13:12 Gözellik solmaýar / grek rowaýaty | |
GÖZELLIK SOLMAÝAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Her ýyl afinylylar Kritiñ şasy Minosa eýmenç aždarha üçin, ýedi gyz we ýedi ýigit paç töleýärdiler. Afinyly şa Egeýiñ edermen ogly Tezeý bu betbagtlygyñ külpetli zynjyryny hemişelik üzmegi ýüregine düwüp, ýigitleriñ biri bilen ýerini çalşyp, gara ýelkenli gämi bilen ýola rowana bolýar. Ol üstünlik bilen dolansa, ýas ýelkenini ak ýelken bilen çalyşjakdygyny kakasyna aýdyp gidýär. Minosyñ gyzy ajaýyp we nowjuwan Ariadna gaýduwsyz Tezeýe aşyk bolýar we ony ölümden halas etmegi ýüregine düwýär. Tezeý edil ýylanly ýumak ýaly çylşyrymly, tüm-garañky labirintiñ çykalgasyny tapyp, öküz kelleli aždarhany - Minotawry ýeñmelidi. Ariadna gahrymana ýagtylyga çykar ýaly tükeniksiz ýüpüñ kelebini sowgat berýär. Ýüp edil gyzyñ söýgüsinden örülen ýaly, Tezeýi halas edýär. Ine-de, Tezeý azat! Ol halasgärini özi bilen gaçmagyny soraýar we talap edýär. Tezeý ony gelin edinýär. Ariadna söýgülisi üçin watanyndan, öýünden, kakasyndan jyda düşýär. Emma gaçgaklar apy-tupana uçrap, ýat adada dynç alanlarynda, Tezeý uklap ýatan Ariadnany biwepalyk bilen terk edýär. Bu dönükligi ykbal bagyşlamaýar. Ýelkenleri çalyşmagy unudan Tezeý kakasynyñ ölümine sebäp bolýar: şa Egeý özüni deñze zyñýar. Ariadnanyñ gözelligine söýgüsiz solmak miýesser etmedi. Oña çyn aşyk bolan hudaý Dionis gyzy alyp gaçýar we oña öýlenýär. Hudaýlar Ariadna jadyly otagy sowgat berýärler, bagtly Dionis bolsa, ony asmana oklap, täze ýyldyzlar toplumyny döredýär. Terjime eden: Gözel NOBATOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |