01:14 Gözýaşda görnen keşpler / fantastiki hekaýa | |
GÖZÝAŞDA GÖRNEN KEŞPLER
Mistika we fantastika
Erkana iliñ şemalynyñ öwsüşi-de biraýry bolar ekeni. Garagumyñ gök begres ýapynan gollary keselhanadan çykan badyna Meret mergeniñ ünsüni özüne çekdi. Kanalyñ kenarynda ýerleşýän ''Bagt'' sanatoriýasynda alnyp barylýan iş köpdi. Bu ýerde oñat dynç almaga ähli mümkinçilik bardyr. Sanatoriýanyñ wraçlary uzak wagtlap uka giden adamlary yzygiderli oýatmak bilen meşgullanýardy. Meret mergeniñ hem soñky gezek uklanyna şu ýyl kyrk ýyl bolupdy. Lukmanlaryñ gözegçiligi Meret mergeni hem agyr ukudan oýardy. Ol ukudan oýanan badyna daş-töweregine içgin seretdi. Hoştap howa mergeniñ göwnüni göterdi. Mergen uzaklara ýaýylyp gidýän Garagum çölüne yhlas bilen syn etdi. Görsene! Meret mergenem birtöwra adam-da! Ol ukudan açylan badyna töweregine gözläp çölüñ bu tebigatyny içgin synlady, ondan özboluşly lezzet aldy. Dogrudanam, kanalyñ kenaryndaky gök otlara, gök baglyga bürenip oturan bu sanatoriýada Meret mergeniñ ünsüni çeken zatlar köp boldy. Ol ýerinden turdy-da, köne endigine görä, eline iki nilli aw tüpeñini aldy. Awçylyk Meret mergeniñ ömürboýy meşgul bolan pişesi ahyry. Onuñ tüpeñli ýola düşenini geñlän adamam bolmady. Sanatoriýadaky baş lukmanyñ aýdyşyna görä, kyrk-elli ýyllyk ukudan açylan adamlar özüniñ şol oýa wagtyndaky hereketlerini etmelimiş. Muña sanatoriýanyñ hemme işgärleri hem pugta göz ýetirýärdiler. Meret mergen ukudan açylan badyna ünsüni çöle gönükdirdi. Ol göm-gök öwsüp duran alyslara uzap ýatan sähralyga ýetmäge howlukdy. Baglardyr ekinzarlyk köpelip, birmahaldaky çöllükler azalypdyr. Häzir bu ýerleriñ gözelligi göwnüñi göterýär. Meret mergen ýaşlygyny awçylyk edip geçiripdir. Ol bu özgerişleri ilkinji synlanynda başga bir ýere düşendirin diýip pikir etdi. Sähralygyñ içinde indi ol on üç gündir öz awçylygy bilen gümra. Sanatoriýa tarapyndan nobatçy goýlan bir işgär hem mergeniñ bu hereketlerine onçakly üns bermeýärdi. Meret mergen gojalypdyr. Emma ol şonda-da çölüñ alyslyklaryna guwanmak bilen syn edesi geldi. Uzak ýyllaryñ dowamynda ol özüniñ awçylyk kärine ýene-de başlanyna şatlanan bolsa-da, öz etmeli işlerini kellesinde aýlap çykdy. Onuñ çep egninde aw turbasy bardy. Ol gök otlaryñ düşek bolup ýatan keşbini döweläp çölüñ içinden gidip barýardy. Ýagdaý kyrk ýyl mundan öñküsinden büs-bütin üýtgeşikdi. Indi ozalky döwürde depe baryny söküp tapylýan çöl haýwanlary adam bilen bireýýäm ysnyşyp gidipdirler. Ana guba keýik owlajygy bilen depäniñ üstünde hezil edip oýnap ýör. Olaryñ göwnüne ynsandan gaçmalydyr diýen pikir gelenok. Ine-de bir maral towşan Meret mergeniñ ýanyna geldi. Özüniñ dürli-dürli oýny bilen mergeniñ ünsüni özüne çekdi. Ol egnine alyp barýan tüpeñine ykjam ýapyşanyny hem duýmady. Ol birden çaltlyk bilen ýanyna gelen towşanyñ artky aýagyndan tutdy-da ýokary galdyrdy. Görsene, mergeniñ sag eli howada gaýmalady. Ýöne az wagtdan soñ onuñ eliniñ bady gaçdy. Ysgynsyz hala geçdi. Bir görse, towşanjyk çägäniñ üstünden bökejekläp, yzyna bir naýynjarlyk bilen seretdi. Towşan uzaklaşyp gitdi. Goja titredi. Onuñ sag elindäki tüpeñi ýere gaçdy. Oýlandy. Emma akja towşanyñ näme üçin ynsandan gaçmaýanlygyna onçakly göz ýetirip bilmedi. Jereniñ gözýaşlary Meret mergen ýoluny dowam etdirdi. Ine-de hol uzaklardan görünýän ak urpaga çykdy. Ak urpagyñ üstünden dürli haýwanlaryñ, jandarlaryñ yzy dürli taraplara ugur alyp, mergeniñ ünsüni sowdy. Ol yzlary hyrydar synlap çykdy. Her yz şol jandaryñ bolşuny, häsiýetini aýdyp dur diýen netijä geldi. Öwrülip öz yzlaryna seretdi. Ak urpagyñ üstündäki galdyran yzlarynyñ ýüzünde gara tegmil döräpdir. Bu nämäniñ alamatyka? ㅡ diýip, mergen uludan bir demini aldy. Onuñ oýlanmasy uzaga çekmedi. Yzyna akja owlagyny tirkäp urpaga dyrmaşan keýigiñ şorja çekdirmesi baradaky arzuw onuñ öñki pikirlerini puja çykardy. Akja owlakdyr jeren awçydan gaçjak hem bolmady. Şonda-da sag eli ysgynsyz goja çölüñ bu ajaýyp gözelligine tarap gyssandy. Olaryñ golaýyna bardy. Goşa nilli tüpeñi ene jereniñ döşünden nyşanlady. Goja goşanyñ gulagyny sag eli bilen gysyp bilmedi. Tüpeñiñ gundagyny çöp döşüne diräp, çep eli bilen jereni awlaryn diýip oýlandy. Tyrk-tyrk! Gojanyñ goşasy göçmedi. Ol tüpeñiñ oklaryny ýene-de bir gezek gözden geçirdi. Oklar dur! Awçy ahmyrly halda özüne golaýlaşyp gelýän owlakly jerene hyrydarlyk bilen seretdi. Ak jeren alty ädim awçynyñ golaýyna gelende, gojanyñ nyşanalan tüpeñi göçdi. Indi uzak ýyllardan bäri beýle güñleç sesi eşitmedik çöl haýwanlarynyñ ählisi hem ak urpaga ýetmäge howlukdylar. Göñsi ses eden zady görmek islediler. Ak jereniñ häzir gözleri balkyldap durşuna doñup galypdy. Awçynyñ oky oña öz täsirini birkemsiz ýetiripdi. Ine birden jereniñ gözünden çogup çykýan ajy gözýaşlar sile öwrülip, çägäniñ üsti bilen akyp ugrady. Geñ zat: ol çägä siñeýin hem diýmän arkaýyn akym bilen akyp ýatyrdy. Awçyny geñ galdyran hekaýat hem ine şu pursatdan soñ başlandy. Gojanyñ gözlerine naýynjar seredip duran ak jeren dyza çökdi. Bu tebigat dünýäsiniñ gözelliginiñ adamlara her hili kynçylykly wagtda hem goýýan hormaty bolsa gerek. Ak jereniñ gözlerinden akýan ýaşlar gojanyñ duran ýerine hem akymyny peseltmän ýetdi! Geñ zat, ine jereniñ gözünden akýan bulak gojanyñ dyzyna ýetdi. Birdenem kesildi. ''Bu nähili elhenç hadysa'' diýip goja awçy içinden ahmyr etdi. Hyrçyny dişledi. Goja aýaklaryny gozgap, öñe hereketlendirmekçi boldy. Bolmady. Ak jereniñ gözünden dörän bulak doñup galypdyr. Ol günüñ şöhlesine ýaldyraýardy. Meret mergen ysgyndan düşdi. Günüñ nuruna lowurdap görünýän doñaklyk oña köp zatlary ýatlatdy. Jereniñ gözünden akan bulak täsin görnüş emele getiripdir. Meret mergen dyzyny epip, bu gudrata içgin-içgin syn etdi. Jereniñ doñan göz ýaşlarynyñ arasynda ol ine şeýle täsin zatlary gördi. Bu nähili beýle bolýarka? Ol ýarym asyrlap awçylyk eden bolsa-da, jereniñ gözlerinden akýan göz ýaşlarda suratly şekilleri ilkinji gezek şu ýerde gördi. Jereniñ gözünden akyp dörän bulak gudrat kem-kemden özüniñ görmüşini üýtgetdi. Täsin suratly alboma öwrüldi. Meret mergeniñ elleri titräp başlady. Kütelen görejini täze dörän täsin suratlara geçirdi. Albomyñ gaty açyldygyça öñki gagşap oturan awçynyñ mañlaýy derçigip, ýüzüne der inmäge başlady. Ýolbars mertligi Elleri titräp oturan awçy albomyñ ilkinji sahypasyny açdy. Meret mergen bu ýerde özüniñ ýigrimi ýaşlaryndaky keşbini görüp haýran galdy. Aw tüpeñi hem gerdeninden asylgydy. Ol Babyr dagyna tarap ugrady. Bu ýer gaplañdyr şirleriñ agaýana höküm sürüp gezýän ýerleri. Gyzgylt öwsüp duran syh-syh tüýli ýolbarsyñ keşbi awçynyñ şol ýyllarda eden bir etmişini ýatlatdy. Ýolbars öz öwrenen ýodasy bilen gelýärdi. Ertirden bäri oña garaşyp oturan Meret mergen tüpeñine ok sürýär. Näme üçin? Ýa-da ýolbars Meret mergene haýbat atdymyka? Belki-de, şeýle bolandyr. Ýa-da Mergeniñ nämedir bir zadyna ýolbars zyýan berdimikä? Ýok-ýok! Ýolbarsyñ beýle işe baş goşmaýanlygy mälim. Hatda ol şol gezek hem Meret mergeni görende hormat bilen ýoldan sowlup, awça ýol beripdi. Uçut gaýadaky kiçijik ýodadan emaý bilen ýöräp geçipdi. Onuñ hiç tarapa seretmäge ýagdaýy ýok ýalydy. Uçut gaýadan aşak gaçmak howpy şol gezek ýolbarsy howatyrlandyrmady. Ýolbars şeýle pursatda Meret mergeniñ elindäki tüpeñine gaharly seredipdi. Tüýlerini hü££erdipdi. Emma ol gezek ýene-de özüniñ ýolbarsdygyny subut edipdi. Çydamlylygyny, sabyrlylygyny, mertligini görkezipdi. Uçut gaýadan aşak gaýdýan ýodanyñ bir çetindäki äpet daşa aýagyny diräp durupdy. Ýolbars şol daşa özüniñ ähli agramyny berip, Meret mergeniñ geçip gitmegine mümkinçilik döredipdi. Meret mergen şol ýodajykdan ýuwaşlyk bilen geçibem gidipdi. Mergen hol añyrraklara barýança ýolbars özüniñ durkuny üýtgetmän, oña seredip durupdy. Megerem, ýolbars mergeniñ batyrlygyna özüçe guwanandyr. Onuñ bilen içgin dostlaşmak hakynda göwün ýüwürden bolmagy hem mümkin. Ýolbars edil ukuda ýaly şu pikirleri başdan geçirýärdi. Ol adamyñ batyrlygyny, merttligini ýene-de bir gezek ýatlapdy. Oña ýürekden guwanypdy. Meret mergen ýolbarsyñ bu häsiýetinden özüçe many çykarypdy. ''Ýolbars menden gorkany üçin şeýle hereket edýär!'' Meret mergen ýoldan geçýänçä ýolbarsyñ hol uzaklara garap duran keşbi awçynyñ ýadyna düşdi. Ýolbars kellesiniñ we boýnunyñ tüýlerini hü££ertdi. Arkasynyñ tüýi gytyjak bolansoñ, bili örän gysby görünýärdi. Ol Meret mergene ýol berenine özüçe guwanypdy. Ýolbars goja dagyñ kemerini syryp, öz höwrüniñ ýanyna ýetmäge hyýallanypdy. Dünýäde ýekelikden kyn zat ýok ahyry. Meret mergeniñ tüpeñinden çykan ilkinji okuñ sesi gaýalary ýañlandyryp gitdi. Ýolbars bärsine seretdi. Meret mergenden haraý islän ýaly butnaman durdy. Ýolbars mertdi. Şol mertligi üçin hem bu jülgede oña hormat goýýardylar. Ol Meret mergeni gara reñkli demir taýak göteren Meret mergen namart bolup çykdy. Tüýleri elwan öwsüp duran ýolbarsyñ mañlaýyny nyşanalap atan oky jülgäniñ bezegi buýsançly şiriñ gözleriniñ ahmyrly ýumulmagyna getirdi. Tüpeñiñ nilinden çykan oka hol ilerdäki goja daglaryñ gaýalary zaryn-zaryn ses etdi. Ýolbarsyñ ölümi äpet uly dag daşlaryny-da sarsdyran bolmaga çemeli. Emma ''Meret mergen ýolbars awlapdyr'' diýen şöhraty almaklygy ýüreginde besleýän awçy bu zatlardan habarsyzdy... Goşa gumry Ak jereniñ gözlerinden syzlap doñan bulak goja awçynyñ aýaklaryny gysyp ugrady. Awçy bir azajyk dikeldi. Özüne naýynjar bakyp duran jereniñ gözleri onuñ ýüreginden parran geçdi. Galpyldady. Jereniñ gamly gözlerine sereden awçy ömründe ilkinji gezek şu gün ökünç bilen gözlerini ýumdy. Bolmady. Ýene-de açdy. Aýaklaryny gysyp-gowrup barýan gudrata öz erkini aldyran Meret mergen hyrçyny dişledi. Gözelligi bet niýet bilen harlan awçy owlakdyr jereniñ gözlerine mundan artyk seredip durup bilmedi. Aşak bakdy... A aşakda bolsa jereniñ gözlerinden akan ýaşdan dörän albomda goşa gumrynyñ suratyny gördi... Ah, ol guşa gumrular biri-birini şeýle bir gowy gerýärdiler. Olar säher çagy gogur-gogur seslenip, diñe bir awça däl, bütin oba adamlaryna-da lezzet berýärdi. Gumrular adamlara näçe golaý ýaşasalar, özlerini şonça bagtly hasaplaýarmyşlar. Hawa, Meret mergeniñ ýadyna uzak ýyllardaky wakany salan goşa gumrynyñ bolşy hem hut şeýledi. Olar ilki bilen-ä dag etegindäki awçynyñ öýüniñ ilersinde bir enaýy saýraşdylar. Özboluşlyja oýun etdiler. Al asmana göterlip, ýene-de yzyna dolandylar. Bu bolşa Meret mergeniñ ejesi Maral daýza höwes bilen syn edip oturdy. Ol özüniñ indi bir aýdan bäri syrkawlygyny unudyp, tamyñ güneşinde oturan ýerinden goşa gumrynyñ hereketlerini gözden salman syn edýärdi. Gumrylaryñ öz dillerinde sözleýişlerinden Maral eje özüçe yrym edip gowy netije çykarýardy. Olara guwanýardy. Megerem, ýeke ogly Merediñ geljegi hakynda oýlanandyr. Birdenem, Maral ejäniñ golaýjygyna patlap düşen gumrularyñ birisine batly degen kesek enäniñ kelemenledip, gumra tarap ylgap gaýdanlygyny gördi. Agyr keseliñ ejirini çeken ene dyzyna agram salyp, ýerinden turdy-da, eýýäm kesegiñ zarby bilen gözlerini baky ýuman gumryny ýerden göterdi. Ahmyr bilen başyny ýaýkady. Maral eje ömründe ilkinji gezek ogly Merede käýindi. Ene gumrynyñ ölümi haldan düşen Maral ejä agyr täsir etdi. Şol günüñ ertesi bolsa bütin oba Maral ejäni gonamçylyga alyp gitdi. Meret mergeniñ ýadyna ine şu wakalary salan suratdaky goşa gumrynyñ biri uçup gitdi, beýlekisiniñ ölümi bolsa Maral ejäniñ ölümi bilen gabat geldi... Meret mergen ine şu zatlary göz öñüne getirende ''Ouf'' diýip hopugyp, howa ýetmeýän ýaly zordan demini aldy. Birdenem albomyñ ýüzünde käkilik peýda boldy... Käkilik gülküsi Goja daglaryñ arasynda ýañlanan käkiligiñ gülküsini bir gezek eşidenler uzak wagtlap ýatlaryndan çykarmaýarlar. Hawa, gojaman çynarlaryñ äpet göwreleri hem käkiligiñ gülküsini eşidende näzik görnüşe gelýärmiş diýýärler. Bu käkilikleriñ mylaýym, jana şypa beriji sesiniñ ýakymlylygy üçin aýdylýandyr. Nähili ýagdaýda aýdylsa-da, käkilikleriñ hoş owazynyñ waspy hemişe oñatlyk bilen ýatlanylýar. Käkiligiñ dag eteklerinde höwründen azaşan çagyndaky owazyny eşitmedik awçy azdyr... Jereniñ gözünden akan bulakdan dörän albomdaky käkiligiñ görnüşi goja awçynyñ hakydasyna onuñ tebigat bilen baglanyşykly eden ýene-de bir günäsini janlandyrdy... Şol säherde Meret mergeni ukudan oýaran zat käkiligiñ gülküsi boldy. Käkiligiñ gülküsi dag gerişlerinde abadançylygyñ höküm sürýändiginden habar berýärdi. Dañyñ ümüş-tamyşynda ilki bilen goja daglaryñ başlary agaryp ugraýar. Belent daglar günüñ dogjagyny öñden görýärler. Olaryñ bu bolşy ynsan bagtyna uly işler bitiren adamlary ýatladyp dur. Käkiligiñ gülküsi hem säher salgymlarynda täsin lezzet berýär. Şol gülküniñ belent gaýalara düşmegi goja daglaryñ wagtyhoşlugyny artdyrýar. Ynha, bu günem gülküsini gaýtalap güldüler. Ene käkiligiñ gülküsi hemmeleriñ ýüreginden turan bolmaga çemeli. Bütin daş-töwerek onuñ sesini yhlas bilen diñläp ýatyrdy. Hawa, käkiligiñ gülküsini diñläp, oña haýran galanlaryñ biri hem Meret mergendi. Ol süýşenekläp käkilige golaýlady. Käkilik barýan ýoluny üýtgetdi. Meret mergene geregi hem hut şol bolsa nätjek. Käkiligiñ assa-assa basyp hol aşakda sonarlyga sowulmagy awçynyñ arzuwlaryny ganatlandyrdy. Käkilik gök sonarlyga ýetiberende täsin-täsin owaz edip seslendi. Megerem, bu onuñ ýekesireýän wagtynda bogazyndan çykarýan owazy bolsa gerek. Meret mergen näme üçindir, käkiligiñ ýekelikdäki şol saýramasyna özüçe üns berdi. Ellerini galgadyp seslendi. Käkilik gök sonarlyga tarap heteketini çaltlandyrdy. Gyssanmaçlyk seresapsyzlyga getirdi. Jülgäniñ bezegi käkiligiñ aýagy Meret mergeniñ guran duzagyna düşdi... Jereniñ gözünden akan bulakdan dörän albomyñ sahypalarynyñ arasynda pasyrdaýan käkiligiñ ganatynyñ şygyrdysy gelýän ýalydy. Henizem şol ses awçynyñ gulagynda saklanyp galypdyr. Goja awçy Meret mergen özüniñ tebigat dünýäsine eden hyýanatçylygyny ýadyna saldy... Öz ömründe tebigata, haýwanat dünýäsine kast etmek müdimilik ýatda galýan zat. Ol ömürlik ýüregiñe yza baryny berip durarmyş. Oýunmy ýa-da hile? Meret mergen dyzyna ýetip duran bulagyñ doñan görnüşli keşbine seredip haýran galdy. Ilki edil kinonyñ lentasynda bolşy ýaly, mergeniñ arzuwlary aljyraññy ýagdaýda geçip gitdi. Birdenem, tilkiniñ hamy içine dakylan selinleriñ her übtügini bir ýere gaçyryp, täsin-täsin böküp, oýnap başlady. Görsene, ol tilkiniñ hamy eýýäm lowurdap duran tilkä öwrülýärdi. Onuñ guýrugyna, ylla kümüş-gyryndysy sepilen ýaly. Ol tilki şeýle bir oýunlar bilýän ekeni. Ylaýta-da, kümüş reñkli guýrugynyñ oýunlaryny diýsene. Onuñ hereketleri Meret mergeniñ bar ünsüni özünde egledi! Tilki uzaklara gidip, ýene-de öñki ýerine aýlanyp geldi-de, öz oýnuny dowam etdirdi. Guýrugy kümüş reñkli tilki iñ soñky gezek depä ýarmaşdy-da, Meret mergeniñ gözünden ýitdi. Ömrüni awçylykda geçiren mergen oýunçy tilkiden utulanyna gaharlandy. Gahar bilen tüpeñini şakyrdatdy: ''Ýene-de bir gezek gözüme görünseñ bolýar'' ㅡ diýip arman bilen içini gepletdi. Onýança-da gyzyl guýrukly tilki peýda bolup, Meret mergene dürli oýunlaryny görkezip başlady. Gyzyl guýrukly tilkiniñ oýunlary gyzyklydy. Golaýynda hezil edip oýnap ýören tilkiniñ çep gözünden degen okdan soñ, ýene-de bulak doñuñ üstüne ilki çykan tilkiniñ hamy içine dykylan selinlerini seçeläp oýnamaga başlady. Diýmek, ol tilki hem hama öwrülen eken... Bu mergeniñ durmuşynda bolup geçen ýene bir wakany janlandyryp görkezýärdi... Ak aýragyñ düýşi Säher çagydy. Pessaý ýaz şemaly aýragyñ ýüpek ýaly mymyk tüýlerini sypalap, janyña şypa berýär. Gün guşluk ýerine golaýlaşypdy. Uzyn gijeläp tüpeñini şakyrdadyp, giñ sähralykda haýwanlary bimaza eden awçy hem indi uklan bolsa gerek. Wah, şol awçydan tebil tapmadyk bolanlygynda ak aýrak ilerki sähralykdaky otluk ýerde hezil ederdi. ''Bir doýmak - çala baýamak'' diýip adamlar aýdýarlar-a! Şol sözleri aýraklar hem ýüreginden gaýtalasa, ony ýerine ýetirip bilse, baýamak kemi ýok-la! Ak aýrak Ýelli gaýa diýlip ady höwes bilen tutulýan belentligiñ çür depesine çykdy. Onuñ mymyk tüýleri pessaý şemala iki-baka yrandy. Ak aýragyñ göwsi pessaý ösýän ýaz şemalyndan lezzet aldy. Ak aýrak şu ajaýyp howada uzyn gije dag diýmän, dere diýmän yzyndan galmadyk awçyny ýatlanynda bütin bedeni gagşap gitdi. Ýerinden sähel gozganan ak aýrak uçýarmyş. Ol gaza meñzäp barýarmyş. Düýşünde düýnki atylan erkeç owlagy gördi. Hawa, düýşünde gördi... Ak aýragyñ ýadyna awçynyñ atan boýnuzlyja owlagy düşdi... Ol kynlyk bilen dem aldy. Birden owlak öz atylan ýerinden bärligine gaýtdy. Ol bir kerseni gandan dolduryp gelýär. ''Kaka içsene bu gandan. Juda tagamly. Meniñ saglygymy baky arzuw edersiñ häli!'' Akja owlak aýragyñ öñünde kersen doly gany goýdy. Ak owlajyk: ''Men bu kerseni awçy agadan diläp aldym'' diýip ýyljyraklaýar. Şol wagt tüpeñiñ niliniñ içinden gan akyp, aýratyn bütin göwresini gyzyl reñke boýaýar. Ak aýrak bu gören düýşünden howatyrlandy. Sagyna-soluna seretdi. Owlak-da ýok, kersen-de. Ak aýrak sojap-sojap dem aldy... Ol bu ýerden tiz gitmäge synanyşdy. Çepine seretdi. Şol wagt bukuda ýatan awçynyñ tüpeñiniñ nilinden çykan ok ak aýragyñ Ýelli gaýadan aşaklygyna agyp gaýtmagyna sebäp boldy. Ak aýrak özüniñ arzuwçyl gözlerini açyp gitdi... Ak aýrak nebsewürlik bilen kersendäki gany içdi. ''Ýüregim sowaýdy'' diýip öz şatlygyny buýsanç bilen gaýtalady... Gözlerini sähelçe herekete getiren ýaly boldy. Irkilen ak aýragyñ gözlerine hiç zat görünmedi... Şagalyñ toý çakylygy Şagal geçen agşam uzyn gijeläp uklamady. Ol göwün-şatlygy, göz guwanjy kiçi oglunyñ öýlenmegi bilen bagly bolan dabaralardan soñ aşa tolgunýardy. Sary şagal toý güni düýnki çukura ýykylyp ölen dünýäniñ etini ähli meslekdeşlerine deñ-derman joşmagy ýüregine düwdi. Ol göz guwanjynyñ toýuny bu güne çenli tutulan ähli toýlardan dabaraly geçirmek isledi. Şu wagt sary şagalyñ ýadyna okdur aýraçylyk düşmeýärdi. Hatda ol hininiñ ilersindäki ýylgynyñ ýanyna baryp, belentliklere garap elini hem bulady. Bu şatlygyny öñ habar edenligine garaman, ýene-de bir gezek ülpetlerine ýatlatdy. Sary şagal bu toýda tokaý jandarlarynyñ agzybir ýaşamaklaryny ilkinji maksat edinipdi. Toýda ähli jandarlaryñ hem azda-kände şatlananlygy belli. Emma sary şagalyñ begenjini diýip-aýdar ýaly däl. Şu pursatda sary şagal belentliklere, pesliklere näçe baryp geldikä? Ol belli däl. Bir zat weli belli. Her uzak aralyklara aýlananda şagalyñ göwni göterildi. ...Şu pursatda Meret mergen öñünde ýaýylyp doñup galan gözýaşyñ içine ýene bir gezek dykgat bilen seredesi geldi. Görsene! Ýigit çaglary jandarlara görkezen ganymlygynyñ ýene bir netijesine Meret mergeniñ gözi düşdi. Toý gününde bolany üçin bek ýadynda galandyrda! Sary şagalyñ şatlygy oña ýaramady. Ol şagaly ulumsylykda, äsgermezlikde aýyplapdy. Meret mergeniñ dogry çenäp atan oky sary şagalyñ ýüregini çawap geçdi. Şondan soñ şagal ýerinden butnamady hem. Sähelçe durjak ýaly etdi-de, agramyny ýere taşlady... Jereniñ göz ýaşyndaky şagalyñ keşbi Meret mergene köp zatlary ýatlatdy. Onuñ ýüreginde näme üçindir ýiti agyry peýda boldy... Meret mergen gözýaşda görnen şagalyñ keşbine ömründe birinji gezek nebsagyryjylyk bilen syn etdi. Geçen günleri kinonyñ lentasy ýaly bolup, gözüniñ öñünden geçip gitdi... Iñ esasy hem sary şagalyñ tutan toýy kethudasyz galdy. Tüpeñiñ sesinden jandarlaryñ dargap gitmegi düzedip bolmajak başagaýlyk döretdi... Towşana ㅡ dogduk depe'' Bu towşanyñ müçesi kiçidi. Ol uly towşanlara meñzäp, bu gyzgyn sährada bir ýerde durman hereket et-dä! Beýle hereketi ol öñ hiç wagt etmändi. Onuñ garnyndaky çebşejikleriñ hem dünýä injek güni uzakda däl. Ine towşanyñ sanly günden soñ, daşyny kiçijikler-çebşekler doldurar. Şonda ol bu günküsi ýaly hereket edibem bilmez. Belki, şonuñ üçindir yhlas bilen oýnanlygy... Maý aýynyñ salkyn günleriniñ birinde ukudan turan Meret mergen ýowşanlygyñ içinde hezil edip oýnap ýören towşana yhlas bilen syn etdi. Ylla, surata düşürjek suratçy ýaly towşanjygyñ sagyna we soluna geçeninde dyzyna agram salyp ädilmedi. Towşanyñ oýnuna höwes bilen syn etdi. Ýowşanlygyñ ilersini sary çäge tutup ýatyrdy. Meret mergen towşanjygy ýowşanlykdan kowup çykarmak isledi. Emma görsene, bu bolýan zady. Towşanjyk doglan ýerinden daşary çykyp, uzaklara gidesi gelmedi. Ine şol wagtda hem Merer mergen açgöz nebisjeñ awçylygyny subut etdi. Awçylar, adatça, bogaz janawara ýarag çenemeýärler. Belki, şu aýylanlary towşanjyk bilýändir. Şonuñ üçin onuñ şu ýowşanlykdan ara açasy gelýän däldir. Meret mergen öñden aýdylaýan geplere gulak gabartmady. Wagşylygyny etdi. Tüpeñiñ oky towşanyñ çep böwründen hem garnyndan degeninden soñ, haş-ş edip demini aldy. Aslyýetinde, bir towşana iki ok atmak nämä gerekdi diýsene! Towşanyñ garnyndan degen okuñ zarby bilen çykan towşan çagajyklary gözlerini baky ýumdular. Meret mergen öz eden bu mergençiligi üçin guwandy. Bogaz towşanyñ eti känbir halanmaýan bolsa-da, Mergen onuñ damagyna pyçak goýdy... Meret mergen gözýaşdaky görnen towşanyñ şekilinde öz ýaşlykda goýberen bir hatasyny ýatlady. Ýürek agyrysy artdy. Sag eli bilen ýüregine tutan awçy çep taraplygyna agdarylyp gitdi. Onuñ egnindäki tüpeñi bolsa ýere gaçdy... Bu hakykat şol tüpeñiñ dagy-duwara atylmajakdygyna güwä geçýärdi. (Soñy) Giçgeldi AŞYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |