09:01 Giñdir dünýä, geñdir dünýä | |
GIÑDIR DÜNÝÄ, GEÑDIR DÜNÝÄ
Geň-taňsy wakalar
(Çalt okamaklygyñ syrlary) Hünärmenler adamyñ beýnisi bilen gözüniñ arasyndaky arabaglanyşygyñ ýokary depgindäki hyzmatdaşlygy netijesinde çalt okaýanlaryñ okan zadyna düşünýändigini tassykladylar. Olar bu meseläni şeýle beýan edýärler: ''Göz bilen gözüñ bir bakyşda görýän sözleriniñ arasyndaly burça ''Görüş burçy'' diýilýär. Görüş burçunyñ sahypadaky görüş ýagdaýy ellips şeklindedir. Ol ''işjeñ görüş meýdany'' diýlip atlandyrylýar. Göz duran pursadynda okaýar. Şol wagtky gören ähli maglumatlaryny fotoenjam ýaly surata düşürip, beýnä iberýär. Bu sekundyñ ýüzden bir böleginde amala aşýar. Ýöne geñ zat, gözüñ görüş tizligi beýniniñ işleýşinden pesdir. Şonuñ üçin gözüñ iberýän maglumatlaryny beýni bada-bat kabul edýär. Okaýan wagtyñ ünsüñi başga ýana sowýanlygyñ-da şol sebäplidir. Çalt okamak adamyñ ünsüni bir ýere jemleýär. Şonuñ üçin okan sözlerimizi täzeden okaman, tiz wagtyñ içinde onuñ manysyna düşünip bilýäris. Taýýarlan: Bahargül HANBERDIÝEWA. ''Nebit-gaz'' 21.01.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||