23:12 Göwheriñ gymmatyny sarraf biler | |
GOWHERIŇ GYMMATYNY SARRAF BILER
Pedagogika we edep-terbiýe
■ Orta asyr türkmen edebiýatynda edep hakynda Halkymyzyň ata-babadan gelýän halal we arassa ýoluny döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, sungatyny, milli däp-dessurlaryny täzeçil, töwerekleýin hem-de düýpli öwrenmegiň, nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ynsan-perwerlik ruhunda terbiýele-mekde egsilmez hazyna bolan milli mirasymyzy dikeltmek bilen, halkymyzyň medeni-ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyň döwletimiziň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridigini nygtaýar. Bu möhüm meselede ata-babalarymyzyň durmuş tejribelerinden we ýiti zehininden kemala gelen gadymy golýazmalarymyz möhüm orny eýeleýär. Soňa görä-de, diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, daşary ýurt kitaphanalarynda saklanylýan, halkymyza degişli gadymy golýazmalary toplamak we olary ylmy esasda öwrenmek, şeýlelikde, milli mirasymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan akyldarlarymyzyň atlaryny ýüze çykarmak, olaryň döreden edebi-ylmy gymmatlyklaryny halka ýetirmek babatynda örän uly işler amala aşyrylýar. Biz bu makalamyzda TÝA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda aýawly saklanylýan, Italiýanyň kitaphanalaryndan getirilen gadymy golýazmalaryň biri-takmynan, XIII — XIV asyrlarda Anadoluda ýaşap geçen türkmen akyldary Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» atly eseri barada gürrüň etmegi makul bildik. Futuwwetnamaçylyk däbi orta asyrlarda bütin musulman dünýäsinde giň gerime eýe bölüp, türki, arap, pars dillerinde ýazylan «Futuwwetnamalaryň» dürli gömüşleri taryhda mälimdir. Ýahýa ibn Halylyň bize miras galdyran «Futuwwetnama» eseri türkmen dilinde ýazylan «Futuwwetnamalaryň» iň gadymysy hasaplanýiýar. «Futuwwet» — köne türkmen sözi bölüp, ol «feta» diýen sözdendir. «Feta» häzirki zaman türkmen dilinde «ýigit» diýen manyny aňladýar. «Ýigit» diýlende, gowy hasiýetlerin ählisini özüne siňdiren iň bir kamil adam göz öňünde tutulýar. Has dogrusy, ol biziň häzirki ulanýan «ar» diýen sözümiz bilen manydaşdyr. Türkmenler göwni ýeten kişisine «ar kişi» diýýändir. şeýlelikde, iň gowy hasiýetleri özünde jemleýän we başgalara-da dogry ýoly salgy berýän kamil kişä — «ýigit-är», ýagny «feta» diýlipdir. Olaryň tutýan ýoluny bolsa «futuwwet» diýip atlandyrypdyrlar. Futuwwet barada awtor şeýle diýýär: «Futuwwet dogruçyllykdan we arassalykdan, ynançdan we pak ýüreklilikden, sahylykdan we jomartlykdan, edepden we haýadan kemala gelendir. Eger, ol bir agaç bolsa, onda onuň pudaklary dogruçyllyk we arassalykdyr, ýapraklary edepdir we haýadyr, köki bitewülikdir we berklikdir, miwesi ylym-bilimdir we ýagşy-zadalaryň söhbedidir». «Futuwwetnama» kitabyndan alnan «Göwherleriň, jöwherleriň we dürleriň gymmatyny sarrap biler» (Sarrap — gymmatbaha daşlary tanaýan, olara baha kesýän adam) diýien jümlelerde simwoliki beýan edijilik bilen aýdylýan göwher, jöwher, dür — «Futuwwetnama» kitaby bölüp, sarrap — bu kitabyň gadyr-gymmatyna düşünip okaýan okyjydyr. Göwhere-düre deňelen bu kitabyň ähmiýetiniň, gymmatynyň bimöçber uludygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Çünki her bir adamy ylymly-bilimli etmek, iň bir kämil hasiýetleri, ýokary ahlak sypatlaryny ündemek bilen, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek, şol esasda-da «feta — ýigit» diýen mertebä mynasyp bolan kamil ynsany kemala getirmek bu akyldaryň «Futuwwetnama» eseriniň özeni bölüp durýar. Elbetde, eseriň gymmaty hem şondadyr. Çünki munuň özi diňe bir geçmişiň däl, eýsem, häzirki zamanyň hem baş meselesidir. Halkymyzyň gadymdan bäri saklap we berjaý edip gelýän milli däp-dessurlary, ahlak-edep ýörelgeleri bilen baglylykda, eserde 124 edep beýan edilýär. Bu edep kadalarynyň käbiri, ýagny türkmeniň myhmansöýerlik bilen baglanyşykly ahlak-edep ýörelgeleri — eserde şeýle beýan edilýär: Myhmançylyga biwagt barmaly däl. Myhmançylyga çagyrmaga gelseler, onda gelen kişiniň öňüne düşüp gitmeli däl. Ol senden uly ýa kiçi bolsa-da, onuň yzyna düşüp gitmeli. Myhman ýerine baryp, içeri gireninde, sag aýagyňy ätläp girmeli. Gapydan içeri gireninde, «Bismilla» diýip girmeli, öýe gireninden soň, öňi bilen sag tarapyňa salam bermeli. Oý eýesiniň görkezen ýerinde oturmaly. Öňüňde goýlan tagama at dakman iýmeli. Nahardan soň köp oturmaly däl. Habaryň alynýança, ýagny öý eýesinden öň söze başlamaly däl. Köp sözlemeli däl. Birini myhmançylyga çagyrmak üçin baranyňda, berjaý edilmeli edepler hem ünsi çekijidir: Ilki bilen, baran öýüňe hormat goýmaly. Çagyrjak adamyňy gapyda durup, çagyrmaly däl. Gaýdanyňda, özüň myhmanyň öňünden ýöremeli. Gelen myhmany garşylamak we ugratmak bilen baglanyşykly eserde berilýän nesihatlar, birinjiden, biziň ata-babalarymyzyň myhmanyň sarpasyny nähili belent saklandyklaryna has aýdyň göz ýetirmegimize kömek etse, ikinjiden, olar häzirki ýaşlarymyz üçin hem nusga alarlyk pentlerdir: Gelen myhmany güler ýüz, süýji söz bilen garşylamaly. Myhmana öýüň töründen orun bermeli. Myhmany söwüş edip hezzetlemeli. Gowy hezzet-hormat edilenden soň, myhmanyň habaryny almaly. Her hili ýagdaý ýüze çyksa-da, öý eýesi myhmanyň göwnüne degmeli dal, onuň göwnü-ne başgalaryň degmegine hem ýol bermeli däl. Myhmany ugradanyňda, ilki bilen, onuň köwşüni öňüne alyp bermeli. Köwşi çep elin bilen alyp, myhmanyň öňüne goýmaly. Myhman köwşüni geýýänçä, sen hem geýmeli däl. Gelen myhmany boş goýbermeli däl. Myhmany halat-serpaý ýapyp, sowgatly ugratmaly. Ýahýa ibn Halylyň bu gymmatly eserinde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ýada iýip-içmegiň, dogry naharlanmagyň sertleri, şeýle hem nahar wagtynda berjaý edilmeli edep-kadalar barada aýdylýan öwüt-ündewler ynsan saglygyny goramakda hem ähmiýetlidir. Olar şeýle beýan edilýär: — Tagam iýmeziňden ön, elini ýuwmaly we süpürmeli. Tagama «Bismilla» bilen başlamaly. Tagamy ör turup ýa-da tirsekläp ýatyp iýmeli däl. Tagamy arkaýyn oturyp iýmeli. Nahary azajykdan, howlukman çeýnäp we tämiz iýmeli. Agzyňda nahar bar wagty, eger ol söz göwher hem bolsa, geplemeli däl, Tagam iýilýän wagty asgyrasyň ýa-da üsgüresiň gelse, agzyňa ýaglyk tutmaly. Ýöräp barýarkaň, tagam iýmek ýa-da suw içmek bolýan däldir. Tagam iýip otyrkaň, biri gelsede, ýerinden turup gitmeli däl. Saçak başynda başyňy gaşap, gülüp ýa-da artykmaç gepläp oturmaly däl. Her bir tagamy hormat we lezzet bilen iýmeli. Nahardan soň, iýlen tagamyň lezzetini duýup, gerekli doga-dilegleri etmeli. Nahar iýip bolanyňdan soň hem elini ýuwmaly we süpürmeli. Syrkawlan, hassa adamyny soramaga barmagyň ýa-da ýas ýerlerine barmagyň gadymy-ýetden gelýän däp-dessurlary, edep-kadalary bilen baglanyşykly eserde ündelýän peniler, şeýle hem söz sözlemekde saklanylmaly edepler, egin-eşik geýmegiň edebi, ýol ýöremegiň edebi ýaly görnüşde aýratyn toparlara bölünip görkezilýän edep-kadalar hem örän ähmiýetlidir. Ýahýa ibn Halylyň «Futuwwetnama» eserinde ündelýän her bir pikiriň, öwüt-ündewiň ýokary çeperçilikde beýan edilendigini hem bellemek gerek: — Gül bilen ýoldaş bölüp, onuň bilen bile duran toprak hem güle meňzär, ondan gül ysy geler. — Gül bilen ýoldaş bolandygy üçin bilbiliň ýeri gülzarlyk boldy. Diýmek, bilbil bilen ýol daş bolanyň hem ýeri gülzarlykdyr. — Bal sirke bilen ýoldaş bolsa, ýagny onuň bilen goşulsa, süyji tagam ondan gider. Emma bir damjajyk hem deňze golaý baryp, onuň bilen goşulyşsa, özi hem deniz bolar. — Yhlas bilen seretseň, ýönekeý bir daş hem lagyl bolar. — Ylym deňizdir, oňa gutarma ýokdur. Ýokary çeperçilikde beýan edilen şunuň ýaly paýhasly pentler eseriň içinden eriş-argaç bölüp geçýär. Mahlasy, Ýahýa ibn Halylyň bize miras galdyran «Futuwwetnama» eseri adamlara pak ahlaklylygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri ündäp, olary hemmetaraplaýyn ajaýyp ynsan bolmaga çagyrýar. Munuň özi umumadamzat ähmiýetli meseledir. Täjigözel HOJAGELDIÝEWA, TÝA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty. # turkmenistan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |