa, dükandan haryt satyn alanda, gaýtargy berlen şaýylyklary öz jübüsine urupdyr. Haçan-da, ýaňadan bu oba gelende onuň eýýäm tutuş iki frank3 puly bar eken. Emma ol barly dermanhanaçynyň titije, tämizje ogluny käte diňe dermanhananyň penjiresinden görüp biler eken. Gyzjagazyň ony ýakyndan göresi gelip, hut ýüregi üzülip barýar diýýär. Ol gije-gündiz Şuke baradaky şirin ýatlamalar bilen ýaşapdyr. Bir ýyldan soň bu heserli duýgynyň joşgunyndan ýaňa mekdebiň ýanynda, onuň öz deň-duşlary bilen haýsydyr bir oýna gyzygyp ýörenini görüp, gyzjagaz oňa tarap topulyp barypdyr-da, ony garsa gujaklap, ykjam öpüpdir. Oglan gorkup gygyrypdyr, gyzjagaz bolsa ony rahatlandyrmak üçin ýene-de özüniň barja puluny — üç frankyny we ýigrimi santimini4 beripdir. Oglan garbap alypdyr-da, uzak wagtlap, gözlerini petredip, pula seredip durupdyr, soň bolsa, oňa özüni isledigiçe söýmäge garşy bolubam durmandyr. Dört ýyllap gyz öz ähli ýygnanja puluny oňa yzygiderli berip durupdyr, Şuke bolsa göwnübir ýaly, olary alyp, her gezekde özüni öpmäge «jomartlyk» bilen ygtyýar beripdir. Käte gyz oňa otuz su, kä iki frank, käte-de diňe ony iki su (şonda gyz gynanmakdan we utanmakdan ýaňa aglapdyr, sebäbi şol ýyl gazanç etmek gaty hyllalla bolan eken) berip bilipdir. Soňky gezek işleri şeýlebir oňuna bolupdyr welin, gyz oňa tutuş bäş frank getirip beripdir. Ullakan tegelek şaýylygy görüp, şatlykdan ýaňa Şukeniň gözleri şaýylykdanam beter ýyldyrap gidipdir. Gyzyň ähli oý-pikiri öz aşygy hakda bolupdyr, oglana sabyrsyzlyk bilen garaşyp, gelýänine gözi düşen badyna oňa tarap ylgapdyr. Şeýle pursatlarda gyzyň ýüregi çalt-çalt urup, agzyndan çykara geler eken. Birdenem Şuke nirädir bir ýere gürüm-jürüm bolupdyr. Görlüp oturylsa, ata-enesi ony şähere kolleje okuwa iberipdirler. Gyz muny aşaklykdan sorap-idäp anyklapdyr. Ol dürli hileler bilen oglanyň tomusky dynç alşyna geljek wagtyny peýläp, ata-enesiniň ýolunyň şu ýere düşmegini gazanypdyr. Ýöne ol munuň üçin uzak wagtlap özboluşly mekirlik etmäge özüni mejbur edipdir. Onuň Şukeni görmänine iki ýyl dagy bolupdyr. Haçan-da, ony görende, gyz öz gözlerine ynanmandyr — ol öňküden görklenipdir, egni altyn ilikli penjekli, epeý ýigit bolup ýetişipdir. Ýigit gyzy, göýä, ömründe birinji gezek görýän dek, gapdalyndan tumşugyny göge tutup geçip gidiberipdir. Bu sebäpli gyz iki günläp dynman aglapdyr, onuň çekýän hasratynyň çaky-çeni bolmandyr. Gyz her ýyl bu ýere gelipdir we birnäçe gezek ýigide pete-pet gabat gelse-de, oňa salam bermäge milt edip bilmändir. Şuke bolsa, oňa ýeke gezegem nazar salmandyr. Gyz akylyny ýitiren dek, ony has-da eý görüp başlapdyr. — Meň üçin jahanda diňe şol ýaşaýardy, başga hiç kim gözüme-de görünmeýärdi — diýende, kempiriň ýaňaklaryndan syrygýan ajy gözýaşlar ýassyga siňip gidýärdi — diýip, goja lukman gürrüňini dowam etdi. — Gyzyň ata-enesi dünýelerini täzelänsoňlar, olaryň kesbini gyzyň özi dowam etdiripdir. Şol öňki agyr güzeran, birmeňzeş bimany günler yzly-yzyna ötüberipdir. Diňe bir üýtgeşiklik — gyz bir itiň deregine, ýene iki sany daýaw it tutunypdyr. Nobatdaky sapar ýüreginiň hemişe atygsap duran şol obasyna gelende, ol Şukeniň bir ýaş zenan bilen goltuklaşyp, dermanhanadan çykyp barýanyny görüpdir. Ah, ol öýlenen bolsa nätjek! Agşamara gyz häkimligiň öňündäki meýdançada ýerleşýän howza özüni taşlapdyr. Emma meýhanadan giçlik çykyp gelýän bir serhoş ony suwdan çykaryp, dermanhana eltipdir. Şuke haladyny geýip, aşaky gata düşüpdir, soňra ony tanamadyk bolup, däri-derman bilen tiz lukmançylyk kömegini beripdir, yzyndanam: — Siz, näme, akylyňyzdan azaşdyňyzmy?! Janyňyza haýpyňyz gelsin ahyry! —diýip, guraksy dillenipdir. Bu sözler gyzy huşuna getiripdir. Ol bu bagtly pursady uzak wagtlap ýadynda saklapdyr. Gyz erjellik bilen haýyş etse-de, dermanhanaçy öz hyzmaty üçin ondan pul almak islemändir. Şeýdip, ýene aý-günler, ýyllar ötüpdir. Ol Şukeni arzuwlap, oturgyç bejermegini dowam edipdir. Ýigidiň didaryny şol öňküsi ýaly dermanhananyň penjiresinden käte bir görüp gaýdypdyr. Oňa ýene-de pul bermek hem-de ýakyndan görmek, gürleşmek üçin birsyhly derman baryny satyn alyp gider eken. Başda aýdyşym ýaly, ol biçäre şu baharda ýogaldy. Ölmezinden öň özüniň jogapsyz galan bu gussaly söýgüsini jikme-jik gürrüň berdi we ýigide bermek üçin, onuň öz aýdyşy ýaly «diňe şoň üçin» her bir gazanjyny tygşytlap, köplenç, aç-horluga döz gelipdir. «Belki, iň bolmanda ölenimden soň meni ýatlar» diýen umyt bilen ömürboýy ýygnan ähli baýlygyny — iki müň üç ýüz ýigrimi ýedi frankyny maňa gowşurdy. Men ol jan berenden soň, ýigrimi ýedi frankyny onuň jaýlaýyş dabarasyna harçlamak üçin ruhana berdim. Ertesi gün galan iki müň üç ýüz franky aldym-da, Şukelere bardym. Dürli dermanlaryň ysy ornaşyp giden otagda gaty badyhowa görünýän, ýüzleri jozzuk ýaly är-aýal stoluň başynda biri-birine garşylyklaýyn oturyp, çym-gyzyl bolşup, ertirlik naharyny edinip oturan ekenler. Maňa oturmagy mürähet etdiler, özüme uzadylan ülje şiresini aldym-da, ondan owurtlap durşuma, içimden: «Meniň ýürek gyýyjy hekaýatym olaryň ýüregini paralamasa ýagşydyr?» diýen pikir bilen, tolguna-tolguna söze başladym. Şuke özüni şu töwerekde ygyp ýören bir garamaňlaý oturgyç örüji gyzyň söýendigine düşünen badyna gazap bilen, zöwwe ýerinden galdy. Özüni ýokary jemgyýetiň wekilleriniň arasynda kemsidilen hasap etdi: ykmanda gyz onuň iň gymmatly zadyny — çirksiz abraýyny ýere çalypdyr ahyry! Onuň aýaly hem gahardan ýaňa dili tutulan dek diňe: «Ah, sen bihaýa, ah, sen eleşan!» diýip, şol bir aýdanyny gaýtalaýardy. Şuke epeý-epeý ädimläp, otagyň içinde eýläk-beýläk ýöräp başlady. Gadamlarynyň sarsgynyndan ýaňa onuň üçburç başbagy bir gulagynyň üstüne gyşarypdy. Ol burnuna salyp: — Nähili görýäňiz-ä, lukman?! Bäý-bä, uly betbagtçylyk bolaýypdyr-ow! Gaty gynanaýdym-aý! Indi men näme etmeli? Wah, bu zatlary ol dirikä bilen bolsadym! Men ony tutdurardym! Siz ynanaýyň, gaýdyp çykmaz ýaly edibem, tussaghana basdyrardym! — diýip hüňürdedi. Geň galmakdan ýaňa aňk bolup galypdyryn: meniň hoşniýetli, inçe duýgulara beslenen araçyllyk wezipäm garaşylmadyk netijeleri berdi duruberdi. Mundan soň özümi nähili alyp barjagymy bilmedim. Her niçigem bolsa, özüme ynanylan tabşyrygy ahyryna çenli berjaý etmelidim. Şonuň üçinem: — Ol betbagt ölmeziniň öň ýanynda ömürboýy eleşan eşikli, obama-oba aýlanyp, oturgyç bejerip, gazanan barja baýlygyny — iki müň üç ýüz franky size gowşurmagy wesýet edipdi. Ýöne, näme, meniň beren gürrüňim size beýle kemsidiji täsir eden bolsa, bulary gowusy, garyp-gasarlara sadaka paýlasaňyz göwnejaý bolarmyka diýip, pikir edýärin... — diýdim. Dermanhanaçy bilen aýaly aljyraşyp, müýnli görnüşde maňa sessiz garap durdular. Men jübümden gapy-gapy gezilip ýygnalan garym-gatym, altyndyr mis şaýylyklary çykardym. — Hawa, indi näme etsek diýýäňiz? Ilki bilen hanym Şuke: — Aý, näme, bu bir ol görgülijigiň iň soňky islegi bolýan bolsa!.. Ondan ýüz döndermek gelşiksiz we rehimsizlik bolar ahyryn— diýip dillendi. Jenap Şuke bolsa: — Bujagaz pula çagalarymyza bir zatjagaz alyp beräýsegem bolardy — diýip, aladaly dillendi. — Keýpiňiz kelläňizde — diýip, guraksy gepledim. — Bolýar-da, beýle tabşyryk beren bolsa, alajymyz ýok, alaýmaly bor-da. Biz ony hoşniýetli maksatlar üçin harç ederis. Men pullary onuň eline tutdurdym-da, baş egip, çykyp gaýtdym. Şol günüň ertesi jenap Şuke ýanyma geldi-de, aýgyt bilen: — Ol... neme... şol aýdýan aýalyňyz öz ýaşan arabasynam şu ýerde goýan eken! Onuň size gerek ýeri barmy? — diýip, maňa ýüzlendi. — Maňa-ha zerurlygy ýok. Eger derdiňize ýarar öýtseňiz alyp bilersiňiz. — Örän gowy, onda alaýyn, bakjamda garawul jaýy hökmünde ulanmakçy. Ol yzyna öwrülip, gitmekçi bolanda: — Ol aýaldan bir lagar düşen garry ýaby bilen iki sany item galypdy, gerek bolsa, olaram alaýyň — diýdim. Şuke ýüzüme geň galyjylyk bilen seretdi-de: — Ýok-la, ony başyma ýapaýynmy? Kime beresiňiz gelse, şoňa beriň! — diýip, ýüzüni gamaşdyrdy. Soňra Şuke çyny bilen hahahaýlap güldi. Ol hoşlaşmak üçin elini uzatdy, menem elini gysdym. Nätjek-dä, lukman bilen dermanhanaçy birek-birege raýdaş bolmaly bolýar-da! Men itleri özüme alyp galdym. Ýabyny bolsa ruhany aldy. Häzir ony howlusynda saklaýar. Araba jenap Şukäniň bakjasynda garawul jaýyna öwrüldi. Şukeler merhumyň özlerine galdyran puluna demir ýol şereketiniň bäş paýnamasyny satyn aldylar... — Ine, meniň ömrümde gabat gelen ýeke-täk hakyky söýgi hakyndaky hekaýatym-a şundan ybarat, gadyrdanlar — diýdi-de, garry lukman dymdy. Gözleriniň owasy ýaşdan pürepür dolan markiziň aýaly uludan bir dem alyp: — Elbetde, şeýdip söýmegi zenanlar, diňe zenanlar başarýandyr... — diýdi. 1Su – Fransiýanyň gadymy şaýy. 2Liard – pul birligi. 3Frank – pul birligi. 4Santim – ownuk pul birligi. Gi de MOPASSAN. Terjime eden: Gylyç ANNAGURDOW. "Dünýä edebiýaty" žurnaly. | |
|
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||