10:33 Göter-göter / satiriki hekaýa | |
GÖTER-GÖTER
Satiriki hekaýalar
- Meni ýokarky gatdaky edara işe çagyrdy - diýip, men bölüme girip-girmänkäm mälim etdim. - Bir topar zatlaraam söz berýäler. Tas göwün böleklik edipdim. Özüme zor salyp, boýun towladym. Dogrusy-ha, öňürti köneje işgärlemme geňeşeýin diýdim. Ýeri, nädipdirin? Oňarypdyrynmy? - Oňarypsyň! - diýip, kärdeşlerim begenmek begendi. - Hany, ony göter-göter edeliň! Aldym onda! "Baý, işgärlerimiziň ýürekdeşligini - diýip, men ýokarlygyna gaýdyrylyp barşyma pikir etdim. - Gadyr bilýän adamlar. Juda agzybirem üstesine. Gör, begençlerine gaty ýokaryk zyňaýyşlaryny! Iň esasy içlerinde kitüw saklanoklar". Aýylganç urgy meniň pikirlerimi dyr-pytrak etdi. Meniň maňlaýym potologa degäýse nätjek! "Kärdeşjagaz bolaýşyňyzy siziň - diýip, aşaklaýyn barşyma oýlandym. - Olaň nä piňine! Maňlaýy ýumruk ýaly çişjek aladalary ýok. Bilýän, Iwannikowdyr bu. Ol beýlekilerden has ýokary zyňýar...". - Ýene göter-göter edip, ýokaryk oklap-gapalyň! Meni ýene-de potologa tarap gaýdyryp ugradylar. Men aşak bakdym. "Berekella - diýip, men öz ýanymdan begendim. - Sylap bilýäler. Edil süýtdeş dogan ýaly-how. Bir Iwannikow öweý ýaly diýäýmeseň. Ýogsa-da, Iwannikow olaryň arasynda görnenogam ýaly-la. Diýmek, meni potologa ýepbeşdiren ol däl-de, başga kişi-dä. Onuň ýaly bolsa, Iwannikow niredekä? Ertiriň özünde... Haýt, al kakmyş diýse!.." Elhenç düňküldi bar ünsümi sowdy. "Ýene bir ýumruk ýaly çiş galdy öýdýän - diýip, aşaklaýyn gaýdyşyma pikir etdim. Diňe içi ýangynlylar şeýdip biler, Iwannikow niredkä? Näme üçin ol zyňyp-gapanok? Hä, düşnükli. Işe gelýänçä mazaly ýetirendir-ow... Gözüne görkezmeli bor-ow!" - Ýene ýokaryk zyňyp-gapmaly! Men ýene-de ýokarlygyna gaýdyryldym. "Hudaýa şükür - diýip, potologa ýetip barýarkam pikir etdim. - Herhal bular mensizü oňňut edip biljek däller. Görýän welin, işe geçmämi goýbolsun etmeli bor-ow! Indiki barjak ýerimde şunuň ýaly abraý näbileýin bolaýsa?! Ýogsa-da, zyňyp-gapanlaryň arasynda Sisinyna görnenok-la? Hemişe şeýle-dä! Işlemeli bolsa, garasy görünmez. Muň bilenem bellisini etmeli bor-da..." Öňkülerdenem beter eýmenç düňküldi bar pikirimi bödi. Birbada essimden aýylypdyryn. Özümi dürsesem, çalaja başym aýlanýar. Asyl, görüp otursam, men potology goparyp, bir gat ýokarda duran bolsam nätjek. daş-töweregime garanjakladym. Bu ýer diýseň göze gelwüli, zynatly, rahat ekeni. Üstesine, bir topar telefonam bar. Poluň ortasam hoňkaryp durdy. Men şol ýerik ýöredim welin, gulagyma şeýle sözler degip gitdi: - Eý, waý-ýeý! Ahyry dymdyg-ow! Goý, olaram birsalym ejir çeksinler-le. Hany, onda tizräk potology bejerip, düzedeliň! Grigoriý KROŞIN. "Edebiýat we sungat" gazeti, 07.01.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |