10:25 Merhumlar bilen duşuşyk / fantastiki powest | |
MERHUMLAR BILEN DUŞUŞYK
Mistika we fantastika
Ilkinji görenlerim Meniñ on alty ýaşym bar. Dokuzynjy klasyñ okuwçysy. Adym Arslan. Heý, siz şu ýaşda merhum bilen duşuşyp, bile bolup gördüñizmi? Onuñ dutarda edýän müñ hili öwrümlerini, gargy tüýdükde çalýan ýollaryny ýanynda oturyp diñlediñizmi? Olaryñ ''berekellasyny'' ýetirdiñizmi? Ýok diýäýersiñiz. A men gördüm. Ýigrenenim ýalançylyk. Biziñ geçmişimiz ýatdan çykyp gidipdir. Ol hem ýer üstündäkileriñ ömri bilen baglanyşykly. Eger ömür ýaşy köp bolan bolsa ýeriñ üstündäkilerem kän zatlar döredip biljek ekeni. Arman... olar juda az ýaşaýarlar-da. Meniñ bu görenlerimi hiç kim dogrudyr diýip hasaplamaz. Eger çynym, hasaplamaz. Çyndyr öýütseñiz aýdyp bereýin. Ýöne ynanarsyñyz-a diýip biljek däl. Şonda-da aýdaýyn... Gün batyp, garañky düşüpdi. Dogrusy, gijäniñ bir wagtlary hem adamlary garañkyda goýýan biziñ obamyzyñ yşyklarynyñ hem şöhlelenmeli wagty boldy. Elektrik çyralarynyñ ýandyryjy nokatlaryna el ýetirýärin. Heniz-ä tok ýok. Çyralar-a entek ýananok. Ýene-de gyssagly çyralaryñ nokatlaryna elimi ýetirýärin. Haý berekella! Öýüñ içi gündizlik ýaly boldy. Men şu pursatda muña käbir kelpeñleriñ Iliç çyralary diýenini ýatlap, gülkim tutdy. Heý, beýle-de bir ýalançylyk bolarmy? Elektrik çyrasynyñ ýüze çykanyny taryh sahypalary ýadyndan çykaranok. Şeýle pikirler bilen daşky dälize çykdym. Tas ýüregim ýarylypdy! Kellesi petige golaýlap duran burunsyz, ziññirt ''adam'' egnime çalaja kakdy. Meniñ ýüzümiñ gorkudan ýaña üýtgeýändigini bilendir-dä. Sag elini hereketlendirip, meniñ gorkmazlygymy ýatlatdy. Gorksañ, gepläp bilmeýänligiñ dogry bolsa gerek. Sesim sandyrap çykdy. ㅡ Siz kim? Size kim gerek?... Ziññirt adamyñ jogaby gulaklarymy gapyp gitdi: ㅡ Sen dokuzynjy klasyñ okuwçysy Arslan gerek? Ol onçakly düşnükli bolmasa-da, türkmençe gepleýärdi. Men däliziñ şeýle lowurdap duran yşyklarynyñ astynda ýalan sözläýinmi? ㅡ Men Arslan! ㅡ diýip sandyrawuk ses bilen jogap berdim. Ol meniñ dikilgazyk bolup durman, oturmagymy haýyş etdi. Däliziñ bir burçunda stol bileb iki sany oturgyç durdy. Nätanyş adam meni oturgyja golaýladyp ''ýylgyrdy'', agzy açylyp, añyrdaky dişleri göründi. Şonuñ üçin aýdýarynda ''ýylgyrdy'' diýip. Onçakly oturgyçda oturasym gelmese-de, bir eli bilen egnime basyp durandan soñ, närazy bolsam-da oturmaly boldum... Ziññirt adam oturgyçda oturmady. Eger-eger oturaýyn diýip pikirem etmedi. Ol gözlerini ýene-de maña aýlady: ㅡ Arslan, seniñ bilen bir-iki agyz gürrüñim bar. Men bu nätanyş adamyñ meniñ bilen nähili gürrüñiniñ bolup biljekdigi hakda azajyk-da bolsa oýlandym. Onýanýça nätanyş adam öñki mähirli seretmesini birjik-de kemeltmän, söze başlady: ㅡ Men on sekizinji planetadan geldim... Ýörite seni yzlap... Meniñ jogabym gyssagly we howsalaly eşidildi: ㅡ Meni yzlap diýdiñizmi? Men size näme üçin gerek? Nätanyş egildi. Onuñ burny ýok. Burun deşikleriniñ biziñ burnumyzyñ deşiklerinden mesaña ululygy bildirip dur. Ol sag eliniñ içinde bir zady gysdy öýdýän. Ol jyññyrdap, geñsi ses etdi. Oña ünsümi berenimde nätanyşyñ sesi öñküsinden has düşnükli edip duran geñsije ''jañjagazdygyny'' gördüm. Nätanyş ýene-de öñki sözlerini gaýtalady: ㅡ Men on sekizinji planetadan ýörite seni yzlap geldim. ㅡ Meni ol planetada tanaýan kişi ýok ahyry. Ýa-da siz tanamaýan adamyñyzyñ ýanyna hem şeýdip geliberýärsiñizmi? Nätanyş hahahaýlap güldi. ㅡ Tanaýarys, tanaman näme? Seniñ obaña Gökgaýa diýýärler. Edebiýat mugallymyña Sapar Çaryýew diýýärler, dogrumy? Geñ galdym. Ýene sorag bermegiñ ebeteýini tapmadym. ㅡ Sen deputat çopan Gurt aganyñ ogly dälmi? Meniñ damagym doldy. Kakam çopan Gurduñ ''tabak'' bilen uçup gidenine iki aý çemesi wagt boldy. Onuñ kyrkyny hem bir eýýäm berdik. Men bogazyma agram salyp: ㅡ Gurt çopanyñ aradan çykanyna köp wagt boldy ㅡ diýdim. Nätanyş ýene-de öñki şatlygynda seslendi: ㅡ Gurt çopan iki sagat mundan öñ men bärligine uçjak bolup durkam-a sagdy. Ondan bäri geçen iki sagadyñ dowamynda bir bolmaz iş bolan bolsa, meniñ ýüregim syzardy. ㅡ Nätanyş gözlerini ýumup, böwrüne diñ saldy. Ýene-de gülki sesi bilen söze başlady: ㅡ Gurt çopan häzir biziñ ''Bakylyk'' ýurdumyzyñ Belent naharhanasynda palaw iýip otyr. Haýran galdym. Obamyzyñ ähli ýaşlary, garrylary birleşip ony öldi diýip hasap etdiler. Onsoñ menem olaryñ aýdanyna ynanman durup biljek däl. Kakamyñ nähili arzuw-hyýallary bardy... Ol her gezek çölden. gelende meniñ adymy ilki tutardy. Bolmasa öýde ejemem bar. Şonda-da meniñ adymyñ yzyna ''jan'' goşup aýratyn aýdardy. Meniñ fizika ýa-da astronomiýa mugallymy bolup ýetişmegimi arzuwlady. Nätanyşyñ eli böwrüme dükürt edip degdi. Men-ä şol eli nämedir bir metaldan ýasalan görnüşinde duýdum. Nätanyşyñ gözleri çüýjerdi: ㅡ Näme iñkise gidýärsiñ? Aýtmasañam özüm aýdyp beräýeýin, Arslan ㅡ diýip menden hiç bir jogap çykmasa-da, sözüni dowam etdi. ㅡ Ýok, ýok! Arslan, ýaşulylaryñyzam, ýaşkiçileriñizem bu ýerde ýalñyşýar. Olaryñ garaýşy sähelçe kynçylykdan baş çykarmaýanlaryñ pikiri. Eger-de Eger-de şol gün olar biziñ ýurdumyza baran bolsadylar, onda Gurt çopanyñ sag-amanja gezip ýörenligine göz ýetirerdiler. Ol öz geýen gyrmyza donuny hem häzire çenli başga lybasa çalşyp ýörenok. Çopan adam-da. Oña bir-iki gezek aýdanyñ hem bolaýanok. Şeýle-e!ㅡ diýip nätanyş sözüni süýkdürdi. Begençdenmi, gynançdanmy bilmedim. Alasarmyk ýagdaýa düşdüm. Meniñ gözlerime gözlerini diken nätanyş ýüzümden pikir syrlarymy ''okady'': ㅡ Arslan, gülüp-oýnap gezip ýören Gurt çopana öldi diýmäge utanañokmy? Ol häzir biziñ ýurdumyzda hezil edip gezip ýör. Kakamy öñ hem gowy görýärdim. Bir aýdan gowrak çölden gelmän çopanlyk ediberse, içim gysardy. Indi iki aýdan bäri kakamy has-da göresim gelýärdi. Nätanyşyñ güñleç sesi birneme üýtgeşigräk çykdy. Belki, meniñ gulagymadyr. ㅡ Arslan, kakañ Gurt çopan saña salam iberdi. Men birhili boldum. Içimden: ''Ölen adam hem salam iberermi'' diýip oýlanýaryn. Düýşüñde ölen adam saña hat ýazsa ýa-da salam iberse gowulyga ýorulmaýar. Dogrusyny aýdaýyn, gorkdum. Dodaklarym çawlanan ýaly boldy. Nätanyş meniñ bu eden pikirlerimi-de, oýlanmalarymy hem ýüzümden ''okap'' duran ekeni. Ol ýüzüme seredip: ㅡ Arslan, sen ozal kän aldanan oglanan meñzeýärsiñ. A bizde aldamaklyk erbet görülýär. Ol ýene-de gözlerini ýumup, böwrüne diñ saldy: ㅡ Häzir Gurt çopan palawdan doýup, omyn edip otyr. Ediljek öz öýündäki ýaly ㅡ diýdi. Geñ galmakdan ýaña näme diýjegimi hem bilmedim. Nätanyş ýene maña seretdi: ㅡ Arslan kakañ Gurt çopan bu ýurda gelibersin diýip sargyt etdi. Ol häzir Garagumyñ çägesinden dür öndürýär. Hawa, dür diýilýän gymmat zady alýar. Oña otuz ýyllap Garagumyñ çägesiniñ üstünde işlänligi köp kömek etdi. Belki-de, sen hem ol ýere bararsyñ ㅡ diýip, sözüni gutardym hasaplady. Oýlanşyp hem durmadym. Men derrew şol ýere gitjekligimi duýdurdym. Nätanyş şol jogaba garaşyp duran ekeni. Ellerini ýokary galdyrdy welin, barmaklary petige degdi. Maña resmi äheñde söz gatdy: ㅡ Arslan, gideli! Men nätanyş bilen gidýänligim hakda ejeme habar bermelidim. Emma indi giç. Ol pahyr meni gözläp-gözläp, gaýgydan ýaña hasrat çeker. Men derrew stoluñ üstünde ýatan depder bölegine: ㅡ Eje, maña garaşyber. Tiz gelerin. Arslan ㅡ diýen ýazgyny galdyrdym-da daşary çykdym. Asyl beýleki planetadan gelen nätanyş öz uçup gelen ''tabagyny'' gapynyñ agzynda gonduran ekeni. Uzak ýöremeli bolmadyk. Gyzykly söhbetler ''Tabaga'' münenimizden, ol göwnüme bolmasa, silkinen ýaly boldy. Şondan soñ, onuñ uçuşy aramlaşdy. Boýy uzyn ziññirt adam maña oturar ýaly ýer görkezip, lowurdap duran dişlerini güjeñledi. Daşyndan göräýmäge ''tabagyñ'' içi dar ýaly. Içine girseñ weli, gysylar ýaly däl. Uzyn boýly adam şeýle bir mähirli. Burunsyz ýüzüniñ onçakly gelşigo bolmasa-da, bir zat belli: Onda mähir bar. Ýolda ýaşuly gözlerini güldürip maña: ''Gürle'' diýip yşarat etdi. Näme gürläýin. Meniñ entek bilýän zadym ýok. Ýaşuly öz adynyñ Geodan Geoduro Geomah Geomurdygyny aýtdy. Ýaşuly gürrüñiniñ arasynda özüne ''G'' ýaşuly diýip ýüzlenäýmelidigini, şeýtseñ añsat boljakdygyny aýtdy. Men ondan bir zat sorajak boldummy nämemi, ''G'' ýaşuly diýip söze başladym. Şol pursatda 18-nji planetadan gelen bu garry adamyñ şatlananyny bir görsediñ! Şeýle bir şatlandy, heý goýaý! Ylla gapakly tüñçede goýlan çaýyñ lykyrdysy ýaly owaz eşidildi durdy. Ol sözüniñ arasynda özüniñ ýüz ýigrimi ýaşyndadygyny syzdyrdy: ㅡ Aý, meniñ ýaşan ýaşym entek köp däl-de! Tüýs işlemeli wagtym-da. Biziñ ata-babalarymyz ýer bilen aragatnaşyk saklap ýörler. Onuñ añyrsy, bilmedim näçe ýyldyr. Öz-ä örän uzak ýyllary salgy berer. Biziñ ähli aga-inilerimiziñ atlary ''Geo'' diýen söz bilen başlanýar. Megerem, bir ýaşulymyzyñ maña gürrüñ berşi ýaly, biziñ garyndaşlarymyñ ýer bilen baglanyşygy bolsa döwleti artarmyş. Şol ýaşulynyñ diýşi ýaly, biziñ tirämiziñ adamlary ýylda bir ýa-da iki gezek ýeri görüp gelmeseler, iýenleri janlaryna ornamaýarmyş. Biziñ tirämiziñ wekilleriniñ her biriniñ öýleriniñ arasynda başga ýurtly ýa-da başga tireli adamlaryñ öýleri bar. Ol bize ýaşulylaryñ eden wesýeti. Näme üçin ýer bilen gatnaşyk edýärsiñiz diýmegiñ mümkin. Bolup biljek zat. Ýeriñ adamlary göwnüñe ýaraýar. Pespäl. Ulumsy däl diýdigim-dä. Dogry, ýeriñ adamlarynyñ arasynda hem göripleri bar. Ine şol gylyk ýeriñ üstündäki ähli adamlara hem zyýan bermän duranok... ''G'' ýaşuly sözüne dyngy berdi. Aýtjagyny aýtmajagyny bilmeýän ýaly soragly görnüşde gözlerini çüýjertdi. Men onuñ häsiýetlerinden şu ýagdaýlary syzdym. ''G'' ýaşuly sözüni dowam etdirdi: ㅡ Ýeriñ üstündäki adamlaryñ ýekeje kemçiligi bar. Meniñ pikirimçe şeýle. Köpeltseñ köpeldip oturmaly. Olar agzybir däl. Ylymsyz. Eger käbir zatlary ýatlatsam, özüñ hem muña dogry diýersiñ. Arslan ㅡ diýip, ''tabagyñ'' nähilidir bir düwmelerini oýnady. Wenera ýolunda Münüp oturan ''tabagymyz'' badyny gowşatdy. Uzyn, ziññirt adam bir suratly aýnany öñüme süýşürdi. Aýnanyñ ýüzünde biziñ añyrsy-bärsi görünmeýän suwuñ üstünde durandygymyz bildirýär. Megerem, ''tabagyñ'' tigirleri suwa degäýdi öýdýän! Uzynak adam gapyny açanda burnumyza deñziñ howasy urdy. ''G'' ýaşulynyñ şatlygy has hem artdy. Ol bu şatlygy gözlerini güldürmek bilen maña-da ýetirdi. Sözüni dowam etdi: ㅡ Ine ''Wenera Ýoluna'' hem geldik. Indi biziñ ulagymyzyñ uçuşy bir aýry bolar. ''G'' ýaşulynyñ sözüni diñläp duran ýaly, ulagymyz öz uçuş tizligini hem ugruny üýtgetdi. Men hiç bir samalýotuñ ýa-da emeli hemranyñ çüñküni ýokary tutman, ýokarlygyna uçýandygyny görmändimem, eşitmändimem. Biziñ münüp oturan ulagymyz, ylla diýersiñ, ýokardan ýüp sallanylyp, bizi-de özi alyp barýan ýaly ''G'' ýaşuly gülküsini kesip, meniñ ýüzüme seretdi: ㅡ Ine Arslan, ''Wenera ýoly'' bilen tä öz mesgenimiz ㅡ 18-nji planeta çenli arkaýyn otursa-da bolýar. Bu ýol bizi öz barmaly ýerimize arkaýyn elter. Dogrudanam biziñ ulagymyz ýokarlygyna tarap ýol geçse-de, biziñ öñki oturşymyz. Hatda ''G'' ýaşuly meniñ golaýjagymda duran stoluñ üstündäki käsedäki gapdalyna ''Dostluk'' diýlen ýazgy ýazylan çüýşedäki suw hemgörnüşini üýtgdenok. Men öz ulagymyzyñ şeýle uçuşyna diýseñ geñ galdym. Geñ galmaz ýaly hem däl. ''G'' ýaşuly ýene meniñ golaýjygymda oturdy. Sag tarapdaky stoluñ üstünden suratly aýnany alyp güldi. Onuñ gözlerinden mähir saçylyp gitdi. Şeýle bir gowy garaýyş döretdi diýdigim-dä şol. Uzyn gijeläp uçduk. Men dañ atan wagtlary ''G'' ýaşulynyñ getiren aýnasyna seredip, öz gözlerime ynanmadym. Gör, biz nähili planetada ýaşaýan ekenik. Ýeriñ dañdanky görnüşini synlamaga göz gerek! Ýene-de şu ajaýyp planetanyñ gadryny bilmän ýörenler hem köp, Uruş-dawa diýjekmi, zyñyndylar bilen hapalajakmy ㅡ garaz, adamlar ýere berip bilen azarlaryny berýärler. Heý, şeýle ajaýyp zada hem kast etmek bolarmy? Ýok, ömürlik ýok. Bu adamlaryñ ýagşy zadyñ gadryny bilmezliginiñ alamaty. Haýsydyr bir kitapdan: ''Ýagşylygyñ gadrymy bilmeli'' diýip okanym ýadymda. Biz haçan ýagşy zada ýagşy diýip baha bererkäk... Meniñ içimden pikir eden oýlanmalarymy ''G'' ýaşuly gözümden ''okady''. Ol ㅡ Dogry Arslan diýdi-de söhbetine başlady: ㅡ Ýerde ajaýyp adamlar ýaşaýar. Olar pespälㅡ diýip ýañy hem bir sözümde aýdypdym. Olar mähirli. Ynanjañ. Ýönekeý adamlar. Ýöne gynandyrýan ýeri ýerdäki adamlarda akyl kemㅡdiýdi-de oturgyjyndan turup, beýleki ''otaga'' girip gitdi. Girişi ýaly hem daşary çykdy.ㅡArslan diýýän-äㅡdiýip söze başlady:ㅡ Ine göreris, Arslan, sende näçeräk akyl bar! Men geñ galmakdan ýaña agzymy açdym. Biziñ planetamyzda entek akyly ölçäp bilýän gural ýok. ''G'' ýaşuly öz içimden aýdan şol pikirlerimi üýtgetmän gaýtalady: ㅡArslan, dogry. Oýlanmañ kemi ýokㅡdiýip, aýlaw bolup duran bir esbaby kelläme geýdirdi. Ol esbapda ''on'' diýen san göründi. Men oña düşündim. Meniñ dünýä ylymlarynyñ on prosentine akylym ýetýär.''G'' ýaşuly ol esbaby özüniñ kellesiniñ üstünde goýdy. 120 diýlen san göründi. Diýmek gojanyñ akyly türkmenleriñ ''daş ýarýar'' diýeni.Goja özi hakda meniñ uzak pikirlenmegine garşy bolan ýaly gyssandy: ㅡ Başga zat hakynda pikirlenseñ gowy bolarㅡdiýip sözüni dowam etdi.ㅡ Ýerdäki adamlar öz akyllaryny gahar bilen, köp kemakyl adamlaryñ edýän bolgusyz işlerine garşy çykyp azaldýarlar.Görseñ biri-biri bilen uruşýanam ýerdäki adamlar. Biri-birine garşylykly heteket edýänem şolar. Ol akylyñ kütelmegine getirýär. Arslan, sen entek juda ýaş. 18-nji pkaneta barsañ görersiñ. Geñ galjagyñy hem bilýän. Ol ýerde uruç, dawa asyrlar dowamynda bolanok. Bir kişiniñ göwnüne degmeklik, onuñ göwnüni galdyrmaklyk bizde jenaýat hasaplanýar. Bu ýeriñ üstünde hem şeýle bolmaly. Ak säherde ýeriñ görküni synlap doýup bolanok. Emma käbir adamlaryñ edýän işi has bet. Men 18-nji planetadan ýere seredip, onuñ üstünde ýaşaýan, ýaşamaga hukugy bar wekilleriñ käbirleriniñ edýän hereketlerini görüp, özüm utanýan. Iki dillilik, ýalançylyk, kezzapçylyk, adam satmak ýaly işler hem şu planetada ýaşaýan adamlaryñ ellerinden gelýär. Ol gowulyk däl-ä! Öz ýaşaýan planetasy ýaly owadanlyk olaryñ duýgy, düşünjesinde, añynda bolsa gowy. Ylym şeýle bir ýokary. Diýseñ-diýmeseñ, kä-te özümizi geñ galdyrýar. Özge planetadan baran üçin has täsirli bolsa gerek. Hatda planetada ýekeje öwülýä hem duş gelmersiñ. Hawa, çynymy aýdýan, duş gelmersiñ. Sebäbi, bizde ýedi asyrdan bäri ölüm-ýitim ýok. Şondan öñ iki adamyñ ölenligini gürrüñ berýärler... Olar hem däri-derman bilen direldildi.Biziñ mekanymyzyñ lukmanlary häzir goñşy planetalardan ölen adamlaryñ jesedini alyp gelýärler. Ölenine bir asyr geçen bolsa-da galan süñkleri edil şol adamyñ diri wagty eden işlerini gaýtalaýar... ''G'' ýaşulynyñ gürrüñleri meni haýran galdyrdy. Ol ýerinden turup, ýokarlygyna uçup barýan ulagymyzyñ ýöreýiş tempini barlady. Ýene-de öñki gürrüñiñ yzyny ýetirmek üçin, meniñ gapdalymdaky oturgyçda ornaşyp, söze başlady: ㅡ Arslan, häzir ýeriñ üstündäkiler özleriniñ ene-atasynyñ ýedi arkasyny sanap bilmegi ýokary akyllylyk hasap edýärler. Köp adamlaryñ bolsa, meni bagyşla, oña akyly hem ýetenok. Bizde bolsa dünýä gelen adam gitmeli däl diýen paýhas öñe sürülýär. Şonuñ üçin ol mekanda ýaşaýanlar gün geldigiçe ýaş bolaýmasalar gojalanok. Bizde hem agyr urga duş gelip, ýa-da suwsuz galyp, agyr netijä duş gelýänler bar. Olar şol gün keselhana getirilýär. Keseliñ azlygyndan-da. Bu ýerde keselhanalar hem kurort diýen düşünjäni berýär. Ine Arslan, planetalaryñ biri-birinden ara tapawudy. Bizde aýdyma, saza uly hormat goýulýar. Arslan, seniñ pikir edýän bolmagyñ hem mümkin. ''Meniñ kakam Gurt çopany 18-nji planeta alyp gitmekligiñ näme zerurlygy bolduka?'' diýýänsiñ. Soragyñ juda dogry. Gurt çopan diñe bir halkyñ öñe çykaran wekilimidi? Ol gargy tüýdüge öz hökmüni ýöredip bilýän sazandady. Sazanda, bagşa, şahyra ölüm ýok diýýärler. Olaryñ dünýä inenine diñe bir planeta guwanmaýar ahyry. Biz siziñ obaly Mämmet bagşynyñ aýdymyny her bir toýda diñleýäris. Ony barjak ýerimizde görüp hem bilersiñ... Geñ galmakdan ýaña agzymy açdym. Mämmet bagşy geçen asyrda ýaşapdy ahyry. ''Ony men nähili indi görüp bilmeli''. ''G'' ýaşulynyñ gürrüñlerine ynanar ýaly däl. Ol kakam Gurt çopanyñ palawdan doýup, omyn edenigini-de öñ habar beripdi... ''G'' ýaşuly: ㅡ Hawa, hawa ㅡ diýdi-de şol sözleri aýdanlygyny ýüzümden ''okap'' gürrüñe başlady: ㅡ Görersiñ, Arslan, biziñ ýurdumyzda şeýle zatlara duçar bolarsyñ...Indi gürrüñi gutaraýaly... Bakylyk ýurdunda Biziñ münüp oturan ulagymyz niredir bir ýere gelen badyna biz ondan tiz düşmekligi göz öñünde tutduk. Münüp gelen ulagymyz ýuwaşja sesini peseldip aran ýaly birhili güñleç ses edip sandyrady. Bilmeseñ bilmäýiñ-dä! Ulagymyz bizi ''Bakylyk'' ýurduna getiren bolsa nädersiñ. Howany tutuşlygyna bir okean hasaplasañ. ''Bakylyk'' ýurdy 18-nji planetanyñ günbatarynda egri gol ýaly bolup planeta sepleşýän ekeni. Täzelikler juda kän. Ylaýta-da, 9-njy klasyñ okuwçysyny geñ galdyrýan zatlar örän köp. Maşynlar, awtobuslar bar. Ýöne olar kyrk santimetr ýer diýlip atlandyrylýan 18-nji planetanyñ ýüzüne golaýlykda ýöräp bilýärler. Ýol bar. Ýöne insiz. Gyralaryna ünsli seredilipdir. Suratlar hem çyzgylar çekilen. Demir ýol hem bar. Emma onuñ gerşinde kyrk santimetr ýokarda ýöreýän otlularyñ tigirleri bir gezek hem degmändir. Ýollar düzgün-nyzamy dogry ýola goýmak üçin bejerilipdir. Ýolsuz hiç bir ugurda hereket bolmaýar. Gyrymsy otlaryñ üstünden hem maşynlar ýöräp bilerler ahyry diýmegiñ mümkin. Olaryñ tigirleriniñ basyp geçen otlarynyñ ahy-nalasy näme? Emma maşyn sürüjileriñ ýekejesi-de ýolsuz ýerden sürüp, düzgüni bozanoklar. Ulagymyzdan düşen wagtymyz ''G'' ýaşulynyñ beren köwşi meni geñ galdyrdy. Köwşüñ ökjesi ýere degenok. Bir garyşdan gowrak ýerden ýokarda dur. Muña ilki öwrenişmedim. Köwüş aýagymy ýere degrenok. Munuñ üçin Bakylyk ýurdunyñ adamlary köp zähmet çekipdirler. Olar 18-nji planetany keramatly zat hasaplaýarlar. Oña agram salmaklygy geçirip bolmajak günä diýýärler. Geñ galsañ galyp oturybermeli. Bakylyk ýurduna gelen badymyza meni böwürsleniñ pytanak ýapraklary özüne çekdi. Şeýle görnüşlu miweleriñ bitýäbligine seretseñ-ä, bu düzlükler dagly ýerler bolmaly. ''G'' ýaşuly meniñ bu ýagdaýymy duýdy gerek. Ol: ㅡ Hawa, hawa ㅡ diýip, özümçe içimden gaýtalan oýlanmalarymy tassyklady. Öz endigidir-dä. Sag elini salgap söze başlady.ㅡ Bu ýerler daglykdy. Onda-da beýikligi 6-7 kilometre ýetýän daglykdy. Ana şol daglaryñ üstünde kerpiç kesijiler otrýady kän ýyllar işledi. Şol maşynlaryñ işleýişlerini göreniñde özüñem geñ galarsyñ. Dag daşlaryndan gurluşyk üçin şeýle bir kerpiçler taýýarlanýar. Görseñ haýran galarsyñ. Çañy, tozany maşyn şobada özüne sorup alýar. Şonuñ üçin kerpiç kesýän agregatyñ işleýän ýerinde azon gazyna öýkeniñi açyp, hezil edinip ýatybermeli. Dünýä-de birinji sortly kerpiçler şu ýerde öndürilýär.Görýän bolsañ, şu tekizlik öñki belent daglaryñ orny. Indi daglar öz ornuny azon gazyna hem limon, apelsin, behi, böwürslen, hoz ýaly datly miwelere miras goýup gitdi. Indi adamlar ähli baglaryñ ortasyna çümdürilen azon gazyndan sorup hezil edinýärler. Megerem, ''Bakylyk'' ýurdunda adamlaryñ köp ýaşamagy azon gazlary bilen bagly bolan bolaýmagy mümkin. ''G'' ýaşuly sözüni gutaran badyna ökjesi ýere degmeýän köwüş hem tigirleriñ ýere degmeýşi hakda bilesigelijiligimiñ artanlygyny aýtmak isledim. Işiñ ''G'' ýaşula düşsün, Ol meniñ indi aýtjak bolýan soraglarymyñ jogabyny aýdyp başlady: ㅡ Ädimiñ, tigirleriñ ýokarda saklanmagy howanyñ basyşy bilen bagly. Görýän bolsañ, Bakylyk ýurdunda ot-çöpleriñ üstünden geçmeýärler. Howa basyşynyñ ösümliklere täsir edýänligi üçin şeýdýärler. Meniñ Bakylyk ýurdunda ilki gören jaýym Müdimi sanatoriýasy boldy. Baş lukmanyñ otagynda Bu ýerde geñ galar ýaly zat kän. ''G'' ýaşuly bilen ''M'' diýen baş lukmanyñ iş otagyna bardyk. ''G'' ýaşuly başga planetadan gelen ''M'' -niñ goñşusy eken. ''M'' lukmanyñ ýaşy 90-a ýetiberen. Özi weli instituty geçen ýyl gutaran adam. Men biziñ ýaşaýan ýerimizdäkileriñ ömrüniñ çäklidigine göz ýetirip başladym. Bakylyk ýurdunda adam diñe altmyş ýaşdan soñ öýlenýär eken. Ylym bilen iş salşan ''Y'' bolsa segsen ýaşynda öýlenipdir. Ylym bilen ''göreş tutşmak'' bu ýerde iñ hormatly kär hasaplanýan eken. Dogrudanam, ylym kynçylykdan gaýtmazak batyry halaýar ahyry. Men bu hakykaty eşidip, olaryñ ömrüne haýran galdym. Ýedi arkasynyñ hemmesi sag-aman gezip ýörler. Geñ galmaly. Tatar-mongol zulmy dogrusynda anyk maglumaty bilýän bar diýip, ''M'' lukman ünsümi özüne çekdi. Ol haýsy ýerde ýaşaýarka? Ol döwletden pensiýa hem alýandyr? Şeýle dälmi? Ol garry ahyry. ''M'' lukman ol ýaşuly bilen ýaşlary gyradeñräk boljaklaryñ ýene-de 107-siniñ ýaşaýandygyny aýdanynda bu ýurt diñe ömür sürmek üçin döredilendir diýip pikirlendim. ''M'' lukman birden ýüzüme köp manyly setetdi-de, ýylgyrdy: ㅡ Aý, öñ beýle hem däldi-le. Ylym özgertdi-däㅡ diýip, meniñ pikirimiñ jogabyny berdi. ''Ä-hä'' diýip içimi çekdim. Bu planetanyñ ähli adamlary ýüzüñe seredip, näme pikiriñ bolsa aýdyp bilýär diýen netijä geldim. ㅡ Hut şeýleㅡ diýip häliden bäri meniñ Baş lukman bilen eden gürrüñime diñ salyp duran ''G'' ýaşuly hem tassyklady. Bakylyk ýurdunda ýedi-sekiz asyrdan bäri ýaşap ýörenler bar. ''M'' lukman diñe bir Bakylyk ýurdunda däl, tutuş 18-nji planeta boýunça özüm diýilýän nägehanyñ ýoklugyny habar berdi. ''G'' ýaşulydan bu habary öñ eşiden hem bolsam, ''M'' lukmanyñ söhbeti maña täsir etmän durmady. Ol söhbetleriñ içinde adamlara şeýle täsiriñ olary operasiýa duçar edeninem aýtman ynjalmady: ㅡ Hawa, bu şeýle boldy. Öñler biziñ burnumyz hem ýerdäki adamlaryñ burny ýalydy. Şeýle bolupdyrㅡ diýdigim-dä. Mundan 450 ýyl öñ ''K'' diýen bir lukmanyñ maslahat bermegi bilen ilkinji operasiýa edilipdir. Onuñ ömre peýdasy örän köp. Megerem, olaryñ ýaşaýan ýaşynyñ 200-den gowrak ýyly burnuñ operasiýa edilmegi bilen bagly. ''M'' lukmanyñ gürrüñleri barha meniñ bilesigelijiligimi artdyrdy. Ol: ㅡ Başga planetalardan ㅡ aýdan we ýerden. Marsdan... merhumlary getirmek gerek. Olary direltmek bolýar ahyry. Bu bakylyk ýurdunyñ beýleki planetalara beren möhüm goşandy bolar. Dostluk kömegi-dä. Ine, biz häzir geçen asyrda aradan çykan Gökgaýa obaly bir bagşyny direltmegiñ hyýalynda. Ol ilki gürläp başlanynda öz obadaşlary ýanynda bolsa gowy-da! Öñräk direldilen tüýdükçi Gurt çopan hem şu ýere gelse gowy. Gökgaýa obaly Mämmet bagşyny şu gün yhlas bilen diñläris. Oña ýörite dutar hem ýerden getirildi ㅡ diýeninde, men öz kakamyñ bu ýere ýöräp geljekligini eşitdim. Özem indi janlandyrylmaly bagşy bilen onuñ gepleşjekdigini, märekede çykyş etjekdigini syzdym. ''M'' lukman hut şeýle diýip aýtmasa-da syzdym. Mämmet bagşy aýdym aýdar-da Gurt çopan öz tüýdüginde ''Käkiligiñ şatlygyny'' saýratmazdy? Saýradar. Şeýle pikirlere gark bolup durkam, ol ýerdäkileriñ barysyda birden gyssanyberdiler. Men baş lukmanyñ iş stolunyñ üstündäki telefonunyñ jyññyrdysyny çala saýgardym. Telefonuñ şeýle mylaýym sesini ilkinji gezek eşidýärin. Ýakymly sesi janyña lezzet berýär. Baş lukman telefon trubkasyna elini ýetirdi. Añyrdan Gurt çopanyñ häzir dynç alýandygy, şeýle wagtda onuñ baryp bilmejekligi aýdyldy. Baş lukman telefonda gepleýän kişä jogap berdi: ㅡ Wiý, men ýalñyşypdyryn. Bu ýalñyşym iñ soñky gezek bolar. Gurt çopanyñ häzir ukudadygyny unudaýypdyryn. Operasiýa meselesi ertire geçirildi. Men dälize çykyp barýarkam ''G'' ýaşulydan: ㅡ Bu ýerde adamlaryñ gürlügi sebäpli, horluk çekip ýörenleri ýok ýaly ㅡ diýip söze başlanymda, ol: ㅡ Aýtjak soragyña düşündim. Biziñ planetamyzda ene-atadan iki çagadan köp dünýä inderilmeýär. Olaryñ arasy ýigrimi ýaş. Dünýä gelenler ölmeýärem, ýitmeýärem. Men ''G'' ýaşulynyñ sözlerine geñ galdym. Bakylyk ýurdunda ''baja'' diýen söz ýok. Sebäbi her maşgalada bir ogul bilen bir gyz bar. Olaryñ arasy hem, öz bilşiñiz ýaly, ýigrimi ýyl. Men bu eşidenlerime geñ galsam, kakamyñ ukudan oýanmagyna gyssandym... Oýlandym. Gurt çopan ýene-de öñküsi ýaly gelip salamlaşarmyka, ýa-da... ''G'' ýaşuly meniñ soraglarymy ýüzümden ''okady'': ㅡ Bar zat siziñ göwnüñizdäki ýaly bolar... Giçgeldi AŞYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |