11:48 Tümlükdäki ýagtylyk / ylmy-fantastiki powest | |
TÜMLÜKDÄKI ÝAGTYLYK
Mistika we fantastika
Asyrlaryñ üstünden ätläp... Men mongol-tatar zulmuny öz gözi bilen gören adama duş gelerin öýdüp pikir hem etmändim. ''G'' ýaşuly bilen Baş lukman meni şol ýaşulynyñ öýüne getirdi. Geñ zat: Ýaşulynyñ öýüniñ otaglarynyñ diwarlaryndan çykan gyzyl güller seni haýran galdyrýar. Bu ýerde gojalaryñ ýaşaýan jaýlaryna goşmaça azon gazy berilýär ekeni. Men azon gazyny yhlas bilen sorup, gojanyñ gürrüñine diñ salýaryn... ㅡ Ýerdäkileriñ hasaby bilen 1227-nji ýyldy. Şu günki ýaly ýadymda. Ýerdäki adamlara ezýet baryny beren Çingiz han diýlen adam öz ölümine juda namart ekeni. Hatda ol: ''Nirede ýaşasamam bolýar'' diýen pikirde. Onuñ üçin ülke, watan diýen söz ýat. Ol ölümden şeýle bir gorkdy. Hatda ''Baky ýaşap bolmazmyka'' diýen pikiri gaýtalady. Biz şol wagt iki adamdyk. Menden bir ýaş uly ýoldaşym we men. Her işde ýaşuly bolany üçin men oña geñeşmäge endik edipdirin. Bizde ýaşy boýunça bir gün uly bolsa-da, şonuñ aýdan sözlerini diñe makullamak galýar. Oña garşy çykmak öñden gelýän däbiñ üstünden kese çyzyk çekmek bilen des-deñ. Men Çingiz handan soradym: ㅡ Ýigit, sen direleniñden soñ etjek işleriñi bir-bir ýatlaýsañ? Çingiz hanyñ jogaby nagt boldy: ㅡ Meniñ urşup alyp bilmedik kän-kän ýurtlarym bar. Köp ýigitler, köp galalar meniñ golumyñ zarbasyndan titremedi. Köp gözeller öz ýarlaryny gidermedi. Köp şäherler öz öñki guralyşyny saklady. Şolaryñ üstünden gum sowurmakçy. Men soragymy dowam etdirdim: ㅡ Ýene-de... Çingiz hanyb batly jogaby meni haýran galdyrdy: ㅡ Bir wagtlar Aleksandr Makedonskiý diýen bir ýetimek dünýäniñ üçden bir bölegini eýeläpdir. Ine şonuñ gola salan ýerlerini elime geçirsem, başga armanym ýok. Soragy dowam etdirdim: ㅡ Ýene-de arzuwlaryñyz?... Çingiz atlandyrylýan gyýyk gözli şol adam öz ýüreginiñ töründäki saklanyp galan pikirini aýtdy: Ol: ㅡ Bütin ýeriñ ýüzüne gan çaýkasym gelýär. Goý, Çingiz hanyñ kimdigi köp-köp asyrlardan soñ hem bildirip dursun. Ýoldaşym gaharlandy: ㅡ Heý, beýle bet pikirli adamy hem öz planetamyza golaýlatmak bolarmy? Diñe bir golaýlatmak däl, eýsem ony ýerden hem tiz daşlaşdyrmak gowy ㅡ diýdi. Çingiz hanyñ uzak ýaşamak arzuwynyñ netijesi arzuwlygyna galdy... Ýaşuly ençeme asyrlardan geçen ýüzüni çep eli bilen sypap: ㅡ Howwa, biziñ Bakylyk ýurdumyza onuñ ýaly betsyýakly adamlaryñ geregi ýok ahyry. Bizde häzir uruş-dawa ýok. Ol Çingiz han ýaly adamlardan juda daşda durýanlygymyz üçin şeýle bolsa gerek. Birnäçe asyrlaryñ şaýady bolan ýaşuly oturan ýerinden gobsundy-da, sözüni dowam etdi: ㅡ Rahatlyk, abatlyk bolsa gowy-da... Men şol wagtlar on dokuz ýaşymdadym. Ýeriñ üstüniñ uruş, dawa bilen gyzyl dörjük edilýändigini meniñ ýanymdaky ýoldaşym bilýän ekeni. Öwünmek üçin aýdamok. Ony häzirki oturan kişileriñ hem her birisi oñaryp biler. Ýöne ýerliler öz topragymy abat saklamakda öñem, soñam köp pikir edenoklar-da. Eýsem, uruş kime peýdaly? Ondan-a öz ene ýerleriniñ meñzini oñarsynlar. Dem alar ýaly däl. Men şol gün bakylyk ýurdunda diñe gowy niýetli adamlaryñ ýaşaýan ekenligini duýdum. Ýaşuly bilen duşuşykdan soñ ''G'' ýaşuly bilem Ömür institutyna bardyk. Onda ''Baky ýaşamagyñ tärleri'' hakda gürrüñ gidýän çekişmä gatnaşdyk. Institutda ýüz ýaşa çenli okadylýar ekeni. Olaryñ añy, düşünjesi, gözýetimi beýleki planetalara gös-göni göz ýetirmek. Talyplaryñ bu dünýädäki ähli zatdan başy çykýar. Geñ galmaly: institutda ''Gülki'' atly ýörite sapak geçirilýär. Çekişmede hem gülkiniñ ynsan ömrüniñ ýarsydygyny bellediler. Bu ýerde düzgün bozulyşy düýbünden ýok. Eger tertip-düzgün bozulaýsa, şol adam halk köpçüligini üç günläp gyzykly gürrüñler aýdyp berip güldürmeli... Biziñ günortanky nahar iýmäge çykan ýerimiz Howa diýlip atlandyrylýan naharhanady. Gökde howalap duran bu ymarat 18-nji planeta agram bermez ýaly ýokarsyndan magnit bilen çekdirilipdir. Ony men nä bileýin. ''G'' ýaşulynyñ sözi bilen aýdýan ony. Meniñ şol naharhanadaky iýen naz-nygmatlarymyñ içinde heniz görmediklerim hem bar. Bakylyk ýurdy şeýle görnüşli ekeni... Kanalyñ kenarynda Bakylyk ýurdundaky bu kanal meni diýseñ gyzyklandyrdy. Kanalyñ goşa kenary hem tal, derekler bilen gurşalypdyr. Pessaý akýan suwuñ ugry bilen käte gerişlerini görkezip oýnaşýan balyklary diýsene! Kanalyñ kenarynda ýerleşýän Doganlyk atlandyrylýan medeni-seýil bagy köpleriñ ünsüni özünde egleýär. Daşarky planetalardan getirilen merhumlar ilki bilen şu ýere getirilýär. Başga köp sanly sagaldyş jaýlaryndan lukmanlar çagyrylýar. Doganlyk atlandyrylýan şypaly ýeriñ gürrüñini etmegem gyzykly. Ýanymdaky ''G'' ýaşuly maña operasiýanyñ şu medeni seýil bagynda geçýänligini ýatlatdy. Biz Baş lukman hem ''G'' ýaşuly bilen şol ýere bardyk. Ol ýere eýýäm köp adam üýşen ekeni. Yhlas myhmanhanasynda bir gijäni geçirenim belli-dä! Düýnki ýadawlykdan nam-nyşan ýok. Men medeni-seýil bagyñ gözel görküne añkarylyp seredip durdum. Görsene,,bu bolýan zady. Kakam egni mawut donly hol añyrdaky güjümiñ aşagynda gök ýektaýly adam bilen dur. Bu ýerde lukmanlar we şepagat uýalar gök ýukajyk ýektaý geýinmegi unudanoklar. Men ýerdäki şypa beriji adamlaryñ henize çenli ak ýektaý geýnip ýörenine kemsinmänem durmadym. Biz baş lukman hem ''G'' ýaşuly bilen kakamyñ ýanyna bardyk. Dogrusyny aýdaýyn, nähili ýadyma salmajak bolsam hem obadaşlaryñ ýasa ýygnanyşyp, kakamy öldi hasaplanlary ýadymdan çykaranok. Ýüregim birhili jigläp duran ýaly... Baş lukmandyr ''G'' ýaşuly meniñ ýüzüme soragly nazaryny dikdiler. Bu belli zat. Olaryñ: ㅡ Sen heniz hem Gurt çopandan gorkup durmuñ? Ol häzir diri ahyry. Sen ondan gorkma...ㅡ diýdikleridi. Baş lukman bilen ''G'' ýaşuly meniñ kakam bilen ilkinji görşümiziñ şaýady boldular. Dogrudanam, kakam diri ekeni. Bu onuñ gürrüñinden, hal-ahwal soraýşyndan hem mälim boldy: ㅡ Arslan jan, sag-amanja geldiñmi? Ýadaman gelen ýeriñ bolýar. Ol ýerler gurgunçylykmy? Ejeñiñ hem sag-aman gezip ýören ýeri bolýar. Kakam bilen uzak gürrüñ etdirip durmadylar. Biz medeni-seýil bagynyñ günorta künjünde ýerleşýän Doganlyk diýlip atlandyrylýan ymaratyñ Başky jaýyna girdik. Kakam dagy bilen bu jaýa bile girsek hem operasiýa geçirilýän otagda içgin gürrüñ edip bilmedik. Baş lukman öz soragly nazaryny añyrdaky otagyñ gapysyna dikdi. Men özümiñ içgepletmelerim bilen gümra boldum. Baş lukman ölen adamy nädip janlandyrarka? Onuñ kömekçileri näçekä? Bu meni geñ galdyrýardy. Geñ galdyrmaz ýaly hem däl. Merhumlaryñ bu dünýäden haýsy kesel bilen gidenini anyklamady. Baş lukman hem şeýle eder ekeni. Ol hut şu pikirini bilmek bilen işe başlady. Kim bilýär. Bu hem medisinanyñ gizlin syrlarynyñ biridir. Ol öz ýanyndaky duran bir kömekçisine soragly nazar bilen seretdi. Ýanyndakynyñ hem lukman geýmdeligi üçin şeýledir diýip pikir etdim. Baş lukman bir kiçijik maşynjygy işledip, merhumyñ haçan, haýsy keselden ýogalandygyny anyklady. Indi ýekeje zat nämälim. Ol hem şol dargap ýatan süñklerden adam dörejekdigi ýa-da ýoklugy. Baş lukmanyñ eli ýeñil diýip ''G'' ýaşuly söhbet açan bolsa-da, öz gözüñ bilen görseñ gowy-da. Baş lukman bir wagtlar dünýäden öten hezreti Lukman Hekimiñ öz ömri bilen bagly eden tejribesini birçak öwrenipdir. Lukman Hekimiñ eden şol tejribesi hakda öñ hem ''G'' ýaşulydan sähelçe diñläpdim. Lukman Hekim aradan çykjak wagty kyrk birinji dermany tapanmyş. Şol derman ýene-de tebibe jan bermelimiş. Emma hekimiñ şägirdi haýsydyr bir bilinmez sebäplere görä, şol dermanly çüýşäni elinden gaçyranmyş... Şonuñ üçin Lukman Hekim bu dünýä-juwan bolup gelip bilmändir... Görsene, Lukman Hekimiñ (şägirdiniñ) şol elinden gaçyran çüýşesiniñ içindäki derman häzir Baş Lukmanyñ elinde, Dogry Baş lukmanyñ hem getirilýän merhumlara yzaly seredýän pursatlaram bar. Gadymy adamlaryñ köpüsi ok-ýaragdan ölüpdir. Şol oklar zäherlenen bolany üçin onuñ hysyrdyly işdigi belli. Ilki bilen şol keselliniñ ýarasyny doly bejermeli. Şonuñ üçin Baş lukmanyñ köplenç merhumlaryñ saglykda gezip ýörkä aradan çykanlaryny köp isleýär. Sag adam hem ölermi? ㅡ diýip soramagyñyz mümkin. Öler. Öler. Ol ýerdäki şu wagta çenli bolup duran zatlar ahyry. Baş lukman eserdeñlik bilen getirilen bir topar süñklere seretdi. Ellerini ýokary galdyryp, gök ýektaýynyñ ýeñlerini ykjam çermedi-de işe başlady. Jeset janlananda Baş lukman özüne sabyrlylygy endik edinipdir. Ol, ylaýta-da, operasiýa wagtynda şeýle. Bilmedim onuñ kimden öwrenenligini. ''G'' ýaşuly şeýle diýýär. Bu gezek hem şol eşidişim ýaly boldy. Ol Lukman Hekimiñ kitaplaryndan başga-da otuz dokuz kitabyñ sahypalaryndaky öz bellik eden ýerlerini açyşdyryp seretdi. Köp sahypalar bolsa açyk dur. Ol ''G'' ýaşula üm bilen nämedir bir zatlary aýtmak isledi. Belli zat. Baş lukman şu operasiýanyñ ähli syrlarynyñ ýerden gelen maña görkezilmegini dogry hasaplaýar. Men ''G'' ýaşulynyñ aýtmagy bilen Baş lukmanyñ golaýyna süýşdüm. Baş lukmanyñ ýene-de iki kömekçisi bar.Ol öñde duran jeset diýlip atlandyrylýan süñkleriñ toplumyna göz aýlady. Öz wagtynda Lukman Hekim hem bir zady unudypdyr eken.Şu süñkleri herekete getirmek üçin nämeleri başarmaly. Bu onçakly täsin zat hem däl ekeni. Ony planetanyñ medisinadan başy çykýan adamlary kän gaýtalap, kitap baryny ýazypdyrlar. Şu günki medisinada bir wagtlar aradan çykan adamlar hem direldilýär. Baş lukman stoluñ üstündäki ýatan süñkleri tertibe salyşdyrmak bilen işe başlady. Baş lukman merhumyñ çep aýagyndan zeper tapandygyny tiz anyklady. Dogry aýdýañ! Mämmet bagşynyñ çep aýagyndan ýörülgen çykyp, azar çekip heläk bolandygyny öñ eşidipdim. Baş lukman: ㅡ Bu adam öñ ýempäp hem gezipdir. Görýäñizmmi, onuñ çep aýagynyñ injik süñkleri kelteräk ㅡ diýip, öz pikirini aýtdy. Ýatan süñkleriñ üstüne derman sepildi. ''Sepildi'' diýýärin-dä. Çäklije guýuldy. Süñkler birden dokuzynjy damjadan soñ uzap başlady. Bu adamyñ boýunyñ hem gysgadygy tiz mälim boldy. Eşidişime görä, Mämmet bagşy iri adam bolmaly däl. Sepilen dermanlaryñ damja sany ýigrimi bäşe ýetdi. Otuz dokuza ýeteninde süñkleriñ daşyna et örüp başlady. Adam sypatyny emele getirdi. Görsene, ýañyja getirilen süñkler et bilen gurşalansoñ, onuñ daşyna hem örensoñ, adamyñ jesedine meñzedi. Ol adamyñ ýüzi kem-kemden nurlanýardy. Saç, murt çykansoñ-a uklap ýatan adamyñ şekiline öwrüldi duruberdi. Baş lukmanyñ hem gyssanýan wagty bar ekeni. Saç, murt çyksa-da sakgal näme üçindir görünibermedi. Bu ýagdaý Baş lukmany azajyk howpurgadan bora çemeli. Ol ''wiý'' diýip bir zady ýadyna saldy. Megerem, saçdan soñ sakgalyñ çykýanlygyny Baş lukmanyñ göz öñünde tutmanlygy belli boldy. Ak sepen (badyna) sakgal çykyp başlanda, Baş lukmanyñ ýüzünde şatlyk alamatlary çaýyldy. Şägirtler Baş lukmany gutladylar. Kümüşleç sakgally, gara reñkli adamyñ jesedi stoluñ üstünde ýatyrdy. Ol stola agram salýardy. Diýmek, onuñ agramy az-küş däl. Baş lukman göwrümini näçe giñ tutasy gelse-de, göwnünde weli nähilidir bir iñkisi bardy. Ol bu operasiýanyñ netijesiniñ nähili boljaklygy bilen baglanyşykly. Şägirtleriniñ biri gözlerinde sorag alamatlaryny emele getirip sähelçe saklandy-da, añyrsyna bakdy. Baş lukman üçin öz şägirdiniñ aýtjak bolýan zady öñden düşnüklidi. Jeset doly taýýar! Indi ony janlandyrmaly. Baş lukman öz kömekçisine elini uzatdy. Bu onuñ kömekçisi bilen ylalaşýanlygynyñ alamatydy. Lukman Hekimden soñ näçe asyrlat geçen bolsa-da, guma garylyp, hiç tapylmadyk dermana Baş lukman elini ýetirdi. Görsek, nähili gymmatly we nesilleri uzak garaşdyran derman! Baş lukman her näçe gorkyny ýürege salmasa-da, çep eliniñ titräp gidişi mälim boldy. Şägirtleri oña ''Gujur'' atly sary reñkli içgi berdiler. Baş lukman özüni ýene-de arkaýyn duýup başlady. Kyrk birinji derman ýatan jesediñ üstüne sepildi. Şol wagt hiç üns berilmedik bir zat mälim boldy. Onuñ dişleri şu wagta çenli çykman ekeni. Ine, ählu dişi bar bolan mäşbürünç sakgally, murtly adam ýyrşaryp, öz dişlerini güjeñledi. Gözlerini açdy. Togsan ýaşa çenli okan Baş lukman bu üstünligine guwandy. Adamyñ gözi açylyp ㅡ ýumuldy. Soñra ol gözler operasion kabinetiñ depesine dikildi. Ine , birden ol ýatan adam gozganyp başlady. Zalyñ içinde duran ähli adamlar Baş lukman hem şägirtlerini üstünlik bilen gutladylar. Janlanan adam operasion stoluñ üstünde kän oturmady. Ol stoldan ýuwaşlyk bilen düşdi-de, kabinetiñ diwarlaryna, gapylaryna seretdi: ㅡ Hany meniñ dutarym! Janlanan adamyñ ilki sözi şol boldy. Şol wagt ýerden gelen kakam ㅡ Gurt tüýdükçi kömege ýetişdi. Mämmet bagşy özüne egin-eşik geýdirilmegini sorady. Mämmet bagşynyñ sesi gübürdewük ekeni. Ol getirilen egin-eşiklerini geýinmäge başlady. Oña kakam hem kömek berdi. ㅡ Hany meniñ dutarym? ㅡ diýip, öñki soragyny gaýtalan Mämmet bagşy Gurt tüýdükçiniñ ýüzüne seretdi. Ýerden getirilen dutar eline berlen Mämmey bagşynyñ gözleri ýyrş-ýyrş etdi. Lohhuldap güldi hem. Ol: ㅡ Azajyk uklaýyn ㅡ diýip, ýañyja gyşarypdym ㅡ diýdi. Mämmet bagşa tiz aw etinden bişirilen kebap getirdiler. Adamyñ ýaşy, işi halda köp gürrüñ etdiler. Şonda kakamyñ aýdan sözleri henizem ýadymda: ㅡ Dutar bilen aýdymlary asyrlardan asyra geçirýänleriñ ykbaly şeýle bolmaly. Mundan togsan bäş ýyl öñ dünýäden öten Mämmet bagşynyñ şol gijeki beren konsertini diñledik. Dogrudanam, il ony ýöne ýere ýatlamaýar ekeni. Bilbil sesli diýdigim-dä şol. Şol gije meniñ kakam ㅡ Gurt tüýdükçi ikisiniñ gezek-gezegine beren konsertini diñlänleriñ arasynda özüm hem bardym... Giçgeldi AŞYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |