08:04 Gökden düşen uçgun | |
GÖKDEN DÜŞEN UÇGUN
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Nobatguly Rejebow bir gezek okumyşlyk, umuman, kitap okamak meselesinde, öz aramyzda gürrüň açylanda, bir gepinde: «Türkmen üçin-ä «Görogly» bilen Magtymguly hem ýeterlik» diýdi. Meşhur şahyryň sözleri agzalan bu iki eserler ýaly, durmuşy hemmetaraplaýyn açmakda uçursyz kämil, çuňňur mazmunly kitaplaryň her bir halkda ýokdugyny nygtap, olara juda beýik baha berendigini aňladýan bolsa gerek. Özüň kim bolsaňam, Nobatguly halypanyň sözüne goşulmaly, onuň pikirini tassyklanaly bolýarsyň. Mysal üçin, kitabynda Görogly beg soltan diňe bir söweşde belli bolma:n, eýsem, ol çeper sözlemäniň-de aňrybaş ussadydyr. Onuň: Gökden Ýere bir o:t düşdi, Pelek maňa saçdy sandym... düýiberşine dagy bir üns berip görüň-ä! Bu söz Magtymguly ägirdiň: Sözi agzyma Hak salar... diýen hakykatyny özüçe gaýtalap dur-a! Diýmek, Görogly begiň hakyky soltanlygynda, nama gaýryşynda, gaýduwsyz, batyrlygynda, akyldarlygynda... ahyrky netijede bolsa, her hili duşmandan üstün bolşunda «Gökden Ýere düşen» şol «bir oduň» hikmeti bar ekeni-dä! Bu ýagdaýlar, umuman-a, düşnükli. Çünki Magtymguly ussadyň Gökden nem dammasa, Ýerni gögertmez diýen, men «göçme» diýsem-de, düýp dereginde, göni manysyndaky sözlerinde kemal tapyşy ýaly, Allahyň öz ýaradan ýerinde Ondan biidin çöp başy gymyldap bilmez! Çary Aýnazarow hem Görogly beg! Has düşnükli edip aýtsak bolsa, «Gökden Ýere düşüp», beg ogly Görogly bege «saçan», ýagny syçran oşol «otdan» Çary mugallyma-da bir uçgun galtaşan bolmaly. Ýogsa, şahyrçylyk edip, goşgy ýazmak nirelerden onuň ýadyna düşüp ýö:r. Mugallymçylygyny etsin, ondan eli boş bolsa, kireýjagaz kylsyn, garaz, günemajygy bilen bolubersin-dä! Ýok, goşgy ýazjakmyşyn. Dagy näme, ýakasyndan ot düşse, kim sarsman oturyp biler?! Uçgundan oduň döreýändigini bolsa, onuň öz döreden toparyna özi serdar bolan, ahyrda şolardan hem ölen... Lenin aýtmanka-da, bilinmeýän bir zat däldi. Emma Hudaýy inkär eden Leniniň-de bilmeýän zady şol «oduň» Görogly kakanyň aýdyşynda yşk-söýgi manysynda gelşigir. Yşk-söýgi diýlen güýç bolsa, ynsany ne mugallymçylygynda goýar, ne-de müdirliginde... Hakykatdan-da, türkmeniň saýrak bilbili bolan, Sary bilbil lakamly Amandurdy Annadurdyýew atly bir uly şahyr halypam bar. Özi,, derwüşler mysaly, dünýäniň bu burçundan girip, o berçinden çykyp ýörse-de, käbirleii kimin, ondan muňa... üýtgäp ýörenlerden däl! Öz mertebesini goraýar. Hatda, köne jygyllyk ornuny üýtgedensoň, öýkeläp, onadaky edýän söwdasynyň peýdajygyndan hem geçdi... Döwürler her ýana üýtgese-de, onuň şol bir bolşudyr: «Halk ýazyjy» adyny almaz. Sebäbi onuň zenini – almaz! Özi bolsa, ýakasyndan içine Göroglynyň ýanan «odundan» bir owuç guýlup, Magtymgyly ägirde berlen meýden käsäniň düýbünde galany hödür edilen. Meý güýçli ekeni, içenden bärem aýňalyp bilmän ýörşi. Oňa «Halk ýazyjylygy» gulundan däl-de, Halykdan berlen! Manysyny tirişi, sözi özi ýasan ýalydyr! Gürlände-de, şunuň ýalydyr: Meselem, «Däliniň belläni » diýen dek, bir baglaýjy kömekçini, stilistika laýyk bolsa-bolmasa, sözlemiň her ýerinde getirip, maňkalap oturmaz, «çöp döwen» ýalam däl, jaýyrdadyp, odun aýran ýalydyr! Degişmelerini diňlänler, haýsy tarapynda boş ýer tapsalar, şoňa ýykylarlar. Ýer tapmadyklaram, öňe ýa yza... Özem sözüň aşygy bolan maryly Halmyrat agamyz ýetmiş ýaşanda, Görogly begiň märekesi ýaly bol edip, uly toý berdi. Şonda meniňem, oglanlyk dostum Çarynyňam halypasy bolan Sary bilbil, Çary mugallyma goşgy okamak gezegini berjek bolanda, bu barada il ortalaýyn bir söz aýtdy. «Çara goşgyny nähili edip goşmalydygyny öwreden özümiz welin, bir görsek, bizdenem öňde öňürdikläp barýar...». Kämil halypanyň Çary baradaky bu gepinde hakykatyň uçguny baram bolsa, şägirt üçin şol ýeterlik! Sary bilbil halypa, keçäniň üstünde aýbogdaşyny gurup, dili bilen süýem barmagyny ölläp ýa ki, elindäki çemçejigi bilen öňündäki okarynyň içini «öz peýdasyna» dörüp oturandyr. Bir gulagy bilenem seniň (meniň) okap berýän goşgularyňy(my) diňlär. Şol oturyşyna, agyz ugruna bir sözjagaz aýdyp goýberer. Özüm-ä, şägirdi hökmünde, halypamyň şol ýeke agyz sözüni tutuş bir döwürde a:t berlen («gazanan» däl) oýnatgyjanlaryň erkek-urkaçysynyň zer bilen basylyp, kitap görnüşinde çap edilen bir goltuk kagyz petdesine bermez men! Halypanyň her sözi şägirt bolana gaty gymmatlydyr! Eger halypanyň aýdan sözlerinde ösdürme baram bolsa, Çary, goşgularyny okanda, adamlaryň ony ünsli diňländikleri, dutar çalyp, aýdym aýdyp oturan toý bagşysynyň bolsa, olara aýdym ýazmak üçin, Çarydan goşgularyny dilänligi welin çyn. Çary Aýnazarowyň goşgulary, gülküli hekaýaly, makaladyr habarlary döwürleýin metbugatlarda («Garagum», «Medeniýet»... žurnallarynda, «Edebiýat we sungat», «Mugallymlar»... gazetlerinde yzygiderli çap edilýär. Ol 2016-njy – «Mirasa sarpagoýmak, Watany özgertmek» ýylynda goşgularyny «Söýgi kelamy» ady bilen golýazma görnüşinde kitapça edip çap etdirdi. Il içinde bu kitapçany okamaga isleg bildirenleriň gaty kän bolandygy hem çyn. Özem, olar dürlli pişedäki: mugallym, lukman, daýhan, işçi, milisioner, millioner... dürli ýaşdaky adamlar. Garaz Çarynyň çapetdiren kitapçasynyň ýaman çalt «düýbi göründi». Şundan soňra Çary şahyr, täze ýazan goşgulary, gülküli hekaýalary... bilen öňki kitapçasynyň üstüni ýetirip, «hemme üçin ortalyk bolan» pikiri orta getirip, «Ýyllar garaşmaýar» ady bilen täze kitap görnüşinde gaýtadan çap etdirdi. Öz adyndan belli bolşy ýaly, Çary Aýazarowyň bu kitabynda dyngysyz geçip duran wagtyň gymmatyny bilmegimiz, öz ömrümiz, eden, etmeli, etmeli däl işlerimiz, durmuş... garaz, juda-juda kän zatlar barada oturyp, oýlanara, dik durup, pikir edere... meseläniň ýeterlik bardygyna ynanýarys. Köp dörediji adamlarynyňky ýaly, Çarynyň-da asly obaly. Tüýs durmuşyň möwç urýan ýeri bolan zähmetkeş, sada oba adamlarynyň arasynda ýaşaýar, işleýär, olar bilen iş salyşýar, gatnaşýar. Aslynda-ha, durmuş diňe ýa-da esasan oba ýerinde diýip bolmaýar. Durmuş, ol Parižde-de, Moskwada hem – durmuş. Durmuşy düzýän – adamlar, olaryň gündelik alada, hysyrdylary. Emma bir şahyryň: «Oba – şäheriň enesidir» diýşi dek, obalar durmuşyň ilkinji başlanan ýeridir. Şonuň üçinem, ol obada, entek judabir üýtgedilmedik, öz tebigy keşbinde saklanyp galypdyr. Obadaşlar, tä çagalara çenli, bir-birlerini tanaýarlar, Hatda, olaryň gelip çykyşlaryny, aslyna deňiç bir-birlerin belet. Bu ýagdaý hem durmuşa, şäheriňkä görä, has aýdyňlyk getirýär. Şonuň üçinem, obalarda, iň bolmanda, ýaş çatynjalaryň arasynda soňky wagtlarda, bizde-de, hatda, ýoň bolup barýan maşgala bozmak, aýrylyşmak, «raýat nikasy», «nysaklary», edil şäherdäki ýaly, meşhur hem däldir. Ýöne näme, ýamanlyk ýörgünli bolýar. Ol ýagşylyga görä-de has çalt kabul edilýär. Çarynyň bolsa, «bir aýagy» şäherde. Onsoňam, ol – şahyr. Durmuşyň ähli meseleleri babatda has düýpli oýlanmaly,seljermeli. Ine, şu ýagdaý hem Çarynyň goşgularynyň durmuşa has ýakyn, tebigy, biziň deslapky döwrümiziň agyryly meselelerini çynlakaý gozgamaga itergi berýär. Bu hadysa Çarynyň ýaşlara berýän öwütlerinde, adamlaryň özara durmuşy gatnaşyklaryny açýan goşgularynda has hem ýiti şöhlelenýär. Çarynyň döredijiliginiň çygry giň. Ol: watançylyk temasyny söýgi, durmuş meseleleri bilen bir-birine baglap,: dogduk topragyňa, il-güne, öz ýakynlaryňa, bir-birege... söýgi, ynam meselelerini orta getirip, olar hakda edebiýatyň dili – çeper keşpler arkaly «gürleýär». Şahyryň gülküli hekaýalary hem şunuň ýalydyr. Näme, öňki döwürlerde sygyr boşama:n, göle gaçman durupmy?! Soňky döwürlerde är başyndan telpek düşmän durupmy?! Emma bu adaty wakalardan gülki ýasamak, pajygaly pursatlary satirada örtmek, dogrusy, ussatlyk! Obada ýaşamasaň, olary, edil şular ýaly derejede tebigy edip, ýazmak hem mümkin däl. Ýöne olarda beýan edilýän, türkmen obalarynda bolup duran bu wakalar Waşingtonda ýaşaýanlar üçin hem düşnükli. Awtor hekaýalaryň gahrymanlary arkaly oba adamlarynyň üstünden gülmeýär. Ýöne olaryň ýaşaýyşlarynda, pikirlenişlerinde... ýol berýän käbir säwliklerini, kemçiliklerini, edebiýatyň diline mahsus bolan çeperçilik tärleri arkaly suratlandyrýar, beýan edýär. Ýogsa kimdir birine: «Sen şeýle-şeýle meselelerde ýalňyşýarsyň, düzel!» diýseň, ol muny agyr kabul edýär. Hatda, türkmen tekepbirligi sebäpli, peýdaly sözüňi oňa diňledibem bolmaýar. Emma şol wakalar ýeňiljek gülki bilen çeper eserlerde beýanedilende bolsa, ol adam öz häsiýetinde hem bar bolan bu pursatlary, islese-islemese-de, okamaly hem-de ondan özi üçin degişli sapagy hem almaly bolýar. Şeýdip, aljyraňňylykda, ýa-da çalaja säwlik ýa-da mekirlik arkaly käbir adamlar tarapyndan edilmegi bolup biläýjek wakalary gülküli hereketleriň üsti bilen beýan edýär. Bu ýagdaý hem biziň her birimize özümiz barada-da oturyp, oýlanmaga bizi mejbur edýär. Edebiýatyň esasy we örän gymmatly naksady bolan onuň terbiýeleýjilik ähmiýeti diýilýän täsirli güýji hem hut şu ýerde ýüze çykyp, adamlaryň öz häsiýetlerinde kämilleşmegine esas döredýär. Bu meselede şahyryň öz mugallymçylyk hünäriniň-de täsiri bar bolsa gerek diýdirýär. Döwet galamyň ýiti, sözüň kesgir, täze kitabyň hem höwri köp bolsun, kursdaş! Torum ÝAÝLAN-BATAŞY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |