21:03 Gitleriñ meýdini ýakan adam: Martin Borman | |
GITLERIÑ MEÝDINI ÝAKAN ADAM... NASISTLERIÑ IKINJI BELGILI ADAMY BORMANYÑ KYSSASY
Taryhy makalalar
Adolf Gitleriñ duşuşyklarynyñ wagtyny kesgitlän, howpsuzlygyny üpjün eden we birnäçe buýrugyny hut özi ýerine ýetiren, öz janyna kast eden Gitleriñ jesedini ýakan we şol günden soñ ýitirim bolan, nemes faşistleriniñ ikinji belgili adamy: Martin Borman Borman Gitleriñ Nemes işçileriniñ Nasional-Sosialistik partiýasynda işleýän Rudolf Hessiñ kömekçisi bolup syýasata girdi. Rudolf Hess şol döwürde Gitleriñ orunbasary bolup işleýärdi. 1943-nji ýylda Gitleriñ ýörite sekretary wezipesine bellenen Martin Borman Nasistik işçiler partiýasynyñ ähli işlerini dolandyrýan adama öwrüldi. Nasistik işçiler partiýasynyñ ähli jogapkärçiligini boýnuna alan Borman kän belli bolmasa-da, Gitlerden soñ Faşistik Germaniýanyñ iñ möhüm ikinji adamy bolup öñe çykýar. Iş başyna gelen badyna Gitleriñ diplomatik duşuşyklaryny gurnamak bilen meşgullanan Borman soñabaka ganly buýruklaryñ birnäçesini hut özi ýerine ýetirdi. Borman Gitleriñ orunbasary bolup işlän döwründe slawýan halklarynyñ we jöhitleriñ zawod-fabriklerdäki işleýişlerine gözegçilik etdi. Nasistik konslagerleriniñ başynda duranam ýene şol Martin Bormandy. • Gitleriñ jesedini ýakyp gaçdy 1945-nji ýylyñ ýanwar aýynyñ ortalarynda sowet goşunynyñ öñe süýşmeginiñ netijesinde Gitler orunbasarlarynda Adolf Eýhman we birnäçe ýokary wezipeli diplomat bilen Berliniñ adybelli ýerasty gaçybatalgasyna (Führerbunker) ýerleşdi. 1945-nji ýylyñ 30-njy aprelinde Gitleriñ öz janyna kast etmeginden soñ gaçybatalgadan çykan Martin Borman sowet esgerleriniñ eline düşmejek bolup Berlinden gaçmaga synanyşdy. Nemes serhedinden aşan Borman şol döwür iñ köp gözlenýän nasist liderleriniñ biridi. Käbir taryhçylar öz janyna kast edenden soñ Gitleriñ jesedini ýakan adamyñ Bormandygyny aýdýar. • Ölenden soñ garşysyna "ölüm jezasy" hökümi çykaryldy 1945-nji ýylda Nuremberg tribunalynda birnäçe nasist sud edildi. Sud mejlisinde Bormannyñ ölendigi hakda maglumat bardy. Ýöne käbir çaklamalar onuñ goñşy ýurtlaryñ birine gaçandygyny öñe sürýärdi. Nýurnberg tribunaly 1945-nji ýylyñ noýabr aýynda bolan sud mejlisinde adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanýan Bormanny dardan asyp öldürmegiñ hökümini çykardy. Muña garamazdan Bormanny gören-eşiden bolmady. "Mossad" ýaly birnäçe halkara kontrrazwedka gulluklary Argentinada geçirilen operasiýalaryñ birinde Bormana iñ ýakyn adamlardan Adolf Eýhmany diri ele salanam bolsa, Bormanyñ yzyny ýitirdi. 1960-1970-nji ýyllarda Daniýa gaçandygy aýdylýan myş-myşlar bardy. Käbirleri onuñ Müsürde howpsuz bir ýerde gizlenendigini aýdýardy. Ýöne kontrrazwedka gulluklary çärýek asyrlap onuñ Günorta Amerika ýurtlarynyñ birine gaçandygyna güwä geçýärdi. • Uzak wagtdan soñ kelleçanagy tapyldy Nasistik ýaşlar guramasynyñ başlygy Artur Aksmanyñ we nemes žurnalisti Albert Krumnowyñ sözlerine salgylanyp ýola çykan germaniýaly ygtyýarlylar 1965-nji ýylda Berlinde Bormanyñ jesedini gözlediler, ýöne tapylan zat bolmady. 1972-nji ýylda berilen başga bir görkezmä esaslanyp gözleg işine başlan toparlar Berliniñ günbatarynda Bormanyñkydygy çaklanýan kelleçanaga duş geldiler. Geçirilen diş barlagy we DNK seljermeleri kelleçanagyñ Gitleriñ sag goly Martin Bormana degişlidigi anyklandy. Bormanyñ Berlinden gaçanda simap kapsulasyny içip, öz janyna kast edendigi tassyklandy. 1998-nji ýylda bolsa Bormanyñ dişi bilen agtyklaryndan alynan DNK-nyñ gabatlaşmagy netijesinde bu boýunça barlag doly ýapyldy. Abdyrahman KOÇ. Çarşenbe, 17.07.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |