00:51 "Gitleri men ýakdym!" |
"GITLERI MEN ÝAKDYM!"
Otstawkadaky podpolkownik Gumenýuk 1970-nji ýylda Brežnewiñ ýörite görkezmesi bilen Gitleriñ jesedini ýakandygyny aýtdy. Ol jesediñ külleriniñ saklanýan ýerini bolsa "nasistler zyýarat etmeginden" howatyrlanyp hiç kime aýdanok.
SSSR-iñ gizlin gullugynyñ (KGB) öñki işgäri, otstawkadaky podpolkownik Wladimir Gumenýuk ölümi häli-häzirem näbelliligine galýan nasist lideri Adolf Gitler bilen baglanyşykly dünýäniñ ýakyn taryhyny aýdyñlatjak beýannamalar bilen çykyş etdi.
Şol wagtky gulluk wezipesini "Sowet esgerleri tarapyndan Adolf Gitleriñ, onuñ aýaly Ýewa Braunyñ we Wagyz-nesihat işleri boýunça ministri Žozef Gebbelsiñ Magdeburg şäherinde ýarsy ýanyk ýagdaýda gömülen jesetlerini gorap saklaýardyk" diýip gürrüñ beren köne çekist 1970-nji ýylda sowet hökümetiniñ görkezmesi bilen taryhy galyndylaryñ ählisini ýakandygyny mälim etdi.
"1970-nji ýylyñ 4-nji aprelinde SSSR-iñ şol wagtky ýolbaşçysy Leonid Brežnewden alan gizlin görkezmä eýerip galyndylaryñ saklanýan gutusyny gömülen ýerinden çykaryp derýanyñ boýuna äkitdik we üstüne benzin döküp ýakdyk" diýen Gumenýuk neo-nasistleriñ ol ýeri "zyýaratgähe" öwürmelerinden çekinýändigi üçin külleri nirä sepeländigini aýtmakdan gaça durdy.
"Men bu syr bilen bile mazara girerin" diýýän ýetmiş üç ýaşly Gumenýuk "Brežnew jesedi näme üçin ýakdyrdy?" diýen sowala "Sebitde alnyp baryljak gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda jesetleriñ orta çykmagyndan gorkýardy" diýip jogap berdi.
# Sabah_2010
Taryhy makalalar
|
Категория: Taryhy makalalar |
Просмотров: 725 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary