20:29 Göreş | |
GÖREŞ
Filosofiýa
Bu dünýe göreşden ybarat diýýäler. Bu dogrudanam şeýle. Adamzat nesli owalda-ahyrda ar-namys, erkana ýaşaýyş ugrunda göreşmänmi eýsem?! Ýöne şeýle bir göreş bar welin, Adam ata döräli bäri şol dowam edip dur. Kyýamat magşara çenlem dowam eder. Onuň ne gutardymy bar, ne-de doýdumy. Ne belli-külli ýeňşi, ne-de ýeňildimi. Uly-kiçi, ýagşy-ýaman diýmän adamlary şo-ol holtumyna alyp gidip otyr, gidip otyr. Oňa goşulyp goşulmazlygam öz erkiňde däl. Aňrujy gara ýeri depeläp, howadan dem alýan, agy garadan, ýagşyny ýamandan saýgarmagy başarýan bolsaň, sen eýýäm şol göreşiň içinde peýda boldugyň. Geň ýanam, diňe bir tarapy tutmagam hyllalla. Kä duşmana gylyç syrsaň, käte duşmanyň dostsuraýan sözlerine maýyl bolup, öz iýen duzuňa, ynsabyňa, ygraryňa hyýanat edip, duşmanyň syrgynyna garylanyňam bilmän galýaň. Gepiň külesi, aldym-berdimli şol göreş Haýyr bilen Şeriň göreşi. Hawa, nijeme gahrymanlary synasynda saklaýan bu söweş barada megerem aýdylmadyk söz, ýazylmadyk eser galmadyk bolsa gerek. Täsin ýeri ikisem şol bir sakadan, haýyr-a wyždandan, şerem nebisden, ýagny olaram kalpdan gözbaş alýar. Hawa, ikisem bir kökden şineläp, bir ojakda ösüp ulalýar. Edil Adam atanyň ogullary mysaly. Gülem, tikenem bitirýän şol bir toprak dälmi näme?! Ekiniňi wagtynda haşal otlardan saýhallamasaň, bilbilleriň diýaryna, çemenzarlyga öwrülip, göreniň göwnüni galkyndyrmaly meýdanlaryň, üstünden il ötmeýän, mör-möjegiň mesgenine öwrüljegi welin köre hasa. Diýmek, öz-özüň bilen göreşmeli. Geň galaýmaly. Perişdä meňzedilen çagalykdaky päk wyždanyňa, ynsabyňa gulak salyp, onuň nesihatlaryna uýup ýaşasaň-a Haýryň tarapyndasyň, gara nebsiň guluna dönüp, onuň müň dürli ally ýollaryna eýeren pursatyň bolsa, eýýäm Şeriň sülsadyna garylyp barýanlygyňdyr. Ýöne, nebis ynsabyň lybasyna bürenip geläge-de, özüni mamla çykaryp, maňlaýyma dikilse ýa-da geçmişde meni şeýle pursata salan bolsa, ana, şonda näderin? Bu hakda oýlandygymça ýüregimiň gürsüldisi artyp, bedenime galpyldy aralaşyp başlady. Gaçybatalga gözläp, dumly-duşdan haraý isleýäniňki mysaly, kelebiň ujuny ýitirip ugran pursatym, birdenkä, niredendir bir ýerden birgeňsi duýgular peýda bolup, kalbyma şeýle seslendi: «Eý, geçmişine baglanyp, derde gümra bolup oturan ynsan! Hany, bir silkin-de, beýle oý-pikirlerden ardyn, özüňi ele al. Geçmişiňdäki hatalaryňy toba gözýaşlary bilen ýuwup, üstüne yhlas melhemini sürtseň, derdiňden nam-nyşan galmaz. Onsoňam betpygyllaryň kalbyňdaky umyt baldajyklaryny goparmagyna asla ýol berme! Ony ynanç çeşmesi bilen suwaryp, wyždan sakçysy bilen goraglap, ahlak güneşine çoýup bilseň, ol ösüp şeýle bir uly daragta öwrüler welin, onuň başyny ne badyhowa ýeller yrap biler, ne-de derdeserli ýyllar. Ol daragtyň datly miwesinden dadyp, salkyn saýasynda saýalanlar, hatda sen mele topragyň goýnunda mekan tutaňda hem yzyňdan ýatlap, dogaýy salamlaryny ýollar durarlar, ýollar durarlar… Şonda ruhuň ganat baglap «ah, käşgä umyt daragtynyň baldajyklaryny has alyslara uzadyp bilsedim, gör nijeme ynsanlaryň gubar aralaşan köňüllerine aram boljak ekenim-ow» diýip, ahmyrly duýgulara berleniňi duýman galarsyň…» Bibihajar SADYKOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |